Ikinji Selanikliler
2 Doganlar, Halypamyz Isa Mesihiň gelmegi*+ we onuň ýanynda bolmak üçin ýygnanmagymyz babatda+ şuny haýyş edýäris: 2 kimdir biriniň Ýehowanyň* gününiň golaýlaşandygy+ babatda aýdýan ylhamly* sözleri+ ýa-da habary üçin ruhdan düşmäň. Bizden hat alan ýaly gepleýän adamlara ynanyp, aljyraňňylyga düşmäň.
3 Sizi hiç kim aldaýmasyn, sebäbi imandan dänmeklik başlanmasa+ we bikanun adam+, ýagny heläkçilik oglunyň+ kimdigi belli bolmasa, ol gün gelmez. 4 Bikanun adam duşmandyr we özüni «hudaý» hasaplaýanlaryň ýa-da özüne sežde etdirýänleriň üstünden agalyk edýändir. Ol Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, jemagatyň öňünde özüni taňry ýaly alyp barýandyr. 5 Şu zatlary ýanyňyzda aýdanymy unutdyňyzmy?
6 Bikanun adamyň kimdigi wagtyndan öň belli bolmaz ýaly, oňa kimiň böwet bolýandygyny bilýänsiňiz. 7 Bikanun adam erbet işleri edip başlady+. Ýöne böwet bolýan öňünden aýrylýança, ol syr bolup galar. 8 Şonda bikanun adam belli bolar we Halypamyz Isa gelendigini* äşgär edip+, agzyndan çykýan güýçli sözi*+ bilen ony ýok eder. 9 Bikanun adam gelende Şeýtanyň berýän güýji bilen+ gudratlary, alamatlary we görnüşleri görkezer+. 10 Ol heläk boljak adamlary her hili ýalan sözler+ we mekirlik bilen aldar, sebäbi olar halas bolmak üçin hakykaty söýmediler, kabul etmediler. 11 Şol sebäpli Hudaý olaryň ýalan zatlara ynanyp, azaşmaklaryna ýol berýär+. 12 Olar hakykata ynanman, erbetlikden lezzet aldylar. Şonuň üçin hem ählisi höküm ediler.
13 Doganlar, Ýehowa* sizi söýýär. Biz siziň üçin hemişe minnetdar bolmaga borçludyrys. Hudaý sizi halas etmek üçin öňden bäri saýlap+, hakykata iman edendigiňiz üçin ruhy bilen mukaddes etdi+. 14 Hudaý sizi wagyz eden hoş habarymyz arkaly çagyrdy. Ol muny Halypamyz Isa Mesihiňki ýaly şöhrata eýe bolmagyňyz üçin etdi+. 15 Şeýlelikde, doganlar, berk duruň+ we biziň aýdan ýa-da hat arkaly ýazan zatlarymyza berk ýapyşyň+. 16 Atamyz Hudaý bizi söýüp+, ýagşylyk etmek üçin göwünlik hem-de umyt berýär+. Goý, Hudaý we Halypamyz Isa Mesih 17 ýüregiňize giňlik bersin! Hemişe ýagşy işleri edip, gowy zatlar hakda gürrüň etmegiňiz üçin sizi berkitsin.