Suwda çokundyrylmak üçin talap
«Meniň çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» (RESULLARYŇ IŞLERI 8:36).
1, 2. Filipus hebeşleriň weziri bilen nädip gürrüň açdy we onuň ruhy zatlar bilen gyzyklanýany nämeden görünýär?
ISANYŇ ölenine birki ýyl geçenden soň, bir ýokary wezipeli adam günorta bakan Iýerusalimden Gaza barýardy. Ol 1 500 km aralygy arabada geçmelidi. Bu hudaýhon adam Ýehowa sežde etmek üçin Hebeşistandan Iýerusalime gelipdi. Ol öýüne dolanyp barýarka, ýoly uzak bolany üçin, wagtyny boş geçirmän, Mukaddes Ýazgylary okaýardy. Bu onuň Hudaýa ynanýandygyny görkezýärdi. Ýehowa bu akýürekli adamy görüp, oňa wagyz etmäge perişdesi arkaly Filipusy ýollady (Resullaryň işleri 8:26—28).
2 Şol döwrüň adaty boýunça, hebeşleriň weziri Işaýa pygamberiň kitabyny daşyndan okap barýardy. Şonuň üçin Filipusa onuň bilen gürrüň açmak kyn düşmedi. Filipus: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmisiň?» diýip, ýönekeýje sorag berip, ony gyzyklandyrdy. Soňra Filipus Işaýa 53:7, 8-nji aýatlara esaslanyp, «Isanyň Hoş Habaryny oňa wagyz etdi» (Resullaryň işleri 8:29—35).
3, 4. a) Filipus weziri näme üçin derrew suwda çokundyrdy? b) Haýsy soraglara serederis?
3 Wezir gysga wagtyň içinde Hudaýyň niýetindäki Isanyň roluna we onuň suwda çokundyrylan şägirdi bolmalydygyna düşündi. Olar bir suwly ýere gelende, ol: «Meniň çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» diýip, Filipusdan sorady. Elbetde, bu özboluşly aýratyn ýagdaýdy. Ýöne wezir eýýäm ýehudy dinine geçen, hak Hudaýa sežde edip ýören takwa adamdy. Onsoňam, ol megerem, ýakyn günlerde suwda çokundyrylyp bilmezdi. Esasanam, ol Hudaýyň näme talap edýändigine düşündi we ony hökman berjaý edesi geldi. Filipus onuň haýyşyny höwes bilen ýerine ýetirip suwda çokundyrdy. Soňra wezir «şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi». Ähtimal, ol öz ýurdunda hoş habaryň yhlasly wagyzçysy bolandyr (Resullaryň işleri 8:36—39).
4 Adam oýlanyşyksyz ýa-da howlukmaç Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylmasa-da, hebeşleriň weziri bilen bolan waka, käbir adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty eşidip, basym suwda çokundyrylýandygyny görkezýära. Şonuň üçin şu soraglara seretsek, gowy bolardy: suwda çokundyrylmak üçin nähili taýýarlyk görmeli? Adamyň ýaşynyň ähmiýeti barmy? Suwda çokundyrylmazdan öň, ruhy taýdan nähili üstünlikler etmeli? Ýehowa gullukçylaryndan suwda çokundyrylmagy näme üçin talap edýärkä?
Mukaddes wada
5, 6. a) Geçmişde Hudaýyň halky Ýehowanyň söýgüsine nähili seslendi? b) Suwda çokundyrylsaň, Hudaý bilen nähili gatnaşykda bolarsyň?
5 Ýehowa ysraýyllylary Müsürden azat edensoň, olary söýgi bilen gorar ýaly, özüniň «saýlan» «mukaddes halky» bolmagy teklip etdi. Emma şeýle bereketleri almak üçin olar Hudaýyň söýgüsine seslenip, käbir ädimleri ätmelidi. Şonuň üçin olar «Ýehowanyň aýdanlaryny» berjaý etmekligi wada berip, onuň bilen äht baglaşdylar (Çykyş 19:4—9). I asyrda Isa şägirtlerine bütin milletlerden şägirt taýýarlamagy we onuň taglymatyny kabul edýänleri suwda çokundyrmagy tabşyrdy. Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin Isa Mesihe iman etmeli we suwda çokundyrylmaly (Matta 28:19, 20; Resullaryň işleri 2:38, 41).
6 Mukaddes Ýazgylardaky bu mysallardan görnüşi ýaly, ak ýürekden gulluk etmäge söz berip, sözünde tapylýanlary Ýehowa patalaýar. Ýehowanyň bereketlerini almak üçin hökman Hudaýa özüňi bagyş etmeli we suwda çokundyrylmaly. Biz Ýehowanyň ýoly bilen ýöremegi we onuň görkezmesine eýermegi berk ýüregimize düwdük (Zebur 48:14). Ýehowa bolsa, obrazly aýdanyňda, biziň elimizden tutup, ýöremeli ýolumyzdan ýöredýär (Zebur 73:23; Işaýa 30:21; 41:10, 13).
7. Hudaýa özüňi bagyş edip, suwda çokundyrylmaklygy näme üçin her kimiň özi çözmeli?
7 Bu ädimleri ätmäge Ýehowa bolan söýgi we oňa gulluk etmek islegimiz höweslendirmeli. Kimdir biriniň ýeterlikli okuw geçdiň diýmegi bilen ýa-da dostlaryň suwda çokundyrylany üçin, suwda çokundyrylmaly däl. Elbetde, ata-eneler we ruhy taýdan ýetişen mesihçiler Hudaýa özüňi bagyş etmäge we suwda çokundyrylmaga höweslendirip biler. Meselem, Pentikost güni Petrus resul suwda «çokundyrylyň» diýip, diňleýjilerini höweslendiripdi (Resullaryň işleri 2:38). Muňa garamazdan, Hudaýa özüňi bagyş etmek meselesini her kimiň özi çözmeli. Bize derek muny hiç kim çözüp bilmez. Hudaýyň islegini ýerine ýetirjek diýen höwes adamyň özünde bolmaly (Zebur 40:8).
Suwda çokundyrylmak üçin taýýarlyk
8, 9. a) Mukaddes Ýazgylar boýunça näme üçin bäbekleri suwda çokundyrmaly däl? b) Suwda çokundyrylmak üçin çagalardan näme talap edilýär?
8 Eýsem, çagalar aň-düşünje bilen Hudaýa özüni bagyş edip bilermi? Mukaddes Ýazgylar suwda çokundyrylmak üçin belli bir ýaşa ýetmelidigini talap etmeýär. Elbetde, bäbekleriň iman edip, Hudaýa özüni bagyş edip bilmejekleri düşnükli (Resullaryň işleri 8:12). Taryhçy Awgust Neander «Hristian dininiň we buthananyň umumy taryhy» diýen kitabynda I asyryň mesihçileri barada şeýle diýdi: «Ilkibaşda, diňe uly adamlar suwda çokundyrylýardy, sebäbi olar onuň iman bilen baglydygyna düşünýärdi».
9 Käbir çagalar deň-duşlaryna garanyňda, ruhy taýdan üstünlikler edip, Ýehowanyň talabyny berjaý etmek isleýär. Ýöne şonda-da ýetginjekler ulular ýaly suwda çokundyrylmazyndan öň, Ýehowa ýakynlaşmaly, Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatyna hem-de Ýehowa özüňi bagyş etmekligiň manysyna gowy düşünmeli.
10. Hudaýa özüňi bagyş edip, suwda çokundyrylmazyňdan öň nämeler etmeli?
10 Isa şägirtlerine tabşyran ähli zatlaryny berjaý etmegi adamlara öwretmegi tabşyrdy (Matta 28:20). Şonuň üçin olara, ilki bilen, Ýehowa hem-de onuň Sözüne bolan imany öser ýaly, Hudaý barada hakykaty öwretmeli (Rimliler 10:17; 1 Timoteos 2:4; Ýewreýler 11:6). Soňra Mukaddes Ýazgylardaky hakykat onuň ýüregine täsir edende, toba eder we öňki ýaşaýşyndan döner (Resullaryň işleri 3:19). Netijede, Isanyň aýdyşy ýaly, onda Ýehowa özüni bagyş etmek we suwda çokundyrylmak islegi döreýär.
11. Näme üçin suwda çokundyrylmazdan öň, yzygiderli wagyz etmeli?
11 Suwda çokundyrylmak üçin edilmeli indiki ädim Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek. Bu ýumuş — Ýehowanyň soňky günlerde öz halkyna tabşyran wajyp ýumşy (Matta 24:14). Şonuň üçin suwda çokundyrylmadyk wagyzçylaryň hakykat barada adamlara höwes bilen gürrüň bermäge mümkinçiligi bar. Bu iş olary suwda çokundyrylandan soňam, yzygiderli we yhlasly wagyz etmäge taýýarlaýar (Rimliler 10:9, 10, 14, 15).
Saňa suwda çokundyrylmaga näme päsgel berýär?
12. Käbir adamlar näme üçin suwda çokundyrylmaga howlukmaýar?
12 Käbir adamlar suwda çokundyrylmaga howlukmaýar, sebäbi olar öz üstlerine jogapkärçiligi alasy gelmeýär. Olar Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamak üçin durmuşyny düýpli özgertmelidigini bilýär. Başgalar bolsa suwda çokundyrlanyndan soň, Hudaýyň talaplary boýunça ýaşap bilmerin öýdýär. Hatda: «Belki, günä edip, gatnaşykdan kesilerin» diýýänlerem bar.
13. Isanyň günlerinde käbir adamlaryň mesihçi bolmagyna näme päsgel berdi?
13 Isa ýerdekä, käbir adamlar onuň şägirdi bolmady, sebäbi öz bähbitlerini we maşgala borçlaryny birinji orunda goýdy. Bir kanunçy Isa nirä gitse, onuň yzyna düşjekdigini aýdanda, Isa köplenç ýatara-da ýer tapmaýandygyny aýtdy. Haçan-da Isa başga birine şägirdim bol diýende, ol öňürti kakasyny «jaýlamaly» diýdi. Ol Isanyň yzyna eýerse-de, gerek wagtynda maşgala aladasyny edip bilerdi, ýöne kakasy ölýänçä öýünde galmakçy boldy. Üçünji biri bolsa, Isanyň yzyna düşmezden öň, maşagalasy bilen «hoşlaşasy» geldi. Isa muny «yzyňa seretmek» bilen deňeşdirdi. Diýmek, bu mysallardan görnüşi ýaly, mesihçi borçlaryny öz üstlerine almak islemeýän adamlar hemişe bahana tapar (Luka 9:57—62).
14. a) Isa Petrusy, Andreýasy, Ýakuby we Ýahýany ynsan tutýan balykçy bolmaga çagyranda nähili seslendiler? b) Isanyň boýuntyrygyny dakynmagy näme üçin soňa goýmaly däl?
14 Petrusyň, Andreýasyň, Ýakubyň we Ýahýanyň göreldesi olardan tapawutlanýar. Haçan-da Isa olary şägirt we ynsan tutýan balykçy bolmaga çagyranda, Mukaddes Ýazgylarda: «Olar derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler» diýilýär (Matta 4:19—22). Haýal etmän, şeýle karara gelip, Isanyň: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» diýen sözlerini öz durmuşynda duýdular (Matta 11:29, 30). Suwda çokundyrylmaklyk uly jogapkärçilik bolsa-da, Isa boýuntyrygynyň ýumşakdygyny we ýeňildigini aýtdy. Olar ondan dynçlyk tapmaly.
15. Musa bilen Ýeremiýanyň mysaly Hudaýyň bizi goldajakdygyny nädip görkezýär?
15 Suwda çokundyrylyp, şoňa mynasyp ýaşap bilmerin diýen gorky hemmelerde-de bolýar. Başda Musa bilen Ýeremiýa-da Ýehowanyň beren ýumşuny ýerine ýetirip bilmezler öýtdüler (Çykyş 3:11; Ýeremiýa 1:6). Hudaý olara nädip göwünlik berdikä? Ol Musa: «Men seniň bilen bolaryn» diýdi. Ýeremiýa bolsa: «Seni halas etmek üçin ýanyňdadyryn» diýip söz berdi (Çykyş 3:12, MKS; Ýeremiýa 1:8). Bizem Hudaýyň goldajakdygyna ynanyp bileris. Hudaýy söýüp, oňa bil baglasak, ýaýdanmazlyga we nirede bolsak-da, Hudaýa özümizi bagyş edip, mynasyp ýaşamaga kömek eder. Ýahýa resul: «Söýgüde gorky ýokdur, kämilleşen söýgi gorkyny kowup çykarýandyr» diýdi (1 Ýahýa 4:18). Kiçijik oglan ýeke özi ýöremäge gorkýar, emma ol kakasynyň elinden tutup ýörese gorkmaz. Şonuň ýaly bizem, Ýehowa bütin ýüregimiz bilen bil baglasak, ol «ýodalarymyzy dogrular», çünki biz gökdäki Atamyz bilen ýöreýäris (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).
Dabaraly waka
16. Suwda çokundyrylanda, näme üçin suwa doly çümdürilýär?
16 Suwda çokundyrylmagyň öň ýanynda, bu wakanyň manysyny düşündirýän, Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklad okalýar. Dokladyň ahyrynda suwda çokundyrylýanlar iki soraga sesli jogap berip, iman edýändiklerini ykrar etmeli (Rimliler 10:10; birinji makaladaky çarçuwa seret). Soňra Isanyň göreldesine eýerip, olary suwa çümdürip çokundyrýarlar. Mukaddes Ýazgylarda Isa çokundyrylandan soň, «suwdan çykdy» diýilýär (Matta 3:16; Markus 1:10). Diýmek, Ýahýa Isany suwa doly çümdürip çokundyrdyb. Suwa doly çümdürilmek, öňki durmuşyň üçin ölýändigiňi, suwdan çykmaklyk bolsa, Hudaýa gulluk etmek üçin täzeden ýaşap başlaýandygyňy aňladýar.
17. Suwda çokundyrylýanlar we olara syn etmäge gelenler özlerini nähili alyp barmaly?
17 Suwda çokundyrylmaklyk hem möhüm, hem şatlykly waka. Mukaddes Ýazgylarda Ýahýa Isany Iordan derýasynda çokundyranda, onuň doga edendigi aýdylýar (Luka 3:21, 22). Isadan görelde alyp, şu günki suwda çokundyrylýanlar hem şonuň ýaly etmeli. Mukaddes Ýazgylar biziň hemişe haýa we salykatlylyk bilen geýinmelidigimizi aýdýan bolsa, onda suwda çokundyrylanda, olar, gör, nähili mynasyp eşik geýmeli! (1 Timoteos 2:9). Şu wakany görmäge gelenlerem doklady ünsli diňläp, suwda çokundyrylýanlara syn edende, özüni tertipli alyp barmaly (1 Korintoslylar 14:40).
Suwda çokundyrylanlaryň alýan bereketleri
18, 19. Suwda çokundyrylsak, bize nähili ajaýyp bereketler garaşýar?
18 Biz Hudaýa özümizi bagyş edip hem-de suwda çokundyrylyp, ajaýyp maşgalanyň agzasy bolýarys. Birinjiden, Ýehowa biziň Atamyz we Dostumyz bolýar. Suwda çokundyrylmazyndan öň, biz Hudaýa ýatdyk, indi bolsa onuň bilen ýaraşdyk (2 Korintoslylar 5:19; Koloseliler 1:20). Mesihiň gurbany arkaly biz Hudaýa ýakynlaşýarys, Ol hem bize ýakynlaşýar (Ýakup 4:8). Malaki pygamber Ýehowanyň adyny göterýänleri we ony şöhratlandyrýanlary Hudaýyň ünsli diňleýändigini hem-de olaryň atlaryny ýatlama kitabyna ýazýandygyny aýdýar. Hudaý: «Ynsanyň hyzmat edýän ogluna rehim edişi ýaly, menem olara rehim ederin» diýýär (Malaki 3:16—18).
19 Suwda çokundyrylsak, bütindünýä doganlygyň agzasy hem bolýarys. Haçan-da Petrus resul mesihçi bolanymyz üçin bize nähili bereketler garaşýar diýende, Isa oňa: «Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar» diýdi (Matta 19:29). Birnäçe ýyl geçensoň, Petrus «doganlar» barada aýdanda, bütin «dünýädäki doganlary» göz öňünde tutupdy. Petrus doganlaryň goldawyny we söýgüsini duýdy, bizem şeýle bereketleri duýup bileris (1 Petrus 2:17; 5:9).
20. Suwda çokundyrylsak, bize nähili ajaýyp gelejek garaşýar?
20 Şeýle-de Isa yzyna eýerýänleriň «ebedi ýaşaýşy miras aljakdygyny» aýtdy. Hawa, Hudaýa özümizi bagyş edip, suwda çokundyrylsak, Hudaýyň täze dünýäsinde «soňsuz [hakyky] ýaşaýşa eýe bolarys» (1 Timoteos 6:19). Özümiz we ýakynlarymyz üçin, heý, şundan başga ajaýyp gelejek bolup bilermi? Şonda «Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen mydama we ebedi ýöremäge» mümkinçilik bolar (Mika 4:5).
a Pentikost güni Petrusyň sözüni diňlän üç müň ýehudy we ýehudy dinine geçenler derrew suwda çokundyryldy. Sebäbi olaram hebeşleriň weziri ýaly Hudaýyň Sözündäki esasy taglymalary we prinsipleri bilýärdi (Resullaryň işleri 2:37—41).
b U. Ýe. Waýnyň «Täze Ähtdäki sözleriň düşündirişli sözlüginde» aýdylyşy ýaly, suwda «çokundyrylmak» diýen grek sözi «suwa doly çümdürilip, suwdan çykmaklygy» aňladýar.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Ýehowanyň söýgüsine nädip we näme üçin seslenmeli?
• Suwda çokundyrylmak üçin ruhy taýdan nähili üstünlikler etmeli?
• Günä ederin öýtmeklik ýa-da jogapkärçiligi öz üstüňe alasyň gelmezlik näme üçin bizi suwda çokundyrylmakdan saklamaly däl?
• Isa Mesihiň suwda çokundyrylan şägirtlerine nähili ajaýyp bereketler garaşýar?