11-NJI BÖLÜM
Ýehowa bizi eşidýärmi?
Hudaý biziň doga-dileglerimizi eşidýär. 1 Petrus 3:12
Ýehowa «dogalary eşidýär» (Zebur 65:2). Hudaý biziň oňa ýüregimizi dökmegimizi isleýär.
Diňe Ýehowa doga et.
Biz köp zatlar barada doga edip bilýäris. 1 Ýahýa 5:14
Hudaýyň isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşmagy üçin doga et.
Ýagşylyk etmek üçin Ýehowadan kömek sora. Şeýle-de sen iýmit, iş, jaý, eşik, jan saglygyň barada doga edip bilersiň.
Isanyň adyndan doga et. Şeýtseň, Isanyň seniň üçin eden işlerini gymmat saýýandygyňy görkezersiň.