-
Ýuşa 7:24—26Mukaddes Kitap
-
-
24 Ýuşa bilen ysraýyllar Zera ogly Ahany+, onuň alan kümşüni, gymmatbaha donuny, bir tokga altynyny+, ogul-gyzlaryny, öküzlerini, eşeklerini, maýda mallaryny, çadyryny we ähli zadyny Akor jülgesine+ äkitdiler. 25 Ýuşa Ahana: «Näme üçin başymyza bela getirdiň?+ Indi Ýehowa öz başyňa bela getirer» diýdi. Soňra bütin halk olary daşlady+, jesetlerini bolsa ýakdylar+. Şeýlelikde, olaryň ählisi daşlanyp öldürildi. 26 Olaryň üstüne daş üýşürdiler, şol daş üýşmegi henizem dur. Şondan soň Ýehowanyň gahary köşeşdi+. Şol jülgäniň ady Akor* bolup galdy.
-