-
1 Taryh 21:8—13Mukaddes Kitap
-
-
8 Şonda Dawut hak Hudaýa: «Men agyr günä etdim+. Ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 9 Soňra Ýehowa Dawudyň görgüri* Gada+ şeýle diýdi: 10 «Git-de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“ diý». 11 Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Ýehowa şeýle diýýär: „Şu üç jezanyň birini saýla: 12 ýurduňa üç ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan ýeňiljekmi?+ Ýa-da Ýehowa gylyjy bilen ýurda üç gün mergi keselini getirip+, Ýehowanyň perişdesi tutuş Ysraýyl ýurduna betbagtçylyk indersinmi?“+ Gowy oýlan-da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 13 Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ýöne ynsanyň eline düşenimden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeýin, sebäbi ol örän rehim-şepagatlydyr»+ diýdi.
-