-
2 Patyşalar 14:1—6Mukaddes Kitap
-
-
14 Ysraýyl patyşasy Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa patyşa boldy. 2 Amazýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýehoýadin iýerusalimlidi+. 3 Amazýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse-de, atasy Dawut+ ýaly bolup bilmedi. Ol kakasy Ýehoýaşyň ýaman ýolundan ýöredi+. 4 Emma seždegähler* ýok edilmändi+, adamlar henizem şol ýerlerde gurbanlyk ýakýardylar+. 5 Amazýa patyşalygy berkidensoň, kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi+. 6 Emma ol Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunynda: «Atalar ogullarynyň etmişi üçin, ogullar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin. Her kim öz eden günäsi üçin ölüme höküm edilmelidir»+ diýip tabşyryşy ýaly, şol ganhorlaryň ogullaryny öldürmedi.
-