Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/3 sah. 3—5
  • Nädogry pikirler bilen özüňi aldama

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Nädogry pikirler bilen özüňi aldama
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Özüni aldan adamlaryň mysalyndan nähili sapak edinip bileris
  • Nädogry pikirlenmän, dogry pikir et
  • «Ýüregimizde ýollarymyz barada oýlanalyň»
  • Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilen döwür
  • Nädogry pikirlerden gaça dur
  • «Halkym, men siziň bilendirin!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Elleriňizi berkidiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Men ähli milletleri sarsdyraryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/3 sah. 3—5

Nädogry pikirler bilen özüňi aldama

HOW ene gadagadan edilen agajyň miwesinden iýensoň, Hudaý ondan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Ol: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi (Gel. çyk. 3:13). Şeýtan mekirlik bilen How enäni Hudaýa gulak asmazlyga itereni üçin, oňa «bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan» diýilýär (Ylh. 12:9).

Gelip çykyş kitabynda Şeýtanyň seresap bolmadyk adamlary aldamak üçin ýalan sözleýändigi we mekirdigi aýdylýar. How ene onuň aldawyna düşdi. Emma bizi diňe Şeýtan aldaýandyr öýtmeli däl. Mukaddes Ýazgylarda bize nädogry pikirler bilen «özüňi aldamakdan» ägä bolmak barada duýdurylýar (Ýakup 1:22).

Özüňi aldap bolmaýan ýaly görünmegi mümkin. Emma Hudaýyň duýduryşynyň belli bir maksady bar. Şol sebäpli biz özümizi nädip aldap bilýändigimize we nähili nädogry pikirler bilen aldanmagymyz mümkindigine seredeliň. Mukaddes Ýazgylardaky mysallar bize kömek eder.

Özüni aldan adamlaryň mysalyndan nähili sapak edinip bileris

B. e. öň 537-nji ýylda Pars patyşasy Kir Babylda sürgünlikdäki ýewreýleriň Iýerusalime dolanyp, ybadathanany dikeltmek barada buýruk berdi (Ezra 1:1, 2). Soňra Ýehowanyň islegi boýunça Hudaýyň halky täze ybadathananyň düýbüni tutdy. Iýerusalime gelen ýewreýler bu wajyp gurluşyk işiniň başdaky tapgyrynda Ýehowanyň berýän berekedine şatlanýardy we oňa alkyş aýdýardy (Ezra 3:8, 10, 11). Emma tizden olaryň eli işden sowaşar ýaly, duşmanlary gurluşyk işine päsgel berdi (Ezra 4:4). Ýewreýleriň watanyna dolananyna 15 ýyl bolansoň, Pars patyşasy Iýerusalimdäki ähli gurluşyk işini gadagan etdi. Gadagan edilme zerarly, şol ýeriň emeldarlary Iýerusalime gelip, «ýewreýleri gurluşyk işini togtatmagy güýç bilen mejbur etdi» (Ezra 4:21—24).

Ýewreýler şeýle garşylyga duçar bolup, özlerini nädogry pikirler bilen aldaýardy. Olar özlerine şeýle diýýärdi: «Ýehowanyň öýüni gurmak wagty entek gelmedi» (Hag. 1:2). Ýewreýler Hudaý derrew ybadathanasynyň gurulmagyny islemeýär öýdýärdi. Olar Hudaýyň islegini nädip berjaý etmegiň ýollaryny gözlemäge derek, özlerine owadan jaý salmak bilen başagaýdy. Hudaýyň pygamberi Haggaý nygtap, olara: «Ýehowanyň öýi harabaçylyk ýagdaýdaka, şu wagt agaçdan bejerlen öýlerde ýaşamagyň wagtymy?» diýýär (Hag. 1:4).

Bu mysaldan sen nähili sapak edinip bilersiň? Ýehowanyň niýetine nädogry garaýyşda bolsak, Hudaýa sežde bilen bagly işlere yhlasymyz gowşap, öz işlerimiz bilen başagaý bolarys. Aýdaly, sen myhmanlara garaşýarsyň. Sen myhman almak üçin, öý işleri bilen başagaýsyň. Emma myhmanlaryň gijigýändigini eşideniňde, sen taýýarlyk görmegiňi goýarmyň?

Ýehowanyň ybadathanany gijikdirmän dikeltmek isländigini, Haggaý bilen Zakarýa pygamberiň ýewreýlere düşündirendigini ýadyňa sal. Haggaý şeýle diýýär: «Şu ýeriň ähli halky berk boluň... işi ýerine ýetiriň» (Hag. 2:4). Ýewreýler Hudaýyň ruhunyň kömek etjekdigine bil baglap, işi dowam etmelidi (Zak. 4:6, 7). Bu mysal bize Ýehowanyň güni barada nädogry pikirde bolmazlyga kömek edýärmi? (1 Kor. 10:11).

Nädogry pikirlenmän, dogry pikir et

Petrus resul ikinji hatynda, Ýehowa bellän wagtynda «täze gökleri, täze ýeri» döretjekdigini aýtdy (2 Pet. 3:13). Ol käbir ýaňsylaýjylaryň Hudaýyň adamlaryň işine goşuljagyna şübhelenjekdigini belläp geçdi. Olar: «Hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» we hiç zat bolmaz diýip, ýalan sözleýär (2 Pet. 3:4). Petrus resul şeýle nädogry pikiri ret etmegi isläp: «Sap pikirleriňizi ýatlatma arkaly oýarýaryn» diýip ýazdy. Ol mesihçilere ýaňsylaýjylaryň ýalňyşýandygyny ýatlatdy. Hudaý Nuh eýýäminde hem bütin dünýäni suw aldyryp, adamlaryň işine goşulypdy (2 Pet. 3:1, 2, 5—7).

B. e. öň 520 ýylda sustupes we eli işden sowaşan ýewreýlere Haggaý: «Ýüregiňizde ýollaryňyz barada oýlanyň» diýdi (Hag. 1:5). Ol imandaşlaryna Hudaýyň niýetini we halkyna beren wadasyny ýatladyp, pikirlerini oýardy (Hag. 1:8; 2:4, 5). Pygamber şeýle göwünlik berensoň, gurluşygyň patyşa tarapyndan gadagan edilendigine garamazdan, ybadathananyň dikeldilmegi dowam edildi. Duşmanlar ýene-de gurluşyga päsgel berjek boldy, ýöne bu başa barmady. Gurluşyk işini gadagan edýän kanun ýatyryldy we bäş ýylyň dowamynda ybadathana guruldy (Ezra 6:14, 15; Hag. 1:14, 15).

«Ýüregimizde ýollarymyz barada oýlanalyň»

Haggaýyň günlerindäki ýewreýler ýaly biz hem kynçylyga duşanda, sustupes bolarysmy? Şeýle ýagdaýda, bize hoş habary yhlasly wagyz etmek kyn bolar. Emma sustupeslik näme sebäpden bolup biler? Belki, biz zalym dünýäniň adalatsyzlygyndan ejir çekýändiris. Habakkuk pygamber şeýle diýdi: «Ýehowa, men ýene näçe gezek kömek soraryn, sen bolsa, eşitmersiň? Zorluk sebäpli, ýene näçe gezek kömege çagyraryn, sen bolsa, halas etmersiň?» (Hab. 1:2). Käbir adamlara Hudaýyň güni gijikýän ýaly görünýändigi sebäpli, mesihçi haýsy döwürde ýaşaýandygyny unudyp, baý ýaşamaga kowalaşýar. Senem şeýle ýagdaýa düşüp bilermiň? Bizem şeýle nädogry pikirde bolsak, özümizi aldarys. Mukaddes Ýazgylardaky «ýüregimizde ýollarymyz barada oýlanmak» we «sap pikirlerimizi oýarmak» diýen maslahatlara eýermek nähili wajyp! Özümize şeýle sorag berip bileris: «Men zalym dünýäniň soňy garaşan wagtymdan uzaga çekendigine geňirgenmelimi?»

Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilen döwür

Isanyň zalym dünýäniň soňy barada aýdan sözleri hakynda oýlanyp gör. Markusyň aýtmagyna görä, Isa soňky günler barada pygamberlik edende, birnäçe gezek oýa boluň diýip duýdurdy (Mar. 13:33—37). Ýehowanyň beýik güni Armageddon hakyndaky pygamberlikde hem şeýle duýduryş berilýär (Ylh. 16:14—16). Näme üçin duýduryşlar gaýtalanýar? Şeýle duýduryşlar wajyp, çünki adamlara Ýehowanyň güni uzaga çekýän ýaly görnüp, haýsy döwürde ýaşaýandygyny unudýar.

Zalym dünýäniň soňuna garaşanymyzda, oýa bolmagyň wajypdygyny Isa mysal arkaly düşündirýär. Isa öýi talanjak adam barada aýdýar. Ol öýi talanmaz ýaly näme edip biler? Bütin gije oýa bolsa, öýüni ýardyrmaz. Isa bu mysaly şeýle sözler bilen tamamlady: «Siz hem taýýar boluň; çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler» (Mat. 24:43, 44).

Bu mysal Ýehowanyň gününe garaşanymyzda, hatda şol gün gijikse-de, taýýar bolmalydygyny görkezýär. Zalym dünýäniň soňy garaşan wagtymyzdan uzaga çekýän ýaly görünse-de, biz çendenaşa aladalanmaly däl. Biz özümizi «Ýehowanyň güni gelmez» diýen nädogry pikir bilen aldamaly däl. Şeýle nädogry pikirde bolsak, hoş habary wagyz etmäge höwesimiz gaçar (Rim. 12:11).

Nädogry pikirlerden gaça dur

Nädogry pikirler barada Galatýalylar 6:7-de şeýle diýilýär: «Aldanmaň... adam näme ekse şony orar». Eger ýere ekin ekilmese, ony derrew haşal ot basar. Şonuň ýaly biz hem sap pikirlerimizi oýarmasak, nädogry pikirler aňymyzda kök urar. Meselem, biz: «Ýehowanyň güni hökman geler, ýöne tiz gelmez» diýip, pikir etmegimiz mümkin. Şeýle pikirde bolsak, teokratiki işlere yhlassyz gatnaşarys. Şonuň ýaly ýagdaýda gulluga höwesimiz gaçyp, ruhy taýdan uka gideris. Şonda Ýehowanyň güni biziň üçin duýdansyz geler (2 Pet. 3:10).

Eger biz hemişe «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň» nämedigini aňlasak, nädogry pikirler aňymyzda kök urmaz (Rim. 12:2). Bu babatda Mukaddes Ýazgylary yzygider okasak, gowy kömek eder. Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň bellän wagtynda adalatly hökümini hemişe ýerine ýetirjekdigine ynamymyzy berkider (Hab. 2:3).

Biz Mukaddes Ýazgylary okap, doga edip, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşyp, wagyz edip we ýagşylyk edip, «Hudaýyň gününiň gelmegini... çaltlandyrarys», ýagny ýatdan çykarmarys (2 Pet. 3:11, 12). Ýehowa biziň erjelligimizi görer. Pawlus resul bize: «Ýagşylyk etmekden ýadamalyň; çünki gowşamasak, wagtynda orarys» diýip, ýatladýar (Gal. 6:9).

Häzir «Ýehowanyň güni tiz gelmez» diýen nädogry pikir bilen özüňi aldamagyň wagty däl. Gaýtam, «Ýehowanyň güni has golaý» diýen pikiri berk ýüregimize düwmegiň wagty.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş