-
1 Taryh 17:23—27Mukaddes Kitap
-
-
23 Ýehowa, guluňa we maşgalasyna beren sözüňi hiç wagt unutman, wadaňy berjaý et+. 24 Goý, seniň adyň hiç wagt ýitmesin, adyňa ebedi şöhrat bolsun!+ Şonda hemmeler: „Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýerler. Guluň Dawudyň öýi huzuryňda berk dursun+. 25 Eý Hudaýym, meniň neslimi tagtda oturtjakdygyňy söz beripdiň, şonuň üçin saňa ynam bilen doga edýärin. 26 Ýehowa, sen hak Hudaýsyň, guluňa köp ýagşylyklary wada berdiň. 27 Öý-içerimiň berekedini artdyr*. Öýüm huzuryňda ebedi dursun! Bereket berýän sensiň, eý Ýehowa! Seniň saýaňda öýümiň berekedi hiç haçan egsilmez!»
-