Biz dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň ruhuny aldyk
«Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk» (1 KOR. 2:12).
1, 2. a) Mesihçiler haýsy manyda söweşýär? b) Biz haýsy soraglara serederis?
MESIHÇILER söweşe gatnaşýar! Biziň duşmanymyz güýçli, mekir we zalym uruşgan. Duşmanyň ýaragy şeýle täsirlidigi üçin adamlaryň köpüsi onuň gol astynda. Ýöne biz oňa garşy durmaga güýjümiz ýetmez we ýeňip bilmeris öýtmeli däl (Iş. 41:10). Sebäbi onuň islendik hüjümine garşy durup biler ýaly, bizde goragymyz bar.
2 Biz göni manyda däl-de, ruhy manyda söweşýäris. Biziň duşmanymyz Şeýtan Iblis, onuň ulanýan ýaragy bolsa «dünýäniň ruhy» (1 Kor. 2:12). Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen onuň hüjümine garşy durup bolýar. Bu uruşda diri galyp, Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin, Hudaýyň ruhuny dilemeli we onuň miwesini iş ýüzünde görkezmeli (Gal. 5:22, 23). Dünýäniň ruhy näme we ol nädip täsir edýär? Dünýäniň ruhunyň bize täsir edýänini nädip bilip bolýar? Biz bu dünýäniň ruhuny ret edip, Hudaýyň ruhuny alar ýaly, Isadan näme öwrenip bileris?
Dünýäniň ruhy näme üçin giňden ýaýran?
3. Dünýäniň ruhy näme?
3 Bu dünýäniň ruhunyň gözbaşy «dünýäniň hökümdary» Şeýtan we bu ruh Hudaýyň mukaddes ruhuna garşy bolýar (Ýahýa 12:31; 14:30; 1 Ýahýa 5:19). Dünýäniň ruhy adamzadyň üstünden agalyk edip, olara täsir edýär we Hudaýyň islegine hem-de niýetine garşy gitmäge iterýär.
4, 5. Şeýtanyň ruhy nädip giňden ýaýrady?
4 Şeýtanyň ruhy nädip giňden ýaýrady? Birinjiden, Şeýtan Erem bagynda How enäni aldady. Ol How enäniň Hudaýdan garaşsyz bolsa, gowy ýaşažakdygyny aýtdy (Gel. çyk. 3:13). Iblis barypýatan ýalançy (Ýahýa 8:44). Şeýtan How ene arkaly Adam atany hem Ýehowa gulak asmazlyga iterdi. Adam atanyň günä edendigi üçin, adamlar günäni miras aldy we Şeýtanyň ruhuna eýerip, Hudaýa gulak asmaýar (Efesliler 2:1—3-nji aýatlary okaň).
5 Şeýle-de Şeýtan ençeme perişdeleri aldap, arwah-jyn etdi (Ylh. 12:3, 4). Olar Nuh eýýäminde bolan Tupandan birnäçe wagt öň Hudaýy inkär etdiler. Şeýtan şol perişdeleri gökdäki mesgenlerini terk edip, ýerde ýaramaz höweslerini kanagatlandyrsa gowy bolar diýip ynandyrdy (Ýahuda 6). Şeýtan şu günler zalym ruhlar, ýagny şol jynlar arkaly «bütin dünýäni azdyrýar» (Ylh. 12:9). Gynansak-da, adamlaryň köpüsi jynlaryň täsir edýändigi sebäpli, aňlary kütelen (2 Kor. 4:4).
Dünýäniň ruhy saňa täsir edýärmi?
6. Dünýäniň ruhy bize nädip täsir edip bilýär?
6 Köp adamlar Şeýtanyň nähili täsir edýänini bilmese-de, mesihçiler muny Mukaddes Ýazgylar arkaly bilýär (2 Kor. 2:11). Geliň, bize Hudaýyň ruhunyň ýa-da dünýäniň ruhunyň täsir edýänini görkezýän dört soraga seredeliň.
7. Şeýtan bizi nädip Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar?
7 Saýlan göwün açmalarym meniň nähili adamdygymy görkezýär? (Ýakup 3:14—18-nji aýatlary okaň). Şeýtan ýüregimizde zorluga bolan söýgini ösdürip, bizi Hudaýdan daşlaşdyrjak bolýar. Iblis Ýehowanyň zorlugy söýýäni ýigrenýändigini bilýär (Zeb. 11:5). Şol sebäpli Şeýtan ahlaksyzlyk we zalymlyk ýaly ten höwesleri oýarýan edebiýat, filmler, aýdymlar we elektron oýunlar arkaly täsir etjek bolýar. Hatda biz ýüregimizde Hudaýyň dogry hasaplaýan zatlaryny gowy görüp, Şeýtanyň teklip edýän erbet zatlaryny söýsek-de, ol begenýär (Zeb. 97:10).
8, 9. Göwün açma babatda biz özümize nähili soraglar bermeli?
8 Hudaýyň ruhy bolsa bizi sap, parahatlyk söýüji we rehimden doly bolmaga höweslendirýär. Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň saýlan göwün açmalarym gowy häsiýetleri bildirmäge ýardam edýärmi?» Gökden inen akyldarlyk «ikiýüzli» däldir. Hudaýyň ruhy täsir edýän adamlar ýakynlaryna saplyk we parahatlyk barada wagyz edip, öýünde ýeke galanda bolsa, zulum we ahlaksyz zatlara seredip, lezzet almaýar.
9 Ýehowa diňe özüne wepaly bolmagy talap edýär. Şeýtan Isanyň ýekeje gezek sežde etmegini isledi (Luka 4:7, 8). Biz özümize şeýle soraglar berip bileris: «Saýlan göwün açmam Hudaýa wepalydygymy görkezýärmi? Meniň saýlan göwün açmam dünýäniň ruhuna garşy durmagy aňsatlaşdyrarmy ýa-da kynlaşdyrar? Mundan beýläk göwün açmalary saýlanda, men özgerişler etmelimi?»
10, 11. a) Dünýäniň ruhy baýlyk babatda nämä höweslendirýär? b) Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýazylan Sözünde bu barada näme diýilýär?
10 Men baýlyga nähili garaýaryn? (Luka 18:24— 30-njy aýatlary okaň). Dünýäniň ruhy «göz höwesini» oýaryp, açgözlüge we baýlyga kowalaşmaga höweslendirýär (1 Ýahýa 2:16). Dünýäniň ruhy adamlary baýamaga iterýär (1 Tim. 6:9, 10). Şol ruh köp zat ýygnasak, uzak wagt howpsuz ýaşajakdygymyza ynandyrýar (Sül. tym. 18:11). Emma biz Hudaýdan puly artyk söýsek, Şeýtan bizden üstün çykar. Biz özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň bar aladam baý we rahat ýaşap, lezzet almakmy?»
11 Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ýazylan Sözünde bolsa, pul meselesine paýhasly garap, özümizi we maşgalamyzy zerur zatlar bilen üpjün etmek üçin işlemelidigi aýdylýar (1 Tim. 5:8). Hudaýyň ruhy adamlara Ýehowanyň jomartlygyna eýermäge kömek edýär. Şeýle adamlar almak bilen däl-de, bermek bilen tanalýar. Olar adamy zatdan gymmat saýýar we elinden gelen ýagşylygy höwes bilen edýär (Sül. tym. 3:27, 28). Olar baýlyga kowalaşman, Hudaýa gulluk etmegi durmuşynda wajyp saýýarlar.
12, 13. Dünýäniň ruhundan tapawutlykda, Hudaýyň ruhy bize nädip gowy täsir edýär?
12 Nähili ruh maňa täsir edýär? (Koloseliler 3:8—10, 13-nji aýatlary okaň). Dünýäniň ruhy ten höweslerini oýarýar (Gal. 5:19—21). Ähli zat güläle-güllük wagty däl-de, dogan-uýalar bizi äsgermezlik edende, göwnümize degende ýa-da bize garşy günä edende, nähili ruhuň bize täsir edýändigi bilinýär. Galyberse-de, öýde ýeke galanda nähili ruhuň bize täsir edýäni aýan bolýar. Özüňize şeýle sorag berip barlap görüň: «Soňky alty aýda mesihçilere ýaraşýan häsiýetleri ösdürdimmi ýa-da gürlänimde we özümi alyp baranymda öňki erbet endiklerim görünýärmi?»
13 Hudaýyň ruhy bize «öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp... täze ýaradylyşy geýmäge» kömek edýär. Bu bize adamlary has söýmäge we mähirli bolmaga ýardam eder. Hatda öýkelemäge sebäp bolsa-da, biz adamlary ýürekden bagyşlamaly. Biz adalatsyzlyga uçranda, «ýamanlyk, kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlamadan» daş bolarys. Gaýtam, «mähriban, gamhor bolar» ýaly tagalla ederis (Efes. 4:31, 32).
14. Adamlaryň köpüsi Hudaýyň Sözüne nähili garaýar?
14 Men Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalaryny söýýärinmi we hormat goýýarynmy? (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Dünýäniň ruhy Hudaýyň sözüne garşy bolýar. Dünýäniň ruhunyň täsirine düşýän adamlar Mukaddes Ýazgylary däl-de, adamlaryň däplerini we filosofiýasyny gowy görýär (2 Tim. 4:3, 4). Käbir adamlar Hudaýyň Sözüni asla äsgermeýär. Şeýle adamlar Mukaddes Ýazgylaryň wajypdygyna we dogrudygyna şübhelenip, öz gözünde akyldar bolýar. Olar zyna, gomoseksual we aýrylyşmak baradaky ýokary kadalary pese düşürýär. Olar «ýagşyny ýaman, ýamany bolsa ýagşy» diýip öwredýär (Iş. 5:20). Dünýäniň ruhy bize täsir edýärmi? Biz kynçylyga duş gelende, adamlaryň akyldarlygyna we öz pikirimize daýanýarysmy? Ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerýärismi?
15. Biz öz akyldarlygymyza daýanman, näme etmeli?
15 Hudaýyň ruhy bizi Mukaddes Ýazgylara hormat goýmaga höweslendirýär. Biz mezmurçy ýaly Hudaýyň sözüne aýaklarymyza çyra, ýolumuza nur hökmünde garaýarys (Zeb. 119:105). Biz öz aklymyza däl-de, ýagşyny we ýamany saýgarmaga kömek edýän Hudaýyň Sözüne bil baglaýarys. Biz Mukaddes Ýazgylara diňe bir hormat goýmagy däl-de, Hudaýyň kanunyny söýmegi öwrenýäris (Zeb. 119:97).
Isadan näme öwrenýäris?
16. Bizde «Mesihiň pikiri» bolar ýaly näme etmeli?
16 Hudaýyň ruhuny alar ýaly, bizde «Mesihiň pikiri» bolmaly (1 Kor. 2:16). Bizde Mesihiň pikiri bolar ýaly, onuň pikirini we alyp barşyny bilip, göreldesine eýermeli (Rim. 15:6; 1 Pet. 2:21). Bu babatda näme edip bilýändigimize seredeliň.
17, 18. a) Doga etmek babatda biz Isadan näme öwrenip bileris? b) Näme üçin biz hemişe «dilemeli»?
17 Hudaýyň ruhuny dilemek. Isa synaga uçramanka, Hudaýyň ruhunyň gerekdigini duýup, doga etdi (Luka 22:40—42). Biz hem Hudaýdan mukaddes ruhuny diläp bileris. Ýehowa iman bilen dilänlere has-da köp mukaddes ruhy berýär (Luka 11:13). Isa: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.Çünki dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar» diýdi (Mat. 7:7, 8).
18 Ýehowanyň ruhuny we kömegini gözlände, derrew ony dilemegi bes etmeli däl. Biz ýygy-ýygydan we elmydama doga etmeli. Käwagt Ýehowa doga edýän adamyň dogasyna jogap bermezden öň, ony näme biynjalyk edýänini we imanynyň berkdigini görkezmäge mümkinçilik berýära.
19. Isa hemişe näme edýärdi we biz näme üçin onuň göreldesine eýermeli?
19 Ýehowa doly gulak asmak. Isa hemişe Atasyna ýaraýan zatlary edýärdi. Bir sapar Isanyň islegi Atasynyň islegine deň gelmände, ol näme etdi? Isa Atasyna bil baglap: «Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi (Luka 22:42). Özüňize şeýle sorag beriň: «Maňa kyn bolsa-da, Hudaýa gulak asýarynmy?» Hudaýa gulak asmak durmuşda iň esasy zat. Biz Hudaýa doly gulak asmaly, çünki ol bizi ýaratdy, ýaşaýşymyzyň Gözbaşy we ähli tarapdan goldaýar (Zeb. 95:6, 7). Hudaýa gulak asmaklygy hiç zada çalşyp bolmaýar. Biz Hudaýa gulak asmasak, onuň merhemetini gazanyp bilmeris.
20. Isa bütin ömrüne näme etdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
20 Mukaddes Ýazgylary gowy bilmek. Şeýtan Isanyň imanyny synanda, ol Mukaddes Ýazgylardan aýatlary getirdi (Luka 4:1—13). Dini ýolbaşçylar Isa garşy bolanda, ol Hudaýyň Sözüne uly hormat goýup, oňa salgylandy (Mat. 15:3—6). Isa bütin ömrüne Hudaýyň kanunyny öwrenip, berjaý etdi (Mat. 5:17). Biz hem imanymyzy berkitmek üçin aňymyza Hudaýyň Sözüni siňdirmek isleýäris (Flp. 4:8, 9). Belki, käbirimize şahsy we maşgala okuwyny geçmäge wagt tapmak kyn bolýandyr. Okuw üçin biz diňe wagt tapmaly däl-de, eýsem, ýörite wagt bellemeli (Efes. 5:15—17).
21. Hudaýyň Sözüni has gowy bilip, ony berjaý eder ýaly, nähili özgerişikden peýdalanyp bileris?
21 «Sadyk hem akylly hyzmatkär» her hepde bir agşam şahsy we maşgala okuwyny geçmäge wagt bolar ýaly özgerişler etdi (Mat. 24:45). Sen bu özgerişi paýhasly peýdalanýarmyň? Sende Mesihiň pikiri bolar ýaly, maşgala okuwynda saýlan temaň barada Isanyň näme öwredendigini yzygiderli geçip bilersiň. Gyzyklandyrýan temalary «Garawul diňiniň» indeksinden tapyp bilersiň. Mysal üçin, 2008-nji ýyldan başlap 2010-njy ýyla çenli şu žurnalyň sanlarynda «Biz Isadan näme öwrenip bileris?» diýen bölümde 12 sany makala çap edildi. Siz şu makalalary öwrenip bilersiňiz. «Maşgala bagtynyň syry» we «Hudaýyň söýgüsinde galyň» atly kitaplar hem Hudaýyň Sözüni has çuňňur bilmäge ýardam edýär. Wagtal-wagtal şu kitaplary maşgala okuwynda geçseňiz gowy bolar.
Biz zalym dünýäni ýeňip bileris
22, 23. Biz dünýäni ýeňmek üçin näme etmeli?
22 Hudaýyň ruhuna eýerer ýaly, dünýäniň ruhuny ret etmeli. Muny etmek aňsat däl. Dünýäniň ruhuna garşy durmak üçin göreşmeli (Ýahuda 3). Ýöne biz ýeňeris! Isa şägirtlerine: «Dünýäde gaýgy gussaňyz bolar, emma mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýahýa 16:33).
23 Biz hem dünýäniň ruhuny ret edip, Hudaýyň ruhuny almak üçin elimizde baryny etsek, dünýäni ýeňeris. Dogrudanam, «Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy?» (Rim. 8:31). Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Hudaýyň ruhuny alyp, onuň görkezmesine eýersek, kanagatlyk we parahatlyk taparys, bagtly bolarys hem-de örän tizden boljak täze dünýäde ebedi ýaşamaga umydymyz berkär.
a Köpräk maglumat almak üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» atly kitabyň 170—173-nji sahypalaryna serediň.
Ýadyňyzdamy?
• Näme üçin dünýäniň ruhy giňden ýaýran?
• Biz özümize nähili dört sorag bermeli?
• Hudaýyň ruhuny almak üçin Isadan nähili üç zady öwrenip bileris?