19-njy bap
Hudaý baradaky bilim ýer ýüzüni dolduranda
1, 2. Ýehowanyň eseri nädip «zaýalandy»?
ÝAŇYJA ajaýyp suraty çekip gutaran meşhur suratçyny göz öňüňe getir. Surat örän şowly bolupdyr — hakykatdan-da ajaýyp eser! Emma, gije bir görip bäsdeşi suraty zaýalap gidýär. Munuň suratça nähili agyr degendigini göz öňüne getirýänsiň. Ol şol zalym adamyň gözenegiň aňyrsyna düşmegini, gör, nähili isleýändir! Şeýle hem, döreden eseriniň öňki owadanlygyny dikeldesi gelýändir diýip bileris.
2 Şol suratçy kimin, Ýehowa hakyky eseri — Ýeri ýaradyp, onda adamlary ýerleşdirdi. Erkegi we aýaly ýaradandan soň, Ol Ýerdäki işini: «Gaty oňat» diýip jemledi (Barlyk 1:31). Adam-ata bilen How-ene Hudaýyň çagalarydy we Ýehowa olary söýýärdi. Ýehowa olar üçin bagtly, ajaýyp gelejegi taýynlapdy. Şeýtan olary gozgalaň etmäge yrsa-da, Hudaýyň ajaýyp eseri düzelmejek derejede zaýalanmandy (Barlyk 3:23, 24; 6:11, 12).
3. «Hakyky ýaşaýyş» diýmek näme?
3 Hudaý bu ýagdaýy düzetmekçi bolýar. Ol ilkibaşdaky niýeti boýunça ýaşamagymyzy isleýär. Biziň gysga we aladaly ýaşaýşymyzy Ýehowanyň niýet eden «hakyky ýaşaýşy» bilen asla deňeşdirer ýaly däl. Hudaýyň bize berjek bolýan «hakyky ýaşaýşy» — bu, kämil şertlerdäki «ebedi ýaşaýyş» (1 Timoteos 6:12, 19).
4, 5. a) Jennetde ýaşamak umydymyz nädip amala aşar? b) Gelejek baradaky umyt hakda näme üçin oýlanmaly?
4 Hudaý baradaky bilim, bizi Ýehowanyň öňünde jogapkärli edýär (Ýakup 4:17). Ýöne oýlanyp gör, sen bu bilimi ulanyp, ebedi ýaşaýşa gowuşsaň, gör, nähili eşretler alarsyň. Ýehowa Hudaý tizden ýer ýüzünde boljak Jennetiň ajaýyp suratyny Mukaddes Ýazgylarda çekýär. Elbetde, biz Ýehowanyň halky hökmünde, Oňa diňe sylag almak üçin gulluk edemizok. Biz Hudaýy söýýändigimiz üçin Oňa gulluk edýäris (Markus 12:29, 30). Onsoňam, biz ebedi ýaşaýşy Ýehowadan gazanyp alyp bilmeris. Ebedi ýaşaýyş — Hudaýyň sowgady (Rimliler 6:23). Bu ýaşaýyş barada oýlanmak peýdaly, sebäbi Jennete bolan umyt, Ýehowa Hudaýyň ’Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyny’ ýatladýar (Ýewreýler 11:6). Biziň aňymyzda we ýüregimizde ýaşaýan bu umyt, Şeýtanyň dünýäsindäki kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder (Ýeremiýa 23:20).
5 Geliň, indi ýerdäki Jennetde boljak ebedi ýaşaýyş barada Mukaddes Ýazgylarda berilýän umyda seredeliň. Hudaý baradaky bilim ýer ýüzüni dolduranda, ýaşaýyş nähili bolarka?
ARMAGEDDONDAN SOŇ ÝER ÝÜZÜNDE JENNET BOLAR
6. Armageddon diýmek näme, we ol adamzat üçin näme aňladar?
6 Öňräk aýdylyşy ýaly, Hudaý tiz wagtdan bu zalym dünýäni ýok eder. Mukaddes Ýazgylardaky Armageddon diýilýän waka örän çalt ýakynlaşýar. Bu sözi eşidende, käbir adamlar garşydaş uruşýan ýurtlaryň arasynda boljak ýadro heläkçiligi barada pikir edýärler, emma Armageddon barada, bu, düýbünden ýalňyş düşünje. Ylham 16:14—16-da aýdylyşy ýaly, Armageddon — bu, «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş». Bu söweşe «dünýäniň patyşalary», ýagny ähli milletler gatnaşar. Ýehowa Hudaýyň Ogly, bellenen Patyşa, tizden Armageddon urşuna başlar. Onuň netijesi öňünden belli. Hudaýyň Patyşalygyna garşy çykýanlaryň ählisi hem-de Şeýtanyň zalym dünýäsine degişliler ýok ediler. Diňe Ýehowa Hudaýa gaýduwsyz wepaly adamlar diri galar (Ylham 7:9, 14; 19:11—21).
7. Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy döwründe Şeýtan we onuň jynlary nirede bolarlar, we adamlar üçin munuň nähili peýdasy bar?
7 Aýdaly, sen bu ägirt uly wakadan ölmän geçdiň. Hudaýyň wada eden täze dünýäsinde ýaşaýyş nähili bolarka? (2 Petrus 3:13). Muny bilmek üçin kelle döwmek gerek däl, çünki Mukaddes Ýazgylaryň özi bu barada gürrüň berýär, onuň gürrüň berýän zatlary bolsa haýran galdyrýar. Biz Şeýtanyň we onuň jynlarynyň ähli häkimiýetden mahrum edilip, Isa Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy döwründe düýpsüz çuňlukda tussaglykda hereketsiz boljagyny bilýäris. Gizlinlikde tertipsizlik döredip, bizi Hudaýa biwepalyk etdirjek bolýan erbet we zalym adamlar, indi hiç haçan bolmaz. Gör, nähili azatlyk! (Ylham 20:1—3).
8, 9. Täze dünýäde gam-gussa, keselçilige we garrylyga näme bolar?
8 Wagty gelende adamlar ähli keselçilikden dynarlar (Işaýa 33:24). Şonda agsaklaryň aýaklary sagalyp, ýerinden turup, ýöräp, ylgap, hatda tans oýnap hem bilerler. Ençeme ýyllap sessiz dünýäde ýaşandan soň, ker adamlar daş-töweregindäki ajaýyp şirin owazlary eşiderler. Körler bolsa, reňke we dürli şekillere baý dünýäni görüp, begenjiniň çägi bolmaz (Işaýa 35:5, 6). Onsoňam, olar söýgüli adamlarynyň ýüz keşbini görerler ahyryn! Belki-de, başda şatlykdan ýaňa olaryň gözleri biraz ýaşarsa gerek.
9 Sen oýlanyp gör! Indi äýnekler, pişekler, hasalar, dermanlar, diş bejerilýän otaglar, asla keselhanalar hem gerek bolmaz! Adamlar indi hiç haçan ruhy keseller hem-de göwnüçökgünlik sebäpli şatlygyny ýitirmezler. Çagalara hiç bir hassalyk degmez. Garrylygyň weýran ediji täsiri aradan aýrylar (Eýýup 33:25). Biz has sagdyn we daýaw bolarys. Biz her gün ir bilen täze güýç toplap ukudan oýananymyzda, gaýnap duran durmuşa bütinleý berilip, jana ýakymly işe başlamak üçin, geljekki güni garşylamaga höwesli bolarys.
10. Armageddondan ölmän geçenler nähili işe gatnaşarlar?
10 Armageddondan ölmän geçenleriň birgiden gyzykly işi bolar. Olar ýer ýüzüni jennete öwürerler. Hapalanan köne dünýäniň ähli galyndysy aýrylar. Gür jeňňelleriň we çaňap ýatan çölleriň ýerinde miweli baglar we seýilgähler peýda bolar. Her kesiň ajaýyp we göwnejaý öýi bolar (Işaýa 65:21). Ýer ýüzi kem-kemden jennete öwrülip, bütin planeta Ýaradyjynyň entäk Jennet bagynda kesgitlän gözellik düşünjesine laýyk geler. Bu dikeldiş işine gatnaşmak, gör, nähili hezil bolar!
11. Adamlar tebigata nähili gararlar, we olaryň haýwanat dünýäsi bilen arasy nähili bolar?
11 Bu zatlaryň hemmesi Hudaýyň baştutanlygynda şeýle amala aşar welin, tebigat zaýalanmaz. Adamlar haýwanlar bilen parahatçylykda ýaşar. Olar haýwanlary rehimsiz öldürmegiň ýerine, olar barada söýgi bilen alada edip, ýeriň üstünden paýhasly agalyk ederler. Göz öňüne getir: möjekler we guzular, ýolbarslar we göleler bilelikde iýmitlener — şonda öý haýwanlary hem bütinleý howpsuzlykda bolar. Hatda kiçijik çagalar hem ýabany haýwanlardan gorkmaly bolmazlar. Täze dünýäniň asudalygy gaýdyp hiç haçan rehimsiz, zalym adamlar sebäpli bozulmaz (Işaýa 11:6—8). Şonda ýaşaýyş, gör, nähili parahat bolar!
ADAMZADYŇ BÜTINLEÝ ÜÝTGEMEGI
12. Şu günler Işaýa 11:9-daky sözler nädip ýerine ýetýär, we bu sözler Jennetde nädip ýerine ýeter?
12 Işaýa 11:9 (TD)-da ýer ýüzünde hiç hili erbetligiň bolmajygynyň sebäbi aýdylýar. Ol ýerde şeýle ýazylgy: «Suwlaryň bütin deňizi dolduryşy ýaly, ýer ýüzi Ýehowa baradaky bilim bilen hökman dolar». Bu sözler diňe adamlara degişli, sebäbi haýwanlar pikirlenip bilenok, şonuň üçin hem, «Ýehowa baradaky bilimi» alyp we üýtgäp bilmeýärler. Munuň tersine, Ýaradyjy baradaky bilim adamlary üýtgedýär. Elbetde, Hudaý baradaky bilimi durmuşyňda ulanyp, sen eýýäm käbir özgerişler edensiň. Millionlarça adamlar hem şeýle edýärler. Diýmek, Ýehowa gulluk edýän adamlarda pygamberlik eýýäm ýerine ýetip başlady. Ýöne şol pygamberlikde bütin dünýädäki adamlaryň wagşylyk we zorluk etmek höwesini taşlap, ebedilik parahatçylygy söýjek döwri barada hem aýdylýar.
13. Ýer ýüzünde nähili okuw programmasy geçiriler?
13 Hudaý baradaky bilim bütin ýer ýüzüni dolduranda, gör, nähili oňat bolar! Şonda Patyşa Isa Mesihiň we onuň bile höküm sürjek 144 000 hökümdaryň baştutanlygynda giňişleýin okuw programmasy geçiriler. Munuň üçin täze «kitaplar» ulanylar. Bu Hudaýyň ýazuw görkezmeleri bolsa gerek, olar ýeriň ýaşaýjylaryna bilim bermek üçin esas bolar (Ylham 20:12). Adamlar uruşmany däl-de, parahatçylykda ýaşamany öwrenerler. Gyryjy ýaraglar hemişelik ýok bolup gider (Zebur 46:9). Täze dünýäniň ýaşaýjylary birek-birege söýgi, hormat-sylag bilen garamagy öwrenerler.
14. Adamzat bir agzybir maşgala bolanda, dünýä nähili üýtgär?
14 Şonda bütin adamzat bir agzybir maşgala bolar. Olaryň agzybirligine we doganlygyna hiç zat päsgel bermez (Zebur 133:1—3). Hiç bir öýi ogrulardan gorap gulplamaly bolmaz. Her bir ýürekde, her bir öýde, ýeriň her bir künjeginde parahatlyk höküm sürer (Mika 4:4).
ŞATLYKLY DIRELIŞ
15. Ýer ýüzünde adamlaryň haýsy iki topary direldiler?
15 Müňýyllygyň dowamynda direliş bolar. Hudaýyň mukaddes ruhuna, ýagny hereketdäki güýjüne garşy bilgeşleýin günä edenler hem-de Hudaýyň aýdyň islegine garşy günä edip, toba gelmedik adamlar direldilmez. (Matta 23:15, 33; Ýewreýler 6:4—6). Elbetde, mukaddes ruha garşy kimiň günä edendigini diňe Hudaýyň özi çözer. Ýöne adamlaryň iki toparynyň direldiljegi belli — olar ’dogrular hem egriler’ (Resullaryň Işleri 24:15). Direlişde nähili hem bolsa bir tertip bolmaly, şonuň üçin başda dogrular — ýagny Hudaýa wepaly gulluk eden adamlar — ýerdäki ýaşaýşa gaýdyp geler diýip çak etse akyla laýyk bolar (Ýewreýler 11:35—39).
16. a) Ýer ýüzünde direldilen «dogrularyň» içinde kimler bolar? b) Gadymy döwürde ýaşan wepaly gullukçylaryň haýsysy bilen, seniň aýratyn tanyşasyň gelýär, we näme üçin?
16 Uruşlar, tebigy betbagtçylyklar we ölen-ýitenler baradaky habarlaryň ýerine, Hudaýyň gullukçylary direliş barada şatlykly habarlar eşider. Habyl, Hanok, Nuh, Ybraýym, Sara, Eýýup, Musa, Rahaw, Rut, Dawut, Ylýas we Ester ýaly wepaly erkekdir aýallaryň direlenini bilmek, gör, nähili begendirer. Olar Mukaddes Ýazgylarda beýan edilen köp wakalar barada, gör, nähili tolgundyryjy jikme-jiklikleri gürrüň bererler! Şol wepaly adamlar we ýakynda ölen dogry adamlar, Şeýtanyň dünýäsiniň soňy barada hem-de Ýehowanyň öz adyny mukaddes edip, höküm sürmäge hakynyň bardygyny subut edişi hakda bilip, elbetde, begenerler.
17. Hudaýyň wepaly gullukçylary beýleki direlenlere näme kömek bererler?
17 Hudaýyň bu wepaly gullukçylary direlişiň indiki tapgyrynda — ýagny milliardlarça «egriler» ölümiň gulçulygyndan boşadylanda — örän uly kömek berip bilerler! Adamlaryň köpüsinde Ýehowa barada bilim almaga hiç haçan mümkinçiligi bolmandy. Şeýtan olaryň «akyllaryny küteltdi» (2 Korintoslylar 4:4). Emma Iblisiň eden betniýetli tagallasy biderek bolar. Egriler owadan we parahat ýer ýüzündäki ýaşaýşa gaýdyp gelerler. Ýehowa Hudaý hem-de onuň höküm sürýän Ogly, Isa Mesih barada öwredip biljek guramaçylykly halk olary garşy alar. Milliardlarça direlen adamlar Ýaradyjysy barada bilim alyp, ony söýenlerinde, Ýehowa baradaky bilim öň görülip-eşidilmedik derejede ýer ýüzüni doldurar.
18. Söýgüli direlenleriňi garşylanyňda, sen özüňi nähili duýarsyň?
18 Direliş bizi, gör, nähili şatlandyrar! Haýsymyz ölüm atly duşmandan görgi görmedik? Syrkawlyk, garrylyk, heläkçilik, ýa-da zorluk sebäpli bolýan ölüm, söýgi we dostluk baglaryny üzüp, söýgüli adamlarymyzy alyp gidende, kim ahy-zar çekip aglamady? Sen bir göz öňüne getirip gör, olar bilen Jennetde gaýtadan görüşmek nähili hezillik bolar. Eneler we atalar, ogullar we gyzlar, dostlar we garyndaşlar şatlykdan ýaňa gülüşip hem aglaşyp, gujak açyp, birek-biregi bagryna basarlar.
AHYRSOŇY KÄMILLIK!
19. Müňýyllygyň dowamynda nähili gudrat bolar?
19 Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynda ajaýyp gudrat bolar. Adamlar üçin, bu, iň täsin waka bolsa gerek. Ýehowanyň ýolbaşçylygynda, Onuň Ogly her bir wepaly we gulak asýan adamyň peýdasy üçin öz töleg gurbanlygynyň bahasyny ulanar. Şeýdip, günä aradan aýrylar we adamlar kämillige ýeterler (1 Ýahýa 2:2; Ylham 21:1—4).
20. a) Kämil bolmaklyk näme aňladýar? b) Armageddondan ölmän geçenler we direlenler haçan doly manyda direler?
20 Kämillik! Eýsem bu nämekä? Bu Adam-ata bilen How-enäniň, Ýehowa Hudaýa garşy günä etmezinden öňki ýaşaýşyny gaýtadan almagy aňladýar. Beden, akyl, duýgy, ahlak, ruhy we beýleki taraplardan kämil adamlar, Hudaýyň kadalaryna doly laýyk gelerler. Emma bu, hemme adamlar birmeňzeş bolar diýmegi aňladýarmyka? Asla aňlatmaýar! Ýehowanyň ýaradan zatlary: agaçlar, güller, haýwanlar — bularyň hemmesi Hudaýyň köp dürlüligi söýýändigini subut edýär ahyryn. Her bir kämil adamyň gaýtalanmajak öz häsiýeti we zehini bolar. Olaryň ählisi Hudaýyň taýýarlan ýaşaýşyndan lezzet alarlar. Ylham 20:5-de: «Galan ölüler müň ýyl dolýança, direlmedi» diýilýär. Armageddondan ölmän geçen adamlaryň uly märekesi ýaly, direlen adamlar hem kämillige ýetenlerinde sözüň doly manysynda direlerler.
21. a) Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda näme bolar? b) Ahyrsoňy Şeýtana we ony goldaýanlaryň hemmesine näme bolar?
21 Kämil adamlara iň soňky synag garaşýar. Müňýyllygyň soňunda Şeýtan we onuň jynlary gysga wagtlaýyn düýpsüz çuňlukdan goýberiler, olara iň soňky gezek adamlary Ýehowadan daşlaşdyrmaga synanyşmak üçin rugsat beriler. Käbir adamlar Hudaýa bolan söýgüsini unudyp, erbet islegleriniň yzyna düşerler, emma olaryň gozgalaňy basyp ýatyrylar. Ýehowa, diňe özüni bilýän adamlary, hem-de Şeýtany we onuň ähli jynlaryny jezalandyrar. Erbetlik edýänleriň hemmesi ebedilik ýok bolarlar (Ylham 20:7—10).
SEN NÄME ETMEKÇI?
22. Sen Jennnetde näme etmek isleýärsiň?
22 Ýehowa Hudaýy söýýänler hem-de ýer ýüzündäki Jennetde ýaşaýanlar üçin ebediligiň gapylary giňden açylar. Ol ýerde boljak şatlygy göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek, emma şol adamlaryň arasynda sen hem bolup bilersiň. Kämil adamlaryň sazda, sungatda we beýleki hünärlerde etjek işleri, bu köne dünýäniň beýik ussatlarynyň iň ajaýyp eserlerindenem has oňat bolar! Adamlar kämil bolandan soň, indi wagtlary çäkli bolmaz ahyryn. Sen kämil adam bolanyňda nämeler edip biljegiňi göz öňüne getirip gör. Onsoňam, sen we beýleki adamlar Ýehowanyň ýaradan zatlary, ýagny Älemiň milliardlarça galaktikalaryndan başlap, tä iň kiçijik atom bölejikleri barada köp zatlar öwrenersiň. Adamlaryň gazanjak ähli derejeleri biziň gökdäki Atamyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrar (Zebur 150:1—6).
23. Jennetdäki durmuş näme üçin içgysgynç bolmaz?
23 Şonda durmuş içgysgynç bolmaz. Ýaşaýyş gitdigiçe gyzykly bolar. Ine, görşüň ýaly, Hudaý baradaky bilimiň soňy ýok (Rimliler 11:33). Ebedi ýaşaýşyň dowamynda täze açyşlar üçin elmydama çäksiz mümkinçilikler bolup durar (Wagyzçy 3:11). Ýehowa Hudaýy tanadygyňça, sen ömrüňi bary-ýogy birnäçe ýyllyk däl-de, ebedilik uzaldarsyň! (Zebur 22:26).
24, 25. Sen näme üçin eýýäm häzir Hudaý baradaky bilime laýyk ýaşamaly?
24 Eýsem, jennetdäki ajaýyp gelejek, seniň edýän ähli tagallaňa degenokmy? Elbetde degýär! Ýehowa saňa ajaýyp gelejegiň açaryny berýär. Bu açar — Hudaý baradaky bilim. Eýsem sen ony ulanarmykaň?
25 Eger-de sen Ýehowany söýýän bolsaň, Onuň islegini berjaý edip, hakyky şatlyk taparsyň (1 Ýahýa 5:3). Bu ýola düşüp, sen täsin eşretler alarsyň! Hudaý baradaky bilimi ulanyp, sen hatda bu aladadan doly dünýäde-de has bagtly bolarsyň. Geljekki sylagyň-ha asla bahasyna ýetip bolmaýar, çünki bu bilim ebedi ýaşaýşa alyp barýar ahyryn! Häzir tüýs hereket etmeli wagt. Hudaý baradaky bilime laýyk ýaşamagy ýüregiňe berk düw. Ýehowany söýýändigiňi görkez. Onuň mukaddes adyna hormat goý hem-de Şeýtanyň ýalançydygyny subut et. Hakyky akyldarlygyň we bilimiň Gözbaşy — Ýehowa Hudaý bolsa, sen barada bütin ýürekden begener (Ýeremiýa 31:3; Sefanýa 3:17). Ol seni ebedi söýer!
BILIMIŇI BARLAP GÖR
«Hakyky ýaşaýyş» diýmek näme?
Armageddondan soň ýer ýüzünde näme bolar?
Ýer ýüzünde kimler direldiler?
Adamzat nädip kämillige ýeter, we ol iň soňunda nädip synalar?
Jennet barada oýlanaňda, sen näme arzuw edýärsiň?
[188, 189-njy sahypadaky surat]
Hudaý baradaky bilim ýer ýüzüni dolduranda, sen Jennetde ýaşamagy umyt edýärsiňmi?