Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/9 sah. 29—31
  • Selanikliler we Timoteos kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Selanikliler we Timoteos kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «OÝA... BOLALYŇ»
  • (1 Sel. 1:1—5:28)
  • «BERK DURUŇ»
  • (2 Sel. 1:1—3:18)
  • «ÖZÜŇE YNANYLYP BERLENI GORA»
  • (1 Tim. 1:1—6:21)
  • «GAÝRA GOÝMAN WAGYZ ET» (TD)
  • (2 Tim. 1:1—4:22)
  • Borjuňyzy ýürekden ýerine ýetiriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Pikiriňiz bulaşmasyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Pawlus bilen Timoteos
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/9 sah. 29—31

Ýehowanyň Sözi diri

Selanikliler we Timoteos kitabyndan peýdaly pikirler

PAWLUS RESUL Selanika baryp, täze ýygnak açandan bäri, ol ýerdäki mesihçiler garşylyklara duş gelýärdiler. Şol sebäpli mümkin 30 ýaşy hem dolmadyk Timoteos Selanikden gowy habar bilen gelende, Pawlus Selaniklilere ýazan hatynda, olary öwüp ruhlandyrýar. Pawlus Selaniklilere hatyny b. e. 50-nji ýylynyň ahyrynda ýazan bolmaly, bu onuň Mukaddes Ýazgylara giren birinji ylhamly hatydy. Ol biraz wagtdan, Selanikdäki mesihçilere ikinji hatyny ýazýar. Şonda ol käbir doganlary nädogry garaýyşlaryny düzetmäge we imanda berk durmaga höweslendirýär.

Takmynan on ýyl geçýär. Pawlus Makedoniýada, Timoteos bolsa Efesosdady. Pawlus Timoteosa ýazan hatynda, ony Efesosda galyp, ýygnakdaky ýalan taglymatlara garşy ruhy söweş alyp barmagy höweslendirýär. B. e. 64-nji ýylynda Rimi otlaýarlar. Şondan soň mesihçiler güýçli yzarlamalara sezewar bolýarlar we şol wagt Pawlus Timoteosa ikinji hatyny ýazýar. Bu onuň Mukaddes Ýazgylara giren iň soňky hatydy. Pawlusyň bu dört haty bizi şu günlerem ruhlandyrýar we öwüt-nesihat berýär (Ýew. 4:12).

«OÝA... BOLALYŇ»

(1 Sel. 1:1—5:28)

Pawlus selaniklileri «imany hasylly bolan işi, söýgüden emele gelen zähmeti... çydamlylygy» üçin öwýär. Pawlus olara «umydymyz, şatlygymyz... guwanjak täjimiz» diýýär (1 Sel. 1:3; 2:19).

Pawlus Selanikdäki mesihçilere direlişe bolan umyt bilen biri-birine teselli bermäge ruhlandyrandan soň şeýle diýdi: «Rebbiň güni bir ogrynyň gije gelşi ýaly bolar». Olara «oýa, hüşgär bolmagy» maslahat berdi (1 Sel. 4:16—18; 5:2, 6).

Sowallaryň jogaby:

4:15—17 — «Rebbi howada garşylamak üçin bulutlar içinde alnyp göteriljekler» kim we bu nämäni aňladýar? Bular Mesihiň Patyşalykda höküm sürýän döwründe ýaşaýan mesh edilen mesihçilerdir. Olar göze görünmeýän gökde «Reb... [Isany] garşylarlar». Emma bu ýerine ýeter ýaly, olar, ilki bilen, ölüp, soňra ruhy şahsyýet bolup direlmeli (Rim. 6:3—5; 1 Kor. 15:35, 44). Mesihiň barlygy eýýäm başlandy, şol sebäpli häzirki mesh edilen mesihçiler ölenden soň, ölüm ukusynda ýatmaýarlar. Olar «birden göz açyp-ýumasy salymda» direlýärler (1 Kor. 15:51, 52).

5:23 — Näme üçin Pawlus doganlaryň «ruhy, jany we teni» üçin doga etdi? Mesihçiler ýygnagynyň agzalary bolan ruh, jan we ten diýmek bilen, Pawlus Selanikdäki mesh edilen mesihçileri göz öňünde tutdy. Ol diňe bir ýygnagyň abadançylygy barada doga etmedi. Pawlus olaryň «ruhuny», ýagny garaýşyny aýratyn belläp geçýär. Şeýle-de ol mesh edilen mesihçileriň ýaşaýşyny aňladýan «jan» we mesh edilen mesihçiler toparyny aňladýan «ten» üçin doga edýär (1 Kor. 12:12, 13). Bu doga Pawlusyň ýygnak barada ýürekden alada edendigini aýdyň görkezýär.

Biziň üçin sapak:

1:3, 7; 2:13; 4:1—12; 5:15. Eger biz başgalary haýsy-da bolsa bir zatda gowulanmaga höweslendirende, ýerlikli öwmegi ýatdan çykarmasak, onda maslahat gowy kabul ediler.

4:1, 9, 10. Ýehowanyň gullukçylary hemişe ruhy taýdan ösmeli.

5:1—3, 8, 20, 21. Ýehowanyň güni golaýlaşýar, şol sebäpli biz «iman, söýgi sowudyny geýip, kellämize tuwalga hökmünde gutulyş umydyny geýip, hüşgär bolmaly». Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň pygamberlik Sözüne çynlakaý üns bermeli.

«BERK DURUŇ»

(2 Sel. 1:1—3:18)

Pawlusyň birinji hatdaky ýazan sözlerini ýoýup, ýygnakdakylaryň käbiri Rebbiň barlygy has golaýlaşdy diýen bolmaly. Pawlus olaryň garaýşyny düzetmek üçin, «ol günden» öň nämäniň geljekdigini beýan edýär (2 Sel. 2:1—3).

Pawlus şeýle ündeýär: «Berk duruň! Bizden söz bilen ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza ýapyşyň». Olara «boş gezýän [düzgüni bozýan, TD] her bir dogandan daş durmagy» malahat berdi (2 Sel. 2:15; 3:6).

Sowallaryň jogaby:

2:3, 8 — «Bikanun adam» kim we ol nädip öldüriler? Bu göçme manydaky «adam» hristian dünýäsini aňladýar. Hudaýyň Baş wekili bolan «Sözüň», ýagny Isa Mesihiň zalym adamlara garşy Hudaýyň hökümlerini yglan etmäge we bu hökümler ýerine ýetiriler ýaly buýruk bermäge ygtyýary bar (Ýahýa 1:1). Şol sebäpli Isa bikanun adamy «agzynyň demi [hereket edýän güýç] bilen öldürer» diýse bolýar.

2:13, 14 — Haýsy manyda mesh edilen mesihçiler «gutulmak üçin başlangyçdan saýlandylar»? Ýehowa aýalyň nesli Şeýtanyň başyny tokmaklajakdygyny yglan edende, mesh edilenleriň topar hökmünde boljakdygyny öňünden aýtdy (Bar. 3:15). Şeýle-de Ýehowa olaryň ýerine ýetirmeli talaplaryny, etmeli işlerini we nähili synaglara sezewar boljakdygyny kesgitledi. Şol sebäpli Ýehowa olary «çagyrdy».

Biziň üçin sapak:

1:6—9. Ýehowa adamlary saýlap höküm eder.

3:8—12. Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygy Hudaýyň gullukçylarynyň özüni üpjün etmek üçin işlemeli däldigini görkezmeýär. Işsizlik bizi ýalta edip, «kesekiniň işine goşulmagymyza» eltip biler (1 Pet. 4:15, TD)

«ÖZÜŇE YNANYLYP BERLENI GORA»

(1 Tim. 1:1—6:21)

Pawlus Timoteosy: «Söweşiň iň oňadyny alyp barar ýaly... imany, dogry ynsaby sakla» diýip ündeýär. Resul ýaşulularyň we gulluk kömekçileriň laýyk gelmeli talaplaryny agzap geçýär. Şeýle-de Pawlus Timoteosa «ýaramaz hekaýalary... ret et» diýip maslahat berýär (1 Tim. 1:18, 19; 3:1—10, 12, 13; 4:7).

Pawlus: «Garry adamy ynjatma» diýip ýazdy. Ol Timoteosy şeýle höweslendirýär: «Özüňe ynanylyp berleni gora. Ýaramaz, boş sözlerden, ýalan ýere bilim diýilýän gapma-garşylyklardan ýüz dönder» (1 Tim. 5:1; 6:20).

Sowallaryň jogaby:

1:18; 4:14 — Timoteos barada nähili «pygamberlikler» aýdyldy? Pawlus ikinji missioner syýahatynda Listra şäherine baranda, Hudaýyň ylhamy bilen bu pygamberlikler arkaly Timoteosyň gelejekde mesihçiler ýygnagyndaky ýerine ýetirjek roluny görkezdi (Res. iş. 16:1, 2). Bu «pygamberlikler» esasynda ýygnagyň ýaşululary ýaş Timoteosyň «üstüne el goýup», ýörite gulluk üçin saýladylar.

2:15 — Aýal nädip «çaga dogurmak bilen gutular»? Çaga dogurmak, olar barada alada etmek we öý-içerisine seretmek, aýaly «beýlekileriň işlerine garyşýan gepçi» bolmakdan «gutarar» (1 Tim. 5:11—15).

3:16 — Hudaýyň ýolunyň syry nämeden ybarat? Kimdir biriniň Älemiň hökümdary hökmünde Ýehowa kämil gulak asyp biljekdigi ençeme ýyllap syrdy. Isa tä ölýänçä Hudaýa wepalylygyny saklap, Ýehowanyň hökümdarlygyna tabyndygyny subut etdi.

6:15, 16 — Bu sözler Ýehowa Hudaýa degişlimi ýa-da Isa Mesihe? Bu sözler Isa Mesihe degişli, sebäbi diňe onuň gelşi barada gürrüň edilýär (1 Tim. 6:14). Ynsan patyşalaryndan we hökümdarlaryndan tapawutlylykda, Isa «täk Hökümdar» hem-de baky (Dan. 7:14; Rim. 6:9). Göze görünmeýän göge galandan soň, ony ýerde ýaşaýanlardan hiç kim görüp bilmeýär.

Biziň üçin sapak:

4:15. Ýaňy ýakynda ýa-da köp ýyldan bäri mesihçi bolanymyza garamazdan, biz ruhy taýdan ösüp, berkemek üçin tagalla etmeli.

6:2. Eger imandaşlarymyzdan biri bizi işgär edip alsa, ondan peýdalanjak bolmaly däl. Gaýtam, oňa iman etmeýän adamlardan hem köp yhlasly hyzmat etmeli.

«GAÝRA GOÝMAN WAGYZ ET» (TD)

(2 Tim. 1:1—4:22)

Pawlus Timoteosy gelejekdäki kynçylyklara taýýarlap, şeýle ýazdy: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir». Resul Timoteosy şeýle ündeýär: «Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmaly» (2 Tim. 1:7; 2:24).

«Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen... zatlaryňa bagly gal» diýip, Pawlus Timoteosy ündeýär. Imandan dänenleriň taglymaty ýaýraýardy, şol sebäpli resul ýaş gözegçä şeýle maslahat berdi: «Gaýra goýman wagyz et... ýola getir, öwüt-ündew et» (2 Tim. 3:14; 4:2, TD).

Sowallaryň jogaby:

1:13 — «Sagdyn sözleriň nusgasy» nämäni aňladýar? «Sagdyn sözler» bu «Rebbimiz Isa Mesihiň sözleri», ýagny mesihçileriň taglymatydyr (1 Tim. 6:3). Isanyň öwredenleri we eden işleri Hudaýyň Sözüne gabat gelýärdi, şol sebäpli «sagdyn sözler» Mukaddes Ýazgylardaky ähli taglymatlary aňladýar. Bu taglymatlar Ýehowanyň bizden näme talap edýändigini bilmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylardaky «sagdyn sözleriň nusgasyny» gaýym saklamak üçin, biz öwrenen zatlarymyzy berjaý etmeli.

4:13 — «Gaýyş kitaplar» näme? «Gaýyş» ýazmak üçin deriden ýasalan materialdy. Pawlus Rimde türmedekä öwrenmek üçin Ýewreý Ýazgylaryň käbir kitaplaryny getirmegi haýyş eden bolmaly. Onuň käbir kitaplary papirusdan, käbiri bolsa deriden edilen bolmaly.

Biziň üçin sapak:

1:5; 3:15. Timoteosyň Isa Mesihe iman edýändiginiň esasy sebäbi, ol Ýazgylary çagalykdan öwrenipdi. Ata-eneler üçin Hudaýyň we çagalaryň öňündäki borçlary barada çynlakaý oýlanmak nähili wajyp!

1:16—18. Imandaşlarymyz synaglara, yzarlamalara sezewar bolup ýa-da tussag edilende, geliň, olara kömek eder ýaly doga edip, elimizden gelenini edeliň (Sül. tym. 3:27; 1 Sel. 5:25).

2:22. Mesihçiler, esasanam, ýaş mesihçiler agyr atletika, sportyň başga görnüşleri, saz, göwün açma, höwes, syýahat we biderek gürrüňler ýaly zatlar bilen köp meşgullanyp, ruhy zatlary ikinji orna geçirmeli däl.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş