-
1 Patyşalar 9:6—9Mukaddes Kitap
-
-
6 Emma siz ogullaryňyz bilen ýolumdan ýöremän, tabşyryklarymy, kanunlarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+, 7 ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan ýok ederin+, adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn+. Şonda Ysraýyl başga halklaryň gepine galyp*, ile gülki bolar+. 8 Meniň üçin guran öýüň harabaçylyga öwrüler+, deňinden geçenler aňk-taňk bolar, içini çekip*: „Ýehowa ýurdy, öýüni näme üçin beýtdikä?“ diýer+. 9 Şonda: „Ysraýyl halky ata-babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyny taşlap, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi. Şonuň üçin Ýehowa olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler».
-