13-NJI BÖLÜM
Hudaýa ýaranmak üçin biz näme etmeli?
Erbet işlerden gaça duruň. 1 Korinfliler 6:9, 10
Eger biz Ýehowany söýsek, onda onuň ýigrenýän zatlaryny etmeris.
Ýehowa biziň ogurlyk, serhoşlyk etmegimizi ýa-da neşe serişdelerini ulanmagymyzy islemeýär.
Hudaý adam öldürmegi, çaga aýyrtmagy we gomoseksualizmi ýigrenýär. Ol biziň açgöz bolmagymyzy we adamlar bilen uruşmagymyzy islemeýär.
Biz butlara sežde edip, spiritizm bilen meşgullanmaly däl.
Gelejekde ýer ýüzünde boljak Jennetde erbet iş edýän adamlar bolmaz.
Ýagşylyk ediň. Matta 7:12
Hudaýa ýaranmak üçin biz ondan görelde almaly.
Adamlara ýagşylyk edip we jomart bolup söýgiňi görkez.
Dogruçyl bol.
Ýehowa we onuň ýollary barada adamlara gürrüň ber (Işaýa 43:10).
Mähirli bol we bagyşla.