Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 32:31
    Mukaddes Kitap
    • 31 Duşmanlaryň daýanjy Arkadagymyza taý gelmeýär+,

      Muňa duşmanlaryň özi-de göz ýetirýär+.

  • 1 Şamuwel 2:2
    Mukaddes Kitap
    •  2 Ýehowa mukaddesdir, taý geljek ýokdur,

      Ondan başga hudaý ýokdur!+

      Arkadag Hudaýym ýeke-täkdir+.

  • 2 Şamuwel 22:32—43
    Mukaddes Kitap
    • 32 Ýehowadan başga Hudaý barmy?+

      Arkadagymyz ýeke⁠-⁠täk Hudaýdyr!+

      33 Hak Hudaý berk galamdyr+,

      Ýörejek ýolumy tekizlär+.

      34 Aýagymy keýigiňki deý çalasyn edýär,

      Depelerde duruzýar+.

      35 Ellerime söweşmegi öwredýär,

      Gollarym mis ýaýy egreldýär.

      36 Maňa gutulyş galkanyny berýärsiň,

      Sen pesgöwünli bolup, meni beýgeldýärsiň+.

      37 Ýolumy arassaladyň, indi aýagym taýmaz+.

      38 Duşmanlarymy kowalap, derbi⁠-⁠dagyn ederin,

      Ählisini gyrýançam, yza çekilmerin.

      39 Ýer bilen ýegsan edip, şeýle bir uraryn,

      Ýerinden galmazlar+,

      Aýagymyň astynda serlip ýatarlar.

      40 Söweşmäge güýç⁠-⁠kuwwat berersiň+,

      Duşmanymy dyza çökerersiň+.

      41 Duşmanlarymy kowarsyň+,

      Meni ýigrenýänleri ýok ederin+.

      42 Olar kömek sorar, ýardam beren tapylmaz,

      Ýehowany çagyrar, olara jogap bermez+.

      43 Olary tozan ýaly kül⁠-⁠owram ederin,

      Palçyk kimin basgylap mynjyradaryn.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş