Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 14 sah. 130—139
  • Sen kimiň häkimiýetine boýun bolmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen kimiň häkimiýetine boýun bolmaly?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • IŇ ÝOKARY HÄKIMIÝET
  • «ÝOKARY HÄKIMIÝETLER»
  • MAŞGALADAKY HÄKIMIÝET
  • ÝYGNAKDAKY HÄKIMIÝET
  • ÝEHOWANYŇ HÄKIMIÝETE GARAÝŞYNY KABUL ET
  • Näme üçin häkimiýete hormat goýmaly?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Baştutanlyk düzgünine tabyn bolmagyň peýdasy
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 14 sah. 130—139

14-nji bap

Sen kimiň häkimiýetine boýun bolmaly?

1, 2. Häkimiýetiň hemme görnüşi zyýanlymy? Düşündir.

«HÄKIMIÝET» — bu söz köp adamlarda ýigrenç döredýär. Munuň sebäbi düşnükli, çünki işde-de, maşgalada-da, döwlet işgärleriniň arasynda-da häkimiýeti köplenç erbetlige ulanýarlar. Mukaddes Ýazgylar: «Adamyň adama agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» — diýip, gös-göni aýdýar (Wagyzçy 8:9). Hawa, köp adamlar diňe özüni bilip, başgalaryň üstünden rehimsiz agalyk edýär.

2 Emma häkmiýetleriň hemmesi zyýanly däl. Meselem, bize öz bedenimiz agalyk edýär diýse bolar. Ol bize dem almagy, iýmegi, içmegi, ýatmagy «buýurýar». Emma bu bize agram salýarmy? Ýok. Bu talaplara tabyn bolup, biz özümize diňe peýda getirýäris. Tebigy zerurlyklarymyza islesek-islemesek boýun bolýarys, ýöne meýletin tabynlygy talap edýän häkimiýetler hem bar. Olaryň käbirine seredeli.

IŇ ÝOKARY HÄKIMIÝET

3. Ýehowanyň «Baýar» diýilmäge näme üçin haky bar?

3 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa ençeme gezek «Baýar» diýip atlandyrylýar. Hudaýa Baýar diýlende, bu Onuň iň ýokary häkimiýetiň eýesidigini görkezýär. Şeýle orny tutmaga Ýehowany näme hakly edýärkä? Munuň jogaby Ylham 4:11-de berilýär: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy».

4. Ýehowa häkimiýetini nähili amala aşyrýar?

4 Ýehowa — biziň Ýaradyjymyz, diýmek, häkimiýeti öz islegine görä ulanmaga-da haky bar. Bu ýagdaý, aýratyn hem Hudaýyň «kuwwatynyň köplügini» göz öňünde tutsaň, bizi gorkuzyp biler. Oňa «Her Zady Başaran Hudaý» diýilýär, bu at ýewreý tekstinde ähli zady ýeňýän güýç diýen düşünjäni berýär (Işaýa 40:26; Barlyk 17:1). Ýehowa güýjüni ulansa-da, hoşniýetli Hudaý bolup galýar, çünki Onuň esasy häsiýeti — söýgi (1 Ýahýa 4:16).

5. Ýehowanyň häkimiýetine boýun bolmak näme üçin kyn däl?

5 Ýehowa, toba etmeýän günäkärlere temmi berjegini öňünden duýdursa-da, Musa Ony ilki bilen, «hakyky Hudaý, Ony söýýänlere we tabşyryklaryny tutýanlara ähtini we merhemetini saklaýan wepaly Hudaý» hökmünde tanaýardy (Kanunyň Gaýtalanyşy 7:9, TD). Oýlanyp gör! Älemdäki iň ýokary häkimiýetiň Eýesi bizi gulluk etmäge mejbur edenok. Gaýtam, Onuň söýgüsi bizi özüne çekýär (Rimliler 2:4; 5:8). Ýehowanyň häkimiýetine boýun bolmaklyk, hatda şatlykly zatdyr, sebäbi Onuň kanunlary diňe peýda getirýär (Zebur 19:8, 9).

6. Aden bagynda häkimiýet meselesi nädip orta atyldy, we onuň netijesi nähili boldy?

6 Ilkinji ene-atamyz Hudaýyň hökümdarlygyny ret etdiler. Olar nämäniň ýagşy we nämäniň ýamandygyny özleri çözmek islediler (Barlyk 3:4—6). Şonuň üçin olar jennet öýünden kowuldylar. Soňra, Ýehowa adamlara hökümetler döretmäge ýol berdi, bu olara kämilsiz bolsa-da, tertip-düzgünli jemgyýetde ýaşamaga mümkinçilik berýär. Şeýle häkimiýetleriň käbir görnüşleri haýsylarka? Hudaýy razy etmek üçin biz olara näderejede boýun bolmaly?

«ÝOKARY HÄKIMIÝETLER»

7. «Ýokary häkimiýetler» kimler we Hudaýyň häkimiýeti bilen deňeşdireniňde olar nähili orun tutýarlar?

7 Resul Pawlus şeýle ýazdy: «Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun; çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur». «Ýokary häkimiýetler» diýmek näme? Pawlusyň indiki sözleriniň görkezişi ýaly, «ýokary häkimiýetler» — bu, döwlet häkimiýetleri (Rimliler 13:1—7; Titus 3:1). Ýehowa bu häkimiýetleri döretmedi, ýöne olaryň bolmagyna rugsat berýär. Şoňa görä-de, Pawlus: «Bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr» diýip, ýazdy. Bu sözler ýer ýüzündäki häkimiýetler barada näme aýdýar? Olar Hudaýyň häkimiýetine garaşly, ýagny ondan aşakda durýar (Ýahýa 19:10, 11). Şonuň üçin, ynsan kanuny bilen Hudaýyň kanunynyň arasynda gapma-garşylyk dörände, mesihçiler Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsaby bilen gollanmaly. «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» (Resullaryň Işleri 5:29).

8. Sen ýokary häkimiýetlerden nähili peýda görýärsiň, we olara tabynlygyňy nädip görkezip bilersiň?

8 Ýöne köplenç, ýokary döwlet häkimiýetleri ’bize ýagşylyk üçin Hudaýyň hyzmatkärleri’ hökmünde hereket edýär (Rimliler 13:4). Nädip? Ýokary häkimiýetleriň bize edýän ençeme hyzmatlary barada oýlanyp gör, meselem: poçta aragatnaşygy, polisiýa gullugy, ýangyn söndürýän gullugy, suw geçiriş we hapa aýyryş gurluşlary, şeýle hem bilim almak mümkinçiligi. Pawlus: «Siz salgytlary hem munuň üçin töleýärsiňiz; olar mydama şu iş bilen meşguldygy sebäpli Hudaýyň hyzmatkäridir» diýip, ýazdy (Rimliler 13:6). Salgytlar we beýleki kanuny borçnamalar barada biz ’özümizi dogruçyl alyp barmaly’ (Ýewreýler 13:18, TD).

9, 10. a) Hudaýyň guran gurluşynda ýokary häkimiýetler nähili rol oýnaýar? b) Ýokary häkimiýetleriň garşysyna gitmek näme üçin nädogry bolardy?

9 Käwagt, ýokary häkimiýetler wezipelerini erbetlige ulanýarlar. Bu, bizi olara tabyn bolmakdan boşadýarmy? Ýok. Ýehowa olaryň nädogry hereketlerini görýär (Süleýmanyň Tymsallary 15:3). Onuň ynsan hökümdarlygyna sabyr etmegi, parahorlyga göz ýumýandygyny aňlatmaýar, Ol bizden hem beýle zada garaşanok. Aslynda, Hudaý tizden «ähli patyşalyklary ýumrar we olaryň soňuna çykar», olaryň ýerine bolsa, adalatly hökümetini getirer (Daniýel 2:44). Emma entek ýokary häkmiýetler belli bir möçberde peýdalydyr.

10 «Kim häkimiýete garşy bolýan bolsa, Hudaýyň guranyna garşy bolýandyr» diýip, Pawlus düşündirýär (Rimliler 13:2). Ýokary häkimiýetler — belli bir möçberde tertip-düzgün saklamak üçin Hudaýyň «guranydyr», ýogsam bidüzgünçilik we eden-etdilik bolardy. Mukaddes Ýazgylara görä, häkimiýetleriň garşysyna gitmeklik nädogry we akylsyzlykdyr. Aýdaly, saňa operasiýa edilip, ýaraňy tikýärler. Tikinler bedeniň üçin keseki zat bolsa-da, birnäçe wagtyň dowamynda belli bir maksada hyzmat edýär. Eger olary wagtyndan öň aýyrsaň, öz-özüňe zyýan edersiň. Şuňa meňzeşlikde, ynsan hökümetleri hem Hudaýyň ilkibaşdaky niýetinde ýokdy. Emma Onuň Patyşalygy ýeri bütinleý dolandyryp başlaýança, ynsan hökümetleri, Hudaýyň olara häzirlikçe bellän roluny ýerine ýetirip, jemgyýeti tertip-düzgünde saklaýarlar. Şu sebäpli, biz ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly, ýöne öňürti Hudaýyň kanunlaryna we häkimiýetine boýun bolmalydyrys.

MAŞGALADAKY HÄKIMIÝET

11. Sen baştutanlyk düzgünini nädip düşündirerdiň?

11 Maşgala — ynsan jemgyýetiniň esasydyr. Maşgalada är bilen aýal begendiriji dostluk taparlar, çagalar bolsa, gorag astynda kemala gelip biler (Süleýmanyň Tymsallary 5:15—21; Efesliler 6:1—4). Onuň şeýle ajaýyp bolmagy üçin maşagalanyň agzalary agzybirlikde we asudalykda ýaşar ýaly edip guramaly. Ýehowa muny 1 Korintoslylar 11:3-de ýazylgy baştutanlyk düzgüniniň kömegi bilen guraýar: «Her erkegiň baýary [«başy», TD] Mesih, aýalyň baýary [«başy», TD] erkek, Mesihiň baýary [«başy», TD] hem Hudaýdyr»

12, 13. Maşgalabaşy kim we Isanyň baştutanlyk edişinden näme öwrenip bolar?

12 Är — maşgalabaşy. Ýöne onuň üstünden hem baş bar — bu, Isa Mesih. Pawlus şeýle ýazdy: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň... [Ol] onuň ugrunda Özüni pida etdi» (Efesliler 5:25, 27). Isanyň ýygnak bilen gatnaşyşy ýaly, är hem aýaly bilen şeýle gatnaşyp, özüniň Mesihe tabynlygyny görkezýär (1 Ýahýa 2:6). Isa örän uly häkimiýet berildi, ýöne ol ony juda ýumşaklyk, söýgi hem paýhas bilen ulanýar (Matta 20:25—28). Ynsan bolan Isa hiç haçan häkimiýetini erbetlige ulanmandyr. Ol «mylaýym hem pes göwünlidi», şägirtlerine-de, «gul» däl-de, «dost» diýýärdi. Isa olara: «Men size dynçlyk bereýin» diýip wada berdi, diýişi ýaly hem etdi (Matta 11:28, 29; Ýahýa 15:15).

13 Isanyň göreldesiniň öwretmegine görä, mesihi baştutanlyk ärlere zulum etmäge hukuk bermeýär. Gaýtam, ol hormat goýmaga we jan aýaman söýmäge borçly edýär. Bu bolsa, aýala garşy güýç ýa-da gödek söz ulanmaklygy düýbünden gadagan edýändir (Efesliler 4:29, 31, 32; 5:28, 29; Koloseliler 3:19). Egerde mesihçi özüni aýaly bilen gödek alyp barýan bolsa, onda onuň beýleki ýagşy işleriniň peýdasy ýokdur, onuň dogalary hem bökdelmegi mümkin (1 Korintoslylar 13:1—3; 1 Petrus 3:7).

14, 15. Hudaý hakdaky bilim aýala öz ärine tabyn bolmaga nädip kömek edýär?

14 Haçan-da maşgalabaşy Mesihiň göreldesine eýerende, aýala Efesliler 5:22, 23-däki sözlere gulak asmak aňsat bolýar: «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. Çünki Mesihiň... imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr». Äriň Mesihe gulak asyşy ýaly, aýal hem ärine tabyn bolmaly. Şeýle hem, Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, başarjaň aýallar akyldarlygy we zähmetsöýerligi üçin hormata we öwgä mynasyp (Süleýmanyň Tymsallary 31:10—31).

15 Mesihçi aýalyň öz ärine tabynlygy çäkli. Ýagny, ärine tabyn boljak bolup, haýsydyr bir iş bilen Hudaýyň kanunyny bozmaly bolsa, onda adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr. Emma, aýalyň berk garaýşy «ýumşak, ýuwaş ruh» bilen ýumşadylmaly. Hudaý hakdaky bilimiň kömegi bilen, onuň has oňat aýal bolandygy görünmeli (1 Petrus 3:1—4). Bu aýdylanlar imansyz aýaly bolan mesihçä-de degişlidir. Onuň Ýazgylardaky kada-kanunlary ulanmagy, has oňat är bolmagyna ýardam etmeli.

16. Isa kiçikä çagalara nähili görelde boldy?

16 Efesliler 6:1-de çagalara aýratyn üns berilýär: «Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr». Ýaş mesihçiler Isadan görelde alýarlar: ol ulalýança ene-atasyna tabyn bolýardy. Gulak asýan oglan hökmünde, Isa «akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy» (Luka 2:51, 52).

17. Ene-atanyň öz häkimiýetini ulanyşy çagalara nähili täsir edip biler?

17 Çagalar häkimiýete hormat goýarlarmy, ýa-da oňa garşy bolarmy — bu, ene-atanyň öz borçlaryny berjaý edişine bagly (Süleýmanyň Tymsallary 22:6). Şol sebäpli, ene-atalar şeýle sorag berseler gowy bolar: men häkimiýetimi söýgi bilen ulanýarynmy, ýa-da gödeklik edýärinmi? Belki, juda geçirimlidirin? Hudaýdan gorkýan ene-atalardan mähirli, ünsli, Hudaýyň kanunlaryna gezek gelende bolsa, berk bolarlar diýip tama edilýär. Hut şu ýagdaý barada Pawlus ýazypdy: «Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman [sözme-söz:«gaharyny getirmäň»], olary Rebbiň terbiýe we öwüdi bilen ulaldyň» (Efesliler 6:4; Koloseliler 3:21).

18. Ene-ata çagalaryny nähili terbiýelemeli?

18 Ene-atalar çagalarynyň gulak asmagyny, şeýdip hem begendirmegini isleýän bolsalar, onda öz terbiýeleýiş usullary barada has-da oýlanmaly (Süleýmanyň Tymsallary 23:24, 25). Mukaddes Ýazgylarda terbiýe diýlende, esasan öwüt-nesihat göz öňünde tutulýar (Süleýmanyň Tymsallary 4:1; 8:33). Ol gahar we gödeklik bilen däl-de, söýgi we ýumşaklyk bilen edilmelidir. Şonuň üçin, mesihçi ene-ata akyldarlyk bilen hereket etmeli we çagalaryna temmi berende özüni saklamagy başarmaly (Süleýmanyň Tymsallary 1:7).

ÝYGNAKDAKY HÄKIMIÝET

19. Hudaý mesihçiler ýygnagynda oňat tertibiň bolmagyny nädip alada etdi?

19 Ýehowa — tertipli Hudaý, şoňa görä-de, Ol öz halky üçin ygtybarly we oňat guramaçylykly ýolbaşçylyk barada alada edendir diýip çak etmek akyla laýykdyr. Hawa, Ol Isany mesihçiler ýygnagynyň Başy edip belledi (1 Korintoslylar 14:33, 40; Efesliler 1:20—23). Mesihiň görünmez ýolbaşçylygy bilen her ýygnakda Hudaýyň bellän ýaşululary sürini yhlas, höwes we söýgi bilen otladýarlar (1 Petrus 5:2, 3). Olara köp ýagdaýda gulluk hyzmatçylary kömekleşýärler, bular ýygnakda gymmatly hyzmaty bitirýärler (Filipililer 1:1).

20. Biz bellenen mesihçi ýaşululara näme üçin tabyn bolmaly we bu bize näme üçin peýdaly?

20 Mesihçi ýaşulular barada Pawlus şeýle sözleri ýazdy: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, — munuň size haýry bolmaz — eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýewreýler 13:17). Ýehowa mesihi gözegçilere ýygnagyň ruhy zerurlyklary barada alada etmegi ynanyp, özüne mahsus akyldarlygy görkezdi. Bu ýaşulular agalyk edýän ruhanylar däldir. Olar Hudaýyň gullukçylary we gullary, olaram Halypamyz Isa Mesih ýaly, mesihçi imandaşlarynyň zerurlyklary barada alada edýärler (Ýahýa 10:14, 15). Mukaddes Ýazgylaryň garaýşyndaky ýaramly erkekler, biziň üstünlige we ruhy ösüşe ýetmegimizi höwes edýärler. Şoňa görä, bizde-de olar bilen hyzmatdaşlyk etmäge we olara tabyn bolmaga isleg döreýär (1 Korintoslylar 16:16).

21. Bellenen ýaşulular imandaşlaryna nädip ruhy kömek bermäge çalyşýarlar?

21 Käwagt goýunlaryň sürüden bölünip galmagy mümkin, ýa-da olara dünýäniň zyýanly täsiri howp salyp biler. Baş Çopanyň ýolbaşçylygynda, ýaşulular özüne ynanylan goýunlaryň zerurlyklaryna dykgat edip, olaryň her birine aýratyn üns bermäge çalyşýarlar (1 Petrus 5:4). Olar ýygnagyň agzalaryny görmäge baryp, olary ruhlandyrýarlar. Iblisiň Hudaýyň halkynyň parahatlygyny bozjak bolýanyny bilip, ýaşulular gökden inen akyldarlyk bilen her dürli meseleleri çözýärler (Ýakup 3:17, 18). Olar güýjüni gaýgyrman agzybirligi we imanda pikirdeşligi saklajak bolýarlar, bu barada Isanyň özi hem doga edýärdi (Ýahýa 17:20—22; 1 Korintoslylar 1:10).

22. Kimdir biri günä etse, ýaşulular nähili kömek berýärler?

22 Egerde mesihçi bir zat sebäpli görgi görýän bolsa, ýa-da eden günäsi sebäpli ruhdan düşen bolsa, onda näme etmeli? Ýazgylaryň göwünlik beriji maslahaty we ýaşulularyň akýürekli dogasy oňa ruhy saglygyny dikeltmäge kömek eder (Ýakup 5:13—15). Şeýle hem, mukaddes ruh bilen bellenen bu erkekleriň düzediş çäreler görmäge haky bar, we günäli ýol bilen barýan, ýa-da ýygnagyň ruhy we ahlak arassalygyna howp salýan islendik adama käýinç bermäge ygtyýary bar (Resullaryň Işleri 20:28; Titus 1:9; 2:15). Ýygnagy arassa saklamak üçin, belki, agyr günä barada habar bermeli bolar (Lewililer 5:1). Agyr günä eden mesihçi Mukaddes Ýazgylara esaslanan düzediş çäreleri we käýinji kabul edip, çyndan toba gelýän bolsa, oňa kömek beriler. Emma Hudaýyň kanunyny bozanlar, keçjallyk edip toba gelmeseler, onda hökman gatnaşykdan kesilerler (1 Korintoslylar 5:9—13).

23. Ýygnagyň abadançylygy üçin mesihçi gözegçiler näme edýärler?

23 Patyşa Isa Mesihiň hökümdarlygy astynda Hudaýyň halkyna göwünlik bermek, ony goramak we berkitmek üçin ruhy taýdan ýetişen erkekleriň bellenjegi barada Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdylýar (Işaýa 32:1, 2). Olar hoş habarçylar, çopanlar we öwredijiler hökmünde ýolbaşçylygy öz üstüne alyp, imandaşlarynyň ruhy taýdan ösmegine ýardam etmeli (Efesliler 4:12, 13, 16). Mesihi gözegçiler imandaşlaryna käwagt käýinç, duýduryş, ýa-da öwüt-nesihat berip bilerler, ýöne ýaşulularyň Hudaýyň Sözüne esaslanyp berýän sagdyn maslahatlaryny ulansak, bu biziň hemmämize ýaşaýyş ýolunda galmaga ýardam eder (Süleýmanyň Tymsallary 3:11, 12; 6:24; Titus 2:1).

ÝEHOWANYŇ HÄKIMIÝETE GARAÝŞYNY KABUL ET

24. Biz günde nähili synaga duşýarys?

24 Ilkinji erkek bilen aýalyň häkimiýete tabynlygy synaldy. Biziňem her gün şoňa meňzeş synaga duşmagymyz geň däl. Şeýtan Iblis adamlaryň arasynda gozgalaňçylyk ruhuny goldaýar (Efesliler 2:1, 2). Tabynlyk ýolundan garaşsyzlyk ýoly özüne has güýçli çekýändir.

25. Bu dünýäniň gozgalaňçylyk ruhuny ret edip, Hudaýyň ulanýan, ýa-da ýol berýän häkimiýetlerine tabyn bolmak näme üçin peýdaly?

25 Emma biz bu dünýäniň gozgalaňçylyk ruhuny ret etmeli. Şeýdip, Hudaýyň halaýan tabynlygynyň uly sylaglar getirýändigini göreris. Meselem, häkimiýetlere garşy gidýän adamlaryň ünji-aladasyndan gaçyp bileris. Köp maşgalada hemişe bolýan dawany özümizde azaldarys. Hem-de, imandaşlarymyzyň arasynda mähirli, söýgüden doly gatnaşykdan lezzet alarys. Ýöne iň esasy zat: Hudaýa bolan tabynlygymyz iň ýokary häkimiýetiň Eýesi — Ýehowa bilen oňat aragatnaşyklara elter.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Ýehowa häkimiýetini nähili ulanýar?

«Ýokary häkimiýetler» kimler we biz olara nädip tabyn bolýarys?

Baştutanlyk düzgüni maşgalanyň her bir agzasyna nähili borç ýükleýär?

Mesihçiler ýygnagynda biz nädip tabynlyk görkezip bileris?

[134-nji sahypadaky çarçuwa]

HÄKIMIÝETE ZYÝAN ÝETIRENOKLAR-DA, OŇA GULAK ASÝARLAR

Ählihalk wagyz işini geçirip, Ýehowanyň Güwäleri çyn parahatçylygy we howpsuzlygy isleýän adamlaryň ýeke-täk umydy hökmünde Hudaýyň Patyşalygyny görkezýärler. Emma Hudaýyň Patyşalygynyň yhlasly wagyzçylary ýaşaýan ýerindäki hökümetiniň abraýyny gaçyrmaýarlar. Gaýtam, Güwäler — iň edepli we kanuna gulak asýan raýatlaryň biridir. «Egerde dini toparlaryň hemmesi Ýehowanyň güwäleri ýaly bolan bolsa, onda bizde adam öldürýänler, öý ýarýan ogrular, kämillik ýaşyna ýetmedik jenaýatçylar, türmä basylanlar, şeýle hem atom bombalary bolmazdy. Adamlar hemişe gapylaryny gulplamaly bolmazdylar» — diýip, Afrikadaky bir ýurduň döwlet işgäri aýtdy.

Şu zatlaryň gadyryny bilip, ençeme ýurtlaryň häkimiýetleri Güwälere wagyz işini päsgelçiliksiz geçirmäge rugsat berýärler. Beýleki ýurtlarda häkimiýetler Ýehowanyň Güwäleriniň adamlara has oňat bolmaga ýardam edýändigine göz ýetirende, gadaganlyklary we çäklendirmeleri aýyrdylar. Resul Pawlusyň häkimiýetlere tabynlyk barada ýazyşy ýaly: «Ýagşy iş et, ol seni taryplar» (Rimliler 13:1, 3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş