Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/9 sah. 20—24
  • «Dünýäniň ruhuna» garşy duruň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Dünýäniň ruhuna» garşy duruň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes ruhmy ýa-da dünýäniň ruhy?
  • Howpuň ilkinji alamatlaryny biliň
  • «Ýüregiňize ýük bolmasyn»
  • Çendenaşa alada etmäň
  • Ruhy pikirde boluň
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Biz dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň ruhuny aldyk
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/9 sah. 20—24

«Dünýäniň ruhuna» garşy duruň

«Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de,.. Hudaýdan gelen Ruhy aldyk» (1 KOR. 2:12).

1, 2. a) Näme üçin Britaniýanyň şahtalarynda sarybilbilleri saklaýardylar? b) Mesihçiler nähili howpa duş gelýärler?

BRITANIÝANYŇ häkimiýeti 1911-nji ýylda şahtaçylaryň janyny goramak üçin kanun çykardy. Her şahtada iki sarybilbil saklamaly. Näme üçin? Bu kiçijik guşjagazlar bogujy gaz ýaly zäherli gaza duýgur bolýarlar. Eger şahtany ot alsa, halas edijiler ýeriň aşagyna düşende, ýany bilen sarybilbilleri almalydylar. Eger howa zäherlenen bolsa, bu guşlar howsala düşüp, hatda germewjikden ýykylýardylar. Şeýle öňünden duýduryş örän wajypdy. Sebäbi bogujy gaz reňksiz, yssyz bolýar we bedene kislorod eltýän gyzyl gan öýjüklerini togtadyp bilýär. Eger abanýan howp barada öňünden duýdurylmasa, halas edijiler zäherlenip, huşuny ýitirerdiler we heläk bolardylar.

2 Ruhy manyda mesihçilere-de şahtaçylar ýaly howp abanýar. Isa şägirtlerine bütin dünýäde hoş habary wagyz etmegi tabşyranda, olary howply ýere, ýagny Şeýtanyň ruhunyň höküm sürýän dünýäsine iberýändigini bilýärdi (Mat. 10:16; 1 Ýahýa 5:19). Ol şägirtleri barada örän alada edip, ölüminiň öň ýanyndaky gije Atasyna şeýle doga etdi: «Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin» (Ýahýa 17:15).

3, 4. Isa şägirtlerini näme barada duýdurdy we munuň biziň üçin nähili uly ähmiýeti bar?

3 Isa şägirtlerini ruhy taýdan oýa bolmasalar, ölüme eltjekdigi barada duýdurdy. Onuň sözleriniň biziň, ýagny şu soňky günlerde ýaşaýanlar üçin uly ähmiýeti bar. Ol şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa boluň» (Luka 21:34—36). Şeýle-de Isa şägirtlerine ähli zady ýadyna salyp, oýa we berk bolmaga kömek eder ýaly Atasyndan mukaddes ruhy berjekdigini wada etdi (Ýahýa 14:26).

4 Biz barada näme diýse bolar? Mukaddes ruh bize-de kömek edip bilermi? Biz ony nädip almaly? Dünýäniň ruhy näme we ol nähili täsir edýär? Biz bu ruha nädip garşy durmaly? (1 Korintoslylar 2:12-ni okaň).

Mukaddes ruhmy ýa-da dünýäniň ruhy?

5, 6. Mukaddes ruh bize nädip kömek edip biler we ony almak üçin näme etmeli?

5 Mukaddes ruh diňe birinji asyrda berilmeýärdi. Ol şu günlerem bize dogrulyk etmäge we gullukda yhlasly bolmaga kömek edýär (Rim. 12:11; Flp. 4:13). Şeýle-de ol bize «ruhuň miwesi» bolan söýgi, mähribanlyk we ýagşylyk ýaly ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge ýardam edýär (Gal. 5:22, 23). Emma Ýehowa Hudaý mukaddes ruhy almak islemeýän adamlara ony bermeýär.

6 Mukaddes ruhy almak üçin näme etmeli? Iň ýönekeý we wajyp ädimleriň biri — ony Hudaýdan dilemeli (Luka 11:13-i okaň). Şeýle-de Hudaýyň ylhamly Sözüni öwrenip, onuň maslahatlaryny durmuşymyzda ulanmaly (2 Tim. 3:16). Emma Hudaýyň ruhuny almak üçin Mukaddes Ýazgylary ýöne okamak ýeterlikli däl. Hudaýyň Sözüni ak ýürekden öwrenip, onuň duýgularymyza we garaýyşlarymyza täsir eder ýaly çalyşmaly. Şeýle-de biz Isany Ýehowanyň wekili we diňe ol arkaly ruhuny berýän şahsyýet hökmünde kabul etmeli (Kol. 2:6). Şoňa görä-de biz Isanyň göreldesine eýerip, onuň taglymatlary boýunça ýaşamaly (1 Pet. 2:21). Biz Mesihe näçe köp eýersek, şonça-da mukaddes ruhy köp alarys.

7. Dünýäniň ruhy adamlara nähili täsir edýär?

7 Munuň tersine, dünýäniň ruhy täsir edýän adamlar Şeýtanyň häsiýetlerini görkezýärler (Efesliler 2:1—3-nji aýatlary okaň). Dünýäniň ruhy ençeme ýollar bilen täsir edýär. Şu günler daş-töwerekden görnüşi ýaly, dünýäniň ruhy Hudaýyň kadalaryna garşy gitmäge iterýär. Bu ruh «ten höweslerine, göz höwesine we ýaşaýyş tekepbirligine» höweslendirýär (1 Ýahýa 2:16). Olar ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, gahar, jenjel, serhoşluk ýaly ten işleridir (Gal. 5:19—21). Şeýle-de bu ruh mukaddesligi hapalaýan ýalan taglymatlary ýaýratmaga ýardam edýär (2 Tim. 2:14—18). Adam bu dünýäniň ruhunyň täsir etmegine näçe köp ýol berse, şonça-da Şeýtana meňzär.

8. Her birimiz nämäni saýlamaly?

8 Biz daş-töwerekdäki täsiriň ählisinden üzňe ýaşap bilmeris. Her kes durmuşynda mukaddes ruhuň ýa-da dünýäniň ruhunyň görkezmesi boýunça ýaşajakdygyny saýlamaly. Bu dünýäniň ruhuna eýerýän adamlar onuň täsirinden azat bolup, mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşap bilerler. Emma tersine-de bolup biler. Mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşaýanlar, dünýäniň ruhunyň duzagyna düşüp bilerler (Flp. 3:18, 19). Şol sebäpli, geliň, dünýäniň ruhuna garşy durmaga nämäniň kömek edýändigine seredeliň.

Howpuň ilkinji alamatlaryny biliň

9—11. Dünýäniň ruhunyň täsirine düşendigimizi nädip bilmeli?

9 Ýokarda agzalyşy ýaly, zäherli gazyň bardygyny bilmek üçin, Britaniýanyň şahtaçylary sarybilbilleri ulanýardylar. Eger şahter guşuň germewden ýykylandygyny görse, onda halas bolmak üçin derrew hereket etmelidigine düşünýärdi. Dünýäniň ruhunyň täsirine düşendigimiziň ilkinji alamaty näme bolup biler?

10 Biz Hudaýyň Sözündäki hakykaty bilip, özümizi Ýehowa bagyş edende, Mukaddes Ýazgylary höwes bilen okandyrys. Ýygy-ýygydan we erjellik bilen doga edendiris. Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy gowy görendiris. Bularyň her biri bizi ruhy taýdan berkidip, dünýäniň suwsuz çölünde hakyky jülge bolandyr. Bu zatlaryň ählisi bize dünýäniň ruhundan azat bolmaga we onuň täsirine ýene-de düşmez ýaly hüşgär bolmaga kömek etdi.

11 Mukaddes Ýazgylary öňki ýaly her gün okamaga çalyşýarsyňyzmy? (Zeb. 1:2). Ýygy-ýygydan we ýürekden doga edýärsiňizmi? Her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklaryň ählisine gatnaşmagy gowy görýärsiňizmi? (Zeb. 84:10). Ýa-da bu gowy endikleriň käbirini taşladyňyzmy? Elbetde, biziň wagt we güýç sarp etmeli borçlarymyz bar, şol sebäpli oňat ruhy gün tertibini ýerine ýetirmek kyn bolýandyr. Eger biz wagtyň geçmegi bilen gowy endikleriň käbirini taşlan bolsak, onda bu dünýäniň ruhunyň täsirine düşendigimizi görkezmeýärmi? Biz öňki gowy endikleri dikeltmek üçin elimizden gelenini ederismi?

«Ýüregiňize ýük bolmasyn»

12. Isa şägirtlerine nähili tabşyryk berdi we näme üçin?

12 Dünýäniň ruhuna garşy durmaga bize ýene näme kömek eder? Isa şägirtlerine «oýa boluň» diýip maslahat bermezden öň, olaryň käbir howplara ünsüni çekdi. Ol şeýle diýdi: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün... duzak kimin geler» (Luka 21:34, 35).

13, 14. Iýip-içmek babatda özümize nähili soraglary bermeli?

13 Isanyň sözleri barada oýlanyp görüň. Isa iýip-içmekden lezzet almagy ýazgardymy? Elbetde, ýok! Ol Süleýman patyşanyň şu sözleri bilen ylalaşýardy: «Adam üçin şatlanmakdan we durmuşda ýagşylyk etmekden başga oňat zadyň ýokdugyna göz ýetirdim; şonuň üçin adam iýmeli, içmeli we agyr zähmetiniň süýji miwelerinden datmaly. Bu Hudaýyň sowgady» (Wag. 3:12, 13). Emma Isa dünýäniň ruhy adamlary açgözlüge we özüne erk edip bilmezlige iterýändigini bilýärdi.

14 Dünýäniň zäherli ruhy aňymyzy küteldip, onuň bizi horanlyga ýa-da serhoşlyga eltenini nädip bilse bolýar? Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men Mukaddes Ýazgylarda ýa-da biziň edebiýatlarymyzda iýermenlik barada aýdylýan maslahata nähili garaýaryn? Şeýle duýduryşlary artykmaç ýa-da örän berk hasaplaýarynmy we öz hereketimi aklamaga çalyşýarynmy?a. Serhoşlyk we içäýende-de çeniňi bilmeli diýen maslahata nähili garaýaryn? Şeýle duýduryşlary maňa degişli däl hasaplaýarynmy? Köp we ýygy-ýygydan içýänligime ynjalyksyzlanyp, başgalar bir zat diýende, derrew özümi aklaýarynmy ýa-da gaharlanýarynmy? Başgalary Mukaddes Ýazgylaryň şu maslahatyna biperwaý garamaga iterýärinmi?» Bu duýduryşlara bolan garaýşymyz, dünýäniň ruhunyň bize täsir edýändigini ýa-da etmeýändigini görkezýär (Rimliler 13:11—14-nji aýatlary deňeşdiriň).

Çendenaşa alada etmäň

15. Isa näme barada duýduryş berdi?

15 Mundan başga-da dünýäniň ruhuna garşy durmak üçin çendenaşa alada etmeli däl. Isa bikämil adamlara alada etmegiň mahsusdygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Gaýgy etmäň» (Mat. 6:25). Elbetde, biz Hudaýa ýaranmak, mesihçi borçlarymyzy ýerine ýetirmek we maşgalamyzy gerekli zatlar bilen üpjün etmek ýaly wajyp meseleler barada alada etmeli (1 Kor. 7:32—34). Onda Isa nämäni göz öňünde tutdy?

16. Adamlaryň köpüsine dünýäniň ruhy nähili täsir edýär?

16 Köp adamlara ýaşaýyş tekepbirligi ýaly dünýäniň ruhy täsir edip, olar çendenaşa biynjalyk bolýarlar. Bu dünýä bizi pul goraýar we ynsanyň gymmaty onuň ruhy häsiýetlerine däl-de, pulunyň köplügine bagly diýip, ynandyrjak bolýar. Şeýle adamlar aldanyp, baýlygyň yzynda hars urýarlar we elmydama täze, iň ähmiýetli, ýokary hilli zatlary satyn almagyň ugrunda ylgaýarlar (Sül. tym. 18:11). Maddy zatlara bolan şeýle nädogry garaýyş adamy çendenaşa biynjalyk edip, onuň ruhy taýdan ösmegine päsgel berýär (Matta 13:18, 22-nji aýatlary okaň).

17. Biz nädip çendenaşa alada etmekden gaça durup bileris?

17 Biz Isanyň: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň» diýen tabşyrygyna gulak assak, çendenaşa alada etmeris. Eger şeýle etsek, Isa bizi zerur zatlaryň onuň üstüne goşulyp beriljekdigine ynandyrýar (Mat. 6:33). Biz şu wada ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris? Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarmagyň bir ýoly, pul meselesinde Ýehowanyň kadalaryna eýermeli. Mysal üçin, biz salgyt tölemekden boýun gaçyrmaýarys we iş meselesinde hatda «az zatda-da» ýalan sözlemeýäris. «Hawa» diýen sözümiz «Hawa» bolar ýaly, biz bergi bilen bagly borçlarymyzy berjaý etmäge çalyşýarys (Mat. 5:37; Zeb. 37:21). Şeýle dogruçyl bolup biz baýamarys, ýöne Hudaýyň razylygyny gazanarys, ynsabymyz arassa bolar we çendenaşa alada etmeris.

18. Isa bize nähili görelde galdyrdy we näme üçin onuň göreldesine eýermeli?

18 Öňürti Patyşalygy agtarmak üçin, durmuşymyzda iň wajyp zatlaryň nämedigine düşünmeli. Geliň, Isanyň mysalyna seredeliň. Onuň gymmat we ýokary hilli eşigi bardy (Ýahýa 19:23). Ol ýakyn dostlary bilen iýmekden we şerap içmekden lezzet alýardy (Mat. 11:18, 19). Emma maddy zatlar we göwün açmalar onuň üçin wajyp zat däldi. Isa Ýehowanyň yradasyny ýerine ýetirmegi iýmit hasaplaýardy (Ýahýa 4:34—36). Isanyň göreldesine eýersek, durmuşymyz örän sylagly bolar! Mukaddes Ýazgylar arkaly lapykeç adamlara teselli bermek nähili ýakymly! Ýygnakdaky dogan-uýalarymyzyň söýgüsi biziň göwnümizi göterýär. Şeýle-de Ýehowanyň ýüregini begendirip bilýäris. Eger biz durmuşymyzda esasy zatlary birinji orunda goýsak, maddy zatlar we göwün açmalar bizi özüne tabyn etdirmez. Olar bize hojaýynçylyk etmän, eýsem, Ýehowa gulluk edende, gural hökmünde hyzmat eder. Patyşalygyň işleri bilen näçe köp meşgul bolsak, şonça-da dünýäniň ruhy bizi ýeňip bilmez.

Ruhy pikirde boluň

19—21. Ruhy pikirde bolmaga bize näme kömek eder we bu näme üçin wajyp?

19 Adatça, pikiriňe görä hereket edilýär. Köplenç adamlaryň oýlanyşyksyz hasap edýän hereketleri, aslynda ten pikirler sebäpli bolýar. Şonuň üçin Pawlus resul bize pikirimize üns bermegi ýatladýar. Ol şeýle ýazdy: «Tene görä bolanlar tene degişli işleri, Ruha görä bolanlar hem Ruha degişli işleri pikir edýändir» (Rim. 8:5).

20 Bu dünýäniň ruhy pikirimize, şol sanda hereketimize täsir etmez ýaly näme etmeli? Munuň üçin mümkin boldugyndan, dünýäniň hödürleýän erbet garaýyşlaryndan goranar ýaly, pikirimizde, göçme manyda aýdanda süzgüç bolmaly. Meselem, göwün açma saýlanymyzda seresap bolarys we pikirimiz hapalanmaz ýaly ahlaksyzlygy hem-de zorlugy goldaýan gepleşiklere seretmeris. Biz Hudaýyň mukaddes ýa-da arassa ruhunyň hapa pikirlerde bolup bilmejekdigine düşünýäris (Zeb. 11:5; 2 Kor. 6:15—18). Pikirimizde Hudaýyň ruhy bolar ýaly, biz Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaly, oýlanmaly, doga etmeli we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly. Wagyz gullugyna yhlasly gatnaşsak hem, Hudaýyň ruhunyň täsir etmegine ýol bereris.

21 Görşümiz ýaly, biz dünýäniň ruhuna we onuň adamlarda döredýän ten höweslerine garşy durmaly. Emma şeýle göreş tagalla edenimize degýär, çünki Pawlus şeýle diýdi: «Tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr» (Rim. 8:6).

a Iýermenlik bu adamyň akyl gurluşy bolup, onuň açgözlügini ýa-da çeni-çakyny bilmeýänligini görkezýär. Diýmek, bu adamyň agramy däl-de, onuň iýmite bolan garaýşyny kesgitleýär. Agramy kadaly ýa-da hor bolsa-da, adam iýermen bolup biler. Başga tarapdan bolsa, adam kesel ýa-da nesilden-nesle geçýändigi üçin hem semiz bolup biler. Şol sebäpli adamyň agramy däl-de, onuň iýermenligi açgözlügi görkezýär (2004-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň «Okyjylaryň soraglary» diýen makalasyna serediň).

Ýadyňyzdamy?

• Mukaddes ruhy almak üçin näme etmeli?

• Dünýäniň ruhy bize nähili ýollar bilen täsir edip biler?

• Dünýäniň ruhuna nädip garşy durmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş