Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/12 sah. 8—116
  • Haggaý we Zakarýa kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Haggaý we Zakarýa kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ÝÜREKLERIŇIZDE ÖZ ÝOLLARYŇYZ BARADA OÝLANYŇ»
  • (Haggaý 1:1—2:23)
  • «GÜÝÇ BILEN DÄL-DE, MENIŇ RUHUM BILEN»
  • (Zakarýa 1:1—14:21)
  • Yhlasly gulluk edýärler
  • Elleriňizi berkidiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Halkym, men siziň bilendirin!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Söweş arabalary we täç sizi gorar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Imanyňy berkidýän görnüş
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/12 sah. 8—116

Ýehowanyň Sözi diri

Haggaý we Zakarýa kitabyndan peýdaly pikirler

B. E. ÖŇ 520-nji ýyldy. Ýehudylaryň Babyl sürgüninden boşap, Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň düýbüni tutanyna on alty ýyl geçdi. Emma ybadathana heniz hem gurulmandy, gurluşyk işleri-de gadagan edilipdi. Ýehowa öz sözlerini yglan etmek üçin Haggaý pygamberi we iki aý geçensoň, Zakarýa pygamberi belleýär.

Haggaý bilen Zakarýanyň maksady birdi, olar ybadathananyň gurluşyk işlerini dowam etdirmek üçin halky gaýrata galdyrmalydy. Bu pygamberleriň eden tagallasy ýerine düşüp, ybadathana bäş ýyldan soň gurulýar. Olaryň sözleri Mukaddes Ýazgylardaky Haggaý we Zakarýa kitaplarynda habar berilýär. Haggaý kitaby b. e. öň 520-nji ýylda, Zakarýa kitaby bolsa b. e. öň 518-nji ýylda ýazylyp gutarylýar. Şu pygamberler ýaly biziňem zalym dünýäniň soňy gelmänkä, ýerine ýetirmeli Hudaý tarapyndan berlen ýumşumyz bar. Biz Patyşalyk barada wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly. Geliň, Haggaý bilen Zakarýa kitaplarynyň bizi nähili ruhlandyryp biljekdigine seredeliň.

«ÝÜREKLERIŇIZDE ÖZ ÝOLLARYŇYZ BARADA OÝLANYŇ»

(Haggaý 1:1—2:23)

Haggaý 112 günüň dowamynda dört sany höweslendiriji habary yglan edýär. Olaryň birinjisinde şeýle diýilýär: «Ýürekleriňizde öz ýollaryňyz barada oýlanyň». Ýehowa diýýär: «Men razy bolup, şöhratlanar ýaly, daga çykyň, agaç getirip, ybadathanany guruň» (Haggaý 1:7, 8). Halk muňa gowy seslenýär. Ikinji habarda şeýle wada berilýär: «Men [Ýehowa] bu öýi şöhratdan dolduraryn» (Haggaý 2:7).

Üçünji habarda bolsa, ybadathananyň gurluşyk işlerine adamlaryň biperwaý garaýandygy üçin, halky we «olaryň elleriniň işleriniň... barysyny» Ýehowanyň haram hasaplaýandygy aýdylýar. Emma gurluşyk işleri dowam edenden, Ýehowa «ak patasyny berip» başlaýar. Dördünji habarda Ýehowa «milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin» we Zerubabel hökümdar «möhürli ýüzük bolar» diýýär (Haggaý 2:14, 19, 22, 23).

Sowallaryň jogaby:

1:6 — «Içýärsiňiz, ýöne serhoş bolmaýarsyňyz» diýen sözler nämäni aňladýar? Bu sözler şerabyň ýetmezlik edýändigini aňladýar. Ýehowa ýehudylara ak pata bermändigi sebäpli, olaryň şeraby serhoş bolmaga ýetmeýär.

2:6, 7, 21, 22 — Kim ýa-da näme titredýär we bu nähili netije berýär? Bütin dünýäde Patyşalyk baradaky habaryň wagyz edilmegi arkaly Ýehowa «ähli halklary titredýär». Wagyz işiň netijesinde «bütin halklardan arzyly adamlar» Ýehowanyň öýüne gelip, ony şöhratdan doldurarlar. «Goşunlar Hudaýy Ýehowa» öz wagtynda «gögi, ýeri, deňzi we gury ýeri titreder» we häzirki zalym dünýäni bütinleý ýok eder (Ýewreýler 12:26, 27).

2:9 — Haýsy manyda «soňky ybadathananyň şöhraty öňki ybadathananyň şöhratyndan ýokarydy»? Onuň azyndan üç sebäbi bar: ol köp ýyl saklandy, onda iň beýik Mugallym tälim berdi we ol ybadathana Ýehowa sežde etmäge köp adamlar geldi. Süleýmanyň şöhratly ybadathanasy 420 ýyl, ýagny b. e. öň 1027-nji ýyldan b. e. öň 607-nji ýyla çenli saklanan hem bolsa, «soňky öý» 580 ýyl, ýagny b. e. öň 515-nji ýyldan b. e. 70-nji ýylynda derbi-dagyn edilýänçe saklandy. Galyberse-de, Isa Mesih «soňky öýde» tälim berdi we Hudaýa sežde etmäge birinjä garanda, ikinji ybadathana köp adam geldi (Resullaryň işleri 2:1—11).

Biziň üçin sapak:

1:2—4. Duşmanlar wagyz işimize päsgel berip, «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtarman», öz islegimizi agtarmagymyza sebäp bolmaly däl (Matta 6:33).

1:5, 7. Biz «ýüregimizde öz ýollarymyz barada oýlansak» hem-de edýän işlerimiziň Ýehowa bilen gatnaşygymyza nähili täsir edýändigi hakynda oýlansak paýhasly bolar.

1:6, 9—11; 2:14—17. Haggaýyň döwründäki ýehudylar öz bähbitleri üçin agyr zähmet çekýärdiler, emma eden işleriniň miwesini görmeýärdiler. Olar ybadathananyň gurulmagyna biperwaý garandyklary üçin Hudaýyň berekedinden mahrum boldular. Biz ruhy işleri birinji orunda goýup, Hudaýa bütin janymyz bilen gulluk etmeli. Maddy zatlarymyz köp bolsun, az bolsun Ýehowanyň berekediniň baý edýändigini ýatdan çykarmaly däl (Süleýmanyň tymsallary 10:22).

2:15, 18. Ýehowa ýehudylary şol günden başlap, soňky günlere ýagny öňki biperwaý garaýşyna däl-de, gurluşyk işleri barada oýlanmaga höweslendirýär. Bizem Ýehowa yhlasly gulluk edip gelejege seretmeli.

«GÜÝÇ BILEN DÄL-DE, MENIŇ RUHUM BILEN»

(Zakarýa 1:1—14:21)

Zakarýa pygamberlik gullugyna başlanda, ýehudylary «Ýehowa dolanmaga» çagyrýar (Zakarýa 1:3). Onuň yzly-yzyna gören sekiz görnüşi ybadathananyň gurluşyk işlerinde Hudaýyň goldaw berjekdigine güwä geçýär («Zakarýanyň göçme manyly görnüşi» diýen çarçuwa serediň). Ybadathananyň gurluşyk işleri tamamlanýar, emma «goşun ýa-da güýç bilen däl-de, meniň [Ýehowanyň] ruhy bilen» gurulýar (Zakarýa 4:6). Şaha atly adam «Ýehowanyň ybadathanasyny gurar» we «tagtynda ruhany bolar» (Zakarýa 6:12, 13).

Iýerusalim derbi-dagyn edilendigine oraza tutmalymydygyny ruhanylardan soramak üçin Beýtele adam iberilýär. Ýehowa Zakarýa Iýerusalimiň başyna inen betbagtçylygy ýatlamak üçin tutulmaly dört oraza «guwanç bilen şatlyga we şagalaňly baýramçylyga» öwrüljekdigini aýdýar (Zakarýa 7:2; 8:19). Indiki iki habar halklaryň we ýalan pygamberleriň höküm ediljekdigini, Mesih barada pygamberlikleri hem-de Hudaýyň halkynyň galkynyşyny habar berýär (Zakarýa 9:1; 12:1).

Sowallaryň jogaby:

2:1 — Näme üçin bir adam Iýerusalimi ýüp bilen ölçeýär? Bu şäheriň daşyndan gorag diwarlarynyň gurulýandygyny aňladýar. Perişde bu adama Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň köpelýändigi we Ýehowanyň goraýandygy barada aýdýar (Zakarýa 2:3—5).

6:11—13 — Baş ruhany Ýeşuwa täç geýdirilende, bu onuň patyşa bolandygyny aňladýarmy? Ýok, sebäbi Ýeşuw Dawut patyşanyň neslinden däldi. Emma oňa täç geýdirilende, ol Mesihiň pygamberlik nyşany boldy (Ýewreýler 6:20). «Şaha» baradaky pygamberlik gökdäki Patyşa-Ruhany Isa Mesihde ýerine ýetdi (Ýeremiýa 23:5). Dolanyp gelen ýehudylara dikeldilen ybadathanada Ýeşuwyň baş ruhany bolşy ýaly, Isa-da Ýehowanyň ruhy ybadathanasynda hakyky seždäniň Baş Ruhanysy bolýar.

8:1—23 — Bu aýatlardaky on sany wada haçan ýerine ýetdi? Bu wadalaryň her biri «Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär» diýen jümle bilen başlanýar we Ýehowanyň halkyna parahatlygy wada edýändigi aýdylýar. Bu wadalaryň käbiri b. e. öň altynjy asyrda ýerine ýetdi, ýöne olaryň ählisi 1919-njy ýyldan bäri ýa-da şu günler ýerine ýetýära.

8:3 — Näme üçin Iýerusalim «hakykat şäheri» diýip atlandyryldy? B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim ýok edilmänkä, oňa «eziji şäher» diýilýärdi, onda ýalan pygamberler, satlyk ruhanylar we biwepa halk ýaşaýardy (Sefanýa 3:1; Ýeremiýa 6:13; 7:29—34). Ybadathana gurlup, halk Ýehowa yhlasly sežde edip başlandan soň, ol ýerde hakyky arassa sežde dikeldildi we Iýerusalim «hakykat şäheri» diýip atlandyryldy.

11:7—14 — Zakarýanyň «Lezzet» we «Baglanyşyk» diýen hasalary döwmegi nämäni aňladýar? Zakarýa «heläk bolmaly sürini bakmaga» iberilýär. Bu süri ýolbaşçylary tarapyndan ezilýän goýna meňzeş adamlary aňladýar. Zakarýa çopan hökmünde iberilip, Isa Mesihiň nusgasy bolýar. Ol Hudaýyň äht baglaşan halkyna iberilýär, ýöne olar ony ret edýärler. Zakarýanyň «Lezzet» diýen hasanyň döwmegi, Hudaýyň ýehudylar bilen Kanun ähtini bozup, olar bilen gatnaşygyny bes edendigini görkezýär. «Baglanyşyk» diýen hasanyň döwmegi bolsa, Ýahuda bilen Ysraýylyň doganlyk gatnaşygynyň kesilmegini aňladýar.

12:11 — «Megiddo jülgesindäki Gadadrimmon agysy» nämäni aňladýar? Ýahudanyň patyşasy Ýoşiýa Müsüriň faraony Nehao bilen söweşde «Megiddo jülgesinde» öldürilýär, ençeme ýyldan soň hem, onuň ölümini «nalyşly aýdym» edip aýdýardylar (2 Taryhlar 35:25). Şeýlelikde, «Megiddo jülgesi» Ýoşiýanyň ölüminiň agyly aýdymyny aňladýar.

Biziň üçin sapak:

1:2—6; 7:11—14. Ýehowa toba edip, düzelýän we oňa bütin jany bilen gulluk edýän adamlar ýaraýar. Göçme manyda aýdanyňda, ol şeýle adamlara dolanýar. Ýöne, ol gulak asmaýan, arkasyny öwürýän we onuň habaryna gulagyny dykýan adamlara kömek etmäge seslenmeýär.

4:6, 7. Ybadathananyň gurluşygy üstünlikli tamamlanar ýaly Ýehowanyň ruhuna hiç zat päsgel berip bilmeýär. Hudaýa gulluk edende duş gelýän islendik kynçylyklary Ýehowa iman edip ýeňip bileris (Matta 17:20).

4:10. Ýehowanyň gözegçiligi astynda Zerubabel we onuň halky Hudaýyň belent kadalary esasynda ybadathananyň gurluşygyny tamamlaýarlar. Ýehowanyň islegine görä ýaşamak bikämil adamlar üçin agyr däl.

7:8—10; 8:16, 17. Ýehowany razy etmek üçin biz adalatly bolmaly, merhemetlilik bildirmeli, rehimdar bolmaly we bir-birimize hakykaty aýtmaly.

8:9—13. Ýehowanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin elimizi berkitsek, ol bizi sylaglaýar. Muňa parahatlyk, howpsuzlyk we ruhy üstünlik ýaly bereketler degişli.

12:6. Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edýän doganlar «lowlap ýanýan ot» ýaly, ýagny yhlasy bilen belli bolmaly.

13:3. Biziň hak Hudaýa we onuň guramasyna bolan wepalylygymyz dogan-garyndaşlyk gatnaşygyndan hem güýçli bolmaly.

13:8, 9. Ýehowanyň ret eden duşmanlary ýurduň köp bölegini, ýagny üçden iki bölegini tutýar. Diňe üçden bir bölegi otdan geçen ýaly synagdan geçer. Häzirki hristian dünýäsini, ýagny özüni mesihçi diýip hasaplaýanlaryň köpüsini Ýehowa ret etdi. Diňe mesh edilen mesihçiler Ýehowanyň adyny göterip, özüni ruhy taýdan arassalatmaga ýol berýärler. Mesh edilenler we olaryň ýoldaşlary diňe bir sözde Ýehowanyň Güwäçileri diýen ady götermeýärler.

Yhlasly gulluk edýärler

Haggaý bilen Zakarýanyň yglan eden habary bize şu günler nähili täsir etmeli? Olaryň habarynyň ýehudylary ybadathananyň gurluşyk işlerini dikeltmäge höweslendirendigi barada oýlananda, bizi Patyşalyk baradaky habary wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga yhlasly gatnaşmaga höweslendirmeýärmi?

Zakarýa Mesihiň «eşege münüp» geljekdigini, «otuz bölek kümşe» satyljakdygyny, onuň urlup, «sürüdäki goýunlaryň dagajakdygyny» öňünden aýtdy (Zakarýa 9:9; 11:12; 13:7). Zakarýanyň Mesih baradaky ýerine ýeten pygamberlikleri barada oýlansak, imanymyz diýseň berkär! (Matta 21:1—9; 26:31, 56; 27:3—10). Ýehowanyň Sözüniň hakykatdygyna we Hudaýymyzyň gutulyşymyz barada alada etjekdigine biz öňküdende has ynanýarys (Ýewreýler 4:12).

[Çykgyt]

a «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 1996-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-ine çykan sanynyň 9—22-nji sahypalaryna serediň.

[11-nji sahypadaky çarçuwa]

ZAKARÝANYŇ GÖÇME MANYLY GÖRNÜŞI

1:8—17. Ybadathana dikeldilip, Iýerusalim we beýleki Ýahuda şäherlerine ak pata beriljekdigi aýdylýar.

1:18—21. Ýahudany dagadan dört şahyň, ýagny Ýehowanyň arassa seždesine garşy çykýan ähli döwletleriň ýok ediljekdigini görkezýär.

2:1—13. Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň köpeljekdigine we Ýehowa onuň «daşynda otly diwar» kimin gorag boljakdygyna umyt berýär.

3:1—10. Ybadathananyň dikelmegine Şeýtanyň päsgel berendigini we baş ruhany Ýeşuwyň halas bolup, arassalanandygyny görkezýär.

4:1—14. Dag ýaly päsgelçilikleri «düzlüge öwrüljekdigini» ýa-da aýryljakdygyny, Zerubabel hökümdaryň bolsa ybadathananyň gurluşyk işlerini tamamlajakdygyny görkezýär.

5:1—4. Jeza berilmedik zalym adamlara nälet aýdylýar.

5:5—11. Erbetlikleriň ýok ediljekdigi aýdylýar.

6:1—8. Perişdeleriň kömek etjekdigini we gorajakdygyny görkezýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş