14-NJI BÖLÜM
Ýehowa wepalydygyňy nädip görkezip bilersiň?
Hudaýyň tarapyna geçiň. 1 Petrus 5:6—9
Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän däp-dessurlardan gaça dur. Munuň üçin batyrgaý bolmaly.
Halklaryň arasyndaky syýasy işlere goşulma; olar Ýehowany we onuň Patyşalygyny goldamaýar.
Dogry karara geliň we Hudaýa gulak asyň. Matta 7:24, 25
Ýehowanyň Şaýatlary bilen gürrüňdeş bol; olar saňa Hudaýa ýakynlaşmaga kömek eder.
Hudaý barada öwrenmegiňi dowam et we onuň tabşyryklaryna gulak asmaga jan et.
Imanyň berkände, özüňi Ýehowa bagyş etmeli we suwa çümdürilmeli (Matta 28:19).
Hudaýa gulak as. Mukaddes Ýazgylary oka we oňa düşünmek üçin Ýehowanyň Şaýatlaryndan kömek sora. Soňra öwrenen zatlaryňy durmuşyňda ulan. Eger sen şeýtseň, ebedi ýaşarsyň (Zebur 37:29)