Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 13 sah. 118—129
  • Hudaýa ýaraýan durmuş nädip bagtly edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýa ýaraýan durmuş nädip bagtly edýär?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DOGRUÇYLLYK BAGTLY EDÝÄR
  • JOMARTLYK BAGTLY EDÝÄR
  • BAGTLY EDÝÄN BEÝLEKI ZATLAR
  • NIKADAKY BAGT
  • «DÜNÝÄDEN DÄL»
  • HER ÝYLKY BAÝRAMÇYLYKLARA NÄHILI GARAMALY
  • IŞ WE GÜÝMENJE
  • ÝAŞAÝŞA WE GANA HORMAT GOÝMAK
  • Maşgalaňyzyň ebedi gelejegi
    Maşgala bagtynyň syry
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 13 sah. 118—129

13-nji bap

Hudaýa ýaraýan durmuş nädip bagtly edýär?

1. Ýehowanyň ýoly bilen ýöräp, näme üçin bagt taparys diýse bolar?

ÝEHOWA — «bagtly Hudaý», ol seniň hem şatlanyp ýaşamagyňy isleýär (1 Timoteos 1:11, TD). Onuň ýolunda ýöräp, sen özüňe peýda taparsyň, hem-de tükenmez derýa ýaly uzak we çuň rahatlyk duýarsyň. Hudaýyň ýoly bilen ýöräňde, sen gaýta-gaýta dogrulyk etmäge höweslenersiň, seniň edýän dogry işleriň diňmeýän ’deňiz tolkunlary’ ýaly bolar. Bu bolsa, hakyky bagty berýändir (Işaýa 48:17, 18).

2. Mesihçilere käwagt erbet garasalar-da, olar näme üçin bagtly bolup bilerler?

2 Käbir adamlar garşy çykyp: eýsem ýagşylyk edibem horluk çekýänler bar ahyryn diýmegi mümkin. Bu dogry, Isanyň resullaryna hem şeýle bolupdy. Olar yzarlansalar-da şatlanypdyrlar we «Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler» (Resullaryň Işleri 5:40—42). Biz mundan möhüm zatlar öwrenip bileris. Meselem, Hudaýyň ýolunda ýaşamagymyz, adamlaryň bize hemişe oňat garajagyny aňlatmaýar. Resul Pawlus: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» diýip ýazypdy (2 Timoteos 3:12). Bu hakykatdanam şeýle, sebäbi Şeýtan we onuň dünýäsi Hudaýyň ýolunda ýaşaýan adamlara garşy durýar (Ýahýa 15:18, 19; 1 Petrus 5:8). Emma hakyky bagt daşky ýagdaýlara bagly däldir. Hakyky bagta ýetmek üçin dogry ýaşap, Hudaýy razy edýändigimize berk ynamly bolmalydyrys (Matta 5:10—12; Ýakup 1:2, 3; 1 Petrus 4:13, 14).

3. Ýehowa sežde etmeklik adamyň durmuşyna nähili täsir etmeli?

3 Käbir adamlaryň pikirine görä, Hudaýy razy etmek üçin, Oňa käwagt wepaly bolup, başga wagt Hudaýy ýatlamasaň hem bolýar. Ýöne Ýehowa Hudaýyň kabul edýän seždesi başgaçadyr. Hakyky sežde adamyň oýa wagtynyň her pursatynda, günsaýyn we ýylsaýyn oňa täsir edip durýar. Şonuň üçin, şeýle seždä «ýol» hem diýilýär (Resullaryň Işleri 19:9; Işaýa 30:21). Hut Hudaýyň ýolundaky ýaşaýşyň özi bizi Hudaýyň Sözüne laýyklykda geplemäge we hereket etmäge borçly edýär.

4. Hudaýyň ýoluna laýyk ýaşar ýaly, näme üçin durmuşyňy üýtgetmek peýdaly?

4 Mukaddes Ýazgylary ýaňy öwrenip başlanlar Ýehowanyň talabyna görä durmuşyny üýtgetmelidigine göz ýetirende, özünden: Aslynda, Hudaýyň ýolunda ýaşamak gerekmikä? diýip soramagy mümkin. Elbetde ýaşamak gerek. Näme üçin? Sebäbi «Hudaý söýgüdir», onuň ýollary bolsa, bize peýda getirýär (1 Ýahýa 4:8). Şeýle hem, Hudaý akyldar, ol biziň üçin nämäniň oňatdygyny bilýär. Ýehowa — Ähli Zada Güýji Ýetýän Hudaý, şoňa görä-de, durmuşymyzy üýtgedip, ýaramaz endikleri taşlap biler ýaly, Ol bizi güýçlendirip biler (Filipililer 4:13). Gel, Hudaýa ýaraýan durmuşa degişli käbir kada-kanunlary ara alyp göreli we olary ulanaňda nädip bagta ýetip bolýandygyna seredeli.

DOGRUÇYLLYK BAGTLY EDÝÄR

5. Mukaddes Ýazgylarda ýalan sözlemek we ogrulyk etmek barada näme aýdylýar?

5 Ýehowa — «hakykat Hudaýy» (Zebur 31:5). Megerem, sen ondan görelde alyp, hakykatçyl adam hökmünde belli bolmak isleýänsiň. Dogruçyllyk öz gadyryňy bilmäge we arkaýyn bolmaga kömek edýär. Ýöne bu günäli dünýäde haram işler giňden ýaýrany sebäpli, mesihçilere şeýle ýatlatma gerek: «Her biriňiz goňşyňyza hakykaty aýdyň... Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän, gaýtam, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, öz eli bilen zähmet çeksin» (Efesliler 4:25, 28). Mesihçiler her günki işini halallyk bilen berjaý edýärler. Olar işdäki başlygyna degişli zady rugsatsyz alanok. Işde bolsun, mekdepde ýa öýde, Ýehowanyň sežde edijileri ’ähli zatda dogruçyl’ bolmaly (Ýewreýler 13:18, TD). Ýalan sözlemäge, ýa-da ogrulyk etmäge başlaýanlar bolsa, Hudaýyň mährinden kesilerler (Kanunyň Gaýtalanyşy 5:19; Ylham 21:8).

6. Adamyň dogruçyllygy Ýehowany nädip şöhratlandyrýar?

6 Dogruçyllyk köp bereketler getirýär. Afrikada ýaşaýan Selina atly garyp dul aýal, Ýehowa Hudaýy we Onuň adalatly kanunlaryny söýýär. Günlerde bir gün, ol gapjyk tapdy, onuň içinde bolsa süýşürintgiler kitapçasy we örän köp pul bardy. Telefon kitaby boýunça Selina onuň eýesini tapdy — ol bir talanan dükanyň hojaýyny ekeni. Selina syrkawlygyna garamazdan, özi onuň ýanyna gelip, tapan zadyny tutuşlygyna gaýdyp berende, ol adam ilki ynanmajak boldy. Soňra ol: «Beýle dogruçyllyk üçin sylag bermeli»,—diýip, Selina biraz pul gowşurdy. Ýöne has bellemelisi, ol Selinanyň dini barada öwgüli sözler aýtdy. Hawa, dogruçyllyk Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyny bezeýär, Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar we onuň dogruçyl sežde edijilerini bagtly edýär (Titus 2:9,10; 1 Petrus 2:12).

JOMARTLYK BAGTLY EDÝÄR

7. Humarly oýunlaryň nämesi erbet?

7 Jomart adam bagtlydyr, «açgözler» bolsa, Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz (1 Korintoslylar 6:10). Açgözlügiň giňden ýaýran görnüşi — humarly oýunlary oýnamak, ol ýerde adamlar başga biriniň utulyşyndan peýda görmäge çalyşýarlar. Ýehowa «haram gazanç edýän» adamlary goldamaýar (1 Timoteos 3:8). Hatda käýerde humarly oýunlar kanunlaşdyrylyp, kimdir biri diňe lezzet almak üçin oýnasa-da, ol muny endik edinip, köpleriň durmuşyny zaýalaýan işi goldap biler. Humarly oýunlar köplenç oýunçynyň maşgalasyna kynçylyk getirýär, hatda iň zerur zatlara — iýjek-içjegine we egin-eşige puly ýetmezligi mümkin (1 Timoteos 6:10).

8. Isa jomartlygyň nähili ajaýyp göreldesini görkezdi we biz nädip jomart bolup bileris?

8 Söýgüden doly jomartlyk bilen, mesihçiler başgalara, aýratyn hem mätäçlik çekýän imandaşlaryna kömek berip, şatlyk tapýarlar (Ýakup 2:15, 16). Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň, Hudaýyň adamlara edýän jomartlygyny synlapdy (Resullaryň Işleri 14:16, 17). Isanyň özi hem, adamzadyň peýdasy üçin diňe bir wagtyny ýa ukybyny däl, hatda janyny hem berdi. Şonuň üçin, ol: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýip, şeýle ynamly aýtmaga haky bar (Resullaryň Işleri 20:35). Isa, ybadathananyň hazynasyna çyn ýürekden iki sany maýda şaýy atan dul hatyn barada hem mähirli sözler aýtdy, çünki ol «bütin çörek puluny» berdi (Markus 12:41—44). Gadymy ysraýyllylar we birinji asyryň mesihçileri — ýygnagy we Patyşalyk işini jomartlyk we şatlyk bilen goldamakda görelde görkezdiler (1 Taryhlar 29:9; 2 Korintoslylar 9:11—14). Şu günki mesihçiler diňe maddy sowgatlar bermek bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa şatlykly öwgi gurbanlaryny hödürleýärler we öz ömrüni Onuň ýoluna bagş edýärler (Rimliler 12:1; Ýewreýler 13:15). Hakyky seždäni we Patyşylyk baradaky hoş habaryň bütindünýäde wagyz edilmegini goldamak üçin, olar wagtyny, güýjüni we dürli serişdelerini, şol sanda pul serişdelerini berýärler, munuň üçin Ýehowa olary bereketleýär (Süleýmanyň Tymsallary 3:9, 10).

BAGTLY EDÝÄN BEÝLEKI ZATLAR

9. Spirtli içgileri çendenaşa içmegiň nämesi erbet?

9 Bagtly bolmak üçin, mesihçiler «sagdyn paýhasy» saklamaly (Süleýmanyň Tymsallary 5:1, 2). Munuň üçin, Hudaýyň Sözüni we ony düşündirýän peýdaly edebiýaty okap, olaryň üstünde oýlanmaly. Emma gaça durmaly zatlar hem bar. Meselem, kimdir biri spirtli içgileri çendenaşa içse, ol öz pikirlerine erk edip bilmez. Şeýle ýagdaýda köp adamlar özüni ahlaksyz alyp barýar, zorluk edýär, hatda kimdir biriniň ölümine sebäpkär bolýar. Mukaddes Ýazgylarda arakkeşler Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz diýilmeginiň sebäbi düşnükli! (1 Korintoslylar 6:10). «Sagdyn düşünjeli» bolmak isläp, hakyky mesihçiler serhoşlykdan gaça durýarlar, bu bolsa, bagtly bolmaga ýardam edýär (Titus 2:2—6).

10. a) Mesihçiler näme üçin çilim çekmeýärler? b) Hapa endikleri taşlap, nähili peýda görüp bolar?

10 Arassa beden bagtly bolmaga ýardam edýär. Muňa garamazdan, zyýanly maddalara köp adamlaryň höwesi artýar. Meselem, temmäkini alyp göreliň. Bütindünýä Saglyk Guramasynyň habar bermegine görä, çilim «her ýyl üç million adamy öldürýär». Ony goýan badyňa döreýän azarlar sebäpli endigi taşlamak kyn bolup biler. Ýöne öňki çilimkeşleriň köpüsi saglygynyň oňatlaşandygyny hem-de maşgala üçin puluň köpräk galýandygyny gördüler. Hawa, çilime, ýa-da başga bir zyýanly jisime islegi ýeňip geçseň, seniň bedeniň arassa, ynsabyň päk bolar, hakyky bagtyň hem barha artar (2 Korintoslylar 7:1).

NIKADAKY BAGT

11. Nika kanuna laýyk, berk we hormatlanýan bolar ýaly, nämeler zerur?

11 Är-aýal hökmünde bile ýaşaýanlar, nikasy döwlet tarapyndan resmi taýdan hasaba alynmagynyň aladasyny etmelidirler (Markus 12:17). Şeýle hem, olar nika örän jogapkärli garamaly. Dogrusy, maşgala barada alada etmekden boýun gaçyrylýan bolsa, çendenaşa gödeklik edilse, ýa-da ruhy saglyga çyndanam howp salynýan bolsa, mümkin, onda är-aýalyň aýry ýaşamagy gerekdir (1 Timoteos 5:8; Galatýalylar 5:19—21). Ýöne resul Pawlusyň 1 Korintoslylar 7:10—17-däki sözleri är-aýalyň bile galmagyny ündeýär. Elbetde, hakyky bagta ýetmek üçin olar bir-birine wepaly bolmaly. Pawlus şeýle ýazdy: «Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder» (Ýewreýler 13:4). «Düşek» sözi kanuny nikada bolan erkek bilen aýalyň arasyndaky jyns gatnaşyklary göz öňünde tutýar. Başga hiç hili jyns gatnaşyklary, meselem, iki ýa ikiden-de köp aýally bolmaklyk, «nika hormat goýýar» diýip bolmaz. Mundan başga-da, Mukaddes Ýazgylar nikadan öňki jyns gatnaşyklary we gomoseksualizmi ýazgarýar (Rimliler 1:26, 27; 1 Korintoslylar 6:18).

12. Zyna nähili gynançly netijelere eltýär?

12 Zyna birnäçe minutlyk ten keýpi-sapasyny berip biler, emma ol hakyky bagt getirmez. Ol Hudaýyň närazylygyny döredýär, onsoňam şeýle adama wyždany ezýet bermegi ähtimal (1 Selanikliler 4:3—5). Jyns ýol bilen geçýän SPID we beýleki keseller nikasyz jyns gatnaşyklaryň gynançly netijesidir. «Çaklamalara görä, bütin dünýä boýunça her ýyl 250 milliondan gowrak adama sözenek [gonoreýa] we takmynan 50 million adama merezýel [sifilis] ýokuşýar»,— diýip, bir medisina habarynda aýdylýar. Netijede, islenilmeýän göwrelilik meselesi hem döreýär. Çaga dogluşyna seredýän Halkara federasiýanyň habar bermegine görä, dünýäde her ýyl 15—19 ýaşly gyzlaryň 15 milliondan gowragy göwreli bolýar, we olaryň üçden biri çagasyny aýyrdýar. Barlaglara görä, Afrikadaky bir ýurtda ähli ölýän ýetginjek gyzlaryň 72 prosenti çaga aýyrtmagyň netijesinde dörän ýarawsyzlykdan ölýär. Zyna edýänleriň hemmesi kesellänok, ýa-da göwreli bolanok, emma olar ýürek ýarasyndan gaçyp gutulmazlar. Köp adamlar öz gadyryny gaçyryp, hatda özüni ýigrenip başlaýarlar.

13. Ýan ýoldaşa edilen biwepalyk ýene-de nähili meseleleri döredýär, zynahorlyk we biwepalyk etmegi goýmaýanlara näme garaşýar?

13 Biwepalyk edilende ony bagyşlap bolar, ýöne Ýazgylar esasynda bigünä ýan ýoldaşyň nikany bozmaga haky bar. (Matta 5:32; Hoşea 3:1—5 bilen deňeşdir.) Emma şeýle ahlaksyzlyk sebäpli nika bozulsa, onda bigünä tarapyň we çagalaryň ýüreginde bitmejek ýara galmagy mümkin. Maşgalalaryň aladasyny edip, Hudaýyň Sözi toba gelmeýän zynagärleriň we ahlaksyzlaryň üstünden ýowuz höküm çykaryljagyny görkezýär. Mundan başga-da, Ýazgylara görä, jyns taýdan ahlaksyz adamlar «Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (Galatýalylar 5:19, 21).

«DÜNÝÄDEN DÄL»

14. a) Hudaýdan gorkýan adam butparazlygynyň nähili görnüşlerinden gaça durýar? b) Ýahýa 17:14 we Işaýa 2:4-de bize nähili gollanma berilýär?

14 Ýehowa ýaranmak we Patyşalygyň eşretlerini almak isleýänler butparazlygyň hemme görnüşinden gaça durýarlar. Mukaddes Ýazgylara görä, şekilleri, şol sanda Isanyň, ýa-da onuň ejesi Merýemiň şekilini etmek nädogry (Çykyş 20:4, 5; 1 Ýahýa 5:21). Şonuň üçin, hakyky mesihçiler şekillere, haçlara we heýkellere sežde etmeýärler. Olar butparazlygyň gizlin görnüşlerinden — baýdaga tagzym etmekden we bir milleti şöhratlandyrýan aýdymlary aýtmakdan hem gaça durýarlar. Olary şuňa meňzeş hereketlere mejbur edenlerinde, olar Isanyň Şeýtana aýdan sözlerini ýada salýarlar: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» (Matta 4:8—10). Isa öz şägirtleri hakda «dünýäden däldirler» diýdi (Ýahýa 17:14). Bu olaryň syýasy işlere goşulman, Işaýa 2:4-däki sözlere laýyklykda parahat ýaşaýandyklaryny aňladýar, ol ýerde şeýle diýilýär: «Ol milletler arasynda höküm çykarar, köp milletlere temmi berer. Olar gylyçlaryndan azallar, naýzalaryndan oraklar ýasarlar. Millet-millete garşy gylyç galdyrmaz, artykmaç, uruşmagy öwrenmezler».

15. Beýik Babyl — bu näme, we Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanlaryň köpüsi ondan çykmak üçin näme edýärler?

15 «Dünýäden» bolmazlyk, ýalan diniň dünýä imperiýasy — «Beýik Babyl» bilen hem ähli gatnaşyklary kesmegi aňladýar. Hapa sežde gadymy Babyldan gelip çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady, dünýäniň ähli adamlary bolsa, onuň zyýanly ruhy häkimliginiň astyna düşdi. Taglymatlary we işleri Hudaý baradaky bilime garşy gelýän dinleriň ählisi «Beýik Babyla» degişlidir (Ylham 17:1, 5, 15). Ýehowanyň hiç bir wepaly gullukçysy dinlerara işlere goşulmaz, ýagny dürli dinler bilen birleşip sežde etmez, ýa-da Beýik Babylyň haýsydyr bir bölegi bilen dostluk saklamaz (Sanlar 25:1—9; 2 Korintoslylar 6:14). Şu sebäpli, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanlaryň köpüsi özüniň degişli dini guramasyndan çykýandygyny mälim edýärler. Bu olary hakyky Hudaý bilen ýakynlaşdyrýar, çünki Ol şeýle wada berdi: «Reb diýýär: “Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara [hapa] galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin“» (2 Korintoslylar 6:17; Ylham 18:4, 5). Eýsem gökdäki Atamyzyň seni kabul etmegini çyn ýürekden isläňokmy?

HER ÝYLKY BAÝRAMÇYLYKLARA NÄHILI GARAMALY

16. Hakyky mesihçiler Isanyň doglan gününi näme üçin bellänoklar?

16 Hudaýa ýaraýan durmuş, bu dünýäniň köplenç ýük bolýan baýramçylyklaryndan boşadýar. Meselem, Mukaddes Ýazgylar Isanyň edil haýsy günde doglandygyny aýtmasa-da, käbir adamlar: «Isa 25-nji dekabrda doglandyr öýdýärdim!» — diýip bilerler. Emma, bu asla mümkin däl, sebäbi ol b. e. 33-nji ýylynyň baharynda, otuz üç ýarym ýaşynda öldi. Onsoňam, ol doglan wagty çopanlar «gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar» (Luka 2:8). Ysraýylda dekabryň aýagy — sowuk, ýagynly pasyl, goýunlary gyş howasyndan goramak üçin gijesine olary adatça agylda saklaýarlar. Aslynda, rimliler 25 dekabrda Gün taňrysynyň doglan gününi belläpdirler. Isanyň ýer ýüzünde ýaşan döwründen bäri, asyrlar geçensoň, imandan dänen mesihçiler bu senäni Mesihiň doglan güni hökmünde kabul edýärler. Diýmek, hakyky mesihçiler ýalan dini düşünjelere esaslanan Isanyň doglan gününi [Roždestwony] we beýleki baýramlary bellemeýärler. Mesihçiler Ýehowa aýratyn wepalydygy sebäpli, kämilsiz adamlary ýa-da milletleri şöhratlandyrýan baýramlary hem bellänok.

17. Hudaýdan gorkýan adamlar näme üçin doglan gün bellemeýärler, we olaryň çagalary näme üçin şonda-da bagtly?

17 Mukaddes Ýazgylarda doglan günüň bellenişi hakda diňe iki gezek gürrüň berilýär, olaryň ikisinde-de toýa gatnaşanlar Hudaýa gulluk etmeýän adamlardy (Barlyk 40:20—22; Matta 14:6—11). Ýazgylar kämil ynsan Isa Mesihiň doglan gününi aýtmaýan bolsa, onda kämilsiz adamlaryň doglan gününe aýratyn üns bermek gerekmikä? (Wagyzçy 7:1). Elbetde, Hudaýdan gorkýan ene-ata çagalaryna söýgisini bildirmek üçin aýratyn güne garaşyp duranok. On üç ýaşly bir mesihçi gyz şeýle diýýär: «Biziň maşgalamyz şeýle bir şadyýanlyk... ene-atam bilen aram örän gowy, onsoňam beýleki çagalar baýramlary näme üçin belläňok diýenlerinde, men olara, meniň her günüm baýramçylyk diýip jogap berýärin». 17 ýaşly bir mesihçi oglan bolsa: «Biziň öýümizde ýyl boýy sowgat berilýär» diýdi. Garaşylmadyk sowgatlar has köp bagt getirýär.

18. Isa şägirtlerine haýsy baýramy her ýyl bellemegi buýurdy, we bu baýram bize näme barada ýatladýar?

18 Hudaýyň ýolunda ýaşaýan adamlar üçin her ýyl bellemeli bir gün bar. Ol Rebbiň agşam naharydyr, oňa Mesihiň ölüminiň ýatlama agşamy hem diýilýär. Bu baýramçylygy girizende, Isa: «Muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýip, şägirtlerine buýurdy (Luka 22:19, 20; 1 Korintoslylar 11:23—25). Isa b. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisan gijesi bu Agşam naharyny girizende, hamyrmaýasyz çörek bilen gyrmyzy şerap ulanypdy, olar Isanyň günäsiz ynsan bedenini we kämil ganyny aňladýar (Matta 26:26—29). Bu nyşanlardan Hudaýyň mukaddes ruhy bilen bellenen mesihçiler datýarlar. Täze ähte we Patyşalyk ähtine girýändikleri sebäpli, olaryň gökde ýaşamaga umydy bar (Luka 12:32; 22:20, 28—30; Rimliler 8:16, 17; Ylham 14:1—5). Muňa garamazdan, bu agşama gatnaşýanlaryň ählisi peýda görýärler, ol gadymy ýewreý kalendary boýunça 14-nji nisana gabat gelýär. Şol gün bize Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň görkezen söýgüsini ýatladýar, bu söýgi günäleri ýuwýan töleg gurbanlygy arkaly aýan bolupdy. Bu gurbanlyk Hudaýyň mährini tapan adamlara ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär (Matta 20:28; Ýahýa 3:16).

IŞ WE GÜÝMENJE

19. Mesihçiler gazanç edende nähili kynçylyklara duş gelýärler?

19 Hakyky mesihçiler halal zähmet çekmäge we özüni eklemäge borçly. Bu maşgalabaşa kanagatlanma duýgusyny berýär (1 Selanikliler 4:11, 12). Elbetde, mesihçiniň işi Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän bolsa, ol bagtly bolup bilmez. Emma Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna laýyk gelýän işi tapmak, mesihçä käwagt aňsat düşmeýär. Meselem, käbir başlyklar işgärlerinden müşderileri aldamagy talap edýär. Emma köplenç, başlyklar ynamdar işgärini gidermejek bolup, dogruçyl adamyň ynsabyny sylap, onuň bilen ylalaşýarlar. Her näme bolsa-da, päk ynsap bilen işläp boljak işi tapmak üçin edýän tagallalaryňa Hudaýyň ak pata berjegine ynamly bolup bilersiň (2 Korintoslylar 4:2).

20. Biz güýmenjeleri näme üçin seçip saýlamaly?

20 Hudaý öz gullukçylarynyň bagtly bolmagyny isleýär, şol sebäpli, biz agyr zähmeti güýjüňi dikeldýän dynç alyş hem-de güýmenjeler bilen gezekleşdirmeli (Markus 6:31; Wagyzçy 3:12, 13). Şeýtanyň dünýäsi Hudaýa ýaramaýan güýmenjelere isleg döredýär. Ýöne Ýehowa ýaranmak üçin, biz kitaplary, radio gepleşikleri, aýdym-sazlary, konsertleri, filmleri, teatr oýunlaryny, telegepleşikleri we wideofilmleri seçip saýlamaly. Biziň öň saýlan güýmenjelerimiz Kanunyň Gaýtalanyşy 18:10—12, Zebur 11:5 we Efesliler 5:3—5-däki duýduryşlara garşy gelýän bolsa, onda özgerişler edip, Ýehowanyň göwnünden turarys hem-de has bagtly bolarys.

ÝAŞAÝŞA WE GANA HORMAT GOÝMAK

21. Ýaşaýşa hormat goýýan bolsak, onda çaga aýyrtmaklyga nähili gararys, endiklerimiz we özümizi alyp barşymyz nähili bolar?

21 Hakykatdan bagtly bolmak üçin, biz hem Ýehowa ýaly, ynsan ýaşaýşyna mukaddes zat hökmünde garamaly. Onuň Sözi adam öldürmegi gadagan edýär (Matta 19:16—18). Aslynda, Ysraýyla berlen Kanunyň görkezişi ýaly, Hudaý üçin entäk dogulmadyk çaganyň ýaşaýşy hem örän gymmatlydyr, ony öldürmek gadagan (Çykyş 21:22, 23). Şu sebäpli, bedenimizi temmäki, neşe we alkogol bilen zäherläp, ýa-da özümizi biderek ýere howp astyna salyp, biz ýaşaýşa bigadyr garamaly däldiris. Şeýle hem, ýaşaýşymyza howp salýan işlere goşulmaly däl, ýa-da howpsuzlyk çärelerine äsgermezlik etmeli däl, çünki bular sebäpli, biz gan dökülmekde günäkär bolup bileris (Kanunyň Gaýtalanyşy 22:8).

22. a) Hudaýdan gorkýan adam gana we onuň ulanyşyna nähili garamaly? b) Kimiň gany hakykatdan-da jany halas edýär?

22 Ýehowa Nuha we onuň maşgalasyna gan jany, ýagny ýaşaýşy aňladýar diýdi. Şonuň üçin, Hudaý olara gany iýmegi düýbünden gadagan etdi (Barlyk 9:3, 4). Biz hem olaryň neslidigi sebäpli, bu kanuny hökman berjaý etmeli. Ýehowa ysraýyllylara gany ýere dökmegi we ony öz maksatlary üçin ulanmazlygy buýurdy (Kanunyň Gaýtalanyşy 12:15, 16). Birinji asyryň mesihçilerine: «gandan... gaça duruň» diýlende, Hudaýyň gan baradaky kanuny ýene-de gaýtalanypdy (Resullaryň Işleri 15:28, 29). Özgeler bu seniň janyňy halas eder diýselerem, Hudaýdan gorkýan adamlar ýaşaýşyň mukaddesligine hormat goýýandyklary sebäpli, gan goýbermekden boýun towlaýarlar. Ýehowanyň Güwäleriniň kabul edýän bejeriş usullarynyň köpüsi örän netijeli we gan goýbermek ýaly adamyň janyna howply däl. Mesihçiler diňe Isanyň dökülen ganynyň hakykatdan-da halas edýändigini bilýärler. Oňa bolan iman günäleriň bagyşlanmagyny gazandyrýar we ebedi ýaşaýşa umyt berýär (Efesliler 1:8).

23. Hudaýyň ýolunda ýaşamak nähili sylag getirýär?

23 Hudaýyň ýolunda ýaşamak üçin tagalla etmegiň gerekdigi görnüp dur. Garyndaşlaryň, ýa-da tanyş-bilişleriň seniň şeýle ýaşaýandygyňa üstüňden gülmekleri ahmal (Matta 10:32—39; 1 Petrus 4:4). Ýöne aljak sylagyň islendik synaga artykmajy bilen degýändir. Hudaýyň ýolunda ýaşasaň, päk ynsap edinersiň hem-de Ýehowa sežde edýän başga adamlar bilen dost bolarsyň (Matta 19:27, 29). Hudaýyň adalatly täze dünýäsindäki ebedi ýaşaýşy hem göz öňüne getir (Işaýa 65:17, 18). Ýazgylaryň maslahatyny ulanyp, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak, gör, nähili ýakymly! (Süleýmanyň Tymsallary 27:11). Hudaýa ýaraýan durmuşyň seni bagtly etmegi geň zat däldir! (Zebur 128:1, 2).

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Hudaýa ýaraýan durmuşyň bagtly etmeginiň haýsy sebäpleri bar?

Hudaýa ýaraýan durmuş nähili özgerişleri talap edip biler?

Sen näme üçin Hudaýyň ýolunda ýaşamak isleýärsiň?

[124, 125-nji sahypadaky surat]

Dynç alyş bilen gezekleşýän ruhy işler Hudaýyň ýolunda ýaşaýanlara bagtly bolmaga ýardam edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş