12-NJI BÖLÜM
Maşgalaňyzy nädip bagtly edip bilersiňiz?
Maşgalany bagtly etmek üçin birek-biregi söýmeli. Efesliler 5:33
Hudaýyň kanunyna görä maşgalada bir aýal we bir erkek bolmaly.
Söýýän är aýalyna mähirli bolýar we ýagdaýyna düşünýär.
Aýal ärini goldamaly.
Çagalar ene-atasyna gulak asmaly.
Rehimsiz we biwepa bolman, mähirli hem wepaly boluň. Koloslylar 3:5, 8—10
Hudaýyň sözünde ärlere aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň we aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun diýilýär.
Ýanýoldaşyňdan başga biri bilen jynsy gatnaşyk etmek nädogry. Şeýle-de köp aýal almak hem nädogrudyr.
Ýehowanyň Sözi maşgalalara bagtly bolmagy öwredýär.