23-NJI SAPAK
Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
Isa pygamber şägirtlerine suwa çümdürilmegi tabşyrdy (Matta 28:19, 20-nji aýatlary oka). Suwa çümdürilmek näme? Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?
1. Suwa nädip çümdürilmeli?
Ýahýa Isany Iordan derýasynda «suwa çümdürdi» (Markus 1:9, 10). «Suwa çümdürilmek» diýen grek sözi suwa doly çümüp çykmagy aňladýar. Isanyň hakyky şägirtleri hem suwa doly çümüp çykýarlar.
2. Suwa näme üçin çümdürilmeli?
Suwa çümdürilmek isleýän adam ilki Ýehowa özbaşdak doga edip, Hudaýa ebedilik gulluk etmek isleýändigini aýdýar. Ol diňe Ýehowa sežde etmegi, durmuşynda Hudaýyň islegini birinji orunda goýmagy wada berýär. Ol «özünden geçip», indi Isanyň yzyna eýermek isleýär (Matta 16:24). Ol özüni Ýehowa Hudaýa bagyş edendigini görkezmek üçin suwa çümdürilmeli. Indi ol Ýehowa we dogan-uýalar bilen hem ýakyndan dostlaşyp biler, sebäbi özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildi.
3. Suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?
Eger suwa çümdürilesiň gelýän bolsa, Ýehowa barada öwrenip, imanyňy berkit (Ýewreýler 11:6-ny oka). Imanyň näçe berkese, Ýehowa söýgiň şonça-da artar. Ýehowa söýgiň artsa, adamlara ol barada gürrüň berip, kada-kanunlary boýunça ýaşasyň geler (2 Timoteos 4:2; 1 Ýahýa 5:3). Eger sen «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşaýan» bolsaň, onda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilip bilersiň (Koloslylar 1:9, 10)a.
SÖHBETDEŞLIK
Isanyň suwa çümdürilişi hakda gürrüň edeliň. Suwa çümdürilmäge taýýarlanmagy öwreneliň.
4. Isanyň suwa çümdürilişinden näme öwrenýäris?
Matta 3:13—17-nji aýatlary okap, Isanyň suwa çümdürilişi hakda jikme-jik öwreniň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa bäbek wagty suwa çümdürildimi?
Ol nädip suwa çümdürildi? Üstüne suw sepdilermi?
Isa suwa çümdürilip, Hudaýyň tabşyran işini edip başlady. Luka 3:21—23 we Ýahýa 6:38-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa suwa çümdürilip, durmuşynda nämäni birinji ýerde goýdy?
5. Sen hem suwa çümdürilip bilersiň!
Özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek, ilkibaşda, kyn görünmegi mümkin. Emma Ýehowa barada öwrenip, gowy tanasaň, suwa çümdürilmäge gorkmarsyň. Käbir adamlara suwa çümdürilmäge nämäniň kömek edendigini bilmek üçin WIDEONY görüň.
Ýahýa 17:3 we Ýakup 1:5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Suwa çümdürilmäge näme kömek eder?
A. Özüňi Hudaýa bagyş etmek üçin Ýehowa doga edip, ebedi gulluk etmek isleýändigiňi aýtmaly.
B. Suwa çümdürilip, hemmelere özüňi Hudaýa bagyş edendigiňi görkezýärsiň.
6. Ýehowanyň maşgalasyna goşulýarsyň
Biz suwa çümdürilip, bütin dünýädäki agzybir maşgala goşulýarys. Biz dürli milletden bolsak-da, dürli ýurtda ýaşasak-da, ählimiz Mukaddes Kitaba ynanýarys we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys. Zebur 25:14 we 1 Petrus 2:17-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Suwa çümdürilseň, Ýehowa we dogan-uýalar bilen araň nähili bolar?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Men-ä entek suwa çümdürilmäge taýýar däl».
Eger senem şeýle pikir edýän bolsaň, suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?
ESASY PIKIRLER
Isa şägirtlerine suwa çümdürilmegi tabşyrdy. Munuň üçin olar Ýehowa imanyny berkitmeli, kada-kanunlary boýunça ýaşamaly, özüni Hudaýa bagyş etmeli.
Gaýtalamak
Nädip we näme üçin suwa çümdürilmeli?
Özüni Hudaýa bagyş eden näme üçin suwa çümdürilmeli?
Özüňi Hudaýa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiň?
KÖPRÄK BILIŇ
Suwa çümdürilmek hakda köpräk biliň.
Suwa çümdürilmek üçin näme etmeli?
«Ýehowa bolan söýgi suwa çümdürilmäge höweslendirýär» («Garawul diňi» mart, 2020)
Bir adamy suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?
«Şu diniň hakykatdygyna göz ýetirmegimi islediler» («Garawul diňi» 1 fewral, 2013)
Suwa çümdürilmegi maksat goýmak we taýýarlanmak üçin näme etmeli?
«Men hökman suwa çümdürilmelimi?» («Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom» bap 37)
a Eger sapak geçýän adam öňki dininde suwa çokundyrylan bolsa, ol täzeden suwa çümdürilmeli, sebäbi öňki dininde Mukaddes Kitapda ýazylan hakykatlar öwredilmeýärdi (Resullar 19:1—5-nji aýatlara we 13-nji sapaga seret).