Sepanýa
3 Gozgalaňçy, haram we zalym şäheriň gününe waý!+
2 Ol gulak asmady+, terbiýäni kabul etmedi+,
Ýehowa bil baglamady+, Hudaýyna ýakynlaşmady+.
3 Han-begleri arslan kimin arlaýar+,
Kazylary gijesine enteýän möjek kimin,
Daňdana çenli süňkleri gemrip gutarýar.
4 Pygamberleri tekepbirlik we dönüklik edýär+,
5 Dogruçyl Hudaý Ýehowa şäherde+ adalatsyzlyk etmeýär+.
Daňyň hemişe atyşy ýaly,
Her säher hökümlerini yglan edýär.
Emma zalym adamlar utanç-haýany bilmeýär+.
6 «Men milletleri ýok etdim, diňlerini weýran etdim.
Köçeleri boşap galdy, indi hiç kim ýöremez.
Şäherler derbi-dagyn edildi,
Janly-jemende galmady+.
7 Ähli günäleriň üçin jeza berler,
Emma olar öňküsinden-de köp azgynçylyk etdiler+.
8 „Maňa garaşyň+ — muny Ýehowa aýdýar.
Sizi talamaga* geljek günüme garaşyň.
Men milletleri ýygnamak,
Patyşalary jemlemek üçin perman çykardym.
Men gaharymy, lowlaýan gazabymy indererin+.
Gazap odumdan tutuş zemin ýanar+.
9 Men milletleriň dilini üýtgedip,
Olara arassa dilde geplemegi öwrederin.
Şonda olaryň hemmesi Ýehowanyň adyny çagyrarlar,
10 Dagynyk halkymyň gyzy, maňa ýalbarýan adamlar,
Efiopiýa derýalarynyň kenaryndan
Maňa sowgat getirerler+.
11 Maňa garşy eden günäleriň sebäpli,
Ol gün utanja galmarsyň+.
Öwnüp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn.
Mukaddes dagymda hiç haçan tekepbirlik etmersiň+.
13 Ysraýylyň aman galanlary+ erbetlik etmez+,
Ýalan sözlemez, agzyndan hileli sözler çykmaz.
Olar iýip doýarlar, hiç kimden gorkman rahat ýatarlar»+.
14 Sion gyzy, joşup aýdym aýt!
Ysraýyl, batly ses bilen gygyr!+
Iýerusalim gyzy, ýüregiň şatlykdan joşsun, begen!+
15 Ýehowa saňa garşy çykaran hökümlerini ýatyrdy+.
Duşmanlaryňy kowdy+.
Ysraýylyň patyşasy Ýehowa ýanyňdadyr+.
Indi betbagtçylykdan gorkmarsyň+.
16 Şol gün Iýerusalime diýerler:
«Sion, gorkma!+
Elleriň gowşamasyn!
17 Ýehowa Hudaýyň ýanyňdadyr+.
Gudratygüýçli seni halas eder.
Ol saňa guwanyp şatlanar+.
Saňa bolan söýgüsinden ýüregi joşar.
Saňa seredip begener, aýdym aýdar.
18 Men baýramlaryňy küýsäp hasrat çekýänleri ýygnaryn+.
Olar senden uzakdady, ýat ýurtda kemsidildiler+.
Dargadylan halky bir ýere toplaryn+.
Masgara bolan ýurdunda olary at-abraýly ederin.
20 Şol gün sizi ýurduňyza getirerin,
Sizi bir ýere jemlärin.