Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 12 sah. 108—117
  • Zalym ruhlara garşy dur

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zalym ruhlara garşy dur
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ZALYM RUHLAR — OLARYŇ GELIP ÇYKYŞY WE MAKSADY
  • ZALYM RUHLAR SENI NÄDIP ÝOLDAN AZAŞDYRJAK BOLÝARLAR
  • MUKADDES ÝAZGYLAR SPIRITIZM BILEN MEŞGULLANMAGY NÄME ÜÇIN ÝAZGARÝAR
  • DUZAGA DÜŞÜRIP, HÜJÜM EDÝÄRLER
  • ZALYM RUHLARA NÄDIP GARŞY DURMALY
  • ZALYM RUHLARA GARŞY GÖREŞI DOWAM ET
  • Ruhy şahsyýetler bize nähili täsir edýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ýehowanyň kömegi bilen zalym ruhlara garşy duruň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Iblise we onuň hilelerine garşy dur
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Perişdeler barada näme bilýärsiň?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 12 sah. 108—117

12-nji bap

Zalym ruhlara garşy dur

1. Isa zalym ruhlara duş gelende näme edýärdi?

ISA MESIH suwda çokundyrylandan soň, Ýahudanyň çölüne doga etmäge hem-de oýlanmaga gidýär. Şol ýerde Şeýtan Iblis oňa Hudaýyň kanunyny bozdurjak bolýar. Emma Isa Şeýtanyň synagyny ret edip, onuň duzagyna düşmedi. Ýer ýüzünde gulluk edýärkä, Isa başga zalym ruhlara-da duş gelipdi. Muňa garamazdan, ol gaýta-gaýta olara garşy durup, gaýtawul berýärdi (Luka 4:1—13; 8:26—34; 9:37—43).

2. Biz haýsy soragalara serederis?

2 Mukaddes Ýazgylarda beýan edilen wakalar zalym ruhlaryň hakykatdan-da bardygyna bizi ynandyrýar. Olar adamlary ýoldan azaşdyrjak bolýar. Emma biz olara garşy durup bileris. Ýöne zalym ruhlar nireden gelip çykdyka? Olar adamlary näme üçin aldajak bolýarlarka? Maksadyna ýetmek üçin, olar nähili usullary ulanýarlar? Şu soraglaryň jogaby saňa zalym ruhlara garşy durmaga kömek eder.

ZALYM RUHLAR — OLARYŇ GELIP ÇYKYŞY WE MAKSADY

3. Şeýtan Iblis nireden gelip çykdy?

3 Ýehowa Hudaý adamlary ýaratmazdan has öňräk köpsanly ruhlary ýaratdy (Eýýup 38:4, 7). Kitabymyzyň 6-njy babynda düşündirilişi ýaly, şol perişdeleriň biri adamlaryň Ýehowa däl-de, onuň özüne sežde etmegini isläpdir. Şol maksadyna ýetjek bolup, zalym perişde Ýaradyja garşy baş göterýär we oňa töhmet atýar, ol hatda ilkinji aýala Hudaý ýalançy diýýär. Şonuň üçin, bu gozgalaňçy ruhuň Şeýtan (duşman) we Iblis (töhmetçi) hökmünde tanalmagy bütinleý adalatlydyr (Barlyk 3:1—5; Eýýup 1:6).

4. Nuhuň günlerinde käbir perişdeler nädip günä etdiler?

4 Soňra Şeýtan Iblisiň tarapyna beýleki perişdeler hem geçdi. Dogry adam Nuhuň günlerinde, olaryň käbirleri gökdäki gullugyny taşladylar we aýallar bilen jyns gatnaşygyna girip, azgyn höwesini kanagatlandyrmak üçin ynsan bedenini edindiler. Perişdeleri beýle gulak asmazlyga Şeýtanyň yrandygy şübhesizdir. Munuň netijesinde olaryň perişde we adam gatyşyk çagalary boldy. Bu çagalara ägirt uly adamlar diýildi, olar örän köp zorluk edýärdiler. Bütindünýä tupanynda Ýehowa azgyn adamlary hem-de gulak asmaz perişdeleriň neslini ýok etdi. Gozgalaňçy perişdeler ýok edilmekden gaçyp gutuldylar: olar ynsan bedenlerini terk edip, ruhy dünýä dolandylar. Emma Hudaý bu jynlary ruhy tümlüge kowdy (Barlyk 6:1—7, 17; Ýahuda 6). Muňa garamazdan, «jynlaryň hany» Şeýtan we onuň zalym perişdeleri gozgalaňyny dowam etdiler (Luka 11:15). Olaryň maksady näme?

5. Şeýtanyň we onuň jynlarynyň maksady näme we olar adamlary duzagyna düşürmek üçin näme ulanýarlar?

5 Şeýtanyň we onuň jynlarynyň zalym maksady — adamlary Ýehowa Hudaýa garşy çykarmak. Şonuň üçin bütin adamzat taryhynyň dowamynda olar adamlary aldadylar, gorkuzdylar we olara hüjüm etdiler (Ylham 12:9). Şu günki mysallaryň görkezişi ýaly, jynlaryň hüjümi öňküsinden has zalymlaşdy. Adamlary duzaga düşürmek üçin, jynlar köplenç spiritizmiň dürli görnüşlerini ulanýarlar. Jynlar bu aldawajy nädip ulanýarlar? Sen özüňi nädip gorap bilersiň?

ZALYM RUHLAR SENI NÄDIP ÝOLDAN AZAŞDYRJAK BOLÝARLAR

6. Spiritizm diýmek näme we onuň käbir görnüşleri haýsylar?

6 Spiritizm diýmek näme? Bu — jynlar, ýagny zalym ruhlar bilen gös-göni, ýa-da araçy arkaly gatnaşyk etmekdir. Aldawaç awçylaryň maksadyna nähili hyzmat edýän bolsa, spiritizm hem jynlaryň maksadyna şonuň ýaly hyzmat edýär: ol awy özüne çekýär. Haýwanlary duzaga düşürmek üçin awçynyň dürli hileleri ulanyşy ýaly, zalym ruhlar hem adamlary ele almak üçin spiritizmiň dürli görnüşlerini ulanýarlar. (Zebur 119:110 bilen deňeşdir.) Spiritizmiň käbir görnüşleri — bu, pal atmak, jadygöýlik, yrym etmek, gözbagçylyk, jadyly doga etmek, ruhlary çagyrýan palça ýüz tutmak we ölüler bilen gepleşmek.

7. Spiritizm näderejede giňden ýaýran we ol näme üçin hristian ýurtlarynda-da gülläp ösýär?

7 Bu aldawaç örän üstünlikli, sebäbi spiritizm bütin dünýä boýunça adamlary özüne çekýär. Obadakylaram, şäherdäkilerem tebibe we palça ýüz tutýarlar. Spiritizm hatda hristian ýurtlarynda-da gülläp ösýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda spiritizmiň dürli görnüşlerine bagyşlanan takmynan 30 žurnalyň umumy tiražy 10 000 000 ekzemplýardan geçýär. Braziliýalylar spiritizmde ulanylýan dürli zatlar üçin ýylda 500 milliondan gowrak dollar harç edýär. Ýöne welin, bu ýurtdaky spiritik merkeze barýanlaryň 80 prosenti buthanadaky gulluga gatnaşyp ýören katolikler. Käbir ruhanylar spiritizm bilen meşgullanýar, şonuň üçin hudaýhon adamlaryň köpüsi muny Hudaý halaýandyr diýip pikir edýärler. Ýöne bu şeýlemikä?

MUKADDES ÝAZGYLAR SPIRITIZM BILEN MEŞGULLANMAGY NÄME ÜÇIN ÝAZGARÝAR

8. Mukaddes Ýazgylar spiritizme nähili garaýar?

8 Spiritizmiň käbir görnüşleri ýagşy ruhlar bilen gatnaşmaga mümkinçilik berýändir öýtseň, onda Mukaddes Ýazgylaryň spiritizm barada aýdýanlaryny bilip, sen, belki, haýran galarsyň. Ýehowanyň halkyna şeýle duýduryş berlipdi: «Ölüleri çagyrýanlara ýüz tutmaň, we jadygöýleriňkä barmaň, hem-de olara özüňizi hapalatmaň (Lewililer 19:31; 20:6, 27). Mukaddes Ýazgylaryň Ylham kitabynda «jadygöýiň ... soňy kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji [ebedi] ölüm budur» diýen duýduryş bar (Ylham 21:8; 22:15). Ýehowa Hudaý spiritizmiň hemme görnüşlerini ýazgarýar (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—12). Emma näme üçin ýazgarýar?

9. Ruhy dünýäden gelýän şu günki «habarlar» Ýehowadan gelenok diýen netijä biz näme üçin gelip bileris?

9 Mukaddes Ýazgylar doly ýazylyp bolmazyndan öň, käbir adamlar bilen gepleşmek üçin Ýehowa ýagşy ruhlary, ýagny dogry perişdeleri iberýärdi. Mukaddes Ýazgylar ýazylyp gutaraly bäri, Ýehowa ýaramly gulluk etmek üçin gerekli gollanma Hudaýyň Sözi arkaly berilýär (2 Timoteos 3:16, 17; Ýewreýler 1:1, 2). Spiritizm bilen meşgullanýan adamlar arkaly habarlar berip, Ol öz mukaddes Sözüne äsgermezçilik etmez. Ruhy dünýäden gelýän şu günki ähli habarlar zalym ruhlardan gelýändir. Jynlar spiritizm bilen meşgullanýan adamy alada goýup, hatda onuň erkini elinden alybam biler. Şonuň üçin, spiritizmiň hiç bir işine goşulma diýip, Hudaý söýgi bilen duýdurýar (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:14; Galatýalylar 5:19—21). Onsoňam, biz Ýehowanyň garaýşyny bilip-de, spiritizm bilen meşgullanmany dowam etsek, onda biz gozgalaňçy zalym ruhlaryň tarapyna geçip, Ýehowanyň duşmany bolarys (1 Şamuwel 15:23; 1 Taryhlar 10:13, 14; Zebur 5:4).

10. Pal atma näme we biz näme üçin ondan gaça durmaly?

10 Spiritizmiň giňden ýaýran görnüşleriniň biri pal atma — bu, ruhlaryň kömegi bilen gelejegi, ýa-da näbelli zady bilmäge synanyşmakdyr. Pal atmanyň käbir görnüşleri: müneçjimlik, ýagny ýyldyzlardan pal atmak, jadyly daşyň kömegi bilen, eliň aýasyndan we kartdan pal atmak, hem-de düýş ýormak. Köp adamlar pal atmak zyýansyz oýundyr öýdýärler, emma Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, palçylar we zalym ruhlar bilelikde hereket edýärler. Meselem, Resullaryň Işleri 16:16—19-da «palçy ruh» agzalýar, ol bir gyza «pal agtarma bilen» meşgullanmaga mümkinçilik berýärdi. Emma gyzdan jyny kowanlarynda, onuň gelejegi bilme ukyby ýitýär. Şeýlelik bilen, pal atmaklyk — bu, jynlaryň adamlary duzaga düşürmek üçin ulanýan aldawajydygy aýdyň bolýar.

11. Ölüler bilen gepleşjek bolmak näme üçin duzaga salýar?

11 Eger-de garyndaşyň, ýa-da ýakyn dostuň ölümi sebäpli gaýgy-gussa batan bolsaň, onda sen aňsatlyk bilen başga bir duzaga düşmegiň ähtimal. Ruhlary çagyrýan palçy saňa aýratyn maglumat berip biler, ýa-da seniň bilen ölen adamyň sesi bilen gepleşip biler. Seresap bol! Ölenler bilen gepleşmek synanyşygy duzaga salýar. Näme üçin? Sebäbi ölüler gepläp bilmeýärler. Belki, ýadyňdadyr, Hudaýyň Sözünde adam ölensoň «topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykar» diýip aýdyň aýdylýar. Hawa, ölüler «hiç zat bilmeýär» (Zebur 146:4; Wagyzçy 9:5, 10). Onsoňam, jynlaryň hut özi öleniň sesine öýkünip, palça ölen barada maglumat berýändigi belli (1 Şamuwel 28:3—19). Şonuň üçin, «ölülerden soraýan» her bir adam zalym ruhlaryň toruna düşüp, Ýehowa Hudaýyň islegine garşy hereket edýär (Kanunyň Gaýtalanyşy 18:11, 12; Işaýa 8:19).

DUZAGA DÜŞÜRIP, HÜJÜM EDÝÄRLER

12, 13. Jynlaryň adamlary öňküsi ýaly synaýandygyna we azar berýändigine nähili subutnamalar bar?

12 Hudaýyň Sözüniň spiritizm barada berýän maslahatyny ulanaňda, sen jynlaryň aldawajyny ret edýärsiň. (Zebur 141:9, 10 bilen deňeşdir; Rimliler 12:9.) Ýöne bu, indi zalym ruhlaryň seni ele almaga synanyşmajagyny aňladýarmy? Asla beýle däl! Isany üç gezek synansoň, Şeýtan «başga bir amatly wagta çenli onuň ýanyndan aýryldy» (Luka 4:13, TD). Şuňa meňzeşlikde, erjel ruhlar adamlary diňe duzaga düşürmän, eýsem olaryň üstine hüjüm hem edýär.

13 Ýadyňda bolsa, Şeýtanyň Eýýup atly Hudaýyň gullukçysyna hüjüm edişi barada gürrüň edipdik. Iblis Eýýuby malsyz galdyrdy we hyzmatkärleriniň köpüsini öldürdi. Şeýtan hatda Eýýubyň çagalaryny hem öldürdi. Soňra ol Eýýubyň özüni jepaly kesele sezewar etdi. Ýöne Eýýup Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyna galdy we bol bereket aldy (Eýýup 1:7—19; 2:7, 8; 42:12). Şondan bäri, jynlar käbir adamlary lal we kör edip, ynsan horluklaryndan lezzet alyp ýörler (Matfeýa 9:32, 33; 12:22; Marka 5:2—5). Şu günki habarlaryň görkezişi ýaly, jynlar käbir adamlara jyns taýdan azar berýär, beýleki adamlary balsa, akylyndan azaşdyrýarlar. Mundan başga-da, olar adamlary bir-birini öldürmäge höweslendirýär, ýa-da öz janyna kast etmäge itekleýär, bu zatlar bolsa, Hudaýa garşy günä (Kanunyň Gaýtalanyşy 5:17; 1 Ýahýa 3:15). Muňa garamazdan, birwagt bu zalym ruhlaryň toruna düşen müňlerçe adam ondan boşamagy başardy. Bu olara nädip başartdyka? Sebäbi olar örän möhüm ädimleri ätdiler.

ZALYM RUHLARA NÄDIP GARŞY DURMALY

14. Birinji asyrda ýaşan efesli mesihçileriň göreldesine eýerip, zalym ruhlara nädip garşy durup bilersiň?

14 Zalym ruhlara garşy durup, özüňi we maşgalaňy olaryň duzagyndan nädip gorap bolarka? Efesdäki birinji asyryň mesihçileri iman etmezden öň spiritizm bilen meşgullanýardylar, ýöne olar dogry ädimler ätdiler. Biz olar hakda şeýle okaýarys: «Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň bir topary kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdy» (Resullaryň Işleri 19:19). Hatda sen spiritizm bilen meşgullanmadyk hem bolsaň, spiritizmde ulanylýan, ýa-da oňa degişli ýeri bolan ähli zatdan dyn. Muňa spiritizmde ulanylýan kitaplar, žurnallar, wideofilmler, suratlar, saz ýazgylary we esbaplar degişli. Şeýle hem, olara gorag üçin dakylýan göz monjuklar, doga-tumarlar we beýleki zatlar, şol sanda hem spiritizm bilen meşgullanýan adamlaryň beren sowgatlary degişlidir (Kanunyň Gaýtalanyşy 7:25, 26; 1 Korintoslylar 10:21). Meselem, Tailandda ýaşaýan bir är-aýaly jynlar uzak wagtlap alada goýupdyrlar. Şonda, är-aýal spiritizme degişli zatlaryny ýok edipdir. Netijesi nähili bolandyr öýdýäň? Olar jynlaryň hüjüminden halas boldular, we soňra hakyky ruhy ösüşler etdiler.

15. Zalym ruhlara garşy durmak üçin ýene-de nähili ädim ätmeli?

15 Zalym ruhlara garşy durmak üçin ýene-de bir ädim ätmeli — resul Pawlusyň maslahatyny ulanyp, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynmaly (Efesliler 6:11—17). Mesihçiler zalym ruhlara garşy gorag serişdelerini berkitmeli. Bu ädime nämeler degişlikä? «Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz» diýip, Pawlus aýdýar. Hawa, seniň imanyň näçe güýçli bolsa, şonça-da sen zalym ruhlara oňat garşy durup bilersiň (Matta 17:14—20).

16. Imanyňy nädip güýçlendirip bilersiň?

16 Sen imanyňy nädip güýçlendirip bilersiň? Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi we onuň maslahatlaryny durmuşda ulanmagy dowam et. Imanyň güýji, esasan, onuň düýbüniň berkligine, ýagny Hudaý baradaky bilime bagly. Sen Mukaddes Ýazgylary öwrenip, dogry bilim aldyň we ony ýüregiň bilen kabul etdiň, şonuň netijesinde seniň imanyň ösdi, şeýle dälmi? (Rimliler 10:10, 17). Şonuň üçin, sen bu okuwlary dowam etseň, Ýehowanyň Güwäleriniň duşuşyklaryna gatnaşmagy endik edinseň, seniň imanyň öňküden-de has güýçlenjegine hiç şübhe ýok (Rimliler 1:11, 12; Koloseliler 2:6, 7). Şeýtseň, jynlaryň hüjümine garşy güýçli goragyň bolar (1 Ýahýa 5:5).

17. Zalym ruhlara garşy durmak üçin, ýene-de nähili ädimleri etmek zerur?

17 Zalym ruhlara garşy durmak isleýän adam başga nähili ädimler ädip biler? Efesdäki mesihçilere gorag gerekdi, sebäbi olar jynlardan doly şäherde ýaşaýardylar. Şonuň üçin, Pawlus olara: «Hemişe Ruhda doga ediň» diýdi (Efesliler 6:18). Biz hakykatdan-da jynlardan doly dünýäde ýaşaýarys, şol sebäpli, zalym ruhlara garşy durar ýaly, Hudaýdan gorag diläp erjel doga etmek örän möhümdir (Matta 6:13). Şeýle ýagdaýda mesihçiler ýygnagynda bellenen ýaşulularyň ruhy kömegi we doga-dilegi peýdaly bolar (Ýakup 5:13—15).

ZALYM RUHLARA GARŞY GÖREŞI DOWAM ET

18, 19. Eger-de, jynlar azar bermegini goýmasa, onda näme edip bolar?

18 Emma käbir adamlar bu esasy ädimleri edensoňam, zalym ruhlaryň täsirinden gutulyp bilenok. Meselem, Kot-d’Iwuarda Ýehowanyň Güwäleri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir adam özüniň ähli doga-tumarlaryny ýok edýär. Soňra, ol oňat üstünlikler gazanýar, özüni Ýehowa bagş edip, suwda çokundyrylýar. Ýöne ondan soň bir hepde geçende, oňa jynlar ýene-de azar berip başlaýar: sesler ol adama täze dinini taşlamagy buýurýar. Seniň bilen hem şeýle bolsa, bu seniň Ýehowanyň goragyndan kesileniňi aňladýarmy? Ýok, beýle däl.

19 Kämil ynsan Isa Mesih Hudaý tarapyndan goralsa-da, ol zalym ruh — Şeýtan Iblisiň sesini eşidipdir. Isa şeýle ýagdaýda näme etmelidigini görkezdi. Ol Iblise: «Ýanymdan aýryl, şeýtan!» diýdi (Matta 4:3—10). Şu göreldä eýerip, sen ruhy dünýäden gelýän seslere gulak asmaly dälsiň. Ýehowany kömege çagyryp, zalym ruhlara garşy dur. Hawa, Ýehowanyň adyny tutup, daşyňdan doga et. Süleýmanyň Tymsallary 18:10-da: «Rebbiň [«Ýehowanyň», TD] ady güýçli galadyr; dogry adam onuň içine ylgap, howpsuzlykda bolýandyr» diýilýär. Kot-d’Iwuardaky mesihçi hem şeýle edipdir, şondan soň, zalym ruhlar ony öz gününe goýdular (Zebur 124:8; 145:18).

20. Aslyýetinde, sen zalym ruhlara nädip garşy durup bilerdiň?

20 Ýehowa zalym ruhlara ýaşamaga rugsat etse-de, öz halkynyň peýdasy üçin güýjüni gaýgyrmaýar we Onuň ady bütin ýer ýüzünde yglan edilýär (Çykyş 9:16). Eger-de sen Ýehowa berk ýapyşsaň, onda zalym ruhlardan gorkmagyň geregi ýok (Sanlar 23:21, 23; Ýakup 4:7, 8; 2 Petrus 2:9, 10). Olaryň güýji çäkli. Olar Nuhuň günlerinde temmisini aldylar, ýaňy-ýakynda gökden zyňyldy, indi bolsa, ahyrky höküme garaşýarlar (Ýahuda 6; Ylham 12:9; 20:1—3, 7—10, 14). Aslyýetinde, olar basym ýok ediljegini bilip, titreşýärler (Ýakup 2:19). Şeýlelik bilen, zalym ruhlar seni haýsydyr bir aldawaç bilen duzaga düşürjek bolsalaram, haýsydyr bir usul bilen hüjüm etselerem, sen olara garşy durup bilersiň (2 Korintoslylar 2:11). Spiritizmiň hemme görnüşinden gaça dur, Hudaýyň Sözünde berilýän maslahaty ulan we Ýehowany razy etjek bol. Muny soňa goýma, sebäbi seniň ýaşaýşyň zalym ruhlara garşy durşuňa bagly ahyryn!

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Zalym ruhlar adamlary nädip ýoldan azaşdyrjak bolýarlar?

Mukaddes Ýazgylar spiritizmi näme üçin ýazgarýar?

Nädip zalym ruhlardan başyňy gutaryp bolar?

Zalym ruhlara näme üçin mundan beýläk hem garşy durmaly?

[110-njy sahypadaky surat]

Sen spiritizmiň dürli görnüşlerine nähili garaýarsyň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş