- 
	                        
            
            2 Patyşalar 25:13—16Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        13 Haldeýler Ýehowanyň öýündäki mis sütünleri+, Ýehowanyň öýündäki arabalary+ we mis howzy*+ çym-pytrak edip, misleri Wawilona äkitdiler+. 14 Şeýle-de olar gaplary, pilçeleri, ot söndürgiçleri, käseleri we ybadathanada ulanylýan mis gap-gaçlaryň hemmesini alyp gitdiler. 15 Garawullaryň baştutany arassa altyn-kümüşden+ ýasalan külatarlary, tabaklary-da äkitdi. 16 Süleýman patyşa Ýehowanyň öýi üçin iki sütüni, howzy we arabalary ýasatdy. Olary ýasamak üçin ummasyz köp mis ulanylypdy+. 
 
-