Ikinji bap
Ýalňyz hak Hudaý Ýehowany dabaralandyryň
1. Ýalňyz hak Hudaý kim?
ADAMLAR köp taňrylara sežde etseler-de, Injilde «biziň bir Ata Hudaýymyz bar» diýilýär (1 Korintoslylar 8:5, 6). Ol «bir... Hudaý» — ähli zady Ýaradan Ýehowa (Kanunyň gaýtalanyşy 6:4; Ylham 4:11). Isa Atasy barada: «Meniň Hudaýym we siziň Hudaýyňyz» diýdi (Ýahýa 20:17). Bu sözler Musanyň aýdan sözlerine laýyk gelýär, ol şeýle diýdi: «Ýehowa hakyky Hudaýdyr, Ondan başga [Hudaý] ýok» (Kanunyň gaýtalanyşy 4:35, TD). Sežde edilýän butlaryň we pirleriň hiç birini-de, hatda «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan Iblisi-de Ýehowa bilen deňäp bolmaz. Hudaý olardan has beýik (2 Korintoslylar 4:3, 4). Adamlar her zada sežde etseler-de, Isanyň aýtmagyna görä, «ýalňyz hak Hudaý» — Ýehowa (Ýahýa 17:3).
2. Hudaý baradaky bilim durmuşymyza nähili täsir etmeli?
2 Minnetdar adamlar Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri hem-de adamzat üçin näme edendigi we näme etjekdigi barada bilende, olaryň Ýehowa ýakynlaşasy gelýär. Olaryň Hudaýa söýgüsi artdygyça, dabaralandyrmak islegi-de artýar. Ýöne Hudaýy nädip dabaralandyryp bolar? Mümkinçilikleriň biri — adamlara Ýehowa barada gürrüň bermek. «Gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir» diýip, Rimliler 10:10-da aýdylýar. Ýene-de bir mükinçilik — sözde we iş ýüzünde Hudaýdan görelde almak. Efesliler 5:1-de şeýle diýilýär: «Söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň». Has gowy görelde alar ýaly, Ýehowa barada köpräk bilim almaly.
3. Hudaýyň esasy häsiýetleri haýsylar?
3 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri barada örän köp aýdylýar. Olaryň dördüsi — esasy häsitleri. Şol dört häsiýet: akyldarlyk, adalatlylyk, güýç we söýgi. «Onuň akyldarlygy çuňdur» (Rimliler 11:33). Ol adalatly (Zebur 33:5). Onuň beýik «güýji» bar (Zebur 65:6). «Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:8). Ýöne esasy häsiýetleriň içinde haýsysy Hudaýy has oňat suratlandyrýarka?
«Hudaý söýgüdir»
4. Hudaýyň haýsy häsiýeti älemi we ähli diri zatlary ýaratmaga höweslendirdi?
4 Seniň pikiriňçe, Ýehowa älemi, perişdeleri we adamlary näme üçin ýaratdyka? Akyldar ýa güýçli bolany üçinmi? Ýok, onuň üçin däl. Elbetde, Hudaý şol häsiýetleri ulanan bolsa gerek. Belki, adalatlylygy üçindir? Ýok, çünki Hudaý kimdir biri bilen ýaşaýşy paýlaşmaga borçly däl. Hudaý paýhasly mahluklaryň hem ýaşaýyşdan şatlanmagyny isläp, olary beýik söýgüsi bilen ýaratdy. Hut söýgüsi üçin gulak asýan adamlary Jennetde ebedi ýaşatmak isleýär (Barlyk 1:28; 2:15). Ol adamzady söýýändigi üçin Adam atanyň günäsinden halas etmekçi.
5. Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehowa haýsy häsiýetiň nusgasy? Düşündiriň.
5 Şeýlelikde, söýgi — Hudaýyň iň ajaýyp häsiýeti, onuň tutuş durky. Onuň akyldarlygy, adalaty we güýji näçe wajyp bolsa-da, Mukaddes Ýazgylaryň hiç ýerinde-de Ýehowa olaryň hiç haýsyna-da deňelmeýär. Injilde: «Hudaý söýgüdir» diýilýär. Hawa, Ýehowa duýga däl-de, prinsipe esaslanýan söýgüniň nusgasy. Hudaý hakykatyň we dogrulygyň prinsiplerine laýyklykda söýýär. Bu söýgüniň iň belent görnüşi bolup, Ýehowa Hudaý onuň beýik göreldesi. Bu söýgi diýseň päk we hemişe iş ýüzünde görünýär.
6. Hudaý bizden has beýik bolsa-da, biz näme üçin ondan görelde alyp bilýäris?
6 Hudaýyň söýgi häsiýeti ondan görelde almaga kömek edýär. Ýöne günäli, kiçijik, kämilsiz adamlar hökmünde, muňa güýjümiz ýetmez diýip, pikir etmegimiz mümkin. Emma şu ýerde-de Ýehowanyň beýik söýgüsi görünýär: ol biziň mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünip, kämilligi talap etmeýär. Hawa, biz asla kämil däl, Hudaý muny bilýär (Zebur 51:5). Ine, şu sebäpli Zebur 130:3, 4-de şeýle diýilýär: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler? Emma... Sende geçirimlilik bardyr». Hawa, Ýehowa «ynsanperwer we rehimdar, köp sabyrly we merhemete baý» (Çykyş 34:6). «Ýa Reb, Sen gowy, geçirimlisiň» (Zebur 86:5). Gör, bu nähili teselli berýär! Şeýle ajaýyp Hudaýa sežde edip, söýgüli hem rehimli aladasyny duýmak, gör, nähili ýakymly!
7. Ýehowanyň söýgüsi ýaradan zatlarynda nädip görünýär?
7 Ýehowanyň söýgüsi onuň ýaradan zatlarynda-da görünýär. Ýaşaýyşdan lezzet alyň diýip, Ýehowanyň bize beren ähli ýagşylygy barada pikirlen: beýik daglar, gür tokaýlar, dury suwly köller, giň okeanlar... Şeýle-de, ol her hili ir-iýmişi diňe ýokumly däl-de, eýsem, tagamly-da edip ýaratdy. Onsoňam, Ýehowa birgiden owadan hem hoşboý ysly gülleri we täsin haýwanlary ýaratdy. Ol ähli zady adamlaryň ýaşaýşa şatlanmagy üçin ýaratdy, ýöne ol beýle etmäge borçly däldi. Elbetde, bu zalym dünýäde ýaşap, üstesine-de kämilsizligimiz üçin Hudaýyň ýaradan zatlaryndan doly lezzet alyp bilmeýäris (Rimliler 8:22). Ýöne Ýehowanyň biz üçin Jennetde etjek zatlary barada oýlanyp bir gör! Hudaý barada mezmurçy ynam bilen şeýle diýýär: «Eliňi açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýarsyň» (Zebur 145:16).
8. Ýehowa bize söýgüsini nädip görkezdi?
8 Ýehowa adamzada söýgüsini nädip görkezdi? Injil şeýle düşündirýär: «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Ýehowa muny adamlaryň gowy bolany üçin etdimi? Muňa Rimliler 5:8 şeýle jogap berýär: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi». Hawa, Hudaý bizi günäniň we ölümiň gulçulygyndan boşatmak üçin kämil Ogluny töleg gurbany hökmünde berdi (Matta 20:28). Şeýdip, Hudaýy söýýän adamlar üçin ebedi ýaşaýşa ýol açyldy. Hawa, Hudaý islegini ýerine ýetirmek isleýän adamlaryň ählisini söýýär. Bu barada Injil şeýle diýýär: «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem her milletde kim ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Resullaryň işleri 10:34, 35).
9. Ýehowanyň Ogluny gurban etmegi bize nähili täsir etmeli?
9 Diýmek, Ýehowa Ogluny biziň üçin gurban edip, ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Eýsem, bu biziň durmuşymyza täsir etmelimi? Hawa. Hak Hudaý Ýehowa söýgümiz artmaly. Şeýle hem bizde Hudaýyň wekili — Isany diňlemäge isleg bolmaly. «[Isa] ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda ölen... üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi» (2 Korintoslylar 5:15). Biz Isanyň göreldesine eýermeli, sebäbi ol Ýehowanyň söýgüsiniň we duýgudaşlygynyň mysaly. Bu Isanyň kiçigöwünli adamlara aýdan sözlerinde görünýär: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň; çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar. Çünki Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» (Matta 11:28—30).
Adamlary söýmek
10. Mesihçi doganlary söýmegiň nähili ýollary bar?
10 Ýehowa bilen Isanyň bizi söýşi ýaly, mesihçi doganlary nädip söýüp bileris? Munuň köp ýollary bar: «Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, biabraýçylykly iş edýän däldir, adalatsyzlyga şatlanman, hakykada şatlanýandyr, her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr. Söýgi asla tükenmez» (1 Korintoslylar 13:4—8; 1 Ýahýa 3:14—18; 4:7—12).
11. Biz ýene kimi söýmeli we nädip?
11 Biz ýene kimi söýmeli we nädip? Isa şeýle diýdi: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes ruh ady bilen [suwda] çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» (Matta 28:19, 20). Bu Hudaýyň ýakynlaşýan täze dünýäsi, ýagny Jennet baradaky hoş habary adamlara gürrüň bermelidigimizi aňladýar. Isanyň sözleri diňe imandaşlary söýmeli däldigimizi aýdyň görkezýär: «Siz [diňe] özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi? Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler-de şeýle etmeýärmi?» (Matta 5:46, 47; 24:14; Galatýalylar 6:10).
«Ýehowanyň ady bilen ýöremek»
12. «Ýehowa» ady näme üçin diňe Hudaý göterip bilýär?
12 Hak Hudaýy dabaralandyrmak üçin onuň üýtgeşik «Ýehowa» adyny bilmeli, ulanmaly hem-de adamlara gürrüň bermeli. Mezmurçy şeýle etmegi ýürekden isleýärdi: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zebur 8:1) Ýehowanyň ady «boldurýar» diýmegi aňladýar. Ýehowa — beýik niýetli Hudaý. Ol niýetini hemişe amala aşyrýar. Bu ady diňe hak Hudaýyň götermäge haky bar, çünki adamlar niýet eden işi başa barar öýdüp bilmez (Ýakup 4:13, 14). Diňe Ýehowa sözüm hemişe «näme üçin iberen bolsam... şony-da amala aşyrar» diýip bilýär (Işaýa 55:11). Köp adamlar ilkinji gezek Hudaýyň adyny öz Mukaddes Ýazgylarynda görüp, manysyna düşünende tolgunyp, şatlanýarlar (Zebur 8:1, 9; 68:20). Ýöne bu bilimden peýda almak üçin olar «Ýehowanyň ady bilen ebedilik ýöremeli» (Mika 4:5, TD).
13. Ýehowanyň adyny bilmek we Ýehowanyň ady bilen ýöremek näme aňladýar?
13 Hudaýyň ady barada Zebur 9:10-da şeýle diýilýär: «Adyňy bilýänler Saňa bil baglar». Bu ýerde Hudaýyň adyny ýöne bir bilmek barada aýdylanok, sebäbi adyny bileniň bilen bil bagladygyň bolmaýar. Hudaýyň adyny bilmek, Ýehowanyň nähili Hudaýdygyna doly düşünip, häkimiýetine hormat goýmagy, oňa gulak asyp, hemişe bil baglamagy aňladýar (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6). Şeýlelikde, Ýehowanyň ady bilen ýöremek hem, Hudaýa özüňi bagyş edip, wekilleriniň biri bolmagy, islegine laýyk ýaşap, sežde etmegi aňladýar (Luka 10:27). Sen şeýle edýäňmi?
14. Ýehowa ebedilik gulluk etmekçi bolsak, özüňi borçly duýmakdan başga ýene näme gerek?
14 Ýehowa ebedi gulluk etmek üçin, onuň öňünde özüňi borçly duýmak ýeterlik däl. Köp ýyllardan bäri Ýehowa wepaly gulluk edip ýören Timoteosa Pawlus resul şeýle ündeýär: «Hudaýa wepaly bolmaga jan edip, türgenleş» (1 Timoteos 4:7, TD). Bir kişä minnetdar bolsaň, oňa ýürekden wepaly bolasyň gelýär. Diýmek, «Hudaýa wepaly bolmak», Ýehowa çuňňur hormat goýmagy aňladýar. Bu Ýehowa we onuň ýollaryna çäksiz hormat goýup, oňa mähirli ysnyşmakdyr. Şeýlelikde, biz ähli adamlaryň Hudaýyň adyny sylamagyny isleýäris. Eger-de biz ýalňyz hak Hudaý Ýehowanyň ady bilen ebedilik ýöremekçi bolsak, onda biz oňa wepalylygy artdyrmaly (Zebur 37:4; 2 Petrus 3:11).
15. Diňe Hudaýa wepaly bolmak näme aňladýar?
15 Ýehowa gullugymyzy kabul eder ýaly, diňe oňa sežde etmeli, çünki ol «diňe özüne wepaly bolmagy talap edýän Hudaý» (Çykyş 20:5, TD). Bir wagtyň özünde Hudaýy hem-de Şeýtanyň zalym dünýäsini söýüp bolmaz (Ýakup 4:4; 1 Ýahýa 2:15—17). Ýehowa her birimiziň nämä yhlas edýändigimizi bilýär (Ýeremiýa 17:10). Biz dogrulygy ak ýürekden söýsek, Ýehowa dürli synaglary ýeňip geçmäge her gün kömek eder. Ol bizi güýçli mukaddes ruhy bilen goldar, şonda bu dünýäde giňden ýaýran ýamanlygy ýeňip bileris (2 Korintoslylar 4:7). Şeýle-de, Hudaý bize ýer ýüzünde boljak Jennetdäki ebedi ýaşaýşa umydy saklap, berkemäge-de kömek eder. Dogrudan-da, gör nähili ajaýyp gelejek! Elbetde, munuň üçin biz Ýehowa, hak Hudaýa köp-köp sagbolsun aýtmaly. Ol, hakykatdan-da, çyn ýürekden sežde etmäge mynasyp!
16. Millionlarça adamlaryň kabul eden haýsy çakylygyny sen hem kabul etmeli?
16 Bütin dünýäde millionlarça adamlar mezmurçynyň: «Meniň bilen bile Rebbi dabaralandyryň. Onuň adyny bilelikde beýgeldeliň» diýen çakylygyny begenişip kabul etdiler (Zebur 34:3). Ähli halklarda çakylygy kabul edýän adamlar gitdigiçe köpelýär. Ýehowa seniň hem şolaryň arasynda bolmagyňy isleýär.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Ýehowa nähili şahsyýet? Hudaýyň häsiýetlerine anyk düşünsek, bize nähili peýdasy bar?
• Adamlara Hudaý barada hakykaty bilmäge nädip kömek etmeli?
• Ýehowanyň adyny bilmek we Ýehowanyň ady bilen ýöremek näme aňladýar?
[14-nji sahypadaky surat]
Ýehowa söýgi bilen «elini açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýurýar»