-
1 Şamuwel 8:11—18Mukaddes Kitap
-
-
11 Şamuwel olara: «Üstüňizden höküm sürjek patyşanyň şeýle zatlary talap etmäge haky bolar+: ol ogullaryňyzy alyp+, söweş arabalaryny sürdürer+, atly goşunynda gulluk etdirer+, käbirini öz arabalarynyň öňünden ylgadar. 12 Müňbaşylary+, ellibaşylary+ bellär. Käbirine ýerini sürdürip+, hasylyny ordurar+, käbirine bolsa uruş ýaraglaryny, söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar+. 13 Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, nahar bişirdip, çörek ýapdyrar+. 14 Ekiniňiziň, üzümligiňiziň, zeýtun bagyňyzyň iň gowusyny eliňizden alyp+, hyzmatkärlerine berer. 15 Galla we üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini köşk emeldarlaryna hem-de hyzmatkärlerine berer. 16 Gul-gyrnaklaryňyzy, iň gowy mallaryňyzy*, eşekleriňizi alyp, öz işi üçin ulanar+. 17 Maýda mallaryňyzyň ondan birini eliňizden alar+, özüňizem gul bolarsyňyz. 18 Şeýle günler geler, saýlan patyşaňyz sebäpli perýat edersiňiz+, emma Ýehowa jogap bermez» diýdi.
-
-
1 Patyşalar 4:7Mukaddes Kitap
-
-
7 Ysraýylda Süleýmanyň 12 sany häkimi bardy. Olaryň hersi gezekli-gezegine ýylda bir aý+ patyşany we köşgi azyk bilen üpjün etmelidi.
-