3-nji bap
Hakyky Hudaý kim?
1. Näme üçin köp adamlar Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji sözleri bilen razylaşýar?
AÝDYŇ gije asmana bakaňda, hetsiz-hasapsyz ýyldyzlar seni haýran galdyranokmy? Olaryň barlygyny sen nädip düşündirersiň? Ýa-da, al-elwan güller, saýraşýan guşlar, okeanda ýüzýän ägirt läheň balyklar barada sen näme aýdarsyň? Şular ýaly zatlar sanardan kändir. Bu zatlaryň öz-özünden döremegi mümkin däl. Şonuň üçin, köp adamlaryň Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji sözleri bilen razylaşmagy-da geň däldir, çünki: «Başlangyçda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (Barlyk 1:1).
2. Mukaddes Ýazgylar Hudaý hakda näme aýdýar we bizi näme etmäge höweslendirýär?
2 Häzirki döwürde adamlaryň Hudaý baradaky düşünjeleri dürli-dürli. Käbirleri, Hudaý şahsyýet däl-de, ýöne bir tebigy güýçdir öýdýärler. Başga millionlarça adamlar bolsa, Hudaý çendenaşa uzakda we Oňa ýetip bolýan däldir diýip, merhum ata-babalaryna sežde edýärler. Emma Mukaddes Ýazgylar, hakyky Hudaýyň diri şahsyýetdigini we Onuň her birimiz bilen içgin gyzyklanýandygyny aýan edýär. Şonuň üçin, Mukaddes Ýazgylar: «Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir» diýip, «Hudaýy agtarmaga» höweslendirýär (Resullaryň Işleri 17:27).
3. Hudaýyň şekilini etmek näme üçin mümkin däl?
3 Hudaýyň keşbi nähilikä? Hudaýyň diňe käbir gullukçylary Onuň dabaraly huzurynda bolandyklary barada görnüş gördüler. Şol görnüşlerde, Hudaý özüniň tagt üstünde oturandygyny we Ondan haýbatly nur saçylýandygyny suratlandyrdy. Ýöne bu görnüşleri alan adamlar bir gezegem Hudaýyň ýüz keşbi barada ýazmandylar (Daniýel 7:9, 10; Ylham 4:2, 3). Sebäbi — «Hudaý Ruhdur», Onuň tebigy teni ýok (Ýahýa 4:24). Aslynda, Ýaradyjymyzy tebigy şekilde göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki «Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir» (Ýahýa 1:18; Çykyş 33:20). Emma Mukaddes Ýazgylar bize Hudaý barada köp zat öwredýär.
HAKYKY HUDAÝYŇ ADY BAR
4. Mukaddes Ýazgylar Hudaýa degişli haýsy titullary ulanýar?
4 Mukaddes Ýazgylarda hakyky Hudaý barada: «Her Zady Başarýan Hudaý», «Hemmelerden Beýik», «Ýaradan», «Beýik Halypa», «Baýar», «Bütin Döwürleriň Patyşasy» diýip gürrüň edilýär (Barlyk 17:1; Zebur 50:14; Wagyzçy 12:1; Işaýa 30:20, TD; Resullaryň Işleri 4:24; 1 Timoteos 1:17). Bu titullaryň manysy hakda oýlansak, Hudaý barada köp zatlar bileris.
5. Hudaýyň ady näme hem-de Töwrat we Zeburda ol näçe gezek duş gelýär?
5 Emma Hudaýyň şahsy ady hem bar. Onuň islendik titulyndan has köp ýatlanyp geçilýän bu at, diňe Töwrat we Zeburda 7000 gezek diýen ýaly duş gelýär. Takmynan 1900 ýyl mundan öň, ýewreýler yrym edip Hudaýyň adyny agzamagyny goýdular. Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan ýewreý dilinde çekimli harplar ýokdy. Şonuň üçin Musanyň, Dawudyň we gadymky döwürde ýaşan başga adamlaryň, Hudaýyň adyny düzýän dört çekimsiz harpy (יהוה) nädip sözländiklerini anyklamak mümkin däl. Käbir alymlar, Hudaýyň ady «Ýahwe» diýip tutulandyr öýdýärler, ýöne, munuň şeýledigine olaryň kän ynamy ýok. Emma Hudaýyň adynyň «Ýehowa» diýip tutulyşy, ýa-da şoňa meňzeş görnüşleri eýýäm ençeme dillerde giňden kabul edildi we ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ulanylýar (Zebur 8:1, 9 serediň.)
HUDAÝYŇ ADYNY NÄME ÜÇIN ULANMALY
6. Zebur 8:9-da Ýehowa hakda näme aýdylýar we biz onuň adyny näme üçin ulanmaly?
6 Ýehowa — bu, Hudaýy beýleki ähli taňrylardan tapawutlandyrýan, özboluşly ýeke-täk atdyr. Şu sebäpden, bu at Mukaddes Ýazgylarda, ylaýta-da ýewreý tekstinde şeýle köp duşýar. Ençeme terjimeçiler öz işlerinde Hudaýyň adyny ulanmakdan saklanýarlar, emma Zebur 8:9-da açyk aýdylýar: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly!» Şonuň üçin, Hudaý barada gürrüň edenimizde Onuň adyny ulanmak ýerlikli bolar.
7. Ýehowa adynyň manysy bize Hudaý barada näme öwredýär?
7 Ýehowa ady — bu, «bolmak» manyny berýän ýewreý işliginiň bir görnüşidir. Şonuň üçin, Hudaýyň ady «boldurýar» diýmegi aňladýar. Ýehowa şeýdip, Özüniň beýik niýetli Hudaýdygyny düşündirýär. Ol niýet edýän zadyny mydama boldurýar. Diňe hakyky Hudaý bu ada eýe bolmaga mynasyp, sebäbi adamlar öz maksatlaryny amala aşyryp biljegine hiç haçan doly ynamly bolup bilmeýärler (Ýakup 4:13, 14). Diňe Ýehowa şu sözleri diýip biler: «Agzymdan çykýan sözüm-de şonuň ýalydyr... Men ony näme üçin iberen bolsam, şony-da üstünlikli amala aşyrar» (Işaýa 55:11, TD).
8. Ýehowa Musa arkaly haýsy niýetini mälim etdi?
8 Ýewreý halkynyň atalary Ybraýym, Yshak we Ýakup ’Ehowanyň adyny çagyrardylar’ (TD), ýöne onuň manysyna doly düşünenokdylar (Barlyk 21:33; 26:25; 32:9; Çykyş 6:3). Soňra, Ýehowa olaryň nesli bolan ysraýyllylary Müsürdäki gulçulykdan boşadyp, olara «süýt bilen bal akýan ýurdy» miras berjegine wada etdi, emma bu olara bolmajak zat ýaly göründi (Çykyş 3:17). Muňa garamazdan, Hudaý Öz adynyň ötmejek manysyny görkezmek üçin, Musa pygambere şeýle tabşyrdy: «Ysraýyl ogullaryna aýtmaly zadyň şu: Atalaryňyzyň Hudaýy, Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy, Ýakubyň Hudaýy — Ýehowa, meni siziň ýanyňyza iberdi. Bu ebedilik meniň adymdyr, we men barada nesilden-nesle ýatlamadyr» (Çykyş 3:15, TD).
9. Faraon Ýehowa nähili garaýardy?
9 Musa müsüriň patyşasy faraondan, Ýehowa sežde etmek üçin ysraýyllylary çöle goýbermegi sorady. Emma özi taňry hasaplanýan we müsür taňrylaryna sežde edýän faraon: «Men Onuň sözüne gulak asyp, Ysraýyly goýberer ýaly, Ýehowa kim? Men Ýehowany tanamok, Ysraýyly hem goýbermerin» diýip, jogap berdi (Çykyş 5:1, 2, TD).
10. Ýehowa ysraýyllylara degişli niýetini amala aşyrmak üçin gadymy Müsürde näme işler etdi?
10 Şondan soň, Ýehowa öz adyna laýyklykda hereket edip, niýetini amala aşyrmaga başlady. Ol gadymky müsürlileriň başyna on belany getirdi. Iň soňky bela olaryň ähli ilkinji doglan perzentlerini, şol sanda hem tekepbir faraonyň ogluny öldürdi. Şonda müsürliler ysraýyllylara ýalbaryp, olaryň ýurduny terk etmegi haýyş etdiler. Ýöne käbir müsürliler, Ýehowanyň gudratynyň täsirinden ýaňa, ysraýyllylara goşulyp, olar bilen bilelikde Müsüri terk edip gitdiler (Çykyş 12:35—38).
11. Gyzyl deňizde Ýehowa nähili gudrat görkezdi we Onuň duşmanlary nämä göz ýetirmeli boldular?
11 Keçjal faraon öz gullaryny gaýtarmagyň küýüne düşüp, ýüzlerçe söweş arabaly goşuny bilen olary kowalamaga başlady. Müsürliler olaryň yzyndan ýetdi diýen mahaly, Hudaý gudrat bilen Gyzyl deňziň suwlaryny bölüp, ysraýyllylary onuň düýbünden geçirdi. Kowujylar dörän geçelgä okduryldylar, emma Ýehowa «olaryň arabalarynyň tigirlerini gopardy, şu sebäpden olar arabalaryny zordan süýrediler». Şonda müsür esgerleri perýat edip gygyryşdylar: «Ysraýyllylardan gaçalyň, çünki Taňry olaryň hatyrasyna biziň bilen uruş edýär». Emma indi giçdi. Ägirt suw diwarlary üstlerine gaýdyp «faraonyň bütin goşunynyň arabalaryny hem atlylaryny» gark etdi (Çykyş 14:22—25, 28). Şonda Ýehowa adyny şöhratlandyrdy we şu güne deňeç bu waka unudylan däldir (Ýeşu 2:9—11).
12, 13. a) Şu günler biziň üçin Hudaýyň ady näme aňladýar? b) Adamlar näme öwrenmeli we bu näme üçin örän zerur?
12 Şu günler Hudaýyň şöhratly adynyň biziň üçin ägirt manysy bar. Onuň adyna Ýehowa diýilmegi — bu, Onuň ähli niýetlerini, şol sanda hem ýeri jennete öwürmek hakdaky ilkinji niýetini-de amala aşyrjagyny aňladýar (Barlyk 1:28; 2:8). Munuň üçin, Hudaý öz hökümdarlygynyň häzirki ähli duşmanlaryny ýok eder, çünki Özi aýdýar: «Meniň Ýehowadygymy bilmeli bolarlar» (Ezekiýel 38:23, TD). Şonda, Ol wadasyny ýerine ýetirip, Oňa sežde edýänlere adalatly täze dünýäni sowgat berer (2 Petrus 3:13).
13 Hudaýyň berekellasyny gazanmak isleýänler, Onuň adyny iman bilen çagyrmagy öwrenmelidirler. Mukaddes Ýazgylar wada berýär: «Rebbi [«Ýehowanyň adyny», TD] çagyran adam gutular» (Rimliler 10:13). Hawa, Ýehowanyň ady çuňňur manylydyr. Ýehowany Hudaýyň we Halasgäriň hökmünde çagyrsaň, tükeniksiz bagt bilen sylaglanarsyň.
HAKYKY HUDAÝYŇ HÄSIÝETLERI
14. Hudaýyň haýsy esasy häsiýetlerine Mukaddes Ýazgylar üns berýär?
14 Ysraýylyň Müsürden azat edilişi baradaky habara seretsek, Hudaýda sazlaşýan esasy dört häsiýetiň ýüze çykýandygyny göreris. Faraona garşy hereket edişinde, Onuň haýbatly güýji görünýär (Çykyş 9:16). Bu çylşyrymly ýagdaýy üstünlikli çözüşi, Onuň ummasyz akyldarlygy barada güwälik edýär (Rimliler 11:33). Halkynyň dikdüşdi garşydaşlaryny hem-de ezijilerini jezalandyryp, Ol adalatlyk görkezdi (Kanunyň Gaýtalynyşy 32:4). Hudaýyň iň belent häsiýeti bolsa — söýgi. Ýehowa, Ybraýymyň geljekki nesillerine degişli wadasyny ýerine ýetirip, deňi-taýy bolmadyk söýgüni görkezdi (Kanunyň Gaýtalanyşy 7:8). Ol käbir müsürlileriň haýry üçin, ýalan taňrylaryndan ýüz dönderip, ýalňyz hak Hudaýa ýüzlenmäge ýol açmagy bilen hem söýgüsini bildirdi.
15, 16. Hudaý nädip söýgi bildirýär?
15 Mukaddes Ýazgylary okadygyňça, Hudaýyň esasy häsiýetiniň söýgüdigine we ony dürli ýollar bilen görkezýändigine göz ýetirersiň. Meselem, söýgä esaslanyp Ol Ýaradyjy boldy we ruhy şahsyýetler bilen ýaşaýyş şatlygyny paýlaşdy. Ýüz millionlarça perişdeler Hudaýy söýýärler hem-de Ony şöhratlandyrýarlar (Eýýup 38:4, 7; Daniýel 7:10). Hudaý ýeri ýaratmak we ony adamlaryň bagtly ýaşamagy üçin taýýarlamak bilenem söýgüsini görkezdi (Barlyk 1:1, 26—28; Zebur 115:16).
16 Söýgä esaslanyp Hudaýyň bize sowgat edýän ýagşylyklary sanardan köpdür. Ilki bilen, ýaşaýyşdan lezzet almagymyz üçin, Ol söýgi bildirip bizi täsin tärde ýaratdy (Zebur 139:14). Hudaý «gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler bermek, ýüregimizi iýmit hem şatlykdan doldurmak bilen» hem söýgüsini görkezýär (Resullaryň Işleri 14:17). Hatda, Ol «Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Matta 5:45). Söýgüden ýaňa, Ýaradyjymyz bize Özi hakda bilim almaga we Oňa şatlyk bilen sežde etmäge kömek edýär. Hakykatdan hem «Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:8). Ýöne Onuň başga-da ençeme taraplary bar.
«REHIMDAR WE MÄHRIBAN»
17. Çykyş 34:6, 7-de Hudaý barada näme diýilýär?
17 Hatda Gyzyl deňzinden geçensoň hem, ysraýyllylar Hudaýy oňat tanamaga çalyşmalydylar. Musa muňa düşünip şeýle doga edýärdi: «Eger Seniň gözleriňde mähir tapan bolsam, ýalbarýaryn, Seni tanap, gözleriňde mähir tapar ýaly, ýalbarýaryn, maňa Öz ýollaryňy bildir» (Çykyş 33:13, TD). Hudaýyň oňa aýdan sözlerini eşidende, Musa Ony has gowy tanady: «Ýehowa, Ýehowa, rehimdar we mähriban Hudaý, örän sabyrly, merhemeti we hakykaty boldur, müňlerçelere merhemetini saklaýar, ýazygy we jenaýaty we günäni geçýär, ýöne asla temmisiz hem goýýan däldir» (Çykyş 34:6, 7, TD). Hudaý bilgeşleýin günä edýänleri etmişleriniň netijesinden goraman, söýgüsini adalatlyk bilen deňleýär.
18. Ýehowanyň rehimdarlygy nämede görünýär?
18 Musanyň bilşi ýaly, Ýehowa rehimdarlyk edýär. Rehimdar adam, horluk çekýäniň derdini paýlaşyp, onuň ýüküni ýeňletjek bolýandyr. Hudaý hem şonuň ýaly, horluklardan, kesellerden we ölümden gutarmagyň aladasyny edip, adamzada duýgudaşlyk bildirdi (Ylham 21:3—5). Hudaýa sežde edýän adamlar, bu dünýädäki şertlerden, ýa-da nädogry hereketleriň getirýän kynçylyklaryndan horluk çekip bilerler. Emma olar kiçigöwünlilik bilen Ýehowa ýüzlenip kömek dileseler, Ol olara göwünlik berip, kömek eder. Näme üçin? Sebäbi Ol sežde edijileri barada rehimdarlyk bilen alada edýär (Zebur 86:15; 1 Petrus 5:6, 7).
19. Hudaý mähirden doly diýmäge bizde näme esas bar?
19 Ençeme häkimiýetli adamlar özgelere hyrsyz garaýarlar. Munuň tersine, Ýehowa öz kiçigöwünli sežde edijilerine çäksiz mähirlidir! Ol älemde iň uly häkimiýetiň eýesi bolsa-da, adamlaryň ählisine ýagşylyk edýär (Zebur 8:3, 4; Luka 6:35). Ýehowa, adamlaryň rehimdarlyk baradaky haýyşlaryna jogap bermek bilen hem mährini bildirýär (Çykyş 22:26, 27; Luka 18:13, 14). Elbetde, Hudaý hiç kime mähirli bolmaga ýa-da rehimdarlyk etmäge borçly däl (Çykyş 33:19). Şonuň üçin, biz Hudaýyň rehimdarlygynyň we mähribanlygynyň gadyr-gymmatyny bilmelidiris (Zebur 145:1, 8).
ÖRÄN SABYRLY, ALA TUTMAÝAN WE ADYL
20. Ýehowanyň örän sabyrly we hiç kimi ala tutmaýandygy nämeden belli bolýar?
20 Ýehowa örän sabyrly. Emma, faraony goşuny bilen Gyzyl deňizde ýok edişine üns bersek, Onuň biperwaýlyk etmeýändigini göreris. Şeýle hem, Ýehowa hiç kimi ala tutmaýar. Onuň halky — Ysraýyl dyngysyz günä edip ýöreni üçin ahyrsoňy Onuň merhemetinden mahrum boldy. Indi Hudaý özüne hemme milletlerden dogrulyk edýän sežde edijileri ýygnaýar (Resullaryň Işleri 10:34, 35).
21. a) Ylham 15:2—4-de Hudaý barada näme aýdylýar? b) Hudaýyň kadalary boýunça ýaşamaga bize näme kömek eder?
21 Mukaddes Ýazgylaryň Ylham atly kitaby Hudaýyň «adyl işlerini» bilmegiň möhümdigini belläp geçýär. Onuň aýtmagyna görä, gökdäki şahsyýetler şeýle aýdym aýdýarlar: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr! Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy» (Ylham 15:2—4). Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşamak bilen, biz Oňa sagdyn gorky, ýa-da çuňňur hormat bildirýäris. Hudaýyň akyldarlygy we söýgüsi ýadymyzda bolsa, muny etmek kyn däldir. Onuň ähli tabşyryklary biziň peýdamyz üçin (Işaýa 48:17, 18).
«HUDAÝYMYZ REB ÝALŇYZ REBDIR»
22. Mukaddes Ýazgylary kabul edýänler näme üçin Troisa sežde etmeýärler?
22 Gadymky müsürliler köp taňrylara sežde edýärdiler, Ýehowa bolsa «aýratyn wepadarlygy talap edýän Hudaýdyr» (Çykyş 20:5, TD). Musa ysraýyllylara «Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir» diýip ýatlatdy (Kanunyň Gaýtalanyşy 6:4, ST). Isa Mesih bu sözleri gaýtalady (Markus 12:28, 29). Şonuň üçin, Mukaddes Ýazgylary Hudaýyň Sözi hökmünde kabul edýänler, üç şahsyýetden ybarat taňra, ýagny Troisa sežde etmeýärler. Aslynda, «Troisa» sözi Mukaddes Ýazgylarda hiç agzalmaýar. Hakyky Hudaý Isa Mesihden tapawutly we aýratyn bir şahsyýet (Ýahýa 14:28; 1 Korintoslylar 15:28). Hudaýyň mukaddes ruhy şahsyýet däl. Bu Ýehowanyň hereketdäki güýjüdir, Her Zady Başarýan Hudaý ony Öz niýetlerini amala aşyrmak üçin ulanýar (Barlyk 1:2; Resullaryň Işleri 2:1—4, 32, 33; 2 Petrus 1:20, 21).
23. Hudaýa bolan söýgiň näme esasynda artar? b) Hudaýy söýmek barada Isa näme aýtdy we Mesih hakynda biz näme bilmeli?
23 Ýehowanyň şeýle ajaýyp Hudaýdygyny bileniňden soň, Onuň seždä mynasypdygyna göz ýetirmediňmi? Onuň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary öwrendigiňçe, sen Ony has gowy tanarsyň we baky abadançylygyňa hem bagtyňa hyzmat edýän talaplaryny bilersiň (Matta 5:3, 6). Üstesine-de, seniň Hudaýa bolan söýgiň artar. Isa şeýle diýipdi: «Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» (Markus 12:30). Isanyň Hudaýa hut şunuň ýaly söýgüsiniň bolandygyna şek-şübhe ýokdur. Ýöne, Isa Mesih barada Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýar? Ýehowanyň niýetlerinde ol nähili orun tutýar?
BILIMIŇI BARLAP GÖR
Hudaýyň ady näme hem-de Töwrat we Zeburda ol näçe gezek duş gelýär?
Hudaýyň adyny sen näme üçin ulanmaly?
Ýehowa Hudaýyň haýsy häsiýetleri saňa has ýaraýar?
[29-njy sahypadaky surat]
Ähli zady Ýaradany gowy tanaýarmyň?