-
2 Patyşalar 20:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Ýehowa şeýle diýýär: „Şeýle bir günler geler, köşgüň ähli zady, ata-babalaryň şu çaka çenli ýygnan zatlary Wawilona äkidiler+, ýekeje zat hem galmaz.
-
-
Ýermeýa 52:17—20Mukaddes Kitap
-
-
17 Haldeýler Ýehowanyň öýündäki mis sütünleri+, Ýehowanyň öýündäki arabalary+ we mis howzy*+ çym-pytrak edip, ähli misi Wawilona äkitdiler+. 18 Şeýle-de olar gaplary, pilçeleri, ot söndürgiçleri, tabaklary+, käseleri+ we ybadathanada ulanylýan mis gap-gaçlaryň hemmesini alyp gitdiler. 19 Garawullaryň baştutany arassa altyn-kümüşden ýasalan legenleri+, külatarlary, jamlary, gaplary, şemdanlary+, käseleri we tabaklary alyp gitdi+. 20 Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi üçin iki sütüni, 12 sany mis öküzi+, olaryň üstünde duran mis howzy* we arabalary ýasatdy. Olary ýasamak üçin ummasyz köp mis ulanylypdy.
-