Hakykatdan kim dünýäniň üstünden höküm sürýär?
Bu soraga köp adamlar ýeke söz bilen — Hudaý — diýip jogap bererdiler. Emma Isa Mesih ýa-da onuň Atasy bu dünýäniň hakyky hökümdarlary diýip Mukaddes Ýazgylaryň hiç bir ýerinde aýdylmaýany möhüm zat. Gaýtam Isa şeýle diýdi: «Bü dünýäniň Hökümdary şindi kowlup çykarylar». We soň hem goşup aýtdy: «Bu dünýäniň hökümdary gelýär; onuň Men barada erk-ygtyýary ýokdur» (Ýahýa 12:31; 14:30; 16:11).
Diýmek, bu dünýäniň hökümdary Isanyň duşmany bolup çykýar. Ol kim bolup bilerkä?
Bu soragyň jogabyny, dünýä ýagdaýlaryna syn etseň taparsyň
Iň ýagşy niýet bilen hereket eden adamlaryň tagallalaryna garamazdan, bütin taryhyň dowamynda dünýä gaty erbet jebir çekdi. Bu ýagdaý düşünjeli adamlary geň galdyrýar. Şeýle-de, merhum ýazyjy, redaksion makalalaryň awtory Deýwid Lorensi hem geň galdyrypdy: «„Ýer ýüzünde parahatlyk“ — muny her bir adam diýen ýaly arzuw edýär. „Adamlara ýagşy niýetli bolmak“ — dünýäde hemme adamlar diýen ýaly muny bir-birlerine arzuw edýärler. Onda mesele nämede? Näme üçin adamlaryň dogabitdi arzuwlaryna garamazdan, uruş howpy bar?»
Bu akyla sygmajak zat ýaly bolup görünýär, şeýle dälmi? Parahatçylykda we asuda ýaşamak — bu adamlaryň tebigy arzuwydyr. Emma munuň bilen bilelikde ýigrenç we bir-birini gazap bilen öldürmeklik olaryň arasynda giňden ýaýrady. Aýylganç rehimsizlik bilen edilýän sowukganly azgynlyklara göz aýla. Birek-biregi zalymlarça gynamak üçin we köpçülikleýin gyrmak üçin adamlar gaz kameralary, konsentrasion lagerleri, ognemýotlary, napalm bombalary we başga elhenç usullary ulandylar.
Seniň pikiriňçe, yhlas bilen parahatçylygy we bagty isleýän adamlar kesekilere garşy şunuň ýaly aýylganç ýamanlygy öz-özünden edip bilerlermi? Munuň ýaly erbet işleri etmäge adamlary haýsy güýçler mejbur edýär? Ýa-da zalymlyga mejbur edýän ýagdaýlara olary kim salýar? Adamlaryň şeýle zulum hereket etmeklerine göze görünmeýän bir zalym güýç täsir edýän bolaýmasyn? — diýen pikir sende hiç haçan döremänmidi?
Hakykatdan dünýäniň üstünden höküm sürýänleriň şahsyýetleri anyklanyldy
Bu sowal boýunça pikir etmegiň zerurlygy ýok, çünki Mukaddes Ýazgylar adamlara-da, milletlere-de ýolbaşçylyk edýän göze görünmeýän aňly şahsyýetiň bardygyny anyk görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle aýdylýar: «Bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris» we «Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan» — diýip Mukaddes Ýazgylar onuň şahsyýetini anyklaýar (1 Ýahýa 5:19; Ylham 12:9).
Bir gezek ’iblis tarapyndan synalanda’, Isa Şeýtanyň bu dünýäniň hökümdarydygyna şübhe etmedi. Mukaddes Ýazgylar bolan zatlary beýan edýär: «Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip, Oňa diýdi: „Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin“. Şonda Isa oňa diýdi: „Ýanymdan aýryl, şeýtan!“» (Matta 4:1, 8—10).
Bu barada pikir edip gör. Şeýtan «dünýäniň bütin patyşalyklaryny» hödür etmegi bilen Isany synaýardy. Eger Şeýtan, hakykatdan hem şol patyşalyklaryň hökümdary bolmadyk bolsa, onda Şeýtanyň hödürlemesi hakyky synag bolup bilerdimi? Ýok, bolup bilmezdi. Şuňa göz ýetir: eger şu hemme dünýä hökümetleriniň üstünden Şeýtanyň ygtyýary bolmadyk bolsa, Isa ony aýan ederdi, ýöne Şeýtanyň ygtyýary bolany üçin, Isa onuň sözlerini ýalana çykarmady. Şu sebäpli Şeýtan, Iblis, hakykatdan-da göze görünmeýän dünýäniň hökümdarydyr! Hakykatda Mukaddes Ýazgylar ony «bu dünýäniň taňrysy» diýip atlandyrýar (2 Korintoslylar 4:4). Emma şeýle zalym şahsyýet beýle ygtyýarly derejä nädip ýetdikä?
Özüni Şeýtan eden şahsyýet, ilki başda Hudaýyň ýaradan gowy perişdesidi, emma ol soňra Hudaýyň ornuna göriplik edip başlady. Ol, Hudaýyň kanuny hökümdarlygyna garşy çykdy. Şu maksat bilen ol ýylany öz ýaragy hökmünde ulanyp ilkinji aýaly, How-enäni aldady we şeýlelik bilen oňa we onuň ärine, Adam-ata, Hudaýa gulak asmaklarynyň ýerine öz hyýalyny etdirip bildi (Barlyk 3:1—6; 2 Korintoslylar 11:3). Şeýle-de ol, Adam-ata bilen How-enäniň entek dogulmadyk nesliniň hemmesini Hudaýdan aýyryp biljegi baradaky talabyny öňe sürdi. Şu sebäpli, öz talabyny subut etmäge synanyşyp görsün diýip, Hudaý Şeýtana wagt berdi. Emma Şeýtan üstünliksiz boldy (Eýýup 1:6—12; 2:1—10).
Dünýäniň üstünden hökümdarlyk etmeginde Şeýtanyň ýeke däldigini bellemek gerek. Hudaýa garşy turzan gozgalaňynda ol başga-da käbir perişdeleri öz tarapyna çekip bildi. Şeýdip olar Şeýtanyň ruhy ýaranlary, ýagny jynlar boldylar. Mukaddes Ýazgylar olar barada tutanýerlikli maslahat berip şeýle diýýär: «Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de... ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» (Efesliler 6:11, 12).
Zalym ruhlara garşy dur
Bu göze görünmez zalym dünýä dolandyryjylar bütin adamzady Hudaýa sežde etmekden sowjak bolup, nädogry ýoldan ýöretmäge hyjuwdan doly. Zalym ruhlaryň muny berjaý etmekleriniň bir usuly — ölümden soň hem ýaşaýşyň barlygy baradaky düşünjäni goldamakdan ybarat. Emma Hudaýyň Sözi ölülerde aňyň ýoklugyny anyk görkezýär (Barlyk 2:17; 3:19; Ezekiýel 18:4; Zebur 146:3, 4; Wagyzçy 9:5, 10). Şuňa görä zalym ruh ölüniň sesine ökünüp, onuň diri garyndaşlary ýa-da dostlary bilen gürleşip bilýär. Gürleşende, zalym ruh spiritik mediumy, ýagny ruhlar bilen gatnaşýan adamy ulanýar, ýa-da görünmez sferadan «seslenýär». «Ses» özüni şol ýogalan adam hökmünde görkezýär, hakykatdan bolsa ol — jyn!
Şonuň üçin bir gün şeýle «ses» eşitseň, sen özüňi aldatmaga ýol berme. Onuň diýjek bir zadyny hem kabul etme we Isanyň: «Ýanymdan aýryl, şeýtan» — diýen sözlerinden görelde al (Matta 4:10; Ýakup 4:7). Sen zalym ruhlar bilen gatnaşyga girmez ýaly ruhy sfera barada bilesigelijilik etme. Şeýle gatnaşyk spiritizm diýip atlandyrylýar, Hudaý bolsa öz tabynlaryna spiritizmiň hemme görnüşlerinden saklanmaklaryny öňünden duýdurýar. Mukaddes Ýazgylar «pal atýany... spiritik medium bilen maslahatlaşýany, welilik satyjyny we ölüleri çagyrýany» ýazgarýar (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—12, TD; Galatýalylar 5:19—21; Ylham 21:8).
Spiritizmiň görnüşleri nähili gyzykly we ünsüňi çekiji görünäýende-de, olaryň hiç birine gatnaşma, çünki spiritizm adamlary jynlaryň täsirine düşürýär. Spiritizmiň şeýle praktiki görnüşleri bar: «jadyly kristal» (daş) kömegi bilen pal atmak, spiritik seanslara niýetlenen planşetkalary ulanmak, ekstrasensor duýgurlygy (ESD), el aýasynyň çyzyklaryndan pal atmak (hiromantiýa) we astrologiýa (ýyldyzlar boýunça bilgiçlik etmek). Jynlar öz eýelän jaýlarynda şykyrdy, güwwüldi we başga täsin hadysalary hem döredýärler.
Üstesine-de zalym ruhlar ahlaksyzlyga we tebigy däl jyns gatnaşyklaryna höweslendirýän edebiýata, kinofilmlere we telewizion gepleşiklere ýardam edip, adamlaryň günäli höweslerini öz haýryna ulanýarlar. Jynlar bilýär: eger-de nädogry pikirleri aňyňdan kowmasaň, onda ol pikirler ýatdan çykmajak täsir döreder we jynlaryň öz bolşy ýaly adamlary hem ahlaksyzlyga gönükdirer (Barlyk 6:1, 2; 1 Selanikliler 4:3—8; Ýahuda 6).
Dogry, zalym ruhlaryň dünýä hökümdarlyk edýändikleri baradaky pikiriň üstünden köpleriň gülmekleri hem mümkin. Emma olaryň ynanmazlygy geň zat däl, çünki Mukaddes Ýazgylar aýdýar: «Şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär» (2 Korintoslylar 11:14). Şeýtanyň iň ökde aldawy: onuň özüniň we jynlarynyň hakykatdan hem barlygyna ynanmazlar ýaly köpleriň akyllaryny küteltmekdedir. Emma sen aldanma! Iblis we onuň jynlary hakykatdan hem bar we olara elmydama garşy durmagyň gerek (1 Petrus 5:8, 9).
Bagtymyza, Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň ýok ediljek wagty eýýäm golaýlady! «Dünýä [şol sanda dünýäniň hökümdarlary — Şeýtan Iblis we onuň jynlary]... geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» — diýip Mukaddes Ýazgylar göni aýdýar (1 Ýahýa 2:17). Şu zalym täsir aýyrlanda gör nähili erkanalyk geler! Şonuň üçin, geliň Hudaýyň islegini berjaý edýänleriň we Hudaýyň adalatly täze dünýäsinde boljak baky ýaşaýşa şatlanýanlaryň arasynda bolalyň (Zebur 37:9—11, 29; 2 Petrus 3:13; Ylham 21:3, 4).
Şu kitapçadaky görkezilen aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň türkmen dilindäki terjimesinden alyndy. Eger aýatdan soň TD belligi goýlan bolsa, onda şol aýat, iňlis dilinde neşir edilen «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä Terjimesinden» alnyp terjime edilendigini aňladýar.
[4-nji sahypadaky surat]
Eger dünýäniň şu hemme hökümetleri Şeýtanyň ygtyýarynda bolmadyk bolsa, onda ol olary Isa hödürläp bilerdimi?