Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 7 sah. 60—69
  • Hudaýyň erbetlige ýol bermeginden näme öwrenýäris?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň erbetlige ýol bermeginden näme öwrenýäris?
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Beýik adynyň hatyrasyna
  • Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!
  • Wepalylygymyzy nädip görkezip bileris?
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hakyky Hudaý kim?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 7 sah. 60—69

Ýedinji bap

Hudaýyň erbetlige ýol bermeginden näme öwrenýäris?

1, 2. a) Ýehowa pitneçileri Erem bagynda derrew ýok eden bolsa, bize näme bolardy? b) Ýehowa söýýäni üçin biz barada nädip alada etdi?

ÝAKUP ata: «Ömrümiň ýyllarynyň sany az we ýaramaz boldy» diýdi (Barlyk 47:9). Eýýup hem: «Adamyň ömri gysga we gaýgydan doly» diýdi (Eýýup 14:1). Biziň köpümiz hem şu iki adam ýaly, kynçylyga, adalatsyzlyga, hatda agyr ýagdaýlara-da duş geldik. Emma dünýä inenimize Hudaýy günäkärläp bolmaz. Hawa, biz aň hem beden taýdan kämil däl, onsoňam, Adam ata we How ene ýaly Jennetde ýaşamyzok. Ýöne Ýehowa olary pitne turzan badyna ýok eden bolsa, näme bolardy? Onda keselçilik, gaýgy we ölüm bolmazdy, ýöne adamzat nesli hem bolmazdy ahyryn! Biz hiç haçan dogulmazdyk. Emma Hudaý mähribanlyk edip, Adam ata bilen How enä kämilsiz çagalary dogurmaga ýol berdi. Ýehowa Adam atanyň ýitiren Jennetindäki ebedi ýaşaýşyny bize Isa arkaly gaýtaryp bermek isleýär (Ýahýa 10:10; Rimliler 5:12).

2 Täze dünýäde keselçilik, gaýgy, agyry, ölüm hem-de erbet adamlar gaýdyp bolmaz. Şol Jennetde ebedi ýaşamaga umyt, gör, nähili teselli berýär! (Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22; Ylham 21:4, 5). Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, bize-de, Ýehowa-da her bir adamyň gutulyşy wajyp, ýöne bu ýerde has wajyp zat barada gürrüň gidýär.

Beýik adynyň hatyrasyna

3. Hudaýyň ýer we adamzat baradaky niýetiniň ýerine ýetmegi näme bilen baglanyşykly?

3 Hudaýyň ýer we adamzat barada niýetiniň ýerine ýetmegi ady bilen baglanyşykly. «Ýehowa» diýen at «boldurýar» diýmegi aňladyp, ony Älemiň Hökümdary, beýik niýetli Hudaý hem-de hakykat Hudaýy hökmünde häsiýetlendirýär. Ýehowa Älemiň eýesi, şonuň üçin tutuş Älemde parahatçylygyň hem abadançylygyň bolmagy üçin şol ada hem-de onuň bilen baglanyşykly ähli zada hormat goýmaly we hemmeler oňa tabyn bolmaly.

4. Ýehowanyň ýer baradaky niýeti nämeden ybarat?

4 Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradanda, olara ýumuş berdi. Hudaý olaryň ýer ýüzüni tabyn edip, diňe bir Jenneti giňeltmän, eýsem, nesillerinden doldurmalydygyny aýdyň düşündirdi (Barlyk 1:28). Ýöne olaryň eden günäsi zerarly Hudaýyň niýeti hiç haçan amala aşmazmy? Eger-de Ýehowa ýer we adamzat baradaky niýetini ýerine ýetirmese, onuň ady abraýdan düşerdi!

5. a) Adam ata bilen How ene ýagşylyk we ýamanlyk bilme agajyndan iýseler, haçan ölerdiler? b) Ýehowa ýer baradaky niýetini göz öňüne tutup, Barlyk 2:17-däki sözlerini nädip ýerine ýetirdi?

5 Adam ata bilen How ene gulak asman, ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajyndan iýseler, şol «günüň» özünde öljekdigini Ýehowa olara duýdurdy (Barlyk 2:17). Ýehowa sözünde durup, günä eden güni olara ölüm jezasyny berdi. Hudaý üçin Adam ata bilen How ene şol gün öldi. Emma ýer baradaky niýetini ýerine ýetirmek üçin Ýehowa Adam ata bilen How enä çaga dogurmaga rugsat berdi. Her niçik-de bolsa, Adam ata 930 ýaşap şol «gün» öldi, sebäbi Hudaýyň ýanynda «müň ýyl bir gün ýalydyr» (2 Petrus 3:8; Barlyk 5:3—5). Şeýlelikde, jezanyň şol güni berilmegi bilen Ýehowanyň hakykat Hudaýydygy subut edildi. Olaryň ölümi Hudaýa niýetini ýerine ýetirmäge päsgel bermedi. Şunlukda, kämilsiz hem erbet adamlara birnäçe wagt ýaşamaga ýol berildi.

6, 7. a) Çykyş 19:15, 16-njy aýatlardan görnüşi ýaly, Ýehowa erbet adamlaryň ýaşamagyna näme sebäpden ýol berdi? b) Faraon bilen bolan wakada Ýehowa güýjüni nädip görkezdi we Onuň ady nädip meşhur boldy? w) Bu zalym dünýäniň soňy näme bolar?

6 Musanyň döwründe Ýehowanyň Müsür hökümdaryna aýdan sözlerine seredip, erbet adamlara ýaşamaga näme sebäpden ýol berendigine düşünip bileris. Faraon ysraýyllylary Müsürden goýberjek däl diýende, Ýehowa ony şol bada ýok etmedi. Ol ýurda on jeza berip, täsin güýjüni görkezdi. Ýedinji jezany berjekdigini duýduranda, Ýehowa faraony we onuň halkyny aňsatlyk bilen ýok etjekdigini aýtdy. Ýehowa sözüni şeýle dowam etdi: «Emma Men sende güýjümi görkezmek üçin we bütin ýer ýüzünde Meniň adym wagyz edilsin diýip, Men seni sakladym» (Çykyş 9:15, 16).

7 Ýehowa ysraýyllylary gulçulykdan azat edende, hakykatdan-da, onuň ady meşhurlyk gazandy (Ýeşu 2:1, 9—11). Şondan bäri 3500 ýyl geçdi, emma şol wagt eden işi şu günler hem ýatdan çykanok. Ýehowanyň diňe ady şöhratlanman, eýsem, şol ady Göterýän barada hakykat hem ýaýrady. Diýmek, Ýehowa wadasyny ýerine ýetirýän we gullukçylaryny goraýan Hudaý (Ýeşuw 23:14). Onsoňam, her zada güýjüniň ýetýändigini, niýetini ýerine ýetirmäge hiç zadyň päsgel berip bilmejekdigini subut etdi (Işaýa 14:24, 27). Şoňa görä-de, tizden Hudaý wepaly gullukçylaryny gorap, Şeýtanyň zalym dünýäsini doly ýok eder. Ýehowanyň adynyň şöhraty we şeýle gudratly güýji hiç haçan ýatdan çykmaz. Bu Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň ählisine ebedilik peýda berer (Ezekiýel 38:23; Ylham 19:1, 2).

Hudaýyň akyldarlygy çuňdur!

8. Pawlus bizi näme barada pikirlenmäge çagyrýar?

8 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda şeýle sorag berýär: «Eýsem, Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy?» Soňra ynamly jogap berip: «Ýokdur!» diýýär. Soňra Ýehowanyň merhemetine üns berip, onuň näme sebäpden faraony derrew ýok etmändigini düşündirýär. Üstesine-de, Pawlus adamlary küýzegäriň elindäki toýun bilen deňäp, şeýle sözler bilen dowam edýär: «Hudaý gazaby bilen güýjüni görkezmek islese-de, şöhrat üçin, ýagny diňe ýehudylardan däl, eýsem, özge milletlerden çagyrylan biz üçin taýýarlan rehimdarlyk gaplarynda şöhratynyň baýlygyny görkezjek bolup, ol heläkçilige taýýarlanan gazap gaplaryny uly sabyr bilen göteren bolsa — onda näme?» (Rimliler 9:14—24, TD).

9. a) «Heläkçilige taýýarlanan gazap gaplary» kimler? b) Duşmanlaryň ýaşamagyna ýol berip, Ýehowa näme üçin sabyr etdi we ony söýýänler üçin ähli zat nädip gutarar?

9 Erem bagynda pitne turandan bäri, Ýehowa we onuň kanunyna garşy çykýanlaryň ählisi «heläkçilige taýýarlanan gazap gaplarydyr». Ýehowa şu wagta çenli sabyr etdi. Erbet adamlar Hudaýyň ýolunyň üstünden gülüp, onuň gullukçylaryny yzarlap, hatda onuň Ogluny hem öldürdiler. Ýehowa özüne erk edip, ähli ýaradylyşa pitnäniň we garaşsyz ynsan hökümetiniň nähili heläkçiliklere getirýändigini görkezýär. Şeýle-de, Isanyň ölümi gulak asýan adamlary azatlyga çykaryp, «Iblisiň işlerini ýogaldar» (1 Ýahýa 3:8; Ýewreýler 2:14, 15).

10. Ýehowa näme sebäpden 1 900 ýyllap erbet adamlara sabyr etdi?

10 Isa direleninden bäri 1900 ýyldan gowrak wagt geçdi, ýöne Ýehowa henizem «gazap gaplaryny» ýok etmän, sabyr edýär. Näme üçin? Birinji sebäbi, Isa Mesih bilen gökdäki Patyşalykda bilelikde höküm sürjek, ýagny gökdäki topary taýýarlaýar. Olaryň sany — 144 000 adamdan ybarat bolup, olar Pawlus resulyň aýdan «rehimdarlyk gaplary». Göge çakylyk almaga mümkinçilik ilki ýehudylara berildi. Soň-soňlar Hudaý özge milletiň adamlaryny-da çagyryp başlady. Ýehowa hiç kimi gulluk etmäge mejbur etmedi. Emma Hudaýyň söýgi bilen eden işlerine minnetdar adamlaryň käbirine gökdäki Patyşalykda Ogly bilen bilelikde höküm sürmäge mümkinçilik berdi. Gökdäki toparyň taýýarlygy gutardy diýen ýaly (Luka 22:29, 30; Ylham 14:1—4).

11. a) Häzir Ýehowanyň sabry kimlere peýda berýär? b) Ölen adamlara näme garaşýar?

11 Eýsem, ýerde kimler ýaşar? Ýehowa sabyr edeni sebäpli ähli halklardan «uly märeke» ýygnandy. Şol adamlaryň sany häzir millionlarça ýetdi. Ýerde ýaşamaga umyt edýän bu adamlar zalym dünýä ýok edilende diri galyp, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarlar (Ylham 7:9, 10; Zebur 37:29; Ýahýa 10:16). Hudaýyň bellän wagtynda ölen adamlar direler we örän köp adamlara gökdäki Patyşalygyň ýerdäki raýatlary bolup ýaşamaga mümkinçilik berler. Hudaýyň Sözünde şeýle sözleri okaýarys: «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Resullaryň işleri 24:15; Ýahýa 5:28, 29).

12. a) Ýehowanyň erbetlige wagtlaýynça ýol bermeginden, Hudaý barada näme bilýäris? b) Ýehowanyň jedelli meseläni çözüşi barada näme pikir edýärsiň?

12 Muňa adalatsyzlyk diýip bolarmy? Ýok, Hudaý erbet adamlary, ýagny «gazap gaplaryny» ýok etmäge howlukman, gaýtam, başga adamlara duýgudaşlyk edip, niýetini amala aşyrar. Bu bolsa onuň rehimdar we söýgüli Hudaýdygyny görkezýär. Şeýle-de, Ýehowanyň niýetiniň kem-kemden amala aşýandygyny synlamak bilen, ol barada köp zatlary bilýäris. Bizi onuň adalatlylygy, rehimdarlygy, sabry, çäksiz akyldarlygy tolgundyrýar. Ýehowanyň Älemiň Hökümdary bolmaga haklydygy baradaky jedelli meseläni akyldarlyk bilen çözmegi — hökümdarlygynyň iň gowy hökümdarlykdygyna hemişelik subutnama bolar. Biz Pawlus resulyň aýdan şu sözlerine goşulýarys: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!» (Rimliler 11:33).

Wepalylygymyzy nädip görkezip bileris?

13. Horluk çekeňde nähili mümkinçiligimiz bar we paýhasly hereket etmäge näme kömek edýär?

13 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi her hili ýagdaýlarda horluk çekmeli bolýarlar. Bu horluklar dowam edýär. Hudaý heniz erbet adamlary ýok etmedi, şeýle-de öňünden aýdylyşy ýaly adamzat kämillige ýetmedi. Muňa gaharlanmalymy? Ýogsa-da, şeýle ýagdaýlary Iblisiň ýalançydygyny subut etmäge mümkinçilik diýip hasaplamaly dälmi näme? Süleýmanyň tymsallary 27:11-däki: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen sözleri hemişe ýatda saklasak, imanda berkemäge kömek eder. Ýehowa gyjalat berýän Şeýtanyň aýtmagyna görä, adam ten taýdan ejir çekse ýa emlägini ýitirse, Hudaýy günäkärlär, hatda oňa dil hem ýetirermiş (Eýýup 1:9—11; 2:4, 5). Synaglarda Ýehowa wepaly bolsak, onuň ýüregini şatlandyryp, Şeýtanyň biz hakda aýdýan aýyplamalarynyň ýalandygyny görkezeris.

14. Synaglarda Ýehowa bil baglasak, bize nähili bereketler garaşýar?

14 Synaglarda Ýehowa bil baglasak, gymmatly häsiýetleri ösdürip bileris. Meselem, Isa gören görgülerinden «söze gulak asmagy [täzeçe] öwrendi». Biz hem synaglarda sabry, çydamy we Ýehowanyň adyl ýollaryna çuň minnetdarlyk bildirmegi öwrenip bileris (Ýewreýler 5:8, 9; 12:11; Ýakup 1:2—4).

15. Kynçylyklarda sabyr etsek, başga adamlara nähili täsir eder?

15 Biziň özümizi alyp barşymyzy başgalar hem synlaýar. Dogrulygy söýýändigimiz üçin ejir çekýänimizi görüp, mümkin, käbir adamlar häzirki hakyky mesihçileriň kimdigine düşünerler. Olar sežde etmäge bize goşulyp, ebedi ýaşaýşyň berjek bereketlerini miras alyp bilerler (Matta 25:34—36, 40, 46). Ýehowa we onuň Ogly adamlarda şeýle mümkinçiligiň bolmagyny isleýärler.

16. Kynçylyga garaýşymyz agzybir bolmaga nädip kömek edýär?

16 Kyn ýagdaýlara Ýehowa wepalylygymyzy subut etmek diýip düşünsek hem-de onuň islegini ýerine ýetirmäge gatnaşsak, bu dogrudan-da, öwgä mynasyp! Şeýtsek, hakykatdan-da, Hudaý hem-de Isa bilen agzybir bolmaga jan edýändigimizi açyk görkezeris. Isa hakyky mesihçileriň ählisi barada Ýehowa doga edip, şeýle diýdi: «Men diňe olar [ýakyn şägirtleri] üçin däl, eýsem olaryň sözi bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin. Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar-da bizde bolsun, şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman eder» (Ýahýa 17:20, 21).

17. Ýehowa wepaly bolsak, nämä şübhelenmeli däl?

17 Ýehowa wepaly bolsak, ol bizi jomartlyk bilen sylaglar. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Şonuň üçin, eý söýgüli doganlar, elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz» (1 Korintoslylar 15:58). Injilde şeýle-de diýilýär: «Hudaý siziň işiňizi... öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» (Ýewreýler 6:10). Ýakup 5:11-de bolsa şeýle sözleri okaýarys: «Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz; çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr». Eýýuba soň näme boldy? «Hudaý Eýýubyň soňky günlerini has bereketli etdi» (Eýýup 42:10—16). Hawa, Ýehowa «özüni agtarýanlary sylaglaýar» (Ýewreýler 11:6). Gelejekde bize garaşýan sylag — ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşaýyş!

18. Bizdäki ähli gaýgyly ýatlamalara ahyrsoňy näme bolar?

18 Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda adamlaryň müňlerçe ýyllap çeken ähli zyýanlary aýrylar. Adamlar şeýle bir şatlanar welin, häzirki çekýän horluklar ýatdan çykar. Geçmişde çekilen horluklar asla ýada düşmez. Olar kem-kemden aňlarymyzdan aýrylar, çünki täze dünýäde her günümiz abatlaýjy pikirden we işlerden dolar. Ýehowa şeýle diýýär: «Men täze gök [gökdäki täze Patyşalyk ýa-da adamlaryň üstünden höküm sürjek hökümet] we täze ýer [dogry adamlaryň jemgyýetini] döredýärin, öňküsi ýada düşmez, ýüregiňize-de gelmez. Siz bolsa Meniň döreden zatlarym barada ebedilik begenersiňiz». Hawa, Ýehowanyň täze dünýäsinde dogry adamlar şatlanyp diýerler: «Bütin ýer asuda, dynç alýar, şatlykdan ýaňa gygyrýar» (Işaýa 14:7; 65:17, 18).

Gaýtalamak üçin soraglar

• Ýehowa horluklara ýol berse-de, özüniň adyna nädip mynasyp hormat goýdy?

• Ýehowa «gazap gaplaryna» sabyr edip, bize rehimdarlygyny nädip görkezýär?

• Çekýän horluklarymyza nähili garamaly?

[67-nji sahypadaky surat]

Ýehowa Eýýubyň soňky günlerini has bereketli etdi

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş