Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 8 sah. 70—78
  • Zalym ruhlara garşy göreş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zalym ruhlara garşy göreş
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bu dünýäniň gökdäki hökümdarlary
  • Iblisiň hileli usullary
  • Ýeňmek üçin ýaraglary geýýärler
  • Jynlara garşy durmaga bize näme kömek eder?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Iblise we onuň hilelerine garşy dur
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Hakykatdan kim dünýäniň üstünden höküm sürýär?
    Hakykatdan kim dünýäniň üstünden höküm sürýär?
  • Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 8 sah. 70—78

Sekizinji bap

Zalym ruhlara garşy göreş

1. Bizi näme üçin zalym ruhlaryň täsiri gyzyklandyrmaly?

KÖP adamlar zalym ruhlar baradaky düşünjäni gülkünç hasaplaýarlar. Ýöne bu gülkünç däl. Olar ynansalar-da, ynanmasalar-da zalym ruhlar bar. Olar her bir adama täsir edýär. Şol sanda, Ýehowa sežde edýän adamlara-da täsir edýär. Gaýtam, şol adamlar olaryň esasy nyşany. Bu barada Pawlus resul duýduryp, şeýle diýýär: «Biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, [göze görünmeýän] hökümdarlara garşy, ygtyýarlara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetine garşy, ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» (Efesliler 6:12). Şu günler zalym ruhlaryň täsiri has-da güýçlendi, sebäbi Şeýtan gökden ýer ýüzüne zyňyldy hem-de wagtynyň azlygy üçin gahar-gazaba münýär (Ylham 12:12)

2. Adamdan güýçli ruhlara garşy göreşde nädip ýeňip bileris?

2 Adamdan güýçli ruhlary hi bir ýeňip bolarmy? Hawa, Ýehowa bütinleý bil baglasaň, ýeňip bolar. Biz oňa gulak asmaly hem-de onuň Sözüne boýun bolmaly. Şeýle etsek, biz Şeýtanyň täsirinden gutulyp bilmeýän adamlaryň çekýän beden, ahlak we duýgy taýdan zyýanyndan özümizi gorarys (Ýakup 4:7).

Bu dünýäniň gökdäki hökümdarlary

3. Şeýtan kime gazaply garşylyk görkezýär we nädip?

3 Ýehowa bize dünýädäki ýagdaýy gökden görşi ýaly aýdyň suratlandyrýar. Ol Ýahýa resula görnüş berip, Şeýtany «gyzyl reňkli uly aždarha» hökmünde görkezýär. Şol aždarha ilkinji mümkinçilikden peýdalanyp, Hudaýyň Mesihi Patyşalygyny 1914-nji ýylda gökde doglan badyna iýmäge taýýardy. Şeýtan şowsuzlyga uçrap, Patyşalygyň ýerdäki wekillerine garşy gazaply urşa başlady (Ylham 12:3, 4, 13, 17). Şeýtan olara garşy nädip uruşýar? Ýerdäki öz adamlary arkaly.

4. Ynsan hökümetlerine ygtyýary kim berýär we biz muny nireden bilýäris?

4 Soňra Ýahýa resula «her taýpanyň, her halkyň, her diliň we her milletiň üstünden» höküm sürme ygtyýary bolan on şahly we ýedi başly bir wagşy haýwany görkezdi. Bu haýwan dünýäniň syýasy guramalaryny aňladýar. «Aždarha [Şeýtan Iblis] oňa [şol wagşy haýwana] güýjüni, tagtyny we uly ygtyýar berdi» diýip, Ýahýa aýdýar (Ylham 13:1, 2, 7). Hawa, ynsan hökümetlerine güýji hem ygtyýary Şeýtan berýär. Şeýle-de, Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, «dünýäniň [hakyky] hökümdarlary gökdäki ýaman ruhy gudratlar» bolup, hut şolar ynsan hökümetlerini dolandyrýarlar. Ýehowa sežde etmek isleýän adamlaryň ählisi muňa gowy düşünmeli (Luka 4:5, 6).

5. Häzirden dünýäniň patyşalary nirä üýşýär?

5 Köp hökümdarlar dine uýýan hem bolsa, dünýäniň bir milleti-de Ýehowanyň häkimiýetine we onuň bellän Patyşasy Isa Mesihe boýun bolmaýar. Hersi öz häkimiýeti ugrunda zalymlyk bilen söweşýär. Ylham kitabynda ýazylyşy ýaly, şu günler «jynlaryň ruhlary» dünýäniň patyşalaryny «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde [Armageddonda] boljak söweşe» üýşürýärler (Ylham 16:13, 14, 16; 19:17—19).

6. Biz Şeýtanyň dünýäsini goldaýanlaryň biri bolmaz ýaly näme üçin seresap bolmaly?

6 Her gün adamlara syýasy, sosial, ykdysady we dini dawalar täsir edip, adamzat maşgalasynyň agzyny alardýar. Şol dawalarda adamlar sözünde ýa iş ýüzünde öz milletiniň, tiresiniň tarapyny tutýar. Şol dawalara gatnaşmasalar-da, adamlar köplenç dawalaşýanlaryň birini makullaýarlar. Ýöne nähili adamy ýa haýsy akymy goldasalar-da, aslynda olar kimiň tarapyny tutýarlar? Mukaddes Ýazgylar: «Bütin dünýä iblisiň goly astynda» diýip açyk aýdýar (1 Ýahýa 5:19). Başga adamlar ýaly aldanmazlyk üçin näme etmeli? Hudaýyň Patyşalygyny bütinleý goldap, dünýäniň dawalaryna goşulmaly däl (Ýahýa 17:15, 16).

Iblisiň hileli usullary

7. Näme üçin Şeýtan ýalan dini ussatlyk bilen ulanýar diýse bolar?

7 Şeýtan asyrlar boýy her hili yzarlamalar bilen adamlary hakyky dinden daşlaşdyrjak boldy. Onuň ulanýan has ýiti usullary — mekirlik hem-de hilegärlik. Ol ussatlyk bilen köp adamlara «Hudaýa gulluk edýäris» diýen pikir berip, olary ýalan diniň kömegi bilen garaňkylykda saklapdy. Şeýle adamlaryň Hudaý baradaky bilimi hem-de hakykata söýgüsi ýetmeýänligi üçin, olary syrly we duýguly dini gulluklar özüne çekýän bolmaly ýa-da olary «alamatlar» haýran galdyrýandyr (2 Selanikliler 2:9, 10). Emma hakyky sežde edýänleriň käbiri hem «aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatyna gulak asyp... dänerler» diýip, Injil duýdurýar (1 Timoteos 4:1, 2) Bu nädip bolup biler?

8. Ýehowa sežde etsek-de, Şeýtan nädip ýalan diniň toruna salyp biler?

8 Şeýtan biziň ejizliklerimizi hilegärlik bilen ulanýar. Bizde henizem adamdan gorky barmy? Bar bolsa, onda garyndaşlaryň ýa goňşularyň täsirine ýol berip, ýalan dinden gelip çykan däplere goşulaýmagymyz mümkin. Biz ulumsymy? Ulumsy bolsak, onda biri bize maslahat berse ýa pikirimiz bilen ylalaşmasa, hökman öýkelemegimiz mümkin (Süleýmanyň tymsallary 15:10; 29:25; 1 Timoteos 6:3—5). Netijede, pikirimizi üýtgetmegiň we Isanyň göreldesine eýermegiň deregine, gaýtam, «Mukaddes Ýazgylary ýöne bir okap, edepli bolmak ýeterlik» diýýän adamlaryň gulaga ýakymly sözlerini diňlemegimiz mümkin (2 Timoteos 4:3). Biz başga bir dine uýýarysmy, ýa öz dini düşünjämiz barmy, Şeýtan üçin asla parhy ýok, onuň üçin esasy zat — Hudaýyň Sözi we guramasy arkaly görkezişi ýaly Ýehowa sežde etmesek bolýar.

9. Şeýtan maksadyna ýetmek üçin jynsy gatnaşygy nädip mekirlik bilen ulanýar?

9 Onsoňam, Şeýtan mekirlik bilen adamyň adaty islegini nädogry ýol bilen kanagatlandyrmaga yrýar. Mysal hökmünde jynsy gatnaşygy alalyň. Dünýäde köp adamlar Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalaryny inkär edip, nikasyz adamlaryň jynsy gatnaşygyny adaty göwün açma ýa ýetişendigini görkezmek hasaplaýarlar. Eýsem, nikaly adamlar barada näme diýip bolar? Köpüsi ýan ýoldaşyna ikilik edýärler. Şeýle etmese-de, başga biri bilen ýaşamak üçin köp adamlar nikany bozýarlar ýa aýry ýaşaýarlar. Şeýtan hileli usullary ulanyp, adamlary häzir lezzet almaga yrýar. Ol adamlaryň özüne, başgalara, hatda Ýehowa we Ogly bilen gatnaşygyna etjek täsiri barada pikirlenmegini islänok (1 Korintoslylar 6:9, 10; Galatýalylar 6:7, 8).

10. Şeýtan biziň ahlaksyzlyga we zorluga garaýşymyzy nädip ýoýjak bolýar?

10 Adaty islegiň başga bir görnüşi dynç almak we göwün açmak islegi. Peýdaly dynç alyş hemme taraplaýyn, ýagny beden, akyl hem duýgy taýdan abatlaýar. Ýöne Şeýtan göwün açmalary ulanyp, Ýehowanyň garaýşy ýaly garamazlyga mejbur etse, näme ederis? Meselem, jynsy ahlaksyzlygy hem zorlugy Ýehowanyň ýigrenýändigini bilýäris. Bulary kinofilmde, telegepleşiklerde ýa-da teatr oýunlarynda görkezenlerinde, seretmegiňi dowam edermisiň? Şeýle-de, ýadyňda bolsun, Şeýtan wagtynyň azlygyny bilip, ýagdaýy agyrlaşdyrýar welin, «erbet, kezzap adamlar aldap we aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär» (2 Timoteos 3:13). Şeýtanyň toruna düşmez ýaly hemişe oýa bolmaly (Barlyk 6:13; Zebur 11:5; Rimliler 1:24—32).

11. Hakykaty bilýän adam seresap bolmasa nädip spiritizmiň toruna düşüp biler?

11 Şeýle-de, Ýehowanyň spiritizm, ýagny palçylyk, jadygöýlük, ölüleriň ruhuny çagyrmak bilen meşgullanýan adamlary ýigrenýändigini bilýäris (Kanunyň gaýtalanyşy 18:10—12). Şu zatlary ýadymyza salyp, palçynyň ýanyna maslahat üçin barmarys, elbetde, jadygöýlük etmek üçin öýümize-de çagyrmarys. Emma olary telewizorda ýa Internetde görsek, diňlärismi? Saglygy bejermek üçin tebibe ýa maslahat üçin palçynyň ýanyna barmasak-da, göz degmesin diýip, «tüweleme» diýerismi ýa ýakamyza tüýkürerismi? Mukaddes Ýazgylaryň jadygöýligi ýazgarýandygyny bilip, gözbagçynyň aňymyza täsir etmegine ýol bererismi? (Galatýalylar 5:19—21).

12. a) Saz pikirimize nädip erbet täsir edip biler? b) Bir kişiniň geýnişi, saçyna timar berşi ýa gürleýşi, Ýehowanyň halamaýan adamlaryna meňzejek bolýandygyny nädip görkezýär? w) Şeýtanyň hileli gapanlaryna düşmez ýaly näme etmeli?

12 Injilde zyna, her hili hapalyk araňyzda ady-da agzalmasyn diýilýär (Efesliler 5:3—5). Ýöne şeýle zatlar ýakymly sazda, aňsat ýadyňda galýan aýdymlarda ýa çalt oýnalýan tanslarda bar bolsa, onda näme? Nikasyz jynsy gatnaşygy, narkotik jisimlerini ýa başga günäli işleri öwýän aýdymlaryň sözlerini gaýtalarysmy? Şeýle işleri edýän adamlardan görelde almasak-da, geýnişimizde, saçymyza timar berşimizde ýa-da gürleýşimizde, şolara meňzejek bolarysmy? Şeýtanyň adamlary aldap, olaryň pikirlerini özüniňki ýaly etmek üçin ulanýan usullary, gör, nähili hileli! (2 Korintoslylar 4:3, 4). Onuň gapanyna düşmez ýaly bu dünýäniň akymy boýunça gitmeli däl. «Bu garaňky dünýäniň häkimiýetiniň» kimdigi ýadymyzda bolup, olaryň täsirine aýgytly garşylyk görkezmeli (1 Petrus 5:8).

Ýeňmek üçin ýaraglary geýýärler

13. Kämilsizligimize garamazdan, Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsini her kes nädip ýeňip biler?

13 Isa ölmezinden öň şägirtlerine: «Mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» diýdi (Ýahýa 16:33). Şägirtleri hem dünýäni ýeňdiler. Takmynan 60 ýyl geçensoň, Ýahýa resul şeýle sözleri ýazdy: «Isanyň Hudaýyň Ogludygyna iman edýän däl bolsa, onda dünýäni ýeňýän kim?» (1 Ýahýa 5:5) Isanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirsek we Hudaýyň Sözüne bil baglasak, imanymyzyň bardygyny görkezýäris. Ýene näme etmeli? Baştutany Isa bolan ýygnak bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly. Eger biz günä eden bolsak, ýürekden toba edip, Isanyň töleg gurbany esasynda Hudaýdan ötünç soramaly. Şeýlelikde, kämilsizligimize hem-de ýalňyşýandygymyza garamazdan, biz hem ýeňip bileris (Zebur 130:3, 4).

14. Efesliler 6:13—17-nji aýatlary okaň we abzasdaky soraglaryň we aýatlaryň kömegi bilen ruhy ýaraglaryň her biriniň nähili peýda berýändigini aýdyp beriň.

14 Ýeňmek üçin «Hudaýyň ähli ýaraglarynyň» hiç birini ýatdan çykarman geýmeli. Efesliler 6:13—17-nji aýatlary açyp, ýaraglaryň suratlandyrylyşyny okamagy haýyş edýäris. Soňra aşakdaky soraglara jogap berip, ýaraglaryň her biriniň nädip goraýandygy barada pikirlenip görüň.

«Biliňi hakykat bilen guşa»

Hakykaty bilsek-de, Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip, okan zadyň barada oýlansak hem-de duşuşyklara gatnaşsak bizi nädip goraýar? (1 Korintoslylar 10:12, 13; 2 Korintoslylar 13:5; Filipililer 4:8, 9).

«Dogrulyk sowudy»

Dogrulyk kadalaryny kim berýär? (Ylham 15:3).

Ýehowanyň dogry ýollaryny inkär edýän adamlaryň öz ruhy saglygyna zyýan ýetirýändigini mysal arkaly görkeziň (Kanunyň gaýtalanyşy 7:3, 4; 1 Patyşalar 15:22, 23).

«Aýaklary parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etmäge taýýar»

Adamlara Hudaýyň parahatlyk getirýän işleri barada hemişe wagyz etmek bizi nädip gorar? (Zebur 73:2, 3; Rimliler 10:15; 1 Timoteos 5:13).

«Iman galkany»

Imanymyz berk bolsa, onda bir kişi bizde gorky ýa şübhe döretjek bolsa, nähili gararys? (4 Patyşalyk 6:15—17; 2 Timoteos 1:12).

«Gutulyş tuwulgasy»

Gutulyşa bolan umyt baýamak barada aşa köp gaýgy etmezlige nädip kömek edýär? (1 Timoteos 6:7—10, 19).

«Ruhuň gylyjy»

Biziň ýa-da başgalaryň ruhy saglygyna howp salýan zatlara garşy göreşeňde kime bil baglamaly? (Zebur 119:98; Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; Matta 4:3, 4).

Ruhy söweşi üstünlikli alyp barmak üçin ýene-de näme etmeli? Näçe gezek etmeli? Kimler üçin etmeli? (Efesliler 6:18, 19).

15. Ruhy uruşda nädip hüjüm edip bileris?

15 Biz Isanyň esgerleri bolup, ruhy uruş alyp barýarys. Biz ýeke däl — uly goşun. Biz hüşgär bolup, Hudaýyň ýaraglaryny dogry ulansak, bu uruşda ýeňeris. Biziň bilen Hudaýa gulluk edýänlere bolsa, gowy goldaw bolarys. Biz Şeýtanyň gazaply garşylyk görkezýän gökdäki hökümeti — Hudaýyň Mesihi Patyşalygy barada hoş habary wagyz edip, hüjüm etmäge hemişe taýýar.

Gaýtalamak üçin soraglar

• Ýehowa sežde edýän adamlar bu dünýäniň dawalaryna näme üçin goşulmaýar?

• Mesihçilere ruhy zyýan ýetirmek üçin Şeýtanyň ulanýan käbir hileli usullary haýsylar?

• Hudaýyň ruhy ýaraglary ruhy uruşda bizi nädip goraýar?

[76-njy sahypadaky surat]

Bütin milletler Armageddona üýşýärler

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş