-
Zebur 18:31—42Mukaddes Kitap
-
-
31 Ýehowadan başga Hudaý barmy?+
Arkadagymyz ýeke-täk Hudaýdyr!+
33 Aýagymy keýigiňki deý çalasyn edýär,
Depelerde duruzýar+.
34 Ellerime söweşmegi öwredýär,
Gollarym mis ýaýy egreldýär.
35 Maňa gutulyş galkanyny berýärsiň+,
Sag eliň bilen meni goldaýarsyň,
Sen pesgöwünli bolup, meni beýgeldýärsiň+.
36 Ýolumy arassaladyň, indi aýagym taýmaz+.
37 Duşmanlarymy kowalap, yzyndan ýeterin,
Olary ýok edýänçäm, yzyma dolanmaryn.
38 Olary şeýle bir uraryn welin, ýerinden galmazlar+,
Aýagymyň astynda serlip ýatarlar.
39 Söweşmäge güýç-kuwwat berersiň,
Duşmanymy dyza çökerersiň+.
40 Duşmanlarymy kowarsyň,
Meni ýigrenýänleri ýok ederin+.
41 Olar kömek sorar, ýardam beren tapylmaz,
Ýehowany çagyrar, olara jogap bermez.
42 Olary kül edip, ýele sowraryn,
Palçyk kimin ýere pylçap uraryn.
-