-
2 Şamuwel 24:10—14Mukaddes Kitap
-
-
10 Emma ilat ýazuwyny geçirensoň, Dawudyň ynsaby* ezýet berip başlady+. Ol Ýehowa: «Men agyr günä etdim+. Ýehowa, ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 11 Ertesi irden Ýehowa Dawudyň görgüri* Gad pygambere+ şeýle diýdi: 12 «Git-de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“+ diý». 13 Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Şu üç jezanyň birini saýla: ýurduňa ýedi ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan gaçyp gezjekmi?+ Ýa-da ýurduňda üç gün mergi keseli bolsunmy?+ Gowy oýlan-da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 14 Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ynsanyň eline düşenden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeli+, sebäbi ol rehim-şepagatlydyr»+ diýdi.
-