-
2 Şamuwel 7:25—29Mukaddes Kitap
-
-
25 Ýehowa Hudaýym, guluňa we maşgalasyna beren sözüňi hiç wagt unutman, wadaňy berjaý et+. 26 Adyňa ebedi şöhrat bolsun!+ Şonda hemmeler: „Serkerdebaşy Ýehowa Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýerler. Guluň Dawudyň öýi huzuryňda berk dursun+. 27 Eý Ysraýylyň Serkerdebaşysy Ýehowa, guluňa: „Nesliňi tagtda oturdaryn“*+ diýipdiň, şonuň üçin saňa ynam* bilen doga edýärin. 28 Älemiň Hökümdary Ýehowa, sen hak Hudaýsyň, sözleriň hem hakdyr+. Guluňa ençeme ýagşylyklary wada berdiň. 29 Indi öý-içerimiň berekedini artdyr. Öýüm huzuryňda ebedi dursun!+ Wada berýän sensiň, eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Seniň saýaňda öýümiň berekedi hiç haçan egsilmesin!»+
-