Elleriňizi berkidiň
«Pygamberleriň agzyndan çykýan sözleri şu gün eşidýänler... elleriňizi berkidiň» (ZAKARÝA 8:9).
1, 2. Haggaý bilen Zakarýanyň kitaplary näme üçin biziň ünsümizi çekmeli?
HAGGAÝ bilen Zakarýanyň pygamberlikleri takmynan 2 500 ýyl mundan öň ýazylsa-da, olar biziň üçinem ähmiýetli. Mukaddes Ýazgylar bu iki kitap arkaly diňe bir taryhy beýan etmeýär. Olaram «bize taglym üçin ýazylandyr» (Rimliler 15:4). Onsoňam, ondaky zatlaryň köpüsi 1914-nji ýylda gökde Patyşalyk berkarar bolandan bäri, bolýan wakalary ýatladýar.
2 Ençeme ýyl mundan öň Hudaýyň halky bilen bolan wakalar barada aýdyp, Pawlus resul şeýle diýdi: «Ýöne bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Korintoslylar 10:11). Belki, sen geň galyp: «Haggaý bilen Zakarýanyň kitaplarynyň biziň günlerimize näme ähmiýeti barka?» diýersiň.
3. Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberliklerinde nämä üns berilýär?
3 Geçen makalada aýdylyşy ýaly, Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberlikleri ýehudylaryň Babyl ýesirliginden azat edilip, Hudaýyň wada beren diýaryna gaýdyp gelen wagtlaryny öz içine alýar. Bu iki pygamberlikde ybadathananany dikeltmeklige üns berilýär. Ýehudylar b. e. öň 536-njy ýylda ybadathananyň düýbüni tutdular. Käbir gartaşan ýehudylar geçmişi ýatlap aglasalar-da, köpüsi «şatlykdan ýaňa gygyryşdylar». Aslyýetinde, has ähmiýetli waka biziň günlerimizde boldy. Nähili waka? (Ezra 3:3—13).
4. Birinji Jahan urşundan soň nämeler boldy?
4 Birinji Jahan urşundan soň Ýehowanyň mesh edilen mesihçileri Beýik Babylyň ýesirliginden azat edildi. Bu Ýehowanyň goldaýandygyny görkezýärdi. Ozal göräýmäge dini ýolbaşçylar we olaryň syýasy ýaranlary Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň wagyz işini togtadyp biläýjek ýalydy (Ezra 4:8, 13, 21—24). Emma Ýehowa Hudaý wagyz etmäge hem-de şägirt taýýarlamaga berýän päsgelçilikleri aýyrdy. 1919-njy ýyldan bäri, Patyşalygyň işi gitdigiçe giňeýär we ony hiç kim saklap bilenok.
5, 6. Zakarýa 4:7-däki pygamberlik uly möçberde nädip ýerine ýetýär?
5 Biz Ýehowanyň gullukçylarynyň biziň günlerimizde ýerine ýetirýän wagyz we öwretmek işini Hudaýyň mundan beýlägem goldajakdygyna ynanyp bileris. Zakarýa 4:7-de şeýle diýilýär: «Ol ýokarky burç daşy çykarar. Şonda: «Gör, ol nähili ajaýyp! Gör, ol nähili ajaýyp!» diýip gygyryşarlar». Biziň günlerimizde bu pygamberlik nädip uly möçberde ýerine ýetýär?
6 Zakarýa 4:7-de Älemiň Hökümdarynyň ruhy ybadathanasynyň ýerdäki howlusynda hakyky seždäniň kämilleşjek wagty görkezilýär. Bu ruhy ybadathana Ýehowanyň, Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly adamlary özüne ýakynlaşdyrmak üçin gören çäresi. Bu beýik ruhy ybadathana b. e. I asyryndan bäri bar. Emma ýerdäki hakyky sežde entegem kämilleşmeli. Häzir sežde edýänleriň millionlarçasy ruhy ybadathananyň ýerdäki howlusynda gulluk edýär. Olar we ençeme direljek adamlar Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda kämillige ýeter. Müňýyllygyň ahyrynda arassalanan ýerde diňe Hudaýyň hakyky sežde edijileri ýaşar.
7. Şu günler hakyky seždäniň kämilleşmeginde Isa nähili rol oýnaýar we bu bizi nämä howeslendirýär?
7 Zerubabel hökümdar bilen baş ruhany Ýeşuw b. e. öň 515-nji ýylda ybadathananyň dikelendigine şaýat boldular. Zakarýa 6:12, 13-nji aýatlarda hakyky seždäniň kämilleşmeginde Isanyň uly rolunyň bardygy öňünden aýdylýar: «Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Ynha, Şaha atly adam. Ol öz ýerinde gögerip, Ýehowanyň ybadathanasyny gurar... Ol öz tagtyna geçip, höküm sürer we tagtynda ruhany bolar». Dawudyň neslinden bolan patyşalaryň neberesini dowam edýän Isanyň ruhy ybadathanadaky Patyşalyk işine gökden ýolbaşçylyk edýäni üçin, bu işe hiç kim päsgel berip bilmez. Bu bizi gündeki aladalar bilen başagaý bolman, wagyz gullugymyza yhlasly gatnaşmaga höweslendirmeýärmi näme?
Ileri tutulmaly zat
8. Ruhy ybadathananyň işini biz näme üçin birinji orunda goýmaly?
8 Ýehowa bizi goldap, ak pata berer ýaly, ruhy ybadathanadaky işi durmuşymyzda birinji orunda goýmaly. «Entek wagty däl» diýen ýehudylardan tapawutlykda, biz «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy unutmaly däl (Haggaý 1:2; 2 Timoteos 3:1). Isa wepaly şägirtleriniň Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etjekdigini we şägirt taýýarlajakdygyny öňünden aýtdy. Bize ynanylan bu ähmiýetli işi gaýra goýmaly däl. Bu dünýäniň yzarlamalary esasynda wagtlaýynça togtadylan wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi 1919-njy ýylda dikeldildi, ýöne entek tamamlanmady. Bu işiň doly ýerine ýetjekdigine sen şübhelenmän bilersiň!
9, 10. Ýehowanyň patasyny almak üçin näme etmeli we ol näme aňladýar?
9 Bu işi nähili yhlasly dowam etsek, şoňa görä-de Hudaýyň patasyny alarys. Bu pata Ýehowanyň tutuş halkyna we onuň her bir gullukçysyna aýratynlykda degişli. Ýehowanyň wadalarynyň birinde bu sözleriň ýerine ýetjekdigi görünýär. Ýehudylar ýene-de ýürekden sežde edip başlanlarynda we yhlas bilen ybadathananyň gurluşygyny dowam edenlerinde, Ýehowa olara: «Şu günden başlap ak pata bererin» diýdi (Haggaý 2:19). Olar Hudaýyň merhemetini täzeden gazandylar. Ine, onuň wada beren bereketleri: «Parahatlyk tohumy ekiler, üzüm agajy miwe berer, ýer hasyl, gökler bolsa çyg berer. Men şu zatlaryň ählisini bu halkdan galan nesle miras bererin» (Zakarýa 8:9—13).
10 Bizem tabşyrylan işi yhlasly hem şatlykly ýerine ýetirsek, Ýehowanyň ýehudylara ruhy we maddy taýdan ak pata berşi ýaly, bize-de ak pata berer. Bu imandaşlarymyz bilen agzybirligi, howpsuzlygy, üstünligi we ruhy taýdan ösmekligi aňladýar. Onsoňam, ruhy ybadathanadaky işi Ýehowanyň isleýşi ýaly ýerine ýetirsek, onuň patalajakdygyny bilýäris.
11. Biz ruhy ýagdaýymyzy nädip kesgitläp bileris?
11 Häzir «ýüregimizi ýollarymyza gönükdirmegiň» tüýs wagty (Haggaý 1:5, 7). Biz durmuşymyzda birinji orunda goýan zatlarymyz barada oýlanmaly. Şu günler Ýehowanyň adyny şöhratlandyryşymyza we ruhy ybadathanadaky işini ýerine ýetirşinimize görä ol bize bereket berýär. Siz özüňize şeýle soraglar berip bilersiňiz: meniň ileri tutýan zatlarym üýtgedimikä? Meniň Ýehowa we onuň hakykatyna bolan yhlasym suwda çokundyrylan wagtymdaky ýalymy? Durmuşymy abadanlaşdyrmak höwesim Ýehowa we onuň Patyşalygyna bolan garaýşyma täsir edýärmi? «Başgalar näme pikir eder» diýen gorky Hudaýy şöhratlandyrmaga päsgel berýärmi? (Ylham 2:2—4).
12. Haggaý 1:6, 9-njy aýatlarda ýehudylaryň ýagdaýy nähili suratlandyrylýar?
12 Elbetde, biz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmaklyga sowuk-sala garap, onuň bereketinden mahrum bolasymyz gelenok. Haggaý 1:9-da aýdylyşy ýaly, ýehudylar ybadathanany erjellik bilen gurup başlasalar-da, soňy bilen «hersi öz jaýy barada alada edip başlady». Olar gündeki aladalary bilen başagaýdy. Şonuň üçin olar «az hasyl aldylar», ýagny gowy iýmite, içgä we gyş eşigine mätäç boldular (Haggaý 1:6). Olar Ýehowanyň bereketinden mahrum boldy. Biz mundan nähili sapak edinip bileris?
13, 14. Haggaý 1:6, 9-njy aýatlardan biz nähili sapak edinip bileris we bu näme üçin wajyp?
13 Mundan beýlägem Hudaýyň patasyny alar ýaly, Ýehowanyň seždesine zyýan ýetirýän isleglere garşy durmaly dälmi näme? Şonuň üçin tiz baýamak ýa-da abraýly wezipe edinmek üçin ýokary okuw jaýyna girmek hem-de özüňi kämilleşdirmek üçin goşmaça bilim almak ýaly islegler biziň ünsümizi sowup biler.
14 Aslynda, bu zatlaryň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne ebedi ýaşaýşy göz öňünde tutsak, onda bular «ölüm getirýän işler» dälmi? (Ýewreýler 9:14). Haýsy manyda? Olar ruhy taýdan öli, biderek we peýdasyz. Eger şol işler bilen başagaý bolsak, ruhy taýdan ölüme getirip biler. I asyrdaky käbir mesh edilen mesihçiler hem-de biziň günlerimizdäki käbir mesihçiler şeýle ýagdaýa düşdi (Filipililer 3:17—19). Mümkin, siz kem-kemden wagyzdan sowaşyp, ýygnaga-da gatnaman, häzirem Ýehowa dolanasy gelmeýänleri bilýänsiňiz. Elbetde, biz şol adamlaryň Ýehowa dolanjakdygyna umyt edýäris, ýöne «ölüm getirýän işler» bilen başagaý bolsak, Ýehowanyň merhemetini we ak patasyny ýitirjekdigimiz hakdyr. Munuň soňunyň gaýgyly gutarýandygyny görýän bolsaňyz gerek. Bu Hudaýyň ruhunyň miwesi bolan şatlygy hem-de parahatlygy ýitirmekdir. Üstesine-de, bu bizi ýygnakdaky doganlykdan daşlaşdyrýar (Galatýalylar 1:6; 5:7, 13, 22—24).
15. Ýehowa sežde etmeklige nähili garamalydygyny Haggaý 2:14 nädip görkezýär?
15 Munuň örän wajyp meseledigini bilmek üçin Ýehowanyň öýüni äsgermezlik edip, öz jaýyny bezäp başlan ýehudylara bolan Hudaýyň garaýşyna seredeliň. Haggaý 2:14-de: «Ýehowa şeýle diýýär: «Bu adamlaram edil şonuň ýaly, bu halkam meniň öňümde şeýle, olaryň elleriniň işleri-de, olaryň ol ýere getirýän zatlary-da — barysy haram» diýilýär. Ýehudylar Iýerusalimdäki wagtlaýyn gurbanlyk edilýän ýerde gurbanlyk berseler-de, olar Ýehowa ýaramaýardy, sebäbi olar hakyky seždäni terk etdiler (Ezra 3:3).
Hudaý goldajakdygyny aýdýar
16. Zakarýanyň gören görnüşinde ýehudylara näme wada berilýär?
16 Hudaýyň Zakarýa pygambere beren sekiz görnüşi ybadathanany gurýan wepaly ýehudylary Ýehowanyň goldajakdygyny görkezýär. Birinji görnüşde, eger ýehudylar gulak asyp, gurluşygy dowam etseler, ybadathananyň gurlup gutaryljakdygy, Iýerusalim bilen Ýahudanyň gülläp ösjekdigi wada berilýär (Zakarýa 1:8—17). Ikinji görnüşde, hakyky seždä päsgel berýän hökümetleriň ýok ediljekdigi aýdylýar (Zakarýa 1:18—21). Galan görnüşlerde bolsa, gurluşyk işinde olary Hudaýyň gorajakdygy, Ýehowanyň dikeldilen ybadathanasyna hemme milletlerden adamlaryň geljekdigi, hakyky parahatçylygyň we howpsuzlygyň boljakdygy, Hudaýyň işindäki aýryp bolmajak ýaly görünýän päsgelçilikleriň aýryljakdygy, erbetligiň ýok ediljekdigi hem-de halkyň perişdeleriň goragynda ýaşajakdygy görkezilýär (Zakarýa 2:5, 11; 3:10; 4:7; 5:6—11; 6:1—8). Ýokarda agzalanlary eşidip, ýehudylar durmuşyny üýtgetdiler we Ýehowanyň tabşyran işine üns berdiler, çünki Hudaý olary şonuň üçin azat edipdi.
17. Wadalary göz öňünde tutup, biz özümize nähili soraglar bermeli?
17 Hakyky seždäniň dabaralanjaklygy baradaky wadalar bizi yhlasly bolmaga we Ýehowanyň ruhy ybadathanasyndaky gulluga çynlakaý garamaga höweslendirmeli. Özüňe şeýle soraglar ber: meniň maksadym hem-de durmuşym Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegiň we şägirt taýýarlamagyň tüýs wagtydygyna ynanýandygymy görkezýärmi? Hudaýyň pygamberlikleriniň wajypdygyna düşünýänmi, olary öwrenmek üçin ýeterlik wagt sarp edýänmi, başgalara hem-de dogan-uýalara gürrüň berýänmi?
18. Zakarýa kitabynyň 14-nji babyna görä gelejekde näme bolmaly?
18 Zakarýa Beýik Babyl ýok edilenden soň, Armageddon urşunyň boljakdygyny aýtdy. Biz şeýle sözleri okaýarys: «Ol güne Ýehowanyň güni diýler. Bu ne gündiz, ne-de gije bolar; agşamara yşyk peýda bolar». Hawa, Ýehowanyň güni, dogrudanam, onuň ýer ýüzündäki duşmanlary üçin garaňky we gorkunç gün bolar! Ýehowanyň wepaly gullukçylary üçin bolsa ýagtylyk saçar, sebäbi Hudaý olara merhemet eder. Şeýle-de Zakarýa täze dünýäde hemmeler Ýehowanyň mukaddesligini şöhratlandyrjakdygyny aýtdy. Hudaýyň ýer ýüzündäki beýik ruhy ybadathanasynda ýeke-täk hakyky sežde bolar (Zakarýa 14:7, 16—19). Gör, nähili ajaýyp wada! Biz pygamberlikleriň ýerine ýetişini we Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanyşyny göreris. Hawa, ol gün — Ýehowanyň güni bolar!
Ebedi bereketler
19, 20. Zakarýa 14:8, 9-njy aýatlar bizi näme üçin ruhlandyrýar?
19 Şu uly wakalardan soň Şeýtan we onuň jynlary hereketsizligi aňladýan tümlüge baglanar (Ylham 20:1—3, 7). Şonda Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda bol bereketler eçiler. Zakarýa 14:8, 9-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Şol gün Iýerusalimden dirilik suwy akar, ýarysy gündogar deňzine, ýarysy bolsa günbatar deňzine. Tomsuna-da, gyşyna-da şeýle bolar. Ýehowa ýer ýüzüniň patyşasy bolar. Şol gün Ýehowa ýeke-täk bolar, onuň ady hem ýeke-täkdir».
20 Adamlara ebedi ýaşaýşa ýetmäge kömek edýän Ýehowanyň çäreleri, ýagny «dirilik suwy» ýa-da «ýaşaýyş suwunyň derýasy» Mesihi Patyşalykdan dynman akar (Ylham 22:1, 2). Ýehowanyň gullukçylarynyň uly märekesi Armageddonda diri galyp, Adam ata berlen ölüm jezasyndan azat bolar. Ölen adamlaram direlip, şol bereketleri alar. Şonda Ýehowa ýeriň üstünden ýene-de höküm sürüp başlar. Ýer ýüzündäki adamlar Ýehowany Hökümdar hökmünde kabul ederler, çünki seždä diňe Ýehowa mynasyp.
21. Biz näme etmegi ýüregimize berk düwmeli?
21 Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberliklerine we olaryň ýerine ýetişine seredip, Ýehowanyň ruhy ybadathanasynyň howlusynda bize tabşyrylan işi berjaý eder ýaly, degerli esaslary görýäris. Hakyky sežde kämilleşýänçä, geliň, hemmämiz Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýalyň! Zakarýa 8:9-daky Hudaýyň sözi bize: «Pygamberleriň agzyndan çykýan sözleri şu gün eşidýänler... elleriňizi berkidiň» diýýär.
Ýadyňyzdamy?
• Haggaý bilen Zakarýanyň kitaplarynda biziň günlerimize degişli näme bar?
• Haggaý bilen Zakarýa ileri tutulmaly zatlar barada bize näme öwredýär?
• Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberliklerinden öwrenen zatlarymyz näme üçin gelejege umyt berýär?