Altynjy bap
Her kes jedelli meselä gatnaşýar
1, 2. a) Şeýtan Erem bagynda haýsy jedelli meseläni orta atdy? b) Bu mesele barada onuň sözlerinden näme bilse bolar?
SEN adamzadyň öňünde duran iň wajyp jedelli meselä gatnaşýaň. Seniň ebedi gelejegiň kimiň tarapyny tutjakdygyňa bagly. Bu mesele Erem bagynda gozgalaň turanda orta atyldy. Şeýtan How enä şeýle diýdi: «Dogrudan, Hudaý size: Bagyň hiç bir agajyndan iýmäň diýdimi?» How ene bolsa Hudaý diňe bir agajyň miwesi barada: «Ondan iýmäň, we... öläýmäň» diýendigini aýtdy. Soňra Şeýtan How enäniň hem, Adam atanyň hem ýaşaýşy Hudaýa gulak asyşyna bagly däl diýip, Ýehowa aç-açan töhmet atdy. Şeýtanyň aýtmagyna görä, Hudaý adamlary öz isleýişleri ýaly ýaşatman olardan bir gowy zady gizleýärmiş. Ol şeýle diýdi: «Çünki Hudaý ondan iýen günüňiz, şol wagt gözleriňiz açylyp, ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljakdygyňyzy bilýär» (Barlyk 3:1—5).
2 Aslyýetinde, Şeýtan Hudaýyň kanunyna boýun bolmagyň deregine, näme etmelidigini adamlaryň özleri çözse gowy bolardy diýen pikirdedi. Şeýdip, ol Hudaýyň hökümetine garşy çykdy. Şeýtan Älemde Hudaýyň hökümdar bolmaga, ýagny höküm sürmäge haky barada juda wajyp jedelli meseläni orta atdy. Orta atylan mesele şundan ybaratdy: adamlar üçin Ýehowanyň hökümeti gowumy ýa ondan garaşsyz hökümet? Elbetde, Ýehowa Adam ata bilen How enäni derrew ýok edip bilerdi, emma munuň bilen hökümdarlyk meselesi gutarnykly çözülmezdi. Ol adamzat jemgyýetiniň ösmegine uzak wagtlap ýol berip, Hudaýdan we onuň kanunlaryndan garaşsyz ýaşamagyň nämä eltjegini açyk görkezdi.
3. Şeýtan haýsy ikinji jedelli meseläni orta atdy?
3 Şeýtanyň Ýehowanyň hökümetine garşy çykmagy Erem bagynda bolup geçen waka bilen gutarmady. Ol beýlekileriň hem Hudaýa wepalylygy barada şübhe döretdi. Şeýlelikde, birinji mesele bilen baglanyşykly ikinji jedelli mesele orta atyldy. Bu mesele diňe bir Adam ata bilen How enäniň nesline däl-de, eýsem, Hudaýyň ruhy ogullarynyň ählisine, hatda Ýehowanyň ilkinji doglan söýgüli Ogluna hem degişlidi. Meselem, Şeýtan Eýýubyň günlerinde Ýehowa gulluk edýän adamlar Hudaýy we onuň hökümetini söýýäni üçin däl-de, öz bähbitleri üçin oňa gulluk edýärler diýipdi. Şeýtanyň pikiriçe, eger-de Hudaýyň gullukçylary kynçylyga duşsalar, onda olaryň barysy nebsine çapar (Eýýup 2:1—6; Ylham 12:10).
Taryh nämäni subut etdi?
4, 5. Adamlaryň «ädimlerine ugur görkezmäge» synanyşygy barada taryh nämäni subut etdi?
4 Adamlar Hudaýdan garaşsyz bagtly ýaşap bilmezler. Hudaý olary beýle ýaratmandy. Hökümdarlyk meselesinde şuňa düşünmek örän wajyp. Hudaýyň adalatly kanunlary boýunça ýaşamak olaryň özi üçin peýdalydy. Sebäbi Ýehowa olary şeýle ýaradypdy. Ýeremiýa pygamber muňa düşünip, şeýle diýdi: «Bilýän, ýa Reb, ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däldir. Temmi ber maňa [«meni düzet», TD], ýa Reb» (Ýeremiýa 10:23, 24). Hudaýyň Sözi şuny ündeýär: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma» (Süleýmanyň tymsallary 3:5). Hudaý adamlary ýaşamak üçin tebigat kanunlaryna tabyn edişi ýaly, ahlak kanunlaryna-da tabyn etdi. Diňe şonda adamzat jemgyýeti gülläp ösmelidi.
5 Elbetde, Hudaýyň hökümdarlygy bolmasa, adamzat maşgalasynyň bagtly bolmajagyny Ýehowa bilýärdi. Hudaýdan garaşsyz ýoly saýlap, bagtly bolmak üçin adamlar her hili syýasy, ykdysady we dini düzgünleri ulanyp gördüler. Her hili düzgünleriň netijesinde adamlar hemişe bir-biri bilen dawa-jenjel edýärler. Şular sebäpli zorluk, uruş bolýar we adamlar ölýär. «Adamyň adama agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» (Wagyzçy 8:9). Adamzat taryhynyň bütin dowamynda şeýledi. Hudaýyň Sözünde öňünden aýdylyşy ýaly, erbet we kezzap adamlar «erbetlikde ýene ilerleýärler» (2 Timoteos 3:13). Geçen asyrda ylmy-tehnikanyň has ösendigine garamazdan, iň elhenç heläkçilikler boldy. Ýeremiýa 10:23-däki sözler dogry bolup çykdy — Hudaýyň ýaradyşy ýaly, «ädimlerine ugur görkezmek... adamyň ygtyýarynda däl».
6. Ýehowa adamlaryň Hudaýdan garaşsyzlygy baradaky meseläni tizden nädip çözer?
6 Hudaýdan garaşsyzlygyň getiren pajygaly we heläkçilikli netijeleri ynsan hökümetiniň hiç wagt üstünlikli bolmajagyny hemişelik subut etdi. Diňe Hudaýyň hökümeti bagta, agzybirlige, saglyga we ýaşaýşa elter. Hudaýyň Sözüniň aýtmagyna görä, Ýehowanyň şu wagta çenli sabyr eden ynsan hökümetleriniň soňy ýakynlaşýar (Matta 24:3—14; 2 Timoteos 3:1—5). Ol adamlaryň işine tizden goşulyp, ýeriň üstünden öz hökümetini berkarar eder. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlik şeýle diýýär: «Şol patyşalyklaryň [häzirki ynsan hökümetleriniň] döwründe gökdäki Hudaý [gökde] patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka geçmez [indi hiç haçan adamlar ýere hökümdarlyk etmez]; ol [häzirki] patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» (Daniýel 2:44, MKS).
Hudaýyň täze dünýäsine girmek
7. Hudaýyň hökümeti ynsan hökümetleriniň soňuna çykanda, kim diri galar?
7 Hudaýyň hökümeti ynsan hökümetleriniň soňuna çykanda, kim diri galar? Mukaddes Ýazgylar bu soraga şeýle jogap berýär: «Ýurtda gönüler [Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýanlar] ýaşar, onda kämiller galar; erbetler [Hudaýyň hökümdarlygyny goldamaýanlar] bolsa ýurtdan kesilip taşlanar» (Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22). Şu pikiri mezmurçy hem aýtdy: «Ýene bir az sabyr et, erbet ýok bolar... Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:10, 29).
8. Hudaý hökümdar bolmaga haklydygyny nädip subut eder?
8 Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edip, soňra Hudaý täze dünýäsini berkarar eder. Şonda zorluk, uruş, garyplyk, zulum, keselçilik we ölüm bolmaz, ýagny adamzat nesline müňlerçe ýyllap azar beren erbetlikleriň ählisi hemişelik aradan aýrylar. Mukaddes Ýazgylar gulak asýan adamlara ajaýyp eşretleriň garaşýandygyny aýdýar: «Ol [Hudaý] olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:3, 4). Hudaý Isanyň baştutanlygyndaky gökdäki Patyşalygynyň kömegi bilen Älemiň Hökümdary bolmaga haklydygyny subut eder we tassyklar (Rimliler 16:20; 2 Petrus 3:10—13; Ylham 20:1—6).
Olar jedelli meselede kimiň tarapyny tutdular?
9. a) Hudaýa wepaly adamlar onuň sözüne nähili seslenýärdiler? b) Nuh wepalydygyny nädip subut etdi we biz ondan nähili görelde alyp bileris?
9 Ýehowany Älemiň Hökümdary hasaplap, oňa wepalydygyny subut edýän erkek adamlar we aýallar hemişe-de bardy. Olar ýaşamak üçin Hudaýa gulak asmalydygyny bilýärdiler. Nuh şeýle adamdy. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Öňüme bütin adamzadyň soňy geldi... özüňe... bir gämi ýasa». Nuh Ýehowanyň görkezmesine tabyn boldy. Nuhuň döwürdeşleri bolsa, duýduryşa garaman hiç hili üýtgeşik zat bolmaz diýip adatça ýaşamaklaryny dowam etdiler. Nuh bolsa uly gämi gurup, Ýehowanyň adyl ýollary barada adamlara dynman wagyz edýärdi. Töwratda şeýle sözleri okaýarys: «Nuh şeýle edip, Hudaýyň özüne aýdanlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Barlyk 6:13—22; Ýewreýler 11:7; 2 Petrus 2:5).
10. a) Ybraýym hem-de Sara Ýehowanyň hökümdarlygyny nädip goldadylar? b) Ybraýym hem-de Saranyň göreldesiniň bize nähili peýdasy bar?
10 Ybraýymdyr Sara hem ajaýyp görelde galdyrdylar: Olar Ýehowanyň ähli aýdanlaryny ýerine ýetirip, onuň hökümdarlygyny goldadylar. Olar kildanylaryň Ur diýen baý şäherinde ýaşaýardylar. Ýöne Ýehowa Ybraýyma başga bir nätanyş ýurda gitmegi buýranda, ol «Rebbiň özüne aýdyşy ýaly gitdi». Sara Ur şäherinde gurply ýaşaýardy, sebäbi ol ýerde onuň öýi, dostlary, garyndaşlary bardy. Emma ol nähili durmuşyň garaşýandygyny bilmese-de, Ýehowa we öz ýoldaşyna gulak asyp, Kengan ýurduna gitdi (Barlyk 11:31—12:4; Resullaryň işleri 7:2—4).
11. a) Musa nähili ýagdaýlarda Ýehowanyň hökümdarlygyny goldady? b) Musanyň göreldesinden nähili sapak alýarys?
11 Ýehowanyň hökümdarlygyny goldanlaryň ýene biri Musady. Ol muny juda agyr ýagdaýda görkezdi — Müsür faraony bilen ýüzbe-ýüz duşuşdy. Musanyň özüne göwni ýetenokdy. Ol gowy gepläp bilemok diýip, ikirjiňlenýärdi. Emma ol Ýehowa gulak asdy. Musa Hudaýyň we dogany Harunyň kömegi bilen keçjal faraona Ýehowanyň sözüni ençeme gezek ýetirdi. Hatda «Ysraýyl ogullarynyň» käbiri Musany gödek tankyt hem etdiler. Muňa garamazdan, ol Ýehowanyň ähli buýran zatlaryny wepaly ýerine ýetirdi we Ysraýyl halky Musa arkaly müsür gulçulygyndan azat boldy (Çykyş 7:6, 12:50, 51; Ýewreýler 11:24—27).
12. a) Ýehowa wepaly bolmagyň Hudaýyň ýazmaça kanunlaryny berjaý etmekden has köp zady aňladýandygy nämeden görünýär? b) Hudaýa wepaly bolmagy öwrensek, 1 Ýahýa 2:15-däki sözleri ýerine ýetirmäge nädip kömek eder?
12 Ýehowa wepaly adamlar Hudaýyň ýazmaça kanunyny berjaý etmek ýeterlikdir öýtmediler. Ýusuby Patifaryň aýaly jynsy ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolanda, Hudaýyň zynany gadagan edýän ýazmaça kanuny ýokdy. Emma Ýusup Ýehowanyň Erem bagynda ýola goýan nikasy hakda bilip, başga kişiniň aýaly bilen jynsy gatnaşyk etmegi Hudaýyň ýigrenýändigine düşünýärdi. Ýusup müsürlilere meňzejek bolup Hudaýy synamady. Ol Hudaýyň adamlar bilen gatnaşygy barada pikirlenip, onuň islegine düşündi we şoňa laýyklykda ýaşap, Ýehowanyň ýolunda ýöreýärdi (Barlyk 39:7—12; Zebur 77:11, 12).
13. Iblisiň ýalançydygyny a) Eýýup bilen bolan waka; b) üç sany ýaş ýewreý ýigit bilen bolan waka nädip subut edýär?
13 Ýehowany hakykatdan-da tanaýan adamlar agyr synaglarda-da ondan ýüz öwürmeýärler. Şeýtan aýtmyşlaýyn, Eýýup Ýehowany razy edýän bolsa-da, eger-de ol emläginden mahrum bolsa ýa saglygyny ýitirse, Hudaýdan däner. Emma Eýýup bu betbagtçylyklaryň näme sebäpden bolýandygyna düşünmese-de, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi (Eýýup 2:9, 10). Ýüzlerçe ýyl geçse-de, Şeýtan aýdan sözleriniň dogrudygyny öňküsi ýaly subut etjek bolýar. Üç sany ýaş ýewreý ýigit heýkele sežde etmedi, şonda Iblis Babyl patyşasyny olary peje atmaga küşgürdi. Şeýlelikde, olar kime boýun bolmalydygyny saýlamalydylar: patyşanyň buýrugynamy ýa butparazlygy gadagan edýän Ýehowa? Şonda üç ýaş ýigit Ýehowa gulluk edýändigini we Hudaýy Älemiň Hökümdary hasaplaýandygyny dogumly aýtdylar. Hudaýa wepaly bolmak olara janyndan-da gymmatlydy! (Daniýel 3:14—18).
14. Kämilsiz bolsak-da, biz Ýehowa hakykatdan-da wepalydygymyzy nädip subut edip bileris?
14 Bu mysallara seredip, Ýehowa diňe kämil adam wepaly bolup bilýär ýa-da ýalňyşan adam indi düzelmez diýip bolarmy? Elbetde, beýle däl! Biz Mukaddes Ýazgylardan Musanyň hem käwagt ýalňyşandygyny bilýäris. Ýehowanyň muňa gahary gelse-de, Musany inkär etmedi. Isa Mesihiň resullarynyň hem ejizlikleri bardy. Bize miras galan kämilsizligi Ýehowa göz öňünde tutýar, islegini bilgeşleýin bozmasak, ol bizden razy. Ejizlik edip günä etsek, ýürekden toba edip, mundan beýläk gaýtalamazlyk wajyp. Şeýdip, biz Ýehowanyň gowy hasaplaýan zadyny söýüp, erbet saýýan zadyny ýigrenýändigimizi görkezýäris. Isanyň töleg gurbanyna iman edip, biz Hudaýyň öňünde päk bolup bileris (Amos 5:15; Resullaryň işleri 3:19; Ýewreýler 9:14).
15. a) Hudaýyň öňünde kämil aýypsyzlygyny adamlardan kim saklap bildi we bu nämäni subut edýär? b) Isanyň doly gulak asmagy bize nädip kömek edýär?
15 Eýsem, Ýehowany Hökümdar hasaplap, adamlar doly gulak asyp bilermikä? 4000 ýyllap bu soragyň jogaby «syrdy» (1 Timoteos 3:16). Adam ata kämil ýaradylsa-da, Hudaýa wepalylygyň kämil göreldesini galdyrmady. Bu kime başartdyka? Elbetde, günäli nesillere başartmady. Muny diňe Isa Mesih başardy (Ýewreýler 4:15). Isa Hudaýa doly gulak asyp, has gowy ýagdaýlarda ýaşan Adam atanyň, islän bolsa, kämil aýypsyzlygyny saklap biljekdigini subut etdi. Hudaýyň ýaradan zatlarynyň kemçiligi ýokdy. Isa Mesih bize diňe bir Hudaýyň kanunlaryna gulak asmakda däl-de, eýsem, Älemiň Hökümdary Ýehowa wepaly bolmakda-da görelde galdyrdy (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4, 5).
Sen näme jogap berersiň?
16. Ýehowanyň hökümdarlyk meselesini ýatda saklap, näme üçin hiç wagt hüşgärligi elden bermeli däl?
16 Şu günler her kes Älemdäki hökümdarlyk baradaky jedelli meseläniň öňünde dur. Eger-de biz Ýehowanyň tarapyny aç-açan tutan bolsak, onda Şeýtan bizi nyşana alar. Ol bu zalym dünýäniň soňuna çenli, her tarapdan bize hüjüm edip, azar berer. Hüşgärligi elden bermeli däl (1 Petrus 5:8). Ýehowanyň hökümdarlygy baradaky esasy jedelli meselede hem-de synaglarda Hudaýa wepaly bolmak baradaky ikinji jedelli meselede kimiň tarapyny tutýandygymyzy özümizi alyp barşymyz bilen görkezýäris. Dünýewi adamlar Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşamak hökman däl diýýärler, emma biz beýle pikir etmeli däl. Aýypsyzlygy saklamak üçin durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Ýehowanyň adyl kadalary boýunça ýaşajak bolup jan etmeli.
17. Ýalanyň we ogurlygyň gelip çykyşyny bilip, şeýle işlerden näme üçin gaça durmaly?
17 Meselem, «ýalanyň atasy» Şeýtandan görelde almaly däl (Ýahýa 8:44). Her zatda dogruçyl bolmaly. Şeýtanyň dünýäsinde ýaşlaryň ata-enesini aldamagy adaty zada öwrüldi. Ýöne mesihçi ýaşlar beýle etmeýärler, şeýdip olar Şeýtanyň: «Hudaýyň gullukçylary synaglarda aýypsyzlygy saklamaz» diýen sözlerini ýalana çykarýarlar (Eýýup 1:9—11; Süleýmanyň tymsallary 6:16—19). Işewür gatnaşyklarda adamyň käbir işleri hakykat Hudaýyna däl-de, «ýalanyň atasyna» eýerýändigini görkezmegi mümkin. Beýle işler bize ýaraşmaýar (Mika 6:11, 12). Onsoňam, bir kişi mätäç bolup ýa-da baý adamdan bir zat ogurlan bolsa, şonda-da ogrulygy hiç haçan dogry hasaplamaly däl (Süleýmanyň tymsallary 6:30, 31; 1 Petrus 4:15). Biziň ýaşaýan ýerimizde ogurlyk adaty zat bolsa, ýa ogurlanan zat arzan bolsa, şonda-da ogurlyk — Hudaýyň kanunyny bozmakdyr (Luka 16:10; Rimliler 12:2; Efesliler 4:28).
18. a) Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda adamlara nähili synag garaşýar? b) Häzirden nämäni endik etmeli?
18 Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygy döwründe Şeýtan we jynlary düýpsüz çuňlukda bolarlar, şoňa görä-de adamlara täsir edip bilmezler. Gör, nähili ýeňillik bolar! Ýöne müň ýyl gutarandan soň, olar gysga wagtlyk boşadylar. Şonda kämillige ýetip, Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklaýan adamlara Şeýtan we onuň tarapdarlary azar bererler (Ylham 20:7—10). Şol döwürde biz hem ýaşasak, Älemdäki hökümdarlyk baradaky jedelli meselede kimiň tarapyny tutarys? Şol wagta çenli ähli adamlar kämil bolar, şonuň üçin islendik biwepalyk bilgeşleýin biwepalyk hasaplanyp, olar ebedilik ýok ediler. Şoňa görä-de, Ýehowanyň Sözi ýa guramasy arkaly berýän islendik görkezmesini höwes bilen berjaý etmegi häzirden özüňe endik edinmek, gör, nähili wajyp! Şeýle etsek, Ýehowany Älemiň Hökümdary hasaplap, oňa ýürekden wepalydygymyzy subut ederis.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Her kes haýsy jedelli meselä gatnaşýar? Biz näme üçin muňa gatnaşýarys?
• Geçmişde Ýehowanyň öňünde aýypsyzlygyny subut eden erkek adamlaryň we aýallaryň mysallaryndan nädip görelde alyp bolar?
• Özümizi alyp barşymyz bilen Ýehowany her gün şöhratlandyrmak näme üçin wajyp?