Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar
«Men sizden... haýyş edýärin. Ruhuň birligini... goramaga gaýrat ediň» (EFES. 4:1, 3).
1, 2. Ýehowanyň ýer we adamlar babatda näme niýeti bar?
MAŞGALA diýende, sen nämäni göz öňüne getirýärsiň? Sen söýgini we bagty göz öňüne getirýärmiň? Seniň pikiriňçe, belli bir maksada maşgalaň bilen bile ýetmelimi? Maşgalany çagalar üçin önüp-öser, öwrener we pikirini aýdar ýaly asuda ýer hasaplaýarmyň? Seniň şeýle aladaçyl maşgalaň bolsa, şu zatlar barada oýlanýansyň. Maşgalany Ýehowa döretdi (Efes. 3:14, 15). Hudaý gökde we ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň bir maşgala bolup, özlerini asuda duýmagyny, biri-birine ynanyp, agzybir bolmagyny isleýär.
2 Adam ata bilen How ene günä edensoň, olar Hudaýyň maşgalasynyň agzasy hasaplanmady. Emma Hudaýyň niýeti üýtgemedi. Ýehowa Adam ata bilen How enäniň nesliniň ýer ýüzünde Jennetde ýaşajakdygyna ynanýar (Gel. çyk. 1:28; Iş. 45:18). Ol bu niýetini amala aşyrmak üçin ähli zady taýýarlady. Agzybirlik barada aýdylýan Efesliler kitabynda Ýehowanyň nämeler taýýarlandygy hakynda hem aýdylýar. Geliň, şol kitapdaky käbir aýatlara seredip, Ýehowanyň gökde we ýerde ýaşaýanlary birleşdirmek niýetini nädip goldap bilýändigimizi bileliň.
TASLAMA WE ONUŇ MAKSADY
3. Efesliler 1:10-da aýdylýan Hudaýyň taslamasy näme we onuň birinji tapgyry haçan başlandy?
3 Musa ysraýyllylara: «Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» diýdi (Kan. tag. 6:4). Ýehowanyň edýän işleri we niýeti bir-biri bilen baglanyşykly. Hudaý bellän wagtynda bir maşgala edip birleşdirmek üçin gökdäki we ýerdäki ähli ýaşaýanlary taýýarlap başlady. Ol muny «taslama» diýip atlandyrdy (Efesliler 1:8—10-njy aýatlary okaň). Bu taslama iki tapgyrdan ybarat. Birinjiden, Hudaý Isa Mesihiň baştutanlygynda gökde ýaşamak üçin mesh edilen mesihçileri taýýarlaýar. Bu b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni başlandy. Şonda Ýehowa gökde Isa Mesih bilen höküm sürjek mesh edilenleri ýygnap başlady (Res. iş. 2:1—4). Mesh edilen mesihçiler Isanyň töleg gurbany arkaly aklanandygy üçin, özleriniň «Hudaýyň perzentleridigini» bilýärler (Rim. 3:23, 24; 5:1; 8:15—17).
4, 5. Taslamanyň ikinji tapgyry näme?
4 Ikinjiden, Hudaý Isa Mesihiň Patyşalygynyň baştutanlygynda ýer ýüzündäki Jennetde ýaşajak adamlary taýýarlaýar. Jennetiň ilkinji ýaşaýjylary «uly märeke» bolar (Ylh. 7:9, 13—17; 21:1—5). Soňra Isanyň müňýyllyk Patyşalygynda uly märeke bilen ýer ýüzünde ýaşamak üçin ölen adamlar direler (Ylh. 20:12, 13). Şonda agzybirligimizi görkezmäge, gör, nähili köp mümkinçilikler bolar! Müňýyllygyň ahyrynda «ýerde bolan bar zatlar», ýagny uly märeke we direlenler soňky gezek synalar. Hudaýa wepaly galanlaryň ählisi «Hudaýyň perzentleri» bolar (Rim. 8:21; Ylh. 20:7, 8).
5 Şu günler Ýehowa gökde ýaşamak üçin mesh edilenleri we ýer ýüzünde Jennetde ýaşamak üçin başga goýunlary taýýarlaýar. Emma biziň her birimiz Hudaýyň taslamasyny nädip goldap bileris?
«RUHUŇ BIRLIGINI GORAŇ»
6. Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň ýygnanyşmalydygy barada näme diýilýär?
6 Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň duşuşyga gatnaşmalydygy aýdylýar (1 Kor. 14:23; Ýew. 10:24, 25). Emma bu ýygnanyşyk bazara gitmek ýa-da stadiona ýygnanyşmak ýaly däldir. Biz Ýehowanyň öwredýän zatlaryny berjaý etsek we mukaddes ruhuň täsir etmegine ýol bersek, agzybir ýaşarys.
7. Biz «ruhuň birligini goraň» diýen maslahata nädip eýerip bileris?
7 Biz Isanyň töleg gurbanyna ynanýandygymyz üçin, Ýehowa mesh edilen mesihçileri ogullary, başga goýunlary bolsa dosty hasaplap, bize dogry adamlar hökmünde garaýar. Emma biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýarkak, başga adamlar bilen düşünişmezlik bolar (Rim. 5:9; Ýakup 2:23). Ine, şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda bize «birek-birege» sabyrly bolmak maslahat berilýär. Dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin näme etmeli? Biz «pes göwünlilik, ýumşaklyk» häsiýetlerini ösdürmeli. Pawlus resulyň sözleri bize «Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat etmäge höweslendirýär» (Efesliler 4:1—3-nji aýatlary okaň). Bu maslahata eýermek üçin Hudaýyň ruhuna tabyn bolmaly we onuň miwesini ösdürmeli. Şeýle-de biz ten işlerini ýa-da Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny etmeli däl. Ruhuň miwesi bize başga adamlar bilen düşünişmezligi çözmäge ýardam edýär. Ten işleri bolsa agzalalyk döredýär.
8. «Ten işleri» nädip agzybirligi bozýar?
8 «Ten işleri» nädip agzybirligi bozýar? (Galatýalylar 5:19—21-nji aýatlary okaň). Zynahorlyk adamy Ýehowadan we ýygnakdan daşlaşdyrýar. Zyna eden adam, çagalaryny ata-enesinden aýyrýar we bigünä ýanýoldaşyndan daşlaşyp, maşgalasyna uly zyýan ýetirýär. Murdarlyk Hudaý we ony söýýänler bilen gatnaşygymyzy bozýar. Eger sen iki zady bir-birine ýelmeşdirjek bolsaň, berk ýelmeşer ýaly, olaryň ikisini hem arassalamaly. Ahlaksyzlyka — Hudaýyň dogry kanunlaryny doly äsgermezlik etmek. Başga-da ten işleri adamlary biri-birinden we Hudaýdan daşlaşdyrýar. Şeýle işleri Hudaý ýigrenýär.
9. Parahat we agzybir bolmak babatda biz özümize nähili soraglar bermeli?
9 Her birimiz özümize şeýle soraglar bermeli: «Men dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin tagalla edýärinmi? Biri bilen agzalalyk dörände näme edýärin? Dostlarymyň käbiri meni goldar ýaly, bu barada açyk gürrüň berýärinmi? Biri bilen ýaraşmak üçin özüm onuň bilen gepleşmän, ýaşulularyň meseläni çözüp bermegini isleýärinmi? Ýa-da doganyň senden öýke-kinesi bar bolsa, meseläni onuň bilen bile çözmekden gaça durýarynmy? Biz şu zatlary etsek, Hudaýyň Mesihde hemmeleri bir maşgala edip birleşdirmegine ýardam ederismi?
10, 11. a) Doganlarymyz bilen parahat ýaşamak näme üçin wajyp? b) Parahat ýaşamak we Hudaýyň bereketlerini almak üçin näme etmeli?
10 Isa şeýle diýdi: «Gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et» (Mat. 5:23—25). Ýakup şägirt: «Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir» diýdi (Ýakup 3:17, 18). Diýmek, biz başgalar bilen parahat ýaşamasak, dogry işleri edip bilmeýäris.
11 Meselem, daýhanlar uruş bolan ýurtlarda minalardan gorkup, ýeriň üçden bir böleginden gowrak ýerlerinde ekin ekip bilmeýärler. Şonuň üçin obadaky adamlara iş tapmak kyn bolýar we şäher azyksyz galýar. Şonuň ýaly-da, bize başgalar bilen parahat ýaşamak kyn bolsa, mesihçi häsiýetleri ösdürmek kyn bolýar. Şonda biz minaly ýere meňzeýäris. Şeýle bolsa, biz häsiýetimizi üýtgetmeli. Biz başgalary derrew bagyşlap, olara ýagşylyk etsek, hemmeler bilen parahat ýaşarys we Ýehowanyň patasyny alarys.
12. Ýaşulular bize agzybir bolmaga nädip kömek edýärler?
12 Ýaşulular bize «imanda... birlige» ýetýänçäk kömek edýärler (Efes. 4:11). Bu ýaşulularyň ýygnagyň agzybir bolmagyna ýardam edýändigini aňladýar. Olar biziň bilen bile Ýehowa gulluk edip, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda maslahat berip, mesihi häsiýetleri ösdürmäge kömek edýärler (Efes. 4:22—24). Ýaşulular maslahat berende, Ýehowanyň olar arkaly seni täze dünýädäki ýaşaýşa taýýarlaýandygyny unutma. Ýaşulular, siz hem şeýle niýet bilen maslahat berýärsiňizmi? (Gal. 6:1).
«BIRI-BIRIŇIZE MÄHRIBAN BOLUŇ»
13. Efesliler 4:25—32-nji aýatlardaky maslahata gulak asmasak näme bolar?
13 Efesliler 4:25—29-njy aýatlarda esasanam nämelerden gaça durmalydygy aýdylýar. Biz gahar-gazaba münmän, ýalta bolman hem-de ýalan we hapa sözleri aýtman, gaýtam, oňat hem-de ruhlandyryjy sözler aýtmaly. Bu maslahata eýermeýän adam agzybirlige ýardam edýän «Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn edýär» (Efes. 4:30). Şeýle-de Pawlus resulyň ýazan sözleri parahat we agzybir bolmaga ýardam edýär. Ol şeýle diýdi: «Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:31, 32).
14. a) «Biri-biriňize mähriban... boluň» diýmek nämäni aňladýar? b) Bize mähirli bolmaga näme kömek eder?
14 «Mähriban... boluň» diýen sözler hemişe mähriban bolup bilmeýändigimizi aňladýar. Şonuň üçin biz has mähriban bolmagy öwrenmeli. Biz başgalaryň duýgusyny özümiziňkiden wajyp saýmagy öwrenmeli (Flp. 2:4). Käwagt biz kimdir birini güldürmek ýa-da akyllysyramak üçin bir zat diýmekçi bolýarys. Emma diýjek sözlerimiz ýakymly bolmasa, aýtmaly däl. Biz geplemezden öň oýlansak, başgalara mähriban bolmaga kömek eder.
MAŞGALADA SÖÝMEGI WE HORMAT GOÝMAGY ÖWRENÝÄRIS
15. Ärlere Mesihiň göreldesine eýermäge Efesliler 5:28 nädip ýardam edýär?
15 Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň ýygnak bilen gatnaşygy är-aýalyň gatnaşygyna meňzedilýär. Mesihiň göreldesi maşgalabaşa aýalyna nädip görkezme bermelidigine, ony söýmelidigine we aladasyny etmelidigine düşünmäge kömek edýär. Mesihiň göreldesi aýala-da ärine tabyn bolmaga kömek edýär (Efes. 5:22—33). Pawlus resul: «Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir» diýende, ärlere kimiň göreldesine eýermelidigini aýtdymy? (Efes. 5:28). Onuň Mesih we ýygnak barada aýdan sözleri bu soraga jogap berýär. Pawlus resul Mesihiň ýygnagy söýýändigini we onuň üçin janyny pida edendigini hem-de ony «suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizländigini» aýtdy. Diýmek, är maşgalasynyň her bir agzasyna Ýehowa bilen gowy gatnaşykda bolmaga kömek etmäge borçly. Şeýdip, ol Ýehowanyň hemmeleri Mesihiň ýolbaşçylygynda agzybir maşgala edip ýygnamak niýetine goşandyny goşýar.
16. Ata-eneler Hudaýyň beren borjuny ýerine ýetirseler, nähili netije berer?
16 Ata-eneler Ýehowanyň çagalarynyň aladasyny etmek borjuny berendigini unutmaly däl. Gynansak-da, şu günler bütin dünýäde adamlaryň köpüsi «doňýürek» (2 Tim. 3:1, 3). Ata-eneleriň köpüsi borjuny ýerine ýetirmeýär. Bu bolsa çagalara ýaramaz täsir edip, olary gynandyrýar. Pawlus resul mesihçi atalara: «Siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň» diýdi (Efes. 6:4). Çagalar söýmegi we hormat goýmagy başda maşgalada öwrenýärler. Ata-eneler çagalaryna bu zatlary öwredip, Hudaýyň hemmeleri agzybir etmek niýetini goldaýarlar. Maşgalada çagalar ata-enesiniň söýgüsini duýmaly. Şol sebäpli ata-eneler gaharyny saklap, çagalaryna gygyrmaly däl we hapa sözleri aýtmaly däl. Şeýtmek bilen, olar çagalaryna söýmek we ygtyýarly adamlara hormat goýmak ýaly wajyp zatlary öwredýärler. Şeýdip, olar çagalaryny täze dünýädäki ýaşaýşa taýýarlaýarlar.
17. Iblise garşy durmak üçin näme etmeli?
17 Iblis ählimiziň Hudaýa gulluk etmezligimizi isleýändigine we munuň üçin elinde baryny edýändigine biz düşünmeli. Köpler ýanýoldaşyndan aýrylyşyp, nikasyz ýaşap ýa-da gomoseksuallary bolmalysy ýaly kabul edip, Iblisiň islegini ýerine ýetirýärler. Emma biz bu zalym dünýädäki adamlaryň göreldesine däl-de, Isanyň göreldesine eýerýäris (Efes. 4:17—21). Şonuň üçin Iblis we onuň jynlaryna garşy durmak üçin «Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynmaly» (Efesliler 6:10—13-nji aýatlary okaň).
«SÖÝGÜDE GEZIŇ»
18. Agzybir bolmak üçin näme etmeli?
18 Biz agzybir bolmak üçin söýmeli. Biz bütin ýüregimiz bilen Ýehowa Hudaýy, Rebbimiz Isa Mesihi we biri-birimizi söýmeli. Ine, şol sebäpli «Ruhuň birligini parahatlygy» saklaýarys (Efes. 4:3—6). Bu söýgi barada Isa şeýle doga etdi: «Men diňe olar üçin däl, eýsem, olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun... Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin» (Ýahýa 17:20, 21, 26).
19. Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?
19 Bize haýsydyr bir häsiýetimizi üýtgetmek kyn bolsa, mezmurçy ýaly: «Adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla» diýip, söýgi bilen doga edeliň (Zeb. 86:11). Iblis bizi söýgüden doly Atamyzdan we dogan-uýalardan aýyrjak bolanda, oňa garşy durmagy ýüregimize düwmeli. Biz maşgalada, gullukda we ýygnakda «söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyp... söýgüde gezer» ýaly jan etmeli (Efes. 5:1, 2).
a Grek dilinden ahlaksyzlyk diýip terjime edilen söz bihaýalygy aňladýar. Bihaýa adam Ýehowa garşy agyr günä edip, Onuň kanunyny äsgermezlik edýär.
[29-njy sahypadaky surat]
Gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş
[31-nji sahypadaky surat]
Ata-eneler, çagalaryňyza hormat goýmagy öwrediň