Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 50 sah. 124—sah. 125 abz. 5
  • Yzarlamalara garamazdan wagyz etmäge taýyn

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yzarlamalara garamazdan wagyz etmäge taýyn
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa Jelilede wagyz edýär we resullaryna tälim berýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Resullar ýene-de wezipä kowalaşýarlar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 50 sah. 124—sah. 125 abz. 5
Goýunlar we möjekler

50-NJI BAP

Yzarlamalara garamazdan, wagyz etmäge taýyn

MATTA 10:16—11:1; MARKUS 6:12, 13; LUKA 9:6

  • ISA RESULLARYNA TÄLIM BERIP, WAGYZ ETMÄGE UGRADÝAR

Isa resullaryny iki-ikiden wagyz etmäge ugradanda, wajyp görkezmeleri berýär. Emma ol munuň bilen çäklenmeýär. Ol şägirtleriniň duş geljek kynçylyklary barada şeýle duýduryş berýär: «Ine, men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn... Ägä boluň, sebäbi adamlar sizi kazyýete elterler we sinagogalarda ýenjerler. Meniň şägirdimdigiňiz üçin, olar sizi hökümdarlaryň we patyşalaryň öňüne alyp bararlar» (Matta 10:16—18).

Hawa, Isanyň şägirtleri ýowuz yzarlamalara uçramaklary mümkindi, ýöne olar alada etmez ýaly Isa şeýle diýýär: «Sizi olaryň öňüne eltenlerinde, näme ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň. Sebäbi näme aýtmalydygyny şol bada bilersiňiz. Şonda diňe siziň özüňiz däl, eýsem, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär. Şeýle-de adamlar öz doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ata-enesine garşy çykyp, olary öldürerler. Meniň adyma iman edýändigiňiz üçin hemmeler sizi ýigrener. Emma soňuna çenli çydan halas bolar» (Matta 10:19—22).

Wagyz etmek örän wajyp bolany üçin, Isa şägirtlerine duşmanlaryň eline düşmez ýaly, seresap bolmalydygyny aýdýar. Ol: «Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, ynsan Ogly Ysraýylyň ähli şäherlerini aýlanyp ýetişmänkäňiz geler» diýýär (Matta 10:23).

Isanyň 12 resuly möhüm görkezmeleri we duýduryşlary eşidip, gör, nähili ruhlanandyr! Bu maslahatlar Isa direlenden soň, hoş habary wagyz edýän şägirtlere, ýagny bize-de peýdalydyr. Sebäbi Isa şägirtlerine «hemmeler sizi ýigrener» diýipdi. Bu sözler diňe resullaryň wagyz eden adamlaryny däl-de, eýsem, bütin dünýädäki adamlary aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda resullaryň Jelilede wagyz eden wagty, olary hökümdarlaryň we patyşalaryň öňüne eltendikleri ýa-da maşgala agzalarynyň ölüme tabşyrandyklary barada hiç zat aýdylmaýar.

Diýmek, Isa gelejekde boljak wakalary göz öňünde tutupdy. Häzir bolsa Isanyň «ynsan Ogly... gelýänçä», şägirtleriň hemme ýerlerde wagyz edip ýetişmejekdigi hakyndaky aýdan sözlerine seredeliň. Onuň aýtmagyna görä, şägirtler Hudaýyň Patyşalygy barada hemme ýerlerde wagyz edip ýetişmänkä, şöhratlanan Patyşamyz Isa Mesih Hudaýyň kazysy hökmünde geler.

Şonuň üçin resullar wagyz edende, garşylyklaryň boljakdygyna geň galmaly däldiler. Sebäbi Isa: «Şägirt halypasyndan, gul hem hojaýynyndan uly däldir» diýýär. Isa Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edendigi üçin ony ýigrenýärdiler we yzarlaýardylar. Diýmek, onuň şägirtlerini-de şeýle ederler. Emma Isa: «Bedeni öldürip, ýöne jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň; gaýtam, hem jany, hem bedeni Jähennemde ýok edip bilýänden gorkuň» diýýär (Matta 10:24, 28).

Isa bu babatda gowy görelde görkezýär. Ol ähli güýje eýe bolan Ýehowa wepaly galmak üçin ölüme-de razy bolýar. Hawa, Gudratygüýçli Hudaý adamyň «janyny» (onuň gelejege bolan umydy) ýok edip hem bilýär ýa-da ony direldip, ebedi ýaşaýyş sylagyny berip hem bilýär. Bu sözler resullara, gör, nähili teselli berendir!

Isa şägirtlerine Hudaýyň olaryň söýgi bilen aladasyny edýändigini şeýle suratlandyrýar: «Iki serçäni bir teňňä satýarlar, şeýle dälmi? Emma olaryň ýekejesi-de ýere gaçanda, gökdäki Ataňyzyň nazaryndan sypýan däldir. Şonuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden-de has gymmatlysyňyz» (Matta 10:29, 31).

Goýunlar we möjekler

Isanyň şägirtleriniň wagyz edýän habary maşgalada bölünişik döreder, ýagny käbiri ony kabul etse, başgalary etmez. Isa muny şeýle düşündirýär: «Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň». Hawa, bu sözler Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty kabul edýän maşgala agzalaryna batyrgaý bolmaga kömek edýär. Şeýle-de Isa: «Kim atasyny ýa enesini menden has köp söýse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir; kim ogluny ýa gyzyny menden has köp söýse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» diýýär (Matta 10:34, 37).

Emma şägirtleri kabul etjek adamlaram bolar. Sebäbi Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, şägirtlerimden birine şägirdim bolandygy üçin bir käse sowuk suw berýän adam hökman sylagyny alar» diýýär (Matta 10:42).

Isanyň beren görkezmelerini we duýduryşlaryny alan resullar ruhlandylar-da, «obama-oba aýlanyp, ähli ýerlerde hoş habary yglan etmäge we syrkawlary sagaltmaga» gitdiler (Luka 9:6).

  • Isa şägirtlerine nähili görkezmeleri berýär?

  • Ol nähili ruhlandyryjy we teselli beriji sözleri aýdýar?

  • Isanyň görkezmeleri näme üçin bize-de degişli diýse bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş