Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 5 sah. 15—17
  • Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 DOGAN-GARYNDAŞLARYŇYZA DOGRY GARAŇ
  • 2 MAŞGALA BORÇLARYŇYZY ÝERINE ÝETIRIŇ
  • Wepaly boluň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Kynçylyklary nädip çözmeli?
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Hudaýy şöhratlandyrýan maşgalany nädip gurmaly
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 5 sah. 15—17
Gaýynenesi gelniniň nahar taýýarlaýşyny halamaýar

5-NJI BÖLÜM

Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň

«Rehimdarlyk ýüregini, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň» (Koloseliler 3:12).

Är-aýal durmuş guranda, täze maşgala döreýär. Siz ene-ataňyzy hemişe söýüp, olara hormat goýsaňyz-da, indi siziň üçin iň ýakyn adam ýanýoldaşyňyz bolýar. Käbir garyndaşlaryňyza munuň bilen razylaşmak kyn bolup biler. Emma Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri size paýhasly bolup, täze maşgalaňyzy berkitmek üçin tagalla etmäge we dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir bolmaga kömek eder.

1 DOGAN-GARYNDAŞLARYŇYZA DOGRY GARAŇ

Är-aýal ene-atasy bilen wagtyny geçirýär

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ataňy, eneňi syla» (Efesliler 6:2). Siz näçe ýaşyňyzda bolsaňyzda, ene-ataňyzy hemişe sylamaly we hormat goýmaly. Siz ýanýoldaşyňyzyň biriniň gyzy ýa-da ogludygyna düşünmeli we onuň hem ene-atasyna hormat goýmaly. Hudaýyň Sözünde: «Söýgi göripçilik edýän däldir» diýilýär, şol sebäpli siz ýanýoldaşyňyzyň ene-atasy bilen gatnaşygy maşgalaňyza zyýan ýetirer öýtmäň (1 Korintoslylar 13:4; Galatýalylar 5:26).

MASLAHAT

  • «Seniň maşgalaň meni sylanok» ýa-da «Seniň ejeňe ýaranyp bilmän geçdim!» diýen ýaly sözleri aýdyp, ýanýoldaşyňyzyň göwnüne degmäň

  • Ähli zatda ýanýoldaşyňyzyň garaýşyny göz öňünde tutuň

2 MAŞGALA BORÇLARYŇYZY ÝERINE ÝETIRIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Ynsan enesini we atasyny taşlap, aýalyna ýapyşar we bir beden bolarlar» (Gelip çykyş 2:24). Siz durmuş gursaňyz-da, ene-ataňyz siziň aladaňyzy etmäge özlerini borçly hasaplap, maşgalaňyza öňküdenem köp goşulmak islemekleri mümkin.

Elbetde, olar bilen nädip gatnaşmalydygyny özüňiz çözýärsiňiz. Siz olara bu barada gödeklik bilen däl-de, söýgi we ýumşaklyk bilen açyk aýtmaly (Süleýmanyň tymsallary 15:1). Pesgöwünlilik, ýumşaklyk, sabyr ýaly häsiýetler dogan-garyndaşlaryňyz bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga we «bir-biriňizi söýmäge» kömek eder (Efesliler 4:2).

Är-aýal gepleşip otyr; är-aýal ene-atasyna sowgat berýär

MASLAHAT

  • Eger siz dogan-garyndaşlaryňyzyň maşgalaňyza goşulýandygyna biynjalyk bolýan bolsaňyz, ýanýoldaşyňyz bilen arkaýynlykda şol barada gepleşiň

  • Käbir ýagdaýlarda näme etjekdigiňizi we özüňizi nähili alyp barjakdygyňyzy öňünden çözüň

ENE-ATAŇYZA DÜŞÜNJEK BOLUŇ

Ene-ataňyzyň duýgularyna we garaýşyna düşünmek wajyp. Olar size ýagşylyk etmek üçin maşgalaňyza goşulýarlar. Sebäbi olar siziň ýürekden aladaňyzy edýärler. Ene-ataňyza sizi we ýanýoldaşyňyzy özbaşdak maşgala hasaplamak kyn bolup biler. Olar hatda özlerini taşlanan ýaly duýmaklary mümkin. Emma siz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerseňiz we olar bilen açyk gürrüňdeşlik etseňiz, ýanýoldaşyňyzyň göwnüne degmän, ene-ataňyza hormat goýup bilersiňiz.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Men ýanýoldaşymyň ene-atasynyň maşgalamyza goşulmagyna näme üçin dogry garamaly?

  • Men ýanýoldaşymy iň ýakyn adam hasaplaýandygymy we ene-atama hem hormat goýýandygymy nädip görkezip bilerin?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş