Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 3 sah. 9—11
  • Kynçylyklary nädip çözmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kynçylyklary nädip çözmeli?
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 KYNÇYLYK HAKDA GEPLEŞIŇ
  • 2 DIŇLÄŇ WE DÜŞÜNJEK BOLUŇ
  • 3 GELEN KARARYŇYZA GÖRÄ HEREKET EDIŇ
  • Wepaly boluň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 3 sah. 9—11
Adamsy aýalyny ýürekden diňleýär

3-NJI BÖLÜM

Kynçylyklary nädip çözmeli?

«Birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi söýgi köp günäleri basyrýandyr» (1 Petrus 4:8).

Siz ýanýoldaşyňyz bilen bile ýaşap başlanyňyzda, pikirleriňiziň, duýgularyňyzyň we garaýşyňyzyň tapawutlanýandygy sebäpli käbir kynçylyklar döräp biler. Şeýle-de garaşylmadyk ýagdaýlar we başga-da zatlar maşgalada kynçylygyň döremegine sebäp bolup biler.

Käbir är-aýallar maşgalasynda kynçylyk dörände, dogan-garyndaşlaryndan maslahat soraýarlar. Elbetde, ýaşuly adamlardan maslahat soramak gowy, ýöne biz Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýersek, maşgalamyzy berkideris (Matta 5:23, 24). Eger siz ýanýoldaşyňyz bilen Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerseňiz, kynçylyklaryňyzy paýhasly çözüp bilersiňiz.

1 KYNÇYLYK HAKDA GEPLEŞIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Geplemegiň öz wagty bar» (Wagyz kitaby 3:7). Kynçylygy çözmek üçin wagt tapyň. Ýanýoldaşyňyz bilen haýsydyr bir kynçylyk barada gepleşeniňizde, oňa duýgularyňyzy we pikirleriňizi açyk aýdyň. Biri-biriňize hemişe «hakykaty aýdyň» (Efesliler 4:25). Hatda size duýgularyňyza erk etmek kyn bolsa-da, göreşmegi dowam ediň. Ýakymly sözler edil ýanyp duran ody öçürýän suw ýaly adamyň gaharyny köşeşdirip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:4; 26:20).

Hatda siz ýanýoldaşyňyzyň aýdýanlary bilen ylalaşmasaňyz-da, mähirli boluň we ony söýýändigiňizi hem-de oňa hormat goýýandygyňyzy görkezmegi unutmaň (Koloseliler 4:6). Kynçylygy tizräk çözmäge çalşyň we pikir alyşmaga wagt tapyň (Efesliler 4:26).

Är-aýal kynçylygy barada gepleşip dur

MASLAHAT

  • Gürrüňdeşlik üçin amatly wagt tapyň

  • Ýanýoldaşyňyzy diňläniňizde, sözüni bölmäň. Ol gürläp bolansoň, gepleseňiz gowy bolar

2 DIŇLÄŇ WE DÜŞÜNJEK BOLUŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Biri-biriňizi... ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» (Rimliler 12:10). Biri-biriňizi diňlemek örän wajyp. Ýanýoldaşyňyzyň garaýşyna düşünip biler ýaly, «dertdeş we kiçigöwünli boluň» (1 Petrus 3:8; Ýakup 1:19). Ýanýoldaşyňyzy ýürekden diňläň. Oňa köpräk üns berip, bile wagt geçiriň. Eger siz biraz soňrak gepleşmek isleýän bolsaňyz, ýanýoldaşyňyza aýdyň. Siz ýanýoldaşyňyzy duşmanyňyz däl-de, dostuňyz hasaplasaňyz «tiz gaharlanmarsyňyz» (Wagyz kitaby 7:9).

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyzyň aýdýan zatlary gaharyňyzy getirse-de, ony ünsli diňlejek boluň

  • Ýanýoldaşyňyzyň näme diýmek isleýändigine düşünjek boluň. Onuň ýüz-keşbine, hereketine we äheňine üns beriň

3 GELEN KARARYŇYZA GÖRÄ HEREKET EDIŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Hemme zähmetde haýyr bardyr; ýöne boş gep diňe garyplyga getirýändir» (Süleýmanyň tymsallary 14:23). Aýdylan zatlar bilen ýöne bir razylaşmak ýeterlik däl. Gelen kararyňyza görä ikiňiz-de hereket etmeli. Başda kyn bolar, belki-de, köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Ýöne siz eden tagallaňyza ökünmersiňiz (Süleýmanyň tymsallary 10:4). Eger siz agzybir bolup, bile zähmet çekseňiz, köp bereket alarsyňyz (Wagyz kitaby 4:9).

MASLAHAT

  • Kynçylyklaryňyzy çözmek üçin nämeleri edip biljekdigiňizi maslahatlaşyň

  • Wagtal-wagtal nähili üstünlikleri edendigiňiz barada oýlanyň

KYNÇYLYKLARY BILE ÇÖZÜŇ

Siz kynçylyklaryňyzy bile çözseňiz, maşgalaňyz agzala we bagtsyz bolman, gaýtam agzybir bolar (Süleýmanyň tymsallary 24:3). Gelejege ynamly garaň we öňki bolan zatlary unudyň (Süleýmanyň tymsallary 17:9). Siz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, bir-biriňizi goldasaňyz, islendik kynçylygy çözüp bilersiňiz.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Ýanýoldaşym bilen ilki näme barada gürleşsem gowy bolar?

  • Ýanýoldaşymyň bu meselä garaýşyna düşünmek üçin näme edip bilerin?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş