ON ALTYNJY BAP
Maşgalaňyzyň ebedi gelejegi
1. Ýehowa maşgala ojagyny näme maksat bilen döretdi?
ÝEHOWA Adam ata bilen How enäni är-aýal edip birikdirende, Adam ata ilkinji ýewreýçe goşgyny düzüp begenjini bildirdi (Gelip çykyş 2:22, 23). Emma Ýaradyjynyň esasy maksady ynsan balalaryny diňe bir begendirmek däldi. Ol är-aýalyň we maşgalanyň Hudaýyň islegini berjaý etmegini isleýärdi. Ol ilkinji är-aýala: «Hasylly boluň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we ony tabyn ediň; deňziň balyklaryna, gökleriň guşlaryna we ýer ýüzünde hereket edýän her janly zada hökümdarlyk ediň» diýdi (Gelip çykyş 1:28). Bu uly hem-de sylag beriji ýumuşdy! Adam ata bilen How ene Ýehowa doly gulak asyp, onuň islegini berjaý eden bolsalar, olaryň özleri-de, geljekki çagalary-da bagtly bolardy!
2, 3. Şu günler maşgala iň uly bagty nädip tapyp biler?
2 Şu günlerem maşgalalar Hudaýyň islegini agzybir ýerine ýetirseler bagtly bolarlar. Pawlus resul şeýle ýazýar: «Hudaýa wepaly bolmak her zatda peýdalydyr. Çünki häzirki hem gelejekki ýaşaýşymyz şoňa baglydyr» (1 Timoteos 4:8). Hudaýa wepaly ýaşaýan we Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylar arkaly berýän maslahatlaryna eýerýän maşgala «häzirki... ýaşaýyşda» bagtly bolar (Zebur 1:1—3; 119:105; 2 Timoteos 3:16, 17). Maşgalada hatda bir adam Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşasa, bu, ýokdan has gowudyr.
3 Şu kitapda seredilýän Mukaddes Ýazgylaryň köp sanly prinsipleri maşgalany bagtly etmäge ýardam edýär. Üns beren bolsaňyz, olaryň käbirine gaýta-gaýta seredilýär. Näme üçin? Sebäbi olar özünde mizemez hakykaty jemleýär we maşgala durmuşynyň dürli ýagdaýlarynda hemmeler üçin peýdaly. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşamaga çalyşýan maşgala Hudaýa wepaly bolmagyň «häzirki... ýaşaýşyna» baglydygyna gowy göz ýetirýär. Geliň, bu wajyp prinsipleriň dördüsine ýene-de üns bereliň.
ÖZÜŇE ERK ETMEGIŇ ÄHMIÝETI
4. Näme üçin nikada özüňe erk etmek örän wajyp?
4 Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Nebsine buýrup bilmeýän adam ýykylan, diwarsyz şäher kimindir» (Süleýmanyň tymsallary 25:28; 29:11). «Nebsiňe buýurmaklyk», ýagny özüňe erk etmeklik bagtly maşgala gurmak isleýänler üçin örän wajyp. Gahar-gazap we ahlaksyz höwes ýaly erbet endiklere ýol bersek, nika şeýle zyýan ýetireris welin, ony düzetmek üçin hatda ençeme ýyl gerek bolar ýa-da asla düzedip bolmaz.
5. Bikämil adam özüne erk etmegi nädip öwrenip biler we onuň nähili peýdasy bar?
5 Elbetde, Adam atanyň neslinden bolan hiç bir adam bikämil bedenine doly erk edip bilmeýär (Rimliler 7:21, 22). Muňa garamazdan, özüňe erk etmeklik — ruhuň miwesidir (Galatýalylar 5:22, 23). Şol sebäpden bu barada doga etsek, Ýazgylarda berilýän maslahatlara eýersek we şeýle häsiýetli adamlar bilen gatnaşyp, özüne erk etmeýän adamlardan gaça dursak, Hudaýyň ruhy özüňe erk etmekde ösmäge kömek eder (Zebur 119:100, 101, 130; Süleýmanyň tymsallary 13:20; 1 Petrus 4:7). Bu bize hatda synaga düşenimizde hem «ahlaksyzlykdan gaçmaga» ýardam eder (1 Korinfliler 6:18). Biz rehimsiz bolmarys we arakkeşlikden gaça durup, ony ýeňip bileris. Gaharymyz gelende we kyn ýagdaýlarda biynjalyk bolmarys. Geliň, ählimiz, şol sanda çagalaram, ruhuň şu wajyp miwesini ösdürmegi öwreneliň (Zebur 119:1, 2).
BAŞTUTANLYGA DOGRY GARAMAK
6. a) Hudaý baştutanlyk meselesinde nähili tertibi ýola goýdy? b) Erkegiň baştutanlygy maşgalasyny bagtly eder ýaly, ol nämäni ýatda saklamaly?
6 Ikinji wajyp prinsip—baştutanlyga boýun bolmak. Pawlus tertip-düzgün hakda şeýle diýdi: «Men siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesih, aýalyň başy erkek, Mesihiň başy hem Hudaýdyr» (1 Korinfliler 11:3). Diýmek, erkek adam maşgalasyna baş bolmaly, aýaly ony wepaly goldamaly, çagalar bolsa ata-enesine gulak asmaly (Efesliler 5:22—25, 28—33; 6:1—4). Üns beren bolsaňyz, diňe dogry baştutanlyk edilende maşgala bagtly bolup biler. Hudaýdan gorkýan ärler baştutanlygyň zulumkeşlik we sütemkeşlik däldigini bilýärler. Olar Baştutany Isadan görelde alýarlar. Isa «hemme ýygnaklara baş» bolsa-da, «özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek... üçin geldi» (Efesliler 1:22; Matta 20:28). Şoňa görä-de mesihçi är hem öz peýdasy üçin däl-de, aýalynyň we çagalarynyň bähbidi üçin baştutanlyk edýär (1 Korinfliler 13:4, 5).
7. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri aýala maşgalada Hudaýyň beren borjuny ýerine ýetirmäge kömek edýär?
7 Hudaýdan gorkýan aýal hem äri bilen bäsdeşlik etmeýär ýa-da onuň üstünden höküm sürjek bolmaýar. Gaýtam, ony goldaýar we kömekleşýär. Mukaddes Ýazgylarda «erkek... aýalyň başydyr» diýlip anyk aýdylýar (Efesliler 5:23) Gyz durmuşa çykansoň äriniň «kanuny» astynda bolýar (Rimliler 7:2). Şeýle-de Töwratda aýal ärine «laýyk kömekçi» edilip ýaradyldy diýilýär (Gelip çykyş 2:20). Aýalda ärinde bolmadyk häsiýetler hem-de ukyplar bolup, ol ärine gerekli goldawy berýär (Süleýmanyň tymsallary 31:10—31). Şeýle-de aýal äri bilen eginme-egin işleşýändigi üçin Mukaddes Ýazgylarda oňa «ýanýoldaşyň» diýilýär (Malaky 2:14). Mukaddes Ýazgylardaky şu prinsipler är-aýala bir-biriniň tutýan ornuna düşünmäge we birek-biregiň mertebesine sylag-hormat goýmaga kömek edýär.
«DIŇLEMÄGE TAÝYN» BOLUŇ
8, 9. Maşgalada gürrüňdeşligi gowulandyrmaga haýsy prinsipleriň kömek edýändigini düşündiriň.
8 Şu kitapda gürrüňdeşligiň zerurlygy hakda telim sapar agzalýar. Näme üçin? Sebäbi adamlar maslahatlaşyp, birek-biregi ünsli diňleseler, kynçylygy çözmek aňsat bolýar. Şeýle-de gürrüňdeşligiň iki taraplaýyn köçe hereketine meňzedilýändigi nygtalyp geçilýär. Ýakup şägirt şeýle düşündirýär: «Her bir adam diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan, çalt gaharlanmaýan bolmaly» (Ýakup 1:19).
9 Şeýle-de gepleýiş äheňine üns bermeli. Oýlanman, igençli geplesek ýa-da aşa tankytçyl bolsak, oňat gürrüňdeşlik bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 15:1; 21:9; 29:11, 20). Hatda dogry zady aýdanda-da, ony gödek, ulumsy hem sypaýyçylyksyz aýtsak, peýda däl-de, zyýan getirer. Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, «biziň hem sözlerimiz ýakymly bolmaly» (Koloslylar 4:6). Sözümiz «kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimin» bolmaly (Süleýmanyň tymsallary 25:11). Gowy gürrüňdeşlik etmegi öwrenen maşgalalar has-da bagtly bolýarlar.
SÖÝGINIŇ ÄHMIÝETI
10. Maşgalada söýginiň haýsy görnüşi wajyp hasaplanýar?
10 Tutuş kitabyň dowamynda «söýgi» sözi ençeme sapar duş gelýär. Esasan, haýsy söýgi hakda aýdylýany ýadyňyzdamy? Elbetde, ýigidiň gyza bolan söýgüsi ýaly söýginiň (grekçe eros) nikada wajyp ähmiýeti bar. Bagtly maşgalada är-aýal bir-birine ýürekden ysnyşýar we dostlugy (grekçe filia) berk bolýar. Emma grekçe «agapi» diýip terjime edilýän söýgi has-da wajyp. Biz Ýehowa, Isa we ýakynlarymyza şeýle söýgini ösdürýäris (Matta 22:37—39). Ýehowa-da adamzada şeýle söýgini bildirýär (Ýahýa 3:16). Bizem ýanýoldaşymyzy we çagalaramyzy hut şeýle söýüp bilýändigimiz nähili ajaýyp! (1 Ýahýa 4:19).
11. Söýgi maşgalanyň bagtly bolmagyna nähili ýardam edýär?
11 Bu beýik söýgi maşgalany «doly agzybir edýändir» (Koloslylar 3:14). Şeýle söýgi är-aýaly agzybir edýär we birek-biregiň hem-de çagalaryň aladasyny has gowy etmäge höweslendirýär. Maşgalada kynçylyk dörände, söýgi oňa agzybirlik bilen hötde gelmäge kömek edýär. Garrylyk döwründe-de söýgi olara biri-birini goldap, gadyryny bilmäge ýardam edýär. «Söýgi... öz peýdasyny gözleýän däldir... Ähli zada çydaýandyr, ähli zada iman edýändir, ähli zada umyt baglaýandyr, ähli zada döz gelýändir. Söýgi ebedi dowam eder» (1 Korinfliler 13:4—8).
12. Näme üçin är-aýalyň Hudaýa bolan söýgüsi nikany berkidýär?
12 Är-aýal diňe bir-birini däl-de, esasan, Ýehowany söýse, olaryň nikasy has-da berkär (Wagyz kitaby 4:9—12). Näme üçin? Ýahýa resul şeýle ýazýar: «Biz Hudaýy söýýändigimizi onuň tabşyryklaryny berjaý edip görkezýäris, onuň tabşyryklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3). Diýmek, är-aýal çagalaryny diňe bir örän söýýändigi üçin däl, eýsem, Ýehowanyň tabşyrandygy üçin olara Hudaýa wepaly bolmagy öwretmeli (Kanun taglymaty 6:6, 7). Olar ahlaksyzlykdan diňe bir-birini söýýänligi üçin däl-de, esasan, «ahlaksyzlyk edýän adamlary we zynahorlary höküm etjek» Ýehowa Hudaýy söýýänligi üçin ahlaksyzlykdan gaça durmaly (Ýewreýler 13:4). Hatda är-aýalyň biri nikada agyr kynçylyk döretse, ýanýoldaşynyň Ýehowa bolan söýgüsi Mukaddes Ýazgylaryň prinsipi boýunça ýaşamaga kömek eder. Är-aýalyň söýgüsi Ýehowa bolan söýgi bilen berkidilse, şeýle maşgalalar nähili bagtly bolar!
HUDAÝYŇ ISLEGINI BERJAÝ EDÝÄN MAŞGALA
13. Hudaýyň islegini berjaý etmegi ýüregimize düwsek, ünsümizi wajyp zatlara gönükdirmäge nädip kömek eder?
13 Mesihçi Ýehowanyň islegini berjaý etmegi durmuşynda birinji orunda goýýar (Zebur 143:10). Muňa Hudaýa wepaly bolmak diýilýär. Hudaýyň islegini berjaý etmeklik, maşgala wajyp zatlara ünsli bolmaga kömek edýär (Filipililer 1:9—11). Meselem, Isa şeýle duýdurdy: «Men ogly atasyndan, gyzy enesinden we gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim. Size dogrusyny aýdýaryn, adamyň duşmany öý-içerisindäkileri bolar» (Matta 10:35, 36). Isanyň şägirtleriniň köpüsi maşgala agzalary tarapyndan yzarlanyp, onuň sözleriniň dogrudygy tassyklanyldy. Nähili gynançly we agyr ýagdaý! Muňa garamazdan, Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe bolan söýgimiz maşgala bolan söýgimizden güýçli bolmaly (Matta 10:37—39). Maşgalasy garşylyk görkezende mesihçi çydasa, Hudaýa wepalylygyň gowy netije berýändigini görýän garşy çykýanlar pikirini üýtgetmegi mümkin (1 Korinfliler 7:12—16; 1 Petrus 3:1, 2). Olar pikirini üýtgetmese-de, garşylyk sebäpli Hudaýa gulluk etmegi bes etsek, bize peýdasy bolmaz.
14. Hudaýyň islegini berjaý etmek ata-enelere çagalarynyň bähbidini gözlemäge nädip kömek eder?
14 Hudaýyň islegini berjaý etmeklik ata-enelere dogry karara gelmäge kömek edýär. Meselem, käbir halklarda ata-ene çagalaryna maýa goýan ýaly garaýarlar we garran mahaly olar aladasyny eder öýdýärler. Ulalan çagalaryň gartaşan ata-enesi hakda alada etmegi dogry hem adalatly, emma şeýle düşünje zerarly ata-ene çagalaryny baýlyga kowalaşmaga höweslendirmeli däl. Ata-ene çagalaryna ruhy zatlaryň däl-de, baýlygyň gadyryny bilmegi öwretse, olara peýdaly bolmaz (1 Timoteos 6:9).
15. Ewniki Hudaýyň islegini berjaý edýän eje hökmünde nähili ajaýyp görelde galdyrdy?
15 Bu babatda Pawlusyň Timoteos atly ýaş dostunyň ejesi Ewniki ajaýyp görelde galdyrdy (2 Timoteos 1:5). Ýanýoldaşy iman etmeýän bolsa-da, Ewniki Timoteosyň mamasy Lois bilen bilelikde ony Hudaýyň ýolunda terbiýeleýär (2 Timoteos 3:14, 15). Timoteos ulalanda, Ewniki oňa öýden gitmäge, Pawlus ýaly missioner bolup hoş habary wagyz etmäge rugsat berýär (Resullaryň işleri 16:1—5). Oglunyň görnükli missoner bolanyna Ewnikiniň begenjiniň çägi bolan däldir! Timoteosyň ýaşlykda alan bilimi ulalanda Hudaýa wepaly bolmagyna güýçli täsir edýär. Mümkin, Ewniki Timoteosy göresi gelip ýüregi gysandyr, ýöne oglunyň wepaly gullugy barada oňa gürrüň berenlerinde, ol şatlanyp höwes bilen diňländir (Resullaryň işleri 16:1—5).
MAŞGALA WE SIZIŇ GELEJEGIŇIZ
16. Isa Ogul hökmünde kimiň aladasyny etdi, ýöne onuň esasy maksady nämedi?
16 Isa hudaýhon maşgalada terbiýelendi we ulalanda ogul hökmünde ejesiniň aladasyny etdi (Luka 2:51, 52; Ýahýa 19:26). Emma Isanyň esasy maksady Hudaýyň islegini berjaý etmekdi, çünki ol adamlara ebedi ýaşaýşa gowuşmaga ýol açmalydy. Munuň üçin ol öz kämil ynsan janyny günäli adamzat üçin töleg hökmünde gurban berdi (Markus 10:45; Ýahýa 5:28, 29).
17. Isanyň wepalylygy Hudaýyň islegini berjaý edýän adamlara nähili ajaýyp gelejege ýol açýar?
17 Isa ölenden soň, Ýehowa ony gökdäki ýaşaýyş üçin direldip, uly ygtýar berdi we netijede, gökdäki Patyşalygyň Patyşasy etdi (Matta 28:18; Rimliler 14:9; Ylham 11:15). Isanyň töleg gurbany esasynda käbir adamlara Patyşalykda onuň bilen höküm sürmek üçin saýlanmaga mümkinçilik berildi. Şeýle-de onuň töleg gurbany akýürekli adamlara ýer ýüzünde dikeldiljek Jennetde kämil ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berýär (Ylham 5:9, 10; 14:1, 4; 21:3—5; 22:1—4). Şu günler bu şöhratly hoş habary ýakynymyza gürrüň bermek biziň üçin uly hormat! (Matta 24:14)
18. Maşgalalylar we maşgalasyzlar nämäni ýatdan çykarmaly däl hem-de olar nämä höweslendirilýär?
18 Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, Hudaýa wepaly adamlara «geljekki» ýaşaýşyň bereketleri wada berilýär. Dogrudan-da bu iň bagtly ýol! Ýadyňyzda bolsa, «dünýä we onuň höwesleri geçip gider, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar» (1 Ýahýa 2:17). Şol sebäpli siz çagamy, kakamy ýa-da eje, ärmi ýa aýal, çagalymy, çagasyzmy, Hudaýyň islegini berjaý etmäge çalşyň. Hatda agyr ýagdaýda-da, kynçylykda-da, diri Hudaýyň gullukçysydygyňyzy hiç haçan unutmaň. Goý, özüňizi alyp barşyňyz Ýehowany begendirsin (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Siziň edim-gylymyňyz häzir we geljekki täze dünýäde ebedi ýaşaýyşda sizi bagtly etsin!