Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 13 sah. 153—162
  • Nika bozuljak bolanda...

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nika bozuljak bolanda...
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KÖP ZADA GARAŞMAŇ
  • AGZALALYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞYŇ
  • ÄR-AÝALLYK BORJUNY ÝERINE ÝETIRMEK
  • AÝRYLAŞMAK ÜÇIN MUKADDES ÝAZGYLARA ESASLANAN SEBÄPLER
  • AÝRY ÝAŞAMAK ÜÇIN SEBÄPLER
  • TAS BOZULAN NIKA NÄDIP SAKLANDY?
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Nika mähriban Hudaýyň sowgady
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Başgalary
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 13 sah. 153—162

ON ÜÇÜNJI BAP

Nika bozuljak bolanda...

1, 2. Maşgalada kynçylyk bolsa özüňize nähili sorag bermeli?

LÝUÇIÝA atly italiýaly bir aýal 1988-nji ýylda örän göwnüçökgün ýagdaýa düşýära. Ol ýanýoldaşy bilen on ýyl ýaşaşandan soň, aýrylyşmaly bolýar. Äri bilen telim sapar ýaraşmaga synanyşsa-da, hiç zat başa barmaýar. Häsiýetleri gabat gelmänligi sebäpli, ol ahyry ärinden aýry ýaşamaly bolýar. Indi Lýuçiýa iki gyzyny ýeke özi terbiýelemeli. Şol döwri ýatlap, Lýuçiýa şeýle diýýär: «Nikamy saklap bilmejegime gözüm ýetýärdi».

2 Eger siziň maşgalaňyzda kynçylyk bolsa, Lýuçiýanyň ýagdaýyna gowy düşünýänsiňiz. Belki, nikaňyz şowsuz bolup, indi ony saklap bolarmyka diýip oýlanýansyňyz. Eger şeýle bolsa, onda: «Maşgalany bagtly etmek üçin Hudaýyň Mukaddes Ýazgylar arkaly berýän maslahatlaryny ulanýarynmy?» diýip, sorasaňyz peýdaly bolar (Zebur 119:105).

3. Aýrylyşýan maşgalalaryň sany giňden ýaýrasa-da, aýrylyşanlaryň köpüsi we olaryň maşgalasy özüni nähili duýýar?

3 Är-aýalyň arasynda uly agzalalyk dörände, aýrylyşmak kynçylyklary çözmegiň iň aňsat ýoly bolup görünýär. Emma köp ýurtlarda aýrylyşýanlaryň sanynyň köpelýändigine garamazdan, ýakynda geçirilen sorag-jogabyň netijesine görä, är-aýalyň aglabasy maşgalasyny bozanyna ökünýär. Olar maşgalasyny saklanlara garanda, beden we psihiki taýdan köp keselleýär. Ata-enesi aýrylyşan çagalar birnäçe ýyllap özüne gelip bilmän ejir çekýär. Aýrylyşan är-aýalyň ata-enesi we dost-ýarlary-da alada edýär. Maşgalany döreden Ýehowa Hudaý bu ýagdaýa nähili garaýar?

4. Maşgaladaky kynçylyklary nädip çözmeli?

4 Geçen baplarda aýdylyşy ýaly, Hudaýyň niýetine görä maşgala ömürlik bolmaly (Gelip çykyş 2:24). Onda näme üçin köp maşgalalar aýrylyşýarka? Bu birden bolmaýar. Adatça, onuň alamatlaryny öňünden bilse bolýar. Maşgaladaky ujypsyz kynçylyklar ulalyp, olary çözüp bolmajak ýaly görünmegi mümkin. Emma şeýle kynçylyklar Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen öz wag-tynda çözülse, nikanyň bozulmagynyň öňüni alyp bolýar.

KÖP ZADA GARAŞMAŇ

5. Her bir maşgala nähili ýagdaýa taýýar bolmaly?

5 Käwagt är-aýalyň biri ýa-da ikisi-de bir-birinden köp zada garaşýandygy üçin kynçylyklar döreýär. Söýgi romanlary, meşhur žurnallar, telegepleşikler we kinofilmler durmuşa gabat gelmeýän umyt-arzuwlary döredýär. Şeýle arzuwlar başa barmasa, olar özüni aldanan hasaplap, nägile bolup gaharlanýarlar. Iki bikämil adam nädip maşgalasyny bagtly edip biler? Maşgalada gowy gatnaşyk bolar ýaly köp tagalla etmeli.

6. a) Mukaddes Ýazgylarda maşgala nähili dogry garaýyşda bolmalydygy aýdylýar? b) Maşgalada näme sebäpli agzalalyk döreýär?

6 Mukaddes Ýazgylar maslahata baý kitap. Onda nikanyň şatlyk getirýändigi aýdylsa-da, durmuş gurýanlaryň «durmyşynda täze kynçylyklary dörejekdigi» duýdurylýar (1 Korinfliler 7:28). Öň aýdylyşy ýaly, är-aýalyň ikisi-de günäli we ýalňyşagan bolýar. Olaryň alan bilimi, düşünjesi we terbiýesi bir-biriniňkiden tapawutlanýar. Käwagt är-aýalyň arasynda pul, çagalar we garyndaşlar bilen baglanyşykly agzalalyk döreýär. Eger är-aýal biri-birine az wagt sarp etse ýa-da jynsy gatnaşykda kynçylyk bolsa, agzalalygyň döremegi mümkinb. Bulary çözmäge wagt gerek, ýöne ruhdan düşmäň! Är-aýalyň köpüsi şeýle kynçylyklara hötde gelip, ikisi üçin hem oňaýly boljak karara gelýärler.

AGZALALYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞYŇ

[154-nji sahypadaky surat]

Kynçylyklary derrew çözüň. Gün ýaşýança, gaharyňyz ýatsyn

7, 8. Är-aýalyň arasynda düşünişmezlik dörände ýa-da olar biri-biriniň göwnüne degende, ýagdaýy Mukaddes Ýazgylara esaslanyp nähili çözmeli?

7 Köp adamlar göwnüne deglende, düşünişmezlik dörände ýa-da ýalňyşanda, özüni parahat saklap bilmeýärler. «Sen maňa gowy düşünmediň öýdýärin» diýip açyk aýtmagyň deregine, adam gahar-gazaba münüp, peşeden pil ýasaýar. Köp adamlar: «Sen diňe özüňi bilýärsiň. Sen meni gowy görmeýärsiň» diýýärler. Dawa-jenjel edesi gelmeýän ýanýoldaşy asla jogap bermän, dymmagy mümkin.

8 Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylaryň şu maslahatyna eýersek dogry bolar: «Gaharlansaňyz-da, günä etmäň; Gün ýaşýança, gaharyňyz ýatsyn» (Efesliler 4:26). 60 ýyllap bagtly ýaşan är-aýaldan maşgala bagtynyň syryny soranlarynda, äri şeýle jogap berdi: «Biraz agzalalyk dörese-de, ony çözmän ýatmazlygy özümize endik edindik».

9. a) Mukaddes Ýazgylara görä, gürrüňdeşlige nämeler degişli? b) Mertlik we kiçigöwünlilik gerek bolaýanda-da, köplenç är-aýal näme etmeli?

9 Är-aýalyň arasynda agzalalyk dörände, olaryň her biri «her bir adam diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan, çalt gaharlanmaýan bolmaly» (Ýakup 1:19). Biri-birini dykgatly diňleseler, olaryň ikisi-de ötünç soramalydygyna düşüner (Ýakup 5:16). «Göwnüňe degenim üçin bagyşla» diýip, ýürekden aýtmaga kiçigöwünlilik we mertlik gerek. Agzalalygy şeýdip çözmek örän peýdaly; bu olara kynçylygy çözmek bilen birlikde mähirli gatnaşygy ösdürip, gürrüňdeşlikden lezzet almaga kömek eder.

ÄR-AÝALLYK BORJUNY ÝERINE ÝETIRMEK

10. Pawlus resulyň korinfli mesihçilere beren haýsy maslahaty häzirki mesihçilere gorag bolup biler?

10 Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda «ahlaksyzlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli» maşgala gurmagy maslahat berýär (1 Korinfliler 7:2). Şu günler gadymy Korinf şäherindäkidenem beter ahlaksyzlyk edilýär. Dünýewi adamlar ahlaksyzlyk hakda aç-açan gürrüň edýärler, göze ilginç geýinýärler, žurnallarda, kitaplarda, telewizorda we kinofilmlerde aýşy-eşretler beýan edilýär — bularyň bary ýerliksiz jynsy höwesleri oýarýar. Şeýle ýagdaýda ýaşan korinflilere Pawlus resul: «Yşk oduna ýanandan, durmuş guranlary gowudyr» diýdi (1 Korinfliler 7:9).

11, 12. a) Är-aýalyň biri-birine nähili borjy bar we ony nädip ýerine ýetirmeli? b) Är-aýallyk borjundan wagtlaýynça saklanmaly bolanda näme etmeli?

11 Şol sebäpli Injilde maşgalaly mesihçilere şeýle tabşyryk berilýär: «Erkek adam aýalynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin. Şonuň ýaly-da aýal hem adamsynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin» (1 Korinfliler 7:3). Üns beren bolsaňyz, bu ýerde almak däl-de bermek barada nygtalýar. Eger är-aýal biri-birine gowy bolar ýaly oýlansa, nikadaky jynsy gatnaşyklar lezzet berýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda ärlere «özüni aýaly bilen paýhasly alyp barmak» tabşyrylýar (1 Petrus 3:7). Bu tabşyryk, aýratyn hem, är-aýalyň jynsy gatnaşyklaryna degişli. Eger-de äri aýaly bilen özüni mähirli alyp barmasa, nikadaky jynsy gatnaşyk aýala şatlyk getirmez.

12 Käbir ýagdaýda är-aýal jynsy gatnaşykdan saklanmaly bolýar. Aýaly aýyň belli bir günlerinde ýa-da gaty ýadanda şeýle etmegi mümkin (Lewiler 18:19-y deňeşdiriň). Äri-de işde ýaramaz ýagdaýa uçrap, sustupes bolanda şeýle bolmagy mümkin. Är-aýallyk borjundan wagtlaýynça saklanmaly bolanda, iň gowusy olar aç-açan gepleşip «özara ylalaşmaly» (1 Korinfliler 7:5). Bu är-aýaly nädogry düşünmekden saklar. Eger-de aýaly kesirlik bilen ärini jynsy gatnaşykdan mahrum etse ýa-da äri borjuny söýgi bilen ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsa, onda olara zyna etmek höwesine garşy durmak kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda maşgalada kynçylyk döremegi mümkin.

13. Mesihçiler pikirini arassa saklamak üçin näme etmeli?

13 Ähli mesihçiler ýaly Hudaýyň maşgalaly gullukçylary-da hapa hem ýerliksiz höwesleri oýarýan pornografiýadan gaça durmaly (Koloslylar 3:5). Beýleki jynsdaky adam bilen gepleşeniňde pikiriňe we hereketiňe ünsli bolmaly. Isa şeýle duýdurdy: «Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir» (Matta 5:28). Mukaddes Ýazgylardaky jynsy gatnaşyk baradaky maslahata eýerip, är-aýal zyna etmek höwesine garşy durar we biri-birine ikilik etmez. Olar nikadaky jynsy gatnaşykdan lezzet alyp, oňa maşgalany Döreden Ýehowa Hudaýyň beren sowgady hökmünde minnetdar bolarlar (Süleýmanyň tymsallary 5:15—19).

AÝRYLAŞMAK ÜÇIN MUKADDES ÝAZGYLARA ESASLANAN SEBÄPLER

14. Käte nähili gynançly ýagdaý ýüze çykýar we näme üçin?

14 Biziň bagtymyza, mesihçi är-aýalyň köpüsi maşgalada ýüze çykýan islendik kynçylygy ýeňýärler. Emma käwagt ýagdaý başgaça bolýar. Adamlaryň bikämilligi we Şeýtanyň golastyndaky erbet dünýäde ýaşaýandygy üçin käbir maşgalalar aýrylyşmagyň bosagasynda dur (1 Ýahýa 5:19). Şeýle kyn ýagdaýda mesihçiler näme etmeli?

15. a) Mukaddes Ýazgylara görä, nikany bozup gaýtadan durmuş gurmak üçin nähili ýeke-täk sebäp bar? b) Näme üçin käbir mesihçiler ýanýoldaşy ikilik etse-de aýrylyşmaýar?

15 Bu kitabyň ikinji babynda aýdylyşy ýaly, Mukaddes Ýazgylara görä, nikany bozup gaýtadan durmuş gurmagyň ýeke-täk sebäbi zyna etmek (Matta 19:9)c. Eger ýanýoldaşyňyzyň ikilik edendigi barada anyk deliliňiz bolsa, onda kyn meseläni çözmelisiňiz. Onuň bilen ýaşamalymy ýa-da aýrylyşmaly? Bu meselede kesgitli zat aýtmak kyn. Käbir mesihçiler ýürekden toba eden ýanýoldaşyny bagyşlandan soň agzybir ýaşaýar. Käbiri bolsa çagalarynyň hatyrasyna aýrylyşmaýar.

16. a) Näme üçin käbiri günä eden ýanýoldaşy bilen aýrylyşýar? b) Bigünä tarap aýrylyşanda ýa-da aýrylyşmanda, näme üçin ony hiç kim ýazgarmaly däl?

16 Şeýle günäli işler, mümkin, göwrelilige eltendir ýa-da jynsy ýol bilen ýokanç kesel geçirendir. Belki, çagalary ahlak taýdan bozuk atadan ýa-da eneden goramalydyr. Hawa, belli bir karara gelmänkäň, köp zatlaryň üstünde oýlanmaly. Emma ýanýoldaşyňyzyň ikilik edendigini bilip, onuň bilen jynsy gatnaşyga girseňiz, ony bagyşlaýandygyňyzy we aýrylyşmak islemeýändigiňizi görkezýärsiňiz. Şeýle ýagdaýdan soň aýrylyşyp, başga biri bilen durmuş gurmaga Mukaddes Ýazgylar ýol bermeýär. Hiç kim siziň gelen kararyňyzy üýtgetjek bolup, goşulmaly däl we gelen kararyňyz üçin hiç kimiň sizi ýazgarmaga haky ýok. Karara gelenem özüňiz, ýaşajagam özüňiz. «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Galatýalylar 6:5).

AÝRY ÝAŞAMAK ÜÇIN SEBÄPLER

17. Ýanýoldaşyňyz ahlaksyzlyk etmedik ýagdaýynda, Mukaddes Ýazgylara görä aýry ýaşasaňyz ýa-da aýrylyşsaňyz nämä hukugyňyz bolmaýar?

17 Ýanýoldaşyňyz ahlaksyzlyk etmedik ýagdaýynda, onuň bilen aýry ýaşamaga ýa-da aýrylyşmaga sebäp bolup bilermi? Hawa bolup biler, ýöne şeýle ýagdaýda mesihçi başga biri bilen durmuş gurup bilmeýär (Matta 5:32). Mukaddes Ýazgylarda aýry ýaşamaga rugsat berilse-de, aýrylyşan aýala ýa-da äre «gidäýen ýagdaýynda-da, başga birine durmuşa çykmasyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn; erkek adam hem aýalyny taşlamasyn» diýen şert goýulýar (1 Korinfliler 7:11). Onda nähili howply ýagdaýlarda aýry ýaşamak paýhasly bolup biler?

18, 19. Nähili howply ýagdaýlarda, adam, täze maşgala gurup bilmese-de, ol kazyýetiň üsti bilen aýry ýaşamagy ýa-da aýrylyşmagy dogry hasaplap biler?

18 Mümkin, äriň göz görtele ýaltalygy we erbet gylyklary sebäpli maşgala mätäçlik çekýändird. Belki, ol maşgalanyň ähli girdejisini humarly oýunlarda utdurýandyr ýa-da neşä, spirtli içgilere sowýandyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Öz maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» diýilýär (1 Timoteos 5:8). Eger-de şeýle adam pälinden gaýtmak islemese, keýpi üçin hatda aýalynyň gazanan pulundan alsa, onda aýaly özüniň we çagalarynyň aladasyny edip, ýaşaýan ýurdunyň kanuny boýunça, aýry ýaşaşmagy kazyýetiň üsti bilen talap edip biler.

19 Bu kanuny çärä aýal, eger ýanýoldaşy ony mydama rehimsizlik bilen urup, onuň saglygyna zyýan ýetirip, janyna howp salan ýagdaýynda-da ýüz tutup biler. Mundan başga-da, eger äri her hili ýollar bilen Hudaýyň talabyny bozdurjak bolup, aýratynam, ruhy saglygyna zyýan ýetirýän bolsa, aýaly ýanýoldaşyndan aýry ýaşamak hakda oýlanyp biler. Şeýle ýagdaýda howp astyna düşen tarap «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asmaklyk» ýeke-täk çykalga hökmünde kazyýetiň karary bilen aýry ýaşamaly diýen netijä gelip biler (Resullaryň işleri 5:29).

20. a) Maşgala bozuljak bolanda, ruhy taýdan tejribeli dostlary we ýygnak ýaşululary nähili kömek edip biler, ýöne olar näme etmeli däl? b) Aýry ýaşamak we nikany bozmak bilen baglanyşykly Mukaddes Ýazgylardaky aýatlary är-aýal nähili maksat bilen ulanmaly däl?

20 Ýanýoldaşy näçe rehimsizlik etse-de, aýry ýa-da bile ýaşamaga günäsiz tarapy hiç kim mejbur etmeli däl. Ruhy taýdan tejribeli dost-ýarlary we ýygnak ýaşululary ony goldap, Mukaddes Ýazgylar boýunça maslahat berseler-de, olar är-aýalyň arasynda bolýan zatlary jikme-jik bilmeýär. Ony diňe Ýehowa bilýär. Eger mesihçi aýal sebäpsiz ýere aýrylyşjak bolsa, Hudaýyň döreden maşgala ojagyny sylamaýandygyny görkezer. Ýöne öýünde ýaşamak howply bolup, aýry ýaşamagy ýüregine düwen mesihçi aýaly hiç kim ýazgarmaly däl. Bu aýdylanlar aýry ýaşamagy ýüregine düwen mesihçi äre-de degişli. «Biziň ählimiz Hudaýyň höküm kürsüsiniň öňünde durarys» (Rimliler 14:10).

TAS BOZULAN NIKA NÄDIP SAKLANDY?

21. Mukaddes Ýazgylaryň maşgala baradaky maslahatlarynyň kömek edýändigini haýsy mysal görkezýär?

21 Ýokarda gürrüň edilen Lýuçiýa ärinden gidenine üç aý bolanda, Ýehowanyň Şaýatlaryna duşup, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň kynçylyklarymy çözjek maslahatlaryň Mukaddes Ýazgylarda bardygyna haýran galdym. Okap başlanyma bary-ýogy bir hepde geçende, ärim bilen ýaraşmak isledim. Men häzir Ýehowanyň çykgynsyz ýagdaýa düşen maşgalalara kömek edip biljekdigine ynanýaryn, sebäbi onuň taglymatlary är-aýala bir-birini sylamagy öwredýär. Käbirleriň aýtmagyna görä, Ýehowanyň Şaýatlary maşgalany bozýarmyş, ýöne meniň bilen bolan waka munuň ýalandygyny görkezýär». Lýuçiýa Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini durmuşda ulanmagy öwrendi.

22. Ähli är-aýal nämä ynanmaly?

22 Lýuçiýa şeýle mysallaryň diňe biri. Nika adama agyr ýük däl-de, bereket bolmaly. Ýehowa bize maşgala barada ajaýyp maslahatlaryň çeşmesi bolan, gymmatly Sözüni berdi. Mukaddes Ýazgylar «mön adamy hem akyldar edýändir» (Zebur 19:7—11). Ol bozuljak bolan köp nikalary aman saklady, maşgalalaryň köpüsi onuň kömegi bilen agyr kynçylyklaryny çözdüler. Goý, är-aýallaryň ählisi Ýehowa Hudaýyň maşgala berýän maslahatlaryna ynansyn. Bu maslahatlar hakykatdanam kömek edýär!

a Ady üýtgedildi.

b Şeýle meseläniň käbirine öňki baplarda seredildi.

c Mukaddes Ýazgylardaky «ahlaksyzlyk» diýip terjime edilen söz, ýanýoldaşyňa ikilik etmegi, gomoseksualizmi, mal bilen jynsy gatnaşyk etmegi, jyns organlary ulanyp, gadagan edilýän başga işleri bilkastlaýyn etmegi aňladýar.

d Bu ýerde äri näçe yhlas etse-de, keselçilik ýa-da işsizlik sebäpli maşgalasyny ekläp bilmeýän ýagdaýy göz öňünde tutulmaýar.

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER MAŞGALANY BERKITMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Maşgalada şatlyk-da, muşakgat-da bolar (Süleýmanyň tymsallary 5:18, 19; 1 Korinfliler 7:28).

Agzalalygy derrew çözmeli (Efesliler 4:26).

Söhbetdeşlikde diňlemek geplemekden wajyp (Ýakup 1:19).

Är-aýallyk borjuny öz peýdaňy gözlemän, mähir-muhabbetli berjaý etmeli (1 Korinfliler 7:3—5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş