-
2 Taryh 26:16—21Mukaddes Kitap
-
-
16 Emma Uzyýanyň güýç-kuwwaty artanda, ol tekepbir bolup, heläkçilige uçrady. Ol tütetgi ojagynda* tütetgi ýakmak üçin Ýehowanyň ybadathanasyna girip, Ýehowa Hudaýa biwepalyk etdi+. 17 Azarýa ruhany we Ýehowanyň 80 batyrgaý ruhanysy patyşanyň yzy bilen ybadathana girdiler. 18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp: «Uzyýa, seniň Ýehowa tütetgi ýakmaga hakyň ýok+. Tütetgini diňe Harunyň neslinden ruhanylar ýakmaly+, Hudaý olary mukaddes etdi. Häziriň özünde mukaddes otagdan çyk, sen Hudaýa biwepalyk etdiň, eden etmişiň üçin, Ýehowa Hudaýyň saňa beren hormatyndan mahrum bolarsyň» diýdiler.
19 Şonda elinde tütetgi gaby saklap duran Uzyýanyň gany depesine urdy+. Ýehowanyň öýündäki tütetgi ojagynyň ýanynda ruhanylara gaharlanyp durka, Uzyýanyň maňlaýynda heýwere keseli+ peýda boldy. 20 Uly ruhany Azarýa we beýleki ruhanylar patyşanyň maňlaýynda heýweräniň döränini görüp, şol bada ony daşaryk çykardylar. Uzyýanyň özi hem çykmaga howlukdy, sebäbi Ýehowa oňa jeza beripdi.
21 Uzyýa patyşa ölýänçä, heýwere keselinden ejir çekip, aýratyn öýde ýaşady+. Patyşany gaýdyp Ýehowanyň öýüne salmadylar. Şol wagtlar ogly Ýotam köşgi dolandyryp, halka kazylyk ederdi+.
-