-
2 Şamuwel 6:4, 5Mukaddes Kitap
-
-
4 Olar Abynadabyň baýyrlykda gurlan öýünden hak Hudaýyň äht sandygyny getirýärdiler. Ahyý äht sandygynyň öňünden ýöräp barýardy. 5 Dawut bilen ysraýyllar arçadan ýasalan her dürli gurallarda, arfada, kirişli saz gurallarda+, deprekde+, kakuw düwmelerinde we bürünç çanda*+ saz çalyp, Ýehowanyň huzurynda şatlyk-şagalaň edip gelýärdi.
-
-
2 Şamuwel 6:12Mukaddes Kitap
-
-
12 Dawuda: «Hak Hudaýyň äht sandygy Abytedomyň öýüne eltileninden bäri, Ýehowa onuň öý-içerisine bereket berip, mal-mülküni artdyrýar» diýip habar berdiler. Şonda ol şatlyk-şagalaň+ bilen hak Hudaýyň äht sandygyny Dawudyň şäherine getirmek üçin Abytedomyň öýüne gitdi.
-