Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • hf böl. 2 sah. 6—8
  • Wepaly boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wepaly boluň
  • Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • 1 MAŞGALAŇYZY GYMMAT SAÝYŇ
  • 2 ÝÜREGIŇIZI GORAŇ
  • Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýa bil baglaň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Dogan-garyndaşlaryňyz bilen agzybir boluň
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Kynçylyklary nädip çözmeli?
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Özüňe mynasyp ýary nädip tapmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
hf böl. 2 sah. 6—8
Adamsy aýalyna saýawan tutup, maşyna münmäge kömek edýär

2-NJI BÖLÜM

Wepaly boluň

«Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn» (Markus 10:9).

Ýehowa bizden wepaly bolmagy talap edýär (Zebur 18:25). Bu, esasanam, maşgalada wajyp, sebäbi biwepalyk edilse, bir-biriňe ynamyň gaçýar. Bir-biriňize ynamyňyz bolsa, söýgiňiz has-da artar.

Şu günler maşgalalara howp abanýar. Maşgalaňyzy goramak üçin şu iki zady etmegi ýüregiňe düwmeli.

1 MAŞGALAŇYZY GYMMAT SAÝYŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Iň ýokary zatlara göz ýetiriň» (Filipililer 1:11). Durmuşda iň wajyp zatlaryň biri — maşgala, şol sebäpli ony başga zatlardan ileri tutmaly.

Ýehowa är-aýalyň bir-biri barada alada edip, «durmuşdan lezzet almagyny» isleýär (Wagyz kitaby 9:9). Hudaýyň aýtmagyna görä, siz ýanýoldaşyňyza hiç haçan biperwaý bolmaly däl. Gaýtam, ikiňiz-de birek-biregi bagtly etmäge çalyşmaly (1 Korintoslylar 10:24). Goý, ýanýoldaşyňyz özüni söýülýän, gerekli hem gadyrly duýsun.

Ýanýoldaşy aýalyna çaý getirip berýär; äri öýe gelende aýaly nahar taýýarlap dur

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyz bilen yzygiderli wagt geçirip, aýratyn üns beriň

  • Özbaşdak däl-de, bile karara geliň

Ýanýoldaşy aýalyna çaý getirip berýär; äri öýe gelende aýaly nahar taýýarlap dur

2 ÝÜREGIŇIZI GORAŇ

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» (Matta 5:28). Eger kimdir biri ahlaksyz zatlaryň pikirini edýän bolsa, oňa ýanýoldaşyna biwepalyk edýär diýse bolar.

Ýehowa size «ýüregiňi goramagyň» wajypdygyny aýdýar (Süleýmanyň tymsallary 4:23; Ýermeýa 17:9). Bu maslahata eýermek üçin seredýän zatlaryňyza ünsli bolmaly (Matta 5:29, 30). Munuň üçin başga aýallara seretmezligi ýüregine düwen Eýýup pygamberden görelde alyň (Eýýup 31:1). Pornografiýany görmezligi ýüregiňize berk düwüň. Şeýle-de ýanýoldaşyňyzdan başga adam bilen ysnyşmakdan gaça duruň.

Adamsynyň iş stolunyň üstünde aýalynyň suraty bar

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyza wepalydygyňyza başgalar hem göz ýetirsin

  • Ýanýoldaşyňyzyň duýgularyny göz öňünde tutup, ony gynandyrýan islendik gatnaşyklary derrew bes ediň

TAGALLA EDIŇ

Kemçilikleriňizi görüp biler ýaly özüňizi çynlakaý barlaň (Zebur 15:2). Başgalardan kömek soramaga utanmaň (Süleýmanyň tymsallary 1:5). Eger sizde ahlaksyz pikirler dörese, olary aýyrmak üçin jan ediň. Emma ruhdan düşmäň (Süleýmanyň tymsallary 24:16). Ýehowa siziň ýanýoldaşyňyza wepaly bolmak üçin edýän tagallaňyzy patalar.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Men ýanýoldaşym bilen nädip köpräk wagt geçirip bilerin?

  • Ýanýoldaşym meniň iň ýakyn dostummy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş