Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 18 sah. 170—180
  • Hudaýa ebedi gulluk etmegi maksat edin

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa ebedi gulluk etmegi maksat edin
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ISA HUDAÝ BARADAKY BILIMI NÄHILI ULANÝARDY
  • EBEDI ÝAŞAÝŞA ALYP BARÝAN ÄDIMLER
  • SUWDA ÇOKUNDYRYLMAK SENIŇ ÜÇIN NÄME AŇLADÝAR
  • SEN SUWDA ÇOKUNDYRYLMAGA TAÝYNMY?
  • BAGYŞ EDILMÄŇE WE SUWDA ÇOKUNDYRYLMAŇA LAÝYK ÝAŞAMAK
  • Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Seniň suwda çokundyrylmagyň näme aňladýar?
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 18 sah. 170—180

18-nji bap

Hudaýa ebedi gulluk etmegi maksat edin

1, 2. Hudaý barada bilim alanyňdan soň, näme etmeli?

AÝDALY, sen gulply gapynyň öňünde dursuň, onuň aňyrsynda bolsa, uly hazyna bar. Diýeli, kimdir biri saňa onuň açaryny berip, islän zadyňy alyber diýýär. Sen ol açary ulanmasaň, onuň saňa hiç hili peýdasy bolmaz. Bilim barada hem edil şony aýdyp bolar, ony ulanmaly — diňe şonda onuň gymmatyny bilersiň.

2 Bu, aýratyn hem, Hudaý baradaky bilime degişli. Ýehowa Hudaý we Isa Mesih baradaky bilim ebedi ýaşaýşa alyp barýar ahyryn (Ýahýa 17:3). Ýöne bu umyt amala aşar ýaly, diňe bilimli bolmak ýeterlik däl. Şol gymmatly açary ulanyşyň ýaly, saňa Hudaý baradaky bilimi hem durmuşda ulanmak gerek. Isa diňe Hudaýyň islegini berjaý edýänler «Patyşalyga girer» diýdi. Şeýle adamyň Hudaýa ebedi gulluk etmäge mümkinçiligi bolar! (Matta 7:21; 1 Ýahýa 2:17).

3. Hudaýyň bize degişli islegi näme?

3 Hudaýyň isleginiň nämedigini bileniňden soň, ony berjaý etmek örän wajyp. Hudaýyň saňa degişli islegi nämedir öýdýärsiň? Ony gysgaça şeýle aýtsa bolar: Isadan görelde almaly. Biz 1 Petrus 2:21-de şu sözleri okaýarys: «Siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz; sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy». Diýmek, Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin, sen Isadan mümkin boldugyça görelde almaly. Şeýdip, sen Hudaý baradaky bilimi ulanarsyň.

ISA HUDAÝ BARADAKY BILIMI NÄHILI ULANÝARDY

4. Isa Ýehowa barada näme üçin şeýle köp bilýär we bilimlerini nädip ulandy?

4 Isa Mesih Hudaýy hemmelerdenem has oňat tanaýar. Ol ýer ýüzüne gelmezinden öň, uzak wagtyň dowamynda gökde Ýehowa Hudaý bilen ýaşady we zähmet çekdi (Koloseliler 1:15, 16). Isa şol bilimleri näme etdikä? Ol olary edinmek bilen çäklenenokdy. Isa şol bilimlere laýyklykda ýaşaýardy. Ine, şol sebäpli hem, ol adamlar bilen diýseň mähribandy, sabyrlydy we söýgüden doludy. Isa şeýdip gökdäki Atasynyň göreldesine eýerdi we Ýehowanyň şahsyýeti hem-de Onuň ýollary baradaky bilime laýyklykda hereket etdi (Ýahýa 8:23, 28, 29, 38; 1 Ýahýa 4:8).

5. Isa näme üçin suwda çokundyryldy we nädip şonuň manysyna laýyk ýaşady?

5 Isanyň bilimi, ony, dogumly ädimler etmäge-de höweslendirdi. Ol Jelileden Iordan derýasyna geldi, ol ýerde Ýahýa ony suwda çokundyrdy (Matta 3:13—15). Isanyň suwda çokundyrylmagy näme aňladýardy? Isa ýewreýdi — ol Hudaýa bagyşlanan halkda doguldy. Şoňa görä-de, Isa doglaly bäri Hudaýa bagyşlanandy (Çykyş 19:5, 6). Isa suwda çokundyrylmak bilen, Hudaýyň oňa degişli islegini berjaý etmek üçin özüni Ýehowanyň ygtyýaryna berdi (Ýewreýler 10:5, 7). Hawa, Isa suwda çokundyrylmagynyň manysyna laýyk ýaşady. Her bir mümkinçilikde Hudaý baradaky bilimi adamlar bilen paýlaşyp, Ol bar güýji bilen Ýehowa gulluk etdi. Isa Hudaýyň islegini berjaý etmekden şatlyk tapýardy, hatda bu onuň üçin iýmit ýalydy (Ýahýa 4:34).

6. Isa nädip «özüni inkär etdi»?

6 Isa, Ýehowanyň islegini berjaý etmegiň özüne örän gymmat düşjegine doly düşünýärdi — hatda öz janyny hem bermeli bolardy. Muňa garamazdan, şahsy bähbitlerini ikinji orunda goýup, Isa «özüni inkär etdi». Hudaýyň islegini berjaý etmek onuň üçin hemişe birinji orunda durýardy. Biz Isanyň kämil göreldesine nädip eýerip bileris?

EBEDI ÝAŞAÝŞA ALYP BARÝAN ÄDIMLER

7. Suwda çokundyrylmak üçin haýsy ädimler ätmeli?

7 Isadan tapawutlykda biz kämilsiz, şoňa görä-de, suwda çokundyrylmak üçin hökman möhüm ädimleri ätmelidiris. Ilki bilen, biz Ýehowa Hudaý we Isa Mesih baradaky dogry bilimi bütin ýürek bilen kabul etmeli. Bu bizi Hudaýa iman etmäge we Ony çuňňur söýmäge höweslendirer (Matta 22:37—40; Rimliler 10:17; Ýewreýler 11:6). Hudaýyň kanunlaryna, düzgünlerine we kadalaryna tabyn bolmagymyz, bizi toba getirmeli we öňki eden günälerimiz üçin Hudaýyň öňünde gynanýandygymyzy görkezmeli. Bu bolsa, dönmeklige, ýagny Hudaýy tanamazdan öň eden ähli nädogry işlerimizden ýüz dönderip, özgermegimize getirýär (Resullaryň Işleri 3:19). Biz dogrulyk etmegiň ýerine, gizlinlikde öňki ýaly günä edýän bolsak, onda entäk hakykatdan düzelemizok, Hudaýy hem, elbetde, aldap bilmeris. Ýehowa adamlardaky ikiýüzlüligi görýär (Luka 12:2, 3).

8. Patyşalyk baradaky wagyz işine gatnaşmak isleseň, sen näme etmeli?

8 Sen indi birnäçe wagtlap Hudaý barada bilim alýarsyň, eýsem ruhy maksatlaryň barada çuňňur oýlanmaga wagt gelmedimi? Belki-de, öwrenen zatlaryňy garyndaşlaryňa, dostlaryňa we başga adamlara aýdasyň gelip durandyr. Megerem, sen eýýäm başardygyňça adamlara hoş habary Isa ýaly gürrüň berýän bolmaly (Luka 10:38, 39; Ýahýa 4:6—15). Indi, mümkin, köpräk zat edesiň gelýändir. Ýehowanyň Güwäleriniň yzygiderli wagyz işine gatnaşmaga taýynlygyňy anyklamak üçin, mesihçi ýaşulular seniň bilen gürleşmäge şat bolarlar. Eger-de taýýar bolsaň, onda ýaşulular Güwäleriň biri seniň bilen wagyza çykar ýaly aladasyny ederler. Isanyň şägirtleri guramaçylykly gulluk etmek üçin onuň görkezmelerine eýeripdirler (Markus 6:7, 30; Luka 10:1). Patyşalyk baradaky habary öýden-öýe, ýa-da başgaça wagyz edeniňde, saňa şeýle kömek örän peýdaly bolar (Resullaryň Işleri 20:20, 21).

9. Bir adam nädip özüni Hudaýa bagyşlap biler, we bagyş edilme onuň durmuşyna nähili täsir eder?

9 Ýygnaga degişli töwerekdäki ähli adamlara hoş habary wagyz etmeklik — bu, akýürekli adamlary tapmagyň usulydyr hem-de imanyňy amal etmek üçin ajaýyp mümkinçilik (Resullaryň Işleri 10:34, 35; Ýakup 2:17, 18, 26). Mesihi duşuşyklara yzygiderli barsaň hem-de wagyz işine aňly-düşünjeli gatnaşsaň, toba gelendigiňi we dönendigiňi, indi bolsa, Hudaý baradaky bilime laýyklykda ýaşamakçydygyňy görkezer. Indiki dogry ädimi ätmek üçin näme etmelikä? Özüňi Ýehowa Hudaýa bagyşlamaly. Ýagny tüýs ýürekden Hudaýa doga edip, Onuň islegini berjaý etmek üçin öz ömrüňi meýletin we höwes bilen Oňa berýändigiňi aýtmaly. Şeýdip, özüňi Ýehowa bagyşlap, Isa Mesihiň ýumşak boýuntyrygyny dakynyp bilersiň (Matta 11:29, 30).

SUWDA ÇOKUNDYRYLMAK SENIŇ ÜÇIN NÄME AŇLADÝAR

10. Özüňi Ýehowa bagyşlanyňdan soň, näme üçin suwda çokundyrylmaly?

10 Isanyň aýtmagyna görä, onuň şägirtleriniň hemmesi suwda çokundyrylmaly (Matta 28:19, 20). Özüňi Hudaýa bagyşlanyňdan soň, bu nämä gerekkä? Sen özüňi Ýehowa bagyşlap, Ony söýýändigiňi görkezdiň. Ýöne sen, elbetde, beýleki adamlaryň hem seniň Hudaýy söýýändigiňi bilmegini isleýänsiň. Hawa, suwda çokundyrylmak, özüňi Ýehowa Hudaýa bagyşlandygyňy hemmelere mälim etmäge mümkinçilik berýär (Rimliler 10:9, 10).

11. Suwda çokundyrylmak näme aňladýar?

11 Suwda çokundyrylmak çuňňur manydan doly. Seni suwa çümdürenlerinde, sen öňki alyp baran durmuşyň üçin ölýän ýaly bolýarsyň. Suwdan çykanyňda bolsa, sen indi öz islegiňe däl-de, Hudaýyň islegine tabyn täze durmuşa başlaýarsyň. Elbetde, bu waka seniň mundan beýläk ýalňyşmajagyňy aňlatmaýar, sebäbi biziň hemmämiz kämilsiz, şoňa görä-de her gün günä edýäris. Emma, Ýehowanyň bagyş edilen we suwda çokundyrylan gullukçysy hökmünde, sen Onuň bilen aýratyn aragatnaşykda bolarsyň. Seniň toba gelip, kiçigöwünlik bilen suwda çokundyrylanyňy görüp, Ýehowa, Isanyň töleg gurbanlygy esasynda seniň günäleriňi geçmäge taýýar. Şeýlelikde, suwda çokundyrylmak Hudaýyň öňünde päk ynsap berýär (1 Petrus 3:21).

12. a) ’Atanyň ady bilen’ b) ’Ogluň ady bilen’ w) «Mukadddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar?

12 Isa şägirtlerine täze okuwçylary «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň» diýip buýurdy. (Matta 28:19). Isa näme diýjek bolduka? «Atanyň ady bilen» çokundyrylmak — bu, Ýehowa Hudaýy Ýaradyjy we Älemiň doly hukukly Hökümdary hökmünde bütin ýüregiň bilen kabul edýändigiňi aňladýar (Zebur 36:9; 83:18; Wagyzçy 12:1). «Ogluň ady bilen» çokundyrylmak — bu, Isa Mesihi, aýratyn hem onuň töleg gurbanlygyny, Hudaýyň beren ýeke-täk gutulyş serişdesi hökmünde boýun alýandygyňy aňladýar (Resullaryň Işleri 4:12). «Mukaddes Ruhuň ady bilen» çokundyrylmak — bu, Ýehowanyň mukaddes ruhuny, ýa-da Onuň hereketdäki güýjüni, Hudaýyň öz niýetlerini amala aşyrmak üçin ulanýan guraly diýip kabul edýändigiňi aňladýar. Şeýle hem, ruhuň gönükdirýän guramasy bilen birlikde, Hudaýyň gullukçylary Onuň adalatly islegini ýerine ýetirer ýaly, mukaddes ruhy arkaly olara güýç berýändigine ynanýarlar (Barlyk 1:2; Zebur 104:30; Ýahýa 14:26; 2 Petrus 1:21).

SEN SUWDA ÇOKUNDYRYLMAGA TAÝYNMY?

13, 14. Ýehowa Hudaýa gulluk etmegi saýlanymyzda, biz näme üçin gorkmaly däl?

13 Suwda çokundyrylmak şeýle çuňňur manyly we adamyň durmuşynda möhüm ädim bolýandygy sebäpli, ondan gorkmak gerekmikä? Asla gorkmaly däl! Suwda çokundyrylmak kararyna oýlanman gelmeli däl hem bolsa,— bu, gürrüňsiz, seniň iň paýhasly ädimiň bolar.

14 Suwda çokundyrylyp, sen Ýehowa Hudaýa gulluk etmegi saýlandygyňy görkezýärsiň. Tanyşlaryň barada oýlanyp gör. Eýsem olaryň hersi öz «hojaýynyna» gulluk edenokmy, näme? Käbirleri baýlyga gulluk edýär (Matta 6:24). Başgalar bolsa, jan aýaman kär edinýärler, ýa-da diňe özi barada çendenaşa alada edýärler welin, arzuwyna ýetmek olar üçin hemme zatdan ýokary bolýar. Beýlekiler ýalan hudaýlara gulluk edýärler. Sen bolsa hakyky Hudaýa — Ýehowa gulluk etmegi saýladyň. Başga hiç kim şonça mähribanlygy, duýgudaşlygy we söýgini bildirmeýär. Hudaý adamalara gutulyşa eltýän hormatly iş berýär. Ol gullukçylaryna ebedi ýaşaýşy sylag berýär. Hawa, Isadan görelde alyp, ömrüňi Ýehowa bagyş etmekde, hiç hili gorkuly zat ýok. Aslyýetinde, bu Hudaýy hoşal edýän we sagdyn düşünjä laýyk gelýän ýeke-täk zatdyr (3 Patyşalar 18:21).

15. Suwda çokundyrylmaga näme päsgel berip biler?

15 Muňa garamazdan, sen başga adamlaryň sözüne gidip suwda çokundyrylmaly däl. Bu sen bilen Ýehowanyň arasyndaky şahsy mesele (Galatýalylar 6:4). Ruhy taýdan ösenligiňe görä, sen, mümkin, şeýle pikir edýänsiň: maňa suwda çokundyrylmaga näme päsgel berýär? (Resullaryň Işleri 8:35, 36). Sen özüňden sorap bilerdiň: meni garyndaşlarymyň garşylygy saklaýarmyka? Mukaddes Ýazgylaryň garaýşyna görä nädogry bir zada entägem bagly däldirin-dä, ýa-da haýsydyr bir günä iş edýänmikäm? Belki, men adamlaryň pikirinden gorkýandyryn? Hawa, oýlanara zat bar, emma hemme zady paýhasly ölçäp görsek, oňat bolardy.

16. Ýehowa gulluk etmeklik saňa näme peýda berer?

16 Ýehowa gulluk etmegiň peýdaly taraplaryny göz öňüne alman, diňe ýitirjek zatlaryňa seretseň, paýhasly bolmaz. Meselem, maşgaladaky garşylygy alyp göreli. Isa, şägirtleri onuň yzyna düşüp, şol sebäpli hem, garyndaşsyz galsalar, olaryň has uly ruhy maşgala gazanjaklaryny wada berdi (Markus 10:29, 30). Imandaşlaryň seni doganlyk söýgüsi bilen söýerler, yzarlamalara çydamaga kömek ederler hem-de ýaşaýşa eltýän ýolda seni goldarlar (1 Petrus 5:9). Kynçylyklara hötde gelmäge saňa aýratyn hem ýygnagyň ýaşululary kömek ederler (Ýakup 5:14—16). Bu dünýäniň pikiri barada aýdaňda bolsa, sen özüňden şeýle sorap bilerdiň: Älemi Ýaradanyň razylygyna we saýlan ýolumyň Oňa getirýän şatlygyna deň geljek zat, hi bir barmyka? (Süleýmanyň Tymsallary 27:11).

BAGYŞ EDILMÄŇE WE SUWDA ÇOKUNDYRYLMAŇA LAÝYK ÝAŞAMAK

17. Suwda çokundyrylmak näme üçin ýoluň soňy däl-de, başlangyjy?

17 Suwda çokundyrylmak seniň ruhy taýdan ösmegiň asla soňy däldir — muny ýatda saklamak örän wajyp. Bu waka Hudaýyň gullukçysy we Ýehowanyň Güwäleriniň biri hökmünde Oňa ömürlik gulluk etmegiň başlangyjydyr. Suwda çokundyrylmak örän möhüm bolsa-da, ol entäk halas boljakdygyňy aňlatmaýar. Isa: «Suwda çokundyrylan her kes halas bolar» diýmedi. Gaýtam: «Soňa çenli çydan halas bolar» diýdi (Matta 24:13). Şonuň üçin, Hudaýyň Patyşalygyna durmuşyňda iň esasy orny berip, öňürti ony agtarmak möhümdir (Matta 6:25—34).

18. Suwda çokundyrylanyňdan soň, öz öňüňde nähili maksatlar goýup bilersiň?

18 Mundan beýläk hem Ýehowa gulluk etmek üçin, öz öňüňde ruhy maksatlar goýsaň oňat bolardy. Şeýle degerli maksatlaryň biri — Hudaýyň Sözünden, yzygiderli şahsy okuw arkaly Hudaý baradaky bilimiňi çuňlaşdyrmak. Her gün Mukaddes Ýazgylary okamagy planlaşdyr (Zebur 1:1, 2). Mesihi duşuşyklara yzygiderli bar, sebäbi ol ýerdäki gürrüňdeşlik saňa ruhy güýç berer. Öz gezeginde, ýygnagyň duşuşyklarynda jogap bermegi maksat edinseň, şeýdip hem Ýehowany şöhratlandyryp, beýlekileri ruhlandyrsaň, oňat bolmazdymy? (Rimliler 1:11, 12). Şeýle hem, dogalarymyzyň hilini oňatlaşdyrmagy maksat edinip bileris (Luka 11:2—4).

19. Mukaddes ruh saňa haýsy häsiýetleri ösdürmäge kömek eder?

19 Eger-de sen suwda çokundyrylmaňa laýyk ýaşamak isleýän bolsaň, onda özüňi alyp barşyňa hemişe dykgat edip, Hudaýyň mukaddes ruhuna özüňde söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we özüňe erk etmek ýaly häsiýetleri ösdürmäge mümkinçilik bermelisiň (Galatýalylar 5:22, 23; 2 Petrus 3:11). Ýadyňda bolsun, Ýehowa mukaddes ruhuny ony dileýänlere we Oňa gulak asýan wepaly gullukçylarynyň hemmesine berýär (Luka 11:13; Resullaryň Işleri 5:32). Şonuň üçin, Ýehowadan ruh barada dileg et, şeýle hem Hudaýa ýakymly häsiýetler ösdürmek üçin kömek sora. Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsirine seslendigiňçe, bu häsiýetler seniň sözleriňde we hereketleriňde görnüp başlar. Elbetde, mesihi ýygnakdaky her bir adam, Isa has gowy meňzejek bolup, «täze» adam bolmaga jan edýär (Koloseliler 3:9—14). Olaryň her birinde öz kynçylyklary bar, sebäbi biz ruhy ösüşiň dürli basgançaklarynda. Kämilsizdigiňe görä, Isa meňzemek üçin sen köp-köp tagalla etmeli bolarsyň. Ýöne hiç haçan lapykeç bolma, sebäbi Hudaýyň kömegi bilen muny başararsyň.

20. Gulluk edeniňde, sen Isadan nädip görelde alyp bilersiň?

20 Isa ýaly begenmek seniň ruhy maksatlaryň biri bolmalydyr (Ýewreýler 12:1—3). Ol gulluk etmegi söýýärdi. Eger-de Patyşalyk baradaky wagyza gatnaşmaga mümkinçiligiň bar bolsa, onda wagyzy ýüzleý garalýan bir adaty zada öwürme. Edil Isa ýaly, başgalara Hudaýyň Patyşalygy barada öwretmekden lezzet tapjak bol. Hudaýyň Sözüniň has oňat mugallymy bolmak üçin ýygnakda berilýän maslahatlary ulan. Şeýle hem, Ýehowa gullugyňy dowam etdirmäge Onuň saňa güýç berjekdigine ynamly bol (1 Korintoslylar 9:19—23).

21. a) Ýehowanyň suwda çokundyrylan wepaly adamlary eziz görýändigini nireden bilýäris? b) Hudaý bu zalym dünýäni ýok eden wagty, ölmän galar ýaly, suwda çokundyrylmagyň möhümdigi nämeden görünýär?

21 Isadan yzygiderli görelde aljak bolýan hem-de özüni bagyş edip, suwda çokundyrylan adamy Hudaý örän eziz görýär. Ýehowa milliardlarça ynsan ýüregini görüp, şeýle adamlaryň gaty seýrekdigini bilýär. Hudaý olary hazyna, «arzyly zat» diýip hasaplaýar (Haggaý 2:7, TD). Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, Hudaý olary, bu zalym dünýäniň ýok ediljek gününde halas bolsun diýip belleýär (Ezekiýel 9:1—6; Malaki 3:16, 18). Sen ebedi ýaşamaga meýillimi? (Resullaryň Işleri 13:48, TD). Hudaýyň gullukçysy hökmünde bellenmek isleýäňmi? Özüňi Hudaýa bagyşlamak we suwda çokundyrylmak — şeýle belginiň bir bölegi we gutulyş üçin gerekli ädimlerdir.

22. «Uly märeke» nämä umyt baglap biler?

22 Bütindünýä tupanyndan soň, Nuh we onuň maşgalasy gämiden arassalanan ýere düşdüler. Şu günler hem, Hudaý baradaky bilimi durmuşda ulanyp, Ýehowanyň berekellasyny gazanan «uly märekäniň» adamlary, bu zalym dünýäniň soňundan ölmän geçip, bütinleý arassalanan ýerde ýaşamaga umyt edýär (Ylham 7:9, 14). Şonda ýaşaýyş nähili bolarka?

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Ýehowa baradaky bilimi Onuň islegine laýyk nädip ulanyp bilersiň?

Suwda çokundyrylmak üçin haýsy ädimler ätmeli?

Suwda çokundyrylmak näme üçin ýoluň soňy däl-de, başy?

Biz nädip bagyş edilmegimize we suwda çokundyrylmagymyza laýyk ýaşap bileris?

[172-nji sahypadaky surat]

Sen doga arkaly özüňi Hudaýa bagyşladyňmy?

[174-nji sahypadaky surat]

Saňa suwda çokundyrylmaga näme päsgel berýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş