Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/3 sah. 6—7
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Sen ondan görelde alarmyň ýa-da sapak edinersiň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Akyldar patyşa Süleýman
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/3 sah. 6—7

Okyjylaryň sowallary

Isa Mesih 12 resulyny wagyz etmäge iberende, taýak almagy we çaryk geýmegi tabşyrdymy?

Käbir adamlar Injiliň başdaky üç kitabynda Isanyň resullaryny wagyz etmäge iberendigi hakynda ýazylan wakalaryň biri-birine gapma-garşy gelýändigini aýdýar. Emma bu wakalary deňeşdirip görsek, bir zada üns bereris. Geliň, ilki bilen, Markus bilen Luka kitabyny deňeşdireliň. Markus şeýle ýazýar: «(Isa)... olara... bir taýakdan başga hiç bir zat almazlygy tabşyrdy. Ne çörek, ne torba, ne-de guşaklarynda pul bolmalydy. Olar diňe çaryk geýmelidiler, iki köýnek geýmeli däldiler» (Mar. 6:7—9). Luka bolsa, şeýle diýýär: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek» (Luka 9:1—3). Bu ýerde biz gapma-garşylyk görmegimiz mümkin. Markusyň aýtmagyna görä, resullara taýýak almak we çaryk geýmek tabşyryldy. Luka bolsa, çaryk barada aýtmaýar.

Bu aýatlarda Isanyň näme diýenine düşünmek üçin, Injiliň üç kitabyndaky birmeňzeş pikire üns beriň. Ýokarda getirilen Matta 10:5—10-njy aýatlarda resullara «iki köýnek» almazlyk tabşyryldy. Her resulda bir köýnegi bolany üçin, olar ýola başga köýnek almaly däldi. Şeýle-de olaryň aýagynda çarygy bardy. Markusyň aýtmagyna görä, olar öňki geýip ýörän «çarygyny geýmelidi». Hasa barada näme diýse bolar? «Ýewreý ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Gadymy Ysraýylda hasa edinmek adaty zatdy» (Gel. çyk. 32:10). Şol sebäpli, Markusyň aýtmagyna görä, Isanyň resullara «bir taýakdan başga hiç bir zat almazlygy» tabşyranda, elindäkisinden başga taýagy göz öňünde tutupdy. Şonuň üçin, Injiliň üç kitabynda ýolda ýöremek kyn bolmaz ýaly, köp ýük almazlyk barada Isanyň maslahaty nygtalýar.

Isanyň bu tabşyrygyny eşiden we ony ýazan Matta hem şu pikiri belläp geçýär. Isa şeýle diýdi: «Guşagyňyzda ne altyn, ne kümüş, ne-de mis saklaň. Ýol üçin ne torba, ne-de iki köýnek, ne çaryk, ne-de taýak alyň. Çünki işgär öz azygyna mynasypdyr» (Mat. 10:9, 10). Resullaryň geýen çarygy we elindäki hasasy barada näme diýse bolar? Isa şeýle zatlary saklamaň diýse-de, bar zadyňyzy taşlaň hem diýmedi. Näme üçin ol şeýle tabşyryk berdi? Çünki işgär öz azygyna mynasypdyr. Isanyň tabşyrygyna gulak asmak, onuň Dagdaky wagzynda iýmek, içmek we geýmek barada çendenaşa alada etmäň diýen maslahatyna gabat gelýär (Mat. 6:25—32).

Injildäki wakalary birinji gezek okanyňda, biri-birine gapma-garşy gelýän ýaly görünse-de, olaryň manysy birmeňzeş. Resullar ýolda ýene-de başga zatlar almak üçin ünsüni sowmaly däldi. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa olaryň aladasyny ederdi.

Süleýman pygamber «zenanlaryň zenany» diýende, kimi göz öňünde tutdy? (Wag. 2:8).

Biz onuň kimdigini anyk bilmeýäris, belki olar Süleýman patyşanyň köşgünde gören meşhur zenanlar bolmaly.

Wagyzçy kitabynyň 2-nji babynda Süleýman pygamber dürli zatlary ýygnandygyny, şol sanda uly jaýlar gurandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men patyşalardan we patyşalygyma garaşly bolan welaýatlardan alan kümüşleri, altynlary, ähli zatlary ýygnadym. Özüme aýdymçylar, şeýle-de ynsana lezzet berýän zenanlaryň zenanyny tutundym» (Wag. 2:8).

Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Süleýmanyň aýdan «zenanlary», ony ömrüniň soňunda ýalan tanrylara sežde etdiren özge milletlerden ençeme aýallary we gyrnak aýallary bolmaly (1 Pat. 11:1—4). Emma bu düşündiriş nädogry. Sebäbi Süleýman bu sözleri ýazanda, «zenanlaryň zenanyny» tanaýardy. Şol wagt Ýehowa ondan razydy we ol mukaddes ruh arkaly Mukaddes Ýazgylaryň kitaplaryny ýazypdy. Ol ömrüniň ahyrynda şeýle hormata mynasyp bolup bilmezdi, çünki özge milletlerden ýüzlerçe aýal we gyrnak aýal edinip, ýalan taňrylara sežde etdi.

Süleýman pygamber Wagyzçy kitabynda «mähirli sözleri gözläp tapandygyny we dogry hakykat sözlerini ýazandygyny» aýdýar (Wag. 12:10). Ol «aýal», «patyşa aýal» we «gyrnak aýal» diýen sözleri gowy bilýändigi üçin, olary Mukaddes Ýazgylarda ulandy (Sül. tym. 5:18; 12:4; 18:22; Wag. 9:9; Sül. aýd. 6:8, 9). Emma bu tanyş sözlerini ol Wagyzçy 2:8-de ulanmady.

Mukaddes Ýazgylardaky «zenanlaryň zenany» diýen jümle (köplük we birlik sanda) seýrek duş gelýän ýewreý jümlesi. Alymlaryň aýtmagyna görä, bu jümläniň manysy näbelli. Mukaddes Ýazgylary terjime edýänleriň köpüsi Wagyzçy 2:8-däki zenanlar diýen sözi birlik, soňra köplük sanda ýa-da artyklyk derejesinde terjime edýärler. «Zenanlaryň zenany» diýmek şeýle manyny berýär.

Süleýman patyşanyň ady şeýle bellidi welin, Şeba melikesi Süleýman barada eşidip, onuň ýanyna gelende, haýran galýar (1 Pat. 10:1, 2). Süleýman pygamberiň agzan «zenanlaryň zenanyna» Şeba melikesi hem degişli bolmaly. Süleýman pygamber ençeme ýyl Hudaýy razy edýän wagty, köşgünde görýän meşhur aýallary göz önünde tutan bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş