-
1 Patyşalar 7:48—50Mukaddes Kitap
-
-
48 Süleýman Ýehowanyň öýi üçin gerek zatlary: altyn ojagy*+, hödür çörek goýulýan altyn stoly+, 49 sap altyndan şemdanlary+ (olar içki otagyň öňünde, bäşisi sag tarapda, bäşisi çep tarapda goýlupdy), altyn gülleri+, şemleri, gysgyçlary+, 50 sap altyndan legenleri, ot söndürgiçleri+, tabaklary, käseleri+, külatarlary+ we içki otagyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de ybadathananyň esasy binasynyň gapylarynyň+ düýbüni altyndan ýasady.
-
-
Hydyr 1:7Mukaddes Kitap
-
-
7 Onsoňam, Kir patyşa Ýehowanyň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny yzyna berdi. Nawuhodonosor şol gap-gaçlary Iýerusalimden alyp gaýdyp, öz taňrysynyň buthanasynda goýupdy+.
-
-
Danyýar 5:2Mukaddes Kitap
-
-
2 Şerapdan ýaňa keýpi kök bolan Belşazar patyşa kakasy Nawuhodonosoryň Iýerusalimiň ybadathanasyndan olja alan altyn we kümüş käselerini getirmegi buýurdy+. Ol han-begleri, aýallary we gyrnaklary bilen bile şol käselerde şerap içmek isledi.
-