Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 3—7
  • Ýehowanyň gününde nämeler bolar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň gününde nämeler bolar?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gökler we ýer geçer
  • «Elementler ýanyp dargar»
  • «Ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar»
  • «Täze gökler, täze ýer»
  • Ýehowanyň beýik gününe taýýarlanyň
  • Gutulyş Hudaýyna bil baglaň
  • Ýehowanyň gününi berk ýatda saklaň
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 3—7

Ýehowanyň gününde nämeler bolar?

«Rebbiň güni bir ogry kimin geler... ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar». (2 PET. 3:10)

1, 2. a) Häzirki zalym dünýä nädip ýok ediler? b) Biz nähili soraglara serederis?

HÄZIRKI zalym dünýäde ýaşaýan adamlar Ýehowasyz bagtly ýaşap bileris öýdýärler. Şeýdip, olar ýalan düşünjä uýýarlar (Zeb. 2:2, 3). Emma ýalana esaslanan zadyň gelejegi bolup bilermi? Ýok. Ýöne biz Şeýtanyň dünýäsi öz başyna özi ýeter diýip garaşmaýarys. Hudaý bellän wagtynda zalym dünýäni ýok eder. Sebäbi Ýehowa adalatly we söýgüden doly Hudaý (Zeb. 92:7; Sül. tym. 2:21, 22).

2 «Rebbiň (Ýehowanyň, TD) güni bir ogry kimin geler. Şonda gökler uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar» diýip, Petrus resul ýazýar (2 Pet. 3:10). «Gökler» we «ýer» nämäni aňladýar? Ýanyp dargajak «elementler» näme? «Ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar» diýen sözler nämäni görkezýär? Şu soraglaryň jogabyny bilsek, bize ýakyn gelejekde boljak eýmenç wakalara taýýarlanmaga kömek eder.

Gökler we ýer geçer

3. 2 Petrus 3:10-da agzalýan «gökler» nämäni aňladýar we olar nähili geçer?

3 Mukaddes Ýazgylarda «gökler» sözi köplenç göçme manyda ulanylyp, raýatlarynyň üstünden agalyk edýän hökümdarlary aňladýar (Iş. 14:13, 14; Ylh. 21:1, 2). Geçip gitjek «gökler» Hudaýdan daşlaşan adamzat jemgyýetiniň üstünden höküm sürýän ynsan hökümdarlygyny aňladýar. Olaryň «uly güpürdi» bilen geçmegi bolsa, şol gökleriň göz açyp ýumasy salymda ýok ediljegini görkezýär.

4. «Ýer» nämäni aňladýar we nähili ýok ediler?

4 «Ýer» Hudaýdan daşlaşan adamzat jemgyýetini aňladýar. Şeýle adamlar Nuhuň günlerinde-de bardy. Hudaý olary Tupanda ýok etdi. Şonuň ýaly «häzirki gökler, ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar» (2 Pet. 3:7). Tupanda hudaýsyz adamlaryň ählisi bir wagtda ýok edildi. Ýöne şu günki zalym dünýä «uly maşakgatda» tapgyrlaýyn ýok ediler (Ylh. 7:14). Muşakgatyň ilkinji tapgyrynda Hudaý bu dünýäniň syýasy ýolbaşçylaryna «Beýik Babyly» ýok etdirer. Sebäbi olar dini zynahory ýigrenerler (Ylh. 17:5, 16; 18:8). Soňra Ýehowa Armageddon urşunda, ýagny uly muşakgatyň jemleýji tapgyrynda Şeýtanyň galan dünýäsini ýok eder (Ylh. 16:14, 16; 19:19—21).

«Elementler ýanyp dargar»

5. Göçme manydaky elementlere näme degişli?

5 Ýanyp dargajak «elementler» nämäni aňladýar? Pawlusyň «elementler» diýen sözi bu dünýäniň esasy zatlaryny aňladýar: Hudaýa ýaramaýan gylyk-häsiýetleri, garaýyşlary, ýaşaýşy we makskatlary. «Söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän» «bu dünýäniň ruhy» hem «elementlere» degişlidir (1 Kor. 2:12; Efesliler 2:1—3-nji aýatlary okaň). Bu ruh, ýagny «howa» Şeýtanyň dünýäsine siňen. Şol sebäpli, adamlar howadaky erbet güýçleriň hökümdary bolan tekepbir, gödek Şeýtana eýerip, gepleýärler, planlaşdyrýarlar we şoňa meňzejek bolýarlar.

6. Dünýäniň ruhuny nämeden görse bolýar?

6 Bu dünýäniň ruhy bilen zäherlenen adamlaryň aňyna we ýüregine Şeýtan şeýle bir güýçli täsir edýär welin, hatda olar islese-islemeseler-de, düşünjesi hem-de garaýşy bilen Iblise meňzeýärler. Netijede, olar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edip, keýpine gelenini edýärler. Olar tekepbir, diňe özüni bilýärler, «ten höweslerine, göz höwesine» maýyl bolýarlar we häkimiýete boýun bolmaýarlar (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň)a.

7. Biz näme üçin «ýüregimizi goramaly?»

7 Şoňa görä-de, biz dostlary, göwün açmalary, okajak kitapdyr žurnallarymyzy we Internet sahypalaryny paýhasly saýlap, «ýüregimizi goramaly» (Sül. tym. 4:23). Pawlus resul şeýle ýazdy: «Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!» (Kol. 2:8). Ýehowanyň güni ýakynlaşdygyça, bu tabşyryga eýermek has-da wajyp, çünki ol günüň howruna Şeýtanyň dünýäsiniň «elementleri» ýanyp dargar; şonda oda çydamly häsiýetleriň ýokdugy aýan bolar. Bu bize Malaki 4:1-de ýazylan sözleri ýatladýar: «Ol gün otly tamdyr kimin golaýlaşýar, şonda ähli tekepbirler we erbetler saman kimin bolar. Golaýlaşyp gelýän gün olary ýakyp ýok eder».

«Ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar»

8. Ýer we ondaky zatlar nädip «ýanyp ýok bolar»?

8 Petrusyň «ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar» diýen sözleri näme aňladýar? «Ýanyp ýok bolar» diýip terjime edilen grek jümlesiniň «üsti açylar» ýa-da «paş bolar» diýen manysy hem bar. Diýmek, Petrusyň sözleri uly muşakgatda Şeýtanyň dünýäsiniň işlerini Ýehowanyň paş etjekdigini, ýagny Hudaýa we onuň Patyşalygyna garşy gidýän adamlaryň ýok edilmäge mynasypdygyny görkezýär. Şol döwür barada Işaýa 26:21-de şeýle pygamberlik ýazylan: «Ýehowa ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryndan eden jenaýatlary üçin hasap soramaga barýar. Indi dökülen gan topraga siňmez we toprak ölülerini gizlemez».

9. a) Biz nämeden gaça durmaly we näme üçin? b) Biz nämäni ösdürmeli we näme üçin?

9 Ýehowanyň gününde dünýäniň we onuň zalym ruhunyň täsirine düşen adamlaryň bar aýby açylar, hatda olar bir-birini öldürerler. Häzir meşhurlyk gazanan zorlukly göwün açmalar adamlaryň aňyny «birek-birege garşy el göteriljek döwre» taýýarlaýar (Zak. 14:13). Şol sebäpli ulumsylygy, zorlugy söýmegi, Hudaýyň ýigrenýän başga-da erbet gylyk-häsiýetleri öwredýän filmlerden, kitaplardan, wideooýunlardan we şoňa meňzeş islendik zatlardan gaça durmak örän wajyp (2 Sam. 22:28; Zeb. 11:5). Geliň, Hudaýyň gazaply gününde halas bolmaga kömek etjek mukaddes ruhuň miwesini, ýagny häsiýetleri ösdüreliň! (Gal. 5:22, 23).

«Täze gökler, täze ýer»

10, 11. «Täze gökler» we «täze ýer» nämäni aňladýar?

10 2 Petrus 3:13-i okaň. «Täze gökler» — Hudaýyň gökdäki Patyşalygy. Bu Patyşalyk 1914-nji ýylda, ýagny «milletleriň möwriti» dolanda berkarar edildi (Luka 21:24). Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih we 144 müň adam hökümdarlyk eder; hökümdarlaryň köpüsi gökdäki sylagyny aldylar. Olar Ylham kitabynda «öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, gökden Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher täze Iýerusalim» hökmünde suratlandyrylýar (Ylh. 21:1, 2, 22—24). Gadymy Ysraýylyň hökümeti Iýerusalimde ýerleşýärdi. Täze Iýerusalim we onuň Ýigidi bolsa, täze dünýäniň hökümetini düzýär. Olar «gökden... aşak iner», ýagny ýer ýüzüniň işleri bilen meşgullanar.

11 «Täze ýer» Hudaýyň Patyşalygyna höwes bilen tabyn bolup, ýer ýüzünde ýaşajak adamzat jemgyýetidir. Hudaýyň halkynyň arasyndaky häzirki ruhy jennet geljekki owadan dünýäni has-da bezär (Ýew. 2:5). Biz täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli?

Ýehowanyň beýik gününe taýýarlanyň

12. Näme üçin Ýehowanyň güni bu dünýäni diňe bir haýran galdyrmaz?

12 Pawlus bilen Petrus Ýehowanyň gününiň garaşylmadyk wagtda «bir ogry kimin» bildirmän geljekdigini aýtdylar (1 Selanikliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Hatda şol güne garaşýan mesihçilerem onuň duýdansyz gelenine haýran galarlar (Mat. 24:44). Emma bu dünýä diňe bir haýran galmaz. Pawlus şeýle ýazdy: «(Ýehowadan daşlaşan adamlar) her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler» (1 Sel. 5:3).

13. «Her zat parahatlyk, aman» diýen şygara aldanmaz ýaly näme etmeli?

13 «Her zat parahatlyk, aman» diýen şygar jyn-arwahlaryň ýaýradýan ýalan zatlarynyň biri. Emma Ýehowanyň gullukçylary bu tora düşer ýaly, akmak däl. Pawlus şeýle ýazýar: «Doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz. Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz» (1 Sel. 5:4, 5). Geliň, şol sebäpli Şeýtanyň garaňky dünýäsinden uzakda durup, nurda gezeliň. Petrus şeýle ýazýar: «Eý söýgüli doganlar, azgynlaryň (mesihçiler ýygnagyndaky ýalan mugallymlaryň) hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň» (2 Pet. 3:17).

14, 15. a) Ýehowa nädip biziň aladamyzy edýär? b) Biz haýsy ylhamly sözlere çynlakaý garamaly?

14 Üns beren bolsaňyz, Ýehowa bize diňe bir «özüňizi goraň» diýmek bilen çäklenmedi. Ol bize boljak wakalar barada umumy düşünje berip, söýgi bilen «öňünden bildirýär».

15 Gynansak-da, käbir adamlar geleňsizlik edip, oýa bolmaly diýen maslahata biperwaý garaýarlar. Belki-de, olar: «Biz bu sözleri köpden bäri eşidip gelýäris» diýerler. Emma olar şeýle sözler bilen sadyk hyzmatkäre däl-de, Ýehowa we onuň Ogluna müňkürlik edýändigini bilmelidirler. Ýehowa: «Garaş» diýýär (Hab. 2:3). Isa-da: «Oýa boluň, çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz» diýýär (Mat. 24:42). Petrus bolsa şeýle ýazýar: «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz» (2 Pet. 3:11, 12). Sadyk hyzmatkär we onuň Ýolbaşçylyk maslahaty bu wajyp ündewe hiç haçan biperwaý garamaz!

16. Biz nähili garaýyşdan gaça durmaly we näme üçin?

16 «Ýaramaz hyzmatkär» «Agam giç geler» diýýär (Mat. 24:48). Bu ýaramaz hyzmatkär 2 Petrus 3:3, 4-nji aýatlarda agzalan adamlaryň hataryna girýär. Petrus «ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar» Ýehowanyň gününe sabyrly garaşýan mesihçileriň üstünden güljekdiklerini ýazýar. Hawa, olar Hudaýyň Patyşalygyny goldamagyň deregine, diňe özi barada alada edip, öz bähbitlerini gözleýärler. Geliň, biz hiç haçan özdiýenli bolmalyň we şeýle howply garaýyşdan gaça duralyň! Biz «Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyp», hoş habary yhlasly wagyz edip, şägirt taýýarlalyň. Şonda biz geljekki wakalaryň haçan boljakdygy barada aşa alada etmeris. Çünki onuň wagtyny diňe Ýehowa bilýär (2 Pet. 3:15; Resullaryň işleri 1:6, 7-nji aýatlary okaň).

Gutulyş Hudaýyna bil baglaň

17. Wepaly mesihçiler Isanyň Iýerusalimden gaçmaly diýen maslahatyna nähili seslendiler we näme üçin?

17 B. e. 66-njy ýylynda rim goşuny Ýahudany gabanda, wepaly mesihçiler Isanyň maslahatyna eýerip, şol bada Iýerusalimden gaçyp gidýärler (Luka 21:20—23). Olar näme üçin haýal etmän gaçdylar? Sebäbi olar Isanyň beren duýduryşyny unutmadylar. Mesih Isanyň aýdyşy ýaly muny etmek, elbetde, olara aňsat däldi. Ýöne olar Ýehowanyň öz wepaly gullukçylaryny hiç haçan ýeke goýmajagyny bilýärdiler (Zeb. 55:22).

18. Geljekki uly muşakgat barada Isanyň Luka 21:25—28-nji aýatlarda aýdan sözleri nähili täsir edýär?

18 Biz hem Ýehowa doly bil baglamaly, sebäbi bu dünýä iň agyr muşakgat inen mahaly, bizi diňe Hudaý halas edip biler. Uly muşakgat başlanda, Ýehowa dünýäniň galan bölegini ýok edýänçä, «adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar». Hudaýyň duşmanlary gorkudan ýaňa titreseler-de, Ýehowanyň gullukçylary asla gorkmaz. Sebäbi olar gutulyş gününiň golaýlaşandygyny bilip, begenerler (Luka 21:25—28-nji aýatlary okaň).

19. Biz indiki makaladan näme bileris?

19 Hawa, bu dünýäden we onuň «elementlerinden» gaça durýan adamlara nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Emma ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin, diňe bir ýaman işlerden gaça durmak ýeterlik däl. Bu barada indiki makalada bileris. Biz Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürip, onuň halaýan işlerini etmeli (2 Pet. 3:11).

a Dünýäniň ruhunyň gylyk-häsiýetleri hakda köpräk bilmek üçin «Hudaýyň söýgüsi» atly kitabyň 5-nji babyna serediň.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• «Gökler we ýer» nämäni aňladýar?

• «Elementler» näme?

• «Täze gökler, täze ýer» nämäni aňladýar?

• Biz näme üçin Hudaýa doly bil baglamaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş