Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 49 sah. 122—sah. 123 abz. 3
  • Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Yzarlamalara garamazdan wagyz etmäge taýyn
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa 70 şägirdini wagyz etmäge iberýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa hoş habary wagyz edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 49 sah. 122—sah. 123 abz. 3
Isa resullaryna tälim berýär we olary iki ikiden wagyza iberýär

49-NJY BAP

Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär

MATTA 9:35—10:15; MARKUS 6:6—11; LUKA 9:1—5

  • ISA ÝENE-DE JELILEDE WAGYZ EDÝÄR

  • OL RESULLARYNY WAGYZ ETMÄGE UGRADÝAR

Isa takmynan iki ýyl yzyny üzmän wagyz edýär. Indi onuň dynç almaly wagty gelendir? Emma Isa beýle pikir etmeýärdi, gaýtam, ol wagyz işini has güýçli depginde alyp barýar. Ol «ähli şäherlere we obalara aýlanyp, olaryň sinagogalarynda adamlara öwredýärdi, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi. Şeýle-de ol her dürli keselli we syrkaw adamlary sagaldýardy» (Matta 9:35). Hawa, Isa has köp wagyz etmelidigine düşünýärdi. Ýöne ol muny nädip eder?

Isa pygamber wagyz edende, adamlaryň ruhy taýdan kömege mätäçdigini görýär. Sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz we pytraňňydy. Isanyň adamlara haýpy gelýärdi, şonuň üçin ol şägirtlerine ýüzlenip: «Hawa, hasyl bol, ýöne işçi az. Şonuň üçin hasyly ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýýär (Matta 9:37, 38).

Isa resullaryna tälim berýär we olary iki ikiden wagyza iberýär

Isa hasyl Eýesiniň kömek etjekdigini bilýärdi. Ol 12 resulyny ýygnaýar-da, olary iki-ikiden wagyz etmäge iberýär. Isa olara anyk görkezme berip, şeýle diýýär: «Özge milletlere gitmäň we samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň; diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryny gözläň. Ýolda barýarkaňyz: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň» (Matta 10:5—7).

Şägirtleriň wagyz edýän Patyşalygy barada Isa nusgalyk dogasynda agzapdy. Dogrudan-da, «gökdäki Patyşalyk golaýlady», sebäbi Hudaýyň bellän Patyşasy Isa Mesih eýýäm ýer ýüzüne gelipdi. Emma şägirtler şol Patyşalygyň wekilidiklerini nädip subut ederler? Isa olara syrkawlary sagaltmaga hatda ölüleri-de direltmäge güýç berýär we muny mugt etmegi tabşyrýar. Onda resullaryň gündelik zerurlyklary hakda kim alada ederkä?

Şägirtleri wagyz etmäge gidende, Isa olara maddy zatlaryň aladasyny etmezligi tabşyrýar. Olar torbalarynda altyn, kümüş ýa-da mis almaly däldiler. Şeýle-de iýmit üçin ne torba, ne eşik, ne-de aýakgap almalydylar. Isa näme üçin şeýle tabşyryk berdikä? Sebäbi onuň aýtmagyna görä, «işçi çörege mynasypdyr» (Matta 10:10). Hawa, hoş habara seslenýän adamlar şägirtleriň esasy zerurlyklary barada alada ederler. Isa olara: «Haýsy öýe barsaňyz-da, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň» diýýär (Markus 6:10).

Isa Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek babatda şeýle görkezme berýär: «Öýe gireniňizde, içerdäkilere salam beriň. Eger olar sizi kabul etseler, onda bereket alarlar. Emma kabul etmeseler, berekediňiz size gaýdyp geler. Kimdir biri sizi kabul etmese ýa-da sözleriňizi diňlemese, şol öýden, ýa-da şäherden çykanyňyzda aýagyňyzyň tozanyny kakyň» (Matta 10:12—14).

Eger tutuş şäheriň ýa obanyň ýaşaýjylary hoş habara seslenmese näme? Eýsem, şeýle adamlara näme bolar? Isa olaryň agyr höküme sezewar boljakdygyny şeýle düşündirýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, Höküm gününde Sodom Gomorranyň ýaşaýjylaryna şol şähere garanyňda, has aňsat düşer» (Matta 10:15).

  • Isa Jeliledäki ikinji wagyz syýahatyna haçan başlaýar we adamlar babatda nämelere üns berýär?

  • Isa 12 resulyny wagyz etmäge nädip iberýär we nähili görkezme berýär?

  • «Gökdäki Patyşalyk golaýlady» diýmek nämäni aňladýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş